Salam hemmäňize
bu gün siz bilen durmuşda dowam edýän bir bolan wakany paýlaşmakçy , bu wakany okap siz öz pikiriňizi ýazyp dogry netije çykaryp özüňize we töwerekdäki adamlara gerekli maglumaty ýerine ýetirip bilersiňiz.
Bu wakanyň doly ýazmak gaty uzyn bir kitap çykjak ýöne gysgarak esasy ýerlerini size ýetirerin nesip bolsa.
Hakberdi aga bilen Adyl aga dogandylar olar ýaş wagty öýli işikli bolup maşgalasy bilen hersi özüne öý tutyndy . Hakberdi aga daşary ýurtda okap bilim alyp işini ösdürmek hakda oýlanýardy. Onuň gelni ýuwaş gaty sada kim näme diýse şoňa ynanýardy we biri bir zat diýse ýalňyşam bolsa ýoldaşyna gün berenokdy hökman diýenini gögerderdi " sen iniňden pes ýaşaýaň , biz şolarça ýokmy öwren senem söwda et ol saňa kömek eder " diýip gün bermeýärdi . Özü kärende ýerine gidip kim näme diýse diňläp oba aýallarynyň ýoly bilen bolardy.
Adyl aga Hakberdi agadan kiçi ol ookamak üçin okuwa giripdi we maşgala ýagdaýy sebäpli doly dynyp bilmän yzyna gelipdi sebäbi ene atasyna goldaw gerekdi işlemeli pul gazanmalydy we doganlaryny öýermäge kömek etmelidi . Ol mary welaýatda ilkinji telekeçileriň biri bolup patent açyp söwda etmäge başlapdy .