beghanym
20.06.2024 18:04
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň agzalary

online kurs açmakçy bolýan bilýän zadyňyz barmy?

haýsy programma bilen işläp bolar ?

sizde näme teklip bar ?
30
299
beghanym
09.06.2024 15:37
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň agzalary sag aman şükür edip dem alyp ýaşap ýörsüňizmi ? 👍

Size sorag bar bilen agzamyza sylag hem bar.
sorag şeýle :
- Hojamşükür hanymyz .
ýuwa ýelmik nanymyz .
ýuwa ýelmik gurasa ,
neneň geçer halymyz.

1. şu aýdylýan sözüň düýp sebäbi näme ? 2. Näme üçin halk şeýle diýipdir ? rowaýatyny bilýän barmy ?
3. Hojamşükür han kim bolupdyr nähili adam bolupdyr ?
4. Maýly han kim näme üçin hanlaryň hany diýipdirler ?


Halan bolsaňyz 👍 basmagy unutmaň.

Jogaplary bilýän bolsaňyz teswirde bellemegi unutmaň!

Soragyňyz bar bolsa sorap bilersiňiz arkaýyn.
29
267
beghanym
19.05.2024 21:50
DOGRY IÝMITLENIP HORLANMAGYŇ SYRLARY

Horlanmak isleýaňizmi? Belki, Siz öz agramyňyzy artykmaç diýip pikir edýänsiňiz? "Näçe az iýip, sport maşklaryny ýerine ýetirsem-de, horlanyp bilemok" diýýän bolsaňyz, şu makalany okamagy dowam ediň.
Düzümi az uglewodly (karbogitratly) önümleri iýiň!
Ilki bilen bir giňden ýaýran toslamany ret etmäge synanşalyň. "Az kaloriýa iýsem we maşklary ýerine ýetirsem, men horlanmaly". Hakykatdan hem, biziň köpümiz şeýle pikir edýäris. Ýalnyş, sebäbi bu formulada ýatdan çykarylan zat- açlyk duýgusy. Ondan bir näçe wagtlap gaçyp bilersiňiz. Onsoň edil bombanyň partlaýşy ýaly, agzyňyzy suwjardan agyr-agyr, tagamly naharlary köp mukdarda iýmäge çalşarsyňyz.
Çylşyrymly uglewodlary (karbogidratlary) saklaýan iýmitleriň içine şeker we hamyrly önümler girýär. Şolary öz berhiziňizden aýyrmakçy däl-de, azaltmakçy boluň. Näçe azaldyp bilseňiz, şonça-da gowy, sebäbi karbogidratlary azaltmak horlanmakda in dogry edýän hereketiňizdir.
Az karbogidratly berhiziň guyji = az iýmeklik islegi. Ýagny, az karbogidratly berhiz kaloriýalary sanamazdan, az kaloriýa iýmäge kömek edýär. Şekerli we hamyrly tagamlar açlygymyzy artdyrýar ("Mantydan hiç doýup bolanok" diýen duýgy.).
Şwesiýanyň Saglyk tehnologiyasy boýunça Mejlisiniň çap eden hasabatyna görä, "Az karbogidratly berhiz hem artykmaç agramy azaltmak, hem-de has sagdyn bolmak uçin iň gowy berhizdir".
1. Ajykdyňmy, iý!
Aç bolmaly däl! Käbir berhizleriň yalnyşy, karbogidratlary azaldamyzda ýagly iýmitleri hem azaltmagy talap etmelerden ybaratdyr. Karbogidratlar we ýag bedenimiziň iki sany adaty energiýa çeşmeleridir. Berhiziňizde azyndan biri hökman bolmaly.
Az uglewod (karbogidrat) + Az ýag = AÇLYK.
Ýag we karbogidratlary iýmesek, biz özümizi örän aç we ýadaw duýmaga başlaýarys. Elbetde, birnäçe wagtdan soňra biz köp mukdarda iýmäge başlaýarys we hiç hili berhiz tutmaklyk barada pikir edesimiz gelenok. Bu kynçylygy çözmek üçin berhiziňize tebigy ýaglary goşma maslahat berilýär.
Meselem:
► Zeýtun ýagy;
► Towuk eti;
► Balyk;
► Ýumurtga.
