bayramgeldiyewarslan
09.11.2023 08:45

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy ulanyjylaryň dürli soraglaryna jogap bermäge ukyply Grok atly çat-botuny hödürledi. Iň meşhur ChatGPT-den tapawutlylykda, milliarderiň neýroulgamy çylşyrymly mowzuklardan sowlup geçmeýär we hatda degişmä salyp adama henek hem atyp bilýär.


Munuňam sebäbi, Grok-yň beýleki zatlar bilen bir hatarda, ýazyjy Duglas Adamsyň “Ýol kölügli galaktika syýahat” atly kitaplar toplumyny öwrenenligidir. Degişmäni halamaýanlar ýa-da wäşilige gadyr goýmaýanlar AI-kömekçini ulanmasa gowy bolar diýip, xAI belleýär. Ilon Mask Grok-yň hemişe “dogruçyl we gönümel” jogap berýän iň “düýpli” çat-botdygyna ynanýar.

Häzirki wagtda Grok-yň beta-wersiýasyna xAI-iň resmi web sahypasynda hasaba alynmak arkaly girip bolar - görnüşi ýaly, ol X (öňki Twitter) sosial ulgamy çuňňur birleşer. Çat-botuň köpçülige haçan elýeterli boljakdygy belli däl.

19
33
bayramgeldiyewarslan
08.11.2023 07:54

Bir gün Soltan Söýüniň wezirlerleri Myrala berilýan aýratynlykdan nagilediklerini aýdypdyrlar. Wezirler üýşen wagty diýip Soltan Söýün şeýle sorapdyr \"Çyn bilen ýalanyň arasa näçe ?\". Biri jogap berýa \"Çyna hytaý bolýa, ýalanam günbatar bolýa, onda aralyk 3 aý ýol\". Ýene biri bir zat diýýa hiç göwne jaý jogap ýok diýýa. Birden gapydan Myraly giripdir, soragy oňa da sorapdyrlar. Myraly dört barmagyny galdyryp \"Çyn bilen ýalanyň arasy dört barmakdyr\" diýipdir. Hemmeler haýran galypdyr. Dört sagat pikirlenip duran weziriň biri diýýa \"Myraly, sen ýer, ýurt ýaly zatlar näme bilýäňmi ?\". Soltan Söýün ýylgyryp \"O nähili bolýa\" diýen. Myraly ine diýip dört barmagyny gözi bilen gulagynyň arasyna goýupdyr. Eşiden deň bolmaz, gören göz bile... Magtymguly Pyragy

24
94
bayramgeldiyewarslan
07.11.2023 07:56

Amaly geofizika institutynyň (AGI) maglumatlaryna görä, güýçli magnit hadysasy garaşylmadyk ýagdaýda Ýeri gurşap aldy.


Maglumatda bellenilişi ýaly: "5-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda geomagnit tolgunmalary hasaba alyndy".

Kosmos howa gözegçiliginiň maglumatlaryna görä, Ýeriň magnit meýdanynyň tolgunmasynyň derejesi G3-e çenli ýokarlandy, bu ylmy klassifikasiýa görä “güýçli” diýmekdir.

Bu derejede energetika ulgamlarynda meseleler döräp biler, şol sanda howpsuzlyk ulgamlarynda galp duýduryşlar işläp, nebit transformatorlarynyň “gaýnamagy” ýüze çykyp biler diýip bellenilýär. Mundan başga-da, hemra we pes ýygylykly radio nawigasiýasynyň we ýokary ýygylykly radio aragatnaşygynyň kesilmegi mümkin.


"Orta giňişliklerde polýar şapagyna syn etmek bolar" – diýip, materialda aýdylýar.

15
18
bayramgeldiyewarslan
06.11.2023 08:38

Bennu asteroidinden alnan nusga Waşingtondaky Milli tebigaty öwreniş muzeýinde ilkinji gezek köpçülige görkezmek üçin çykaryldy. Diwarlykda nusganyň özi, raketa göterijisiniň maketleri, OSIRIS-REx zondy we missiýanyň gysgaça beýany hödürlenýär. Fotogenik daşjagaz birnäçe nusgadan saýlanyp alyndy. Ol germetik taýdan azot gurşawyna ýerleşdirildi we zerur bolan ýagdaýynda geljekki öwrenişler üçin barlaghana gaýtarylyp bilner diýip, 3dnews.ru habar berýär.



Nusgalaryň asteroidden Ýere getirilmegi amerikan kosmonawtikasynyň uly üstünligi boldy. Missiýa 2016-njy ýylda başlady we şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Bennu asteroidinden alnan nusgalary saklaýan kapsulanyň Ýere gonmagy bilen tamamlandy. Alnan materialyň ilkinji seljermesi nusgalarda suwuň we uglerod saklaýan molekulalaryň täsiriniň yzlarynyň bardygyny görkezdi. Diwarlykda hödürlenen Bennudan getirilen daşjagaz hem suw yzlarynyň bardygyny görkezdi. Umuman, bu monolit däl. Bu asteroid topragyndan sementlenen bölejiklere meňzeýär. Alymlar daşjagazlaryň haýsysynyň has özüne çekiji boljakdygyny saýlamaly boldular.

Waşingtondaky Milli tebigaty öwreniş muzeýindäki diwarlykda görkezilýän Bennudan daşjagazyň ululygy bary-ýogy 8 mm we agramy 143 mg.

