beghanym
16.05.2024 16:23
Salam hemmäňize mähriban agzybirje agzalar.
Durmuşda bolan wakanyň dowamy -
Adyl aga her gün agasynyň golaýyndan hiç ýere gitmeýärdi we şol günleri ýatlap gözüne ýaş aýlaýardy . Sebäbi adamzat köplenç ýalňyşlyk göýberýär özem güman gidip uly günä gazanýar. Hakberdi aga biraz oýlanyp inisiniň yzyny yzarlan bolsa nähili bolsada töweregindäkileriň şöhratlamagyna gulak gabartman öz inisini diňlän bolsady bu wagt ol ölüm ýassygynda bagyşla sen razymy meni bagyşlaýaňmy diýip özelenip ýatmasa ýatmazdy .
Hakberdi aga inisi bilen ýeke gyzyna ähli zadyny tabşyryp ömürlik gözüni ýumdy . Şeýlebir millet sylaýardy onuň soňky ýolyna gaty köp adam gelipdi hatda hytaý mary lebap aşgabat hindiden hem hünärmenler gelipdi . Adyl aga gaty ejir çekýärdi ol gaty horlanypdy öz iň gowy görýän agasyny elden gidermek has agyr degipdi . Adyl aga näme etjegini bilmeýärdi.
24
74
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.