Mydama ýeterlik mukdarda iýmeklik, esasan hem bu berhiz meýilnamasynyň başynda şeýle etmek möhümdir. Az karbogidratly berhizde şeyle etsek, iýýän ýaglarymyzy bedenimiz energiýa uçin ulanar we ol ýaglary tebigy usul bilen ýaktygymyz bolar. Şeýle-de, bedende ýag toplaýjy insulin gormonynyň derejesi hem peseler.
Emma aç bolmadyk wagtyňyz iýmäň we diňe tebigy, saglygyňyza peýdaly bolan ýaglary iýmäge çalşyň.
Fred Hatçinson adyndaky rak keseline garşy göreş merkeziniň lukmany Mario Kratz we onyň işdeşleriniň geçiren barlaglary, tebigy ýaglary iýmekligiň we artykmaç agramly bolmagyň özara arabaglanşygynyň ýoklugyny subut etdiler. Diýmek, ýagly etler, ýumurtga we ýagly süýt önümleri belli bir çäklendirilen mukdarda kabul edilende artykmaç agramyň esasy bolup bilenok.
2. Tebigy iýmitleri iýiň!
Bu name diýmek. Hiç hili horlandyryjy gerdejikleriň ýa-da şuňa meňzeş bir zatlaryň täsirliligine ynanmaň! Satyjylaryň mahabatlandyrmalary öz agramyny azaltmak isleýän adamlary aldap, öz müşderlerini köpeltmegiň gözlegidir.
Tebigy iýmit diýenimizde, bularyň içine diňe tebigatyň berýän önümleri degişli edilýändir. Konserwirlenen, gutujyklarda ýerleşdirilen nygmatlary satyn alýan wagtyňyz üns beriň, düzümine girýän önümleriň sanawy näçe az bolsa, şonça-da gowudyr.
3. Dine aç mahalyňyz iýýin.
Ajygmaýan bolsaňyz iýip oturmaň. Bedenimiz haçan iýmelidigini bizden has gowy bilýär. Ertirlik naharyny iýmelimi? Ýok, hökman däl. Eger irden ajygýan bolsaňyz, hökman iýmeli, emma ajykmaýan bolsaňyz, iýip oturmaň. Onsoň hem, naharlaryň arasyndaky "garbanmalary" etmekligi näçe azaldyp bilseňiz, şonça-da gowy. Elbetde iň gowusy, naharlanmalaryň arasynda hiç zat iýmezlikdir. Ýogsa-da, telewizora tomaşa edýän wagtyňyz eliňizde pop-korn, çipsy we şuna menzeş zatlary iýmeklik ya-da çay bilen kökedir-süýjüleri näçe iýenimize gözegçilik etmezlik, bular horlanmak üçin peýdasyz endiklerdir.
4. Stresden gaça durmaly, köp ýatmaly.
dowamy bar ...
27
72
beghanym
16.05.2024 16:23
Salam hemmäňize mähriban agzybirje agzalar.
Durmuşda bolan wakanyň dowamy -
Adyl aga her gün agasynyň golaýyndan hiç ýere gitmeýärdi we şol günleri ýatlap gözüne ýaş aýlaýardy . Sebäbi adamzat köplenç ýalňyşlyk göýberýär özem güman gidip uly günä gazanýar. Hakberdi aga biraz oýlanyp inisiniň yzyny yzarlan bolsa nähili bolsada töweregindäkileriň şöhratlamagyna gulak gabartman öz inisini diňlän bolsady bu wagt ol ölüm ýassygynda bagyşla sen razymy meni bagyşlaýaňmy diýip özelenip ýatmasa ýatmazdy .
Hakberdi aga inisi bilen ýeke gyzyna ähli zadyny tabşyryp ömürlik gözüni ýumdy . Şeýlebir millet sylaýardy onuň soňky ýolyna gaty köp adam gelipdi hatda hytaý mary lebap aşgabat hindiden hem hünärmenler gelipdi . Adyl aga gaty ejir çekýärdi ol gaty horlanypdy öz iň gowy görýän agasyny elden gidermek has agyr degipdi . Adyl aga näme etjegini bilmeýärdi.
24
75
beghanym
13.05.2024 12:56
Salam hemmäňize Öwrenmeliň gadyrly agzalary

Durmuşda bolan waka
dowamy -
Adyl aga öz güzeranyny özü aýlaýardy iýjegini tapýardy we artyk işlemek üçin jan aýamaýardy sebabi oňa durmuşda höwes ýokdy bolan wagty joşýardy bolmasa geçen wakalary kellesine alyp gahary gelerdi.
Hakberdi aga gör köp işler edipdi ýöne armanly ýeri saglygy ýokdy birden bagyr keseli ýüze çykypdy. Ol 3 gezek hindä gidipdi 5 gezek hytaýa gidip bejergi alypdy emma bolmady ol iň soňky deminde öz ýalňyşyna düşinip inisinden ötünç sorapdy we soňky ýolyna çenli ýanynda bolmagy aýdypdy.
25
97
beghanym
10.05.2024 20:26
Salam hemmäňize Öwrenmeliň mähriban agzalary.
Bu gün Öwrenmelide
@flowers_ agza Sähranyň dünýä inen güni şonuň üçin menem giç hem bolsa gutlag post açmagy ýüregime düwdüm.
Sähra boýdaş doglan günüň gutly bolsun ! Geljek ömrüň geçen günleriňden zyýada bolsun ! Çagalaryň bagtyna guwanyp ýaşa ! Allanyň beren ömrüni maşgalaň bilen bagtly durmuşda hözürüni görüp şadyýan ýaşa !
Arzuwlar bilen beghanym
29
87
beghanym
10.05.2024 14:54
Salam hemmäňize
bu gün siz bilen durmuşda dowam edýän bir bolan wakany paýlaşmakçy , bu wakany okap siz öz pikiriňizi ýazyp dogry netije çykaryp özüňize we töwerekdäki adamlara gerekli maglumaty ýerine ýetirip bilersiňiz.
Bu wakanyň doly ýazmak gaty uzyn bir kitap çykjak ýöne gysgarak esasy ýerlerini size ýetirerin nesip bolsa.

Hakberdi aga bilen Adyl aga dogandylar olar ýaş wagty öýli işikli bolup maşgalasy bilen hersi özüne öý tutyndy . Hakberdi aga daşary ýurtda okap bilim alyp işini ösdürmek hakda oýlanýardy. Onuň gelni ýuwaş gaty sada kim näme diýse şoňa ynanýardy we biri bir zat diýse ýalňyşam bolsa ýoldaşyna gün berenokdy hökman diýenini gögerderdi " sen iniňden pes ýaşaýaň , biz şolarça ýokmy öwren senem söwda et ol saňa kömek eder " diýip gün bermeýärdi . Özü kärende ýerine gidip kim näme diýse diňläp oba aýallarynyň ýoly bilen bolardy.
Adyl aga Hakberdi agadan kiçi ol ookamak üçin okuwa giripdi we maşgala ýagdaýy sebäpli doly dynyp bilmän yzyna gelipdi sebäbi ene atasyna goldaw gerekdi işlemeli pul gazanmalydy we doganlaryny öýermäge kömek etmelidi . Ol mary welaýatda ilkinji telekeçileriň biri bolup patent açyp söwda etmäge başlapdy .
29
199
beghanym
06.05.2024 15:17
Salam hemmäňize Öwrenmeliň mähriban agzalary!

Bu gün meniň mähriban käbämiň doglan güni .
Mähribanym Käbäm Ejemjanyň ömrüniň manyly durmuşda lezzet alyp çagalarnyň bagtyna guwanyp ýaşamagyny dileg edýärin Beýik Biribardan.
Meni şu güne ýetiren ösdürip ýetişdiren ilkinji mugallymym Käbämiň hem Kakamyň başlary dik elmydamma bize baş bolup guwanyp ýaşamak miýesser etsin.

EJEMJANYM MÄHRIBANYM !
DOGLAN GÜNÜŇ GUTLAÝARYN !
UZAK ÖMÜR BERSIN DIÝIP ,
ALLADAN MEN DILEÝÄRIN .

OGUL - AGTYK - ÇOWLUK SÖÝÜP ,
ÝUWLUGYŇA ÝUWUL EJEM
GELJEK GÜNLEŇ GOWY BOLUP ,
ALLA ŞAÝAT ETSIN BIZEM !
32
121
beghanym
04.05.2024 23:39
Salam hemmäňize Öwrenmeliň mähriban agzalary.

Biznes söwda näme we sizde nähili pikir bar ?

Sizde nähili sorag bar biznes hakda gyzyklanýaňyzmy ?
28
387
beghanym
28.04.2024 14:23
Emin Rasen

Oglum


Sürçek däl bu gerçek.

Uran ýürek, hem bedenim,
Baglagyly sende demim,
Sen menden, men-de seniň,
Sen bitin, mende kemim,
Herzeçiliň, ketçeligiň, iri gözüň, süýjüligiň,
Ýörjen-ýörjen daýanyp gelip,
Jany söker her güleniň.
Sen ýekeje begenjim,
Altyn-kümüşli genjim,
Bary geçer bererdim,
Dagy ýykar bu pendim,
Kiçelseň bil beýgeleriň,
Menlik bolmaz dünýede,
Zordan daş dur zeýreneriň,
Naklym tutgun diňlede,
Pany dünýä ýanawma (ýanaýma),
Gül göreňde ýolawma (ýolaýma),
Duşmandan suw alawma (alaýma),
Nähak ýola galawma (galaýma),
Aklyň çekmez çagakaň,
Beýgelen soň ýene-de ham(ýetişmedik)
Her dost bolmaz jana-jan,
Depede bir allaň patyşaň,
Namysa ölseň gynanma,
Käsipsizlere buýsanma,
Ýalan sözlere gylanma,
Zordan güýç bilen sylanma,
Açma saçak harama,
Açan alar balana,
Ýüzüňe çeker garany,
Duza berer ýaraňy.

Arakdanam haram ýetimiň haky
Iýen, içen,
Biçen, alan,
Uran, ýykan,
Diken, salan,
Sowan, kowan,
Depen, çakan,
Gülen, bakan,
Ýykan, kakan,
Göwni döwen, hakyny ýakan,
Doýmar-da düşer gapy.

Dem bedende amanat,
Hemme bende parahat,
Öldi gitdi ganagat,
Ederdi baýa garat,
Söndi gitdi adalat,
Dilde boldy garamat,
Köňüllerde şykaýat,
Günde günde-de aýat.

Gaýtalama:
Bir eneňdi ah diýeňde wah diýen,
Bir ataň utduraňda ah diýen,
Bir dostuň yzdady,
Soňky dostuň-gardaşyň،
Köp dostuň, köpüsi, köpüsi köpüsi, bil,
Jigiki gepiň dosty bitin aşdaşyň.

Gaýtalama:
Bir eneňdi ah diýeňde wah diýen,
Bir ataň utduraňda ah diýen,
Bir dostuň yzdady,
Soňky dostuň-gardaşyň,
Köp dostuň, köpüsi, köpüsi köpüsi, bil,
Jigiki gepiň dosty bitin aşdaşyň.

Çyn dost bil gyt oglum,
Bolsa tap-da tut oglum,
Berse jany ber jany,
Ol ýykalsa tut oglum,
Eşekden bolma düşüm tamala (tama)
Ýakar jany gyzyl közde hamala,
Dil ýarasy gutarmazda azara,
Aladadan şonda ölüm mazala,
Namartdan daşda bol,
Daşlyksyz başda bol,
Aga ile başly bol,
Açy doýur, aşda bol,
Ýas-toýda sen-de bol,
Ýagşylykly bende bol,
Eýelengin alkyşa,
Ýetir haýry her kişe,
Gar-gyşdan gaç mydam,
Göwni salar şol gyşa,
Gujagyn ogul bil öýüň,
Begenç görme bir toýuň,
Artsyn ryskyň, össün boýuň,
Arslan bolup gora köýüň,
Tapma taý jüretde,
At münmä bol ökde,
Saýlanman bol köpde,
Ýapragyň-da güýji kökde,
Ýadyňa sal dokguz aýy,
Ölümi ýatla soňky jaýy,
Doňuza iş düşende-de,
Ýene-de dilere diýme daýy.

Ýakan bişer, gazan düşer,
Eden görer, uran düşer,
Doýuran ýer asan doýar,
Toýlar geler baýlar doýar,
Günler geçer, dogar batar,
Dünýe ýalan, duran ýatar,
Ekin-dikin eken orar,
Ýykan, guran, gyran, gurar.

Türkmen geýmeli, gezmeli, diýmeli,
Gitmeli, gelmeli, bir söze bitmeli,
Kesekiler ýitmeli, el tuta ýetmeli,
Bergili ýitmeli,
Her dili bilmeli, bir dile ölmeli,
Dil bile kesmeli, il bile ösmeli,
Ene dili bilmeli, ýedi yzy bilmeli,
Ene dili bilýän, ýedi yzy bilýän, Däli Topar.

Gaýtalama:
Bir eneňdi ah diýeňde wah diýen,
Bir ataň utduraňda ah diýen,
Bir dostuň yzdady,
Soňky dostuň-gardaşyň,
Köp dostuň, köpüsi, köpüsi köpüsi, bil,
Jigiki gepiň dosty bitin aşdaşyň.

Gaýtalama:
Bir eneňdi ah diýeňde wah diýen,
Bir ataň utduraňda ah diýen,
Bir dostuň yzdady,
Soňky dostuň-gardaşyň,
Köp dostuň, köpüsi, köpüsi köpüsi, bil,
Jigiki gepiň dosty bitin aşdaşyň.

Iline gününe ýara-ýar,
Türkmen beýleki tanaýar,
Türkmen sähra jülgede,
Hany geçipdir alyýar.

27/01/2020 - 18:50
31
64