Ýene iki daş Tusondaky Arizona uniwersitetiniň ýanyndaky Alfi Norwilliň gymmatly daşlar we minerallar muzeýinde hem-de NASA-nyň Tehasdaky Jonson kosmos merkeziniň ýanynda ýerleşen Hýuston kosmos merkezinde görkezmek üçin goýlar. Bu ekspozisiýalaryň açylyş senesi heniz belli däl, platformalaryň biriniň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu 15-nji noýabrda bolup biler.

20
24
bayramgeldiyewarslan
05.11.2023 08:26

Duracell kompaniýasy AAA görnüşli firma batareýasynyň görnüşinde M150 ady bilen kuwwatly daşarky akkumulýatory çykardy. Pauerbankyň sygymy 25 müň mAs bolup, bir wagtyň özünde oýun konsolyna, noutbuga we smartfona zarýad bermäge mümkinçilik berýär diýip, ferra.ru habar berýär.


Batareýadan MacBook Pro 16 derejesindäki noutbuga, Steam Deck konsolyna we islendik smartfona zarýad bermek bolýar. Pauerbank USB-A we USB-C portlary bilen üpjün edildi, gapagyna ony MagSafe-ly iPhone bilen bilelikde ulanmaga mümkinçilik berýän simsiz magnit zarýad berijisi gurnaldy. Gapagyň aşagynda elektrik kabellerini saklamak üçin ykjam ýer bar.

M150 akkumulýatorynyň agramy 800 gram, beýikligi 16,25 sm. Toplumda pauerbank üçin 300 gram agramly zarýad beriş stansiýasy bar. Gajetiň bahasy 200 dollara barabar.

23
19
bayramgeldiyewarslan
03.11.2023 07:39

Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,

Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.

Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,

Gara ýere çümüp,

çykyp,

çümüp git.


Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.

Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.

Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,

Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.


Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,

Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.

Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.

Teşne görseň, dodagyna damyp git.


Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.

Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.

Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,

Sen öküz dek

ýele garşy yňyp git.


Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:

Ylgap baryp saglyk bilen erki al.

Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,

Soň tapylar, galan zady zyňyp git.


Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,

Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.

Dileg etse –

gözlerňi hem gysganma,

Birin ber-de,

biri bilen oňup git.


Ha çaryk geý,

Ha çokaý geý,

Telpek geý –

Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.

Ýöne weli şypbyldama çepek deý.

Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.


Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?

Erkekler ownasa – kyýamat şodur.

Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.

Bäş telpegi

bir gyňaja daňyp git.


Gözelligi

sor bagryňa, öýkenňe.

Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.

Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,

Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.


Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,

Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.

Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –

Bir

oguldan

ýeňilip hem ýeňip git.


Ýeňsin ogul

dil bilen däl, iş bilen,

Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.

Aýak däl-de, parasatly baş bilen

Ýeňse ogul –

gözüň rahat ýumup git.


Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,

Bir aglapdyň. Indi beri aglama:

Öz balaňy eliň bilen jaýlama,

Nobatyňda mele ýere sümüp git.


Dünýä gelmegiň-de

nobaty ýagşy,

Ýene ölmegiň-de

nobaty ýagşy.

Men diňe bir zatda nobata garşy:

Dost öýünde islän çagyň gonup git.


Başarsaň – köplügiň içine garyş,

Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.

«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,

Köplük bilen awtobusa münüp git.


Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –

Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.

Elbetde, alymam, şahyram hökman.

Üýşüp, çaşyp,

çar tarapa eňip git.


Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –

Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.

Gadamyň giňden ur!

Entekler ellem

Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.


Haly wagtyň meňzemegin kilime,

Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.

Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –

Içi közli ojar ýaly sönüp git.


Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):

Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.

Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,

Bakylyk şol:

Şol daşlara siňip git.

26
24
bayramgeldiyewarslan
02.11.2023 08:03

✔Göz yaşa baglanan yollar✔ bolan waka

Awtory:Nowça🌙


Bu yagday Gunçanyñ omrindaki iñ şatlykly,begençli yagdaylaryn birinjisidi

....Gunça bu yyl okuwa giripdi yuregindaki yeke tak arzuwy hasyl boldy.

Ol Turkmen Dowlet Nebit-Gaz uniwersitetinin gapysyndan adim basan guni ozini dunyadaki bagtly adamlaryñ biri hasaplady.

Muna bir dine Gunça begenenokdy eysem butin maşgalasy ene-atasy jigileri gaty begenyardiler

...Gunça maşgalasynda ene atasyn ulyja gyzydy..edepli-ekramlydy,assylly,görmegey,nazik gyzdy ..

Gunçanyñ daşyndan guwanyan hyrydarlary az daldi.Gunça her gün diyen yaly uzyn topygyna yetip duran śar garaja saçlaryn Iki örip,tahya geyip okuwa gityardi.Okuwda-da Gunça oziniñ bilimi,ylymy,asyllylygy bn özini mugallymlara tiz tanatdy...

Gunçany Erkin ilkinji gören wagty halapdy, ýöne intek söygüsin bildirmàndi. Gunçada Erkini erbet görenokdy.

Kanikula çykylan günleriñ biridi, bular her gün jañlaşyardylar, Erkin ayralygy duymaga goyanokdy.....

Dañ bilen howlygyp turan Gunçanyñ bu gün keypi yokdy. Onyñ keypiniñ yoklygyn dañ bilen ukydan oýadan Erkin azajyk duydy we bildirmejek bolyp

- hany tur indi uly gyz hem 07-a çenli yatarmy?

- Turdym

- Bu gün men geplap bilmen hazir 09- lara anginamy kesdirmek uçün operasiya etyanler!

- Bilýàn düşündim!

Gunçanyñ bu gün hiç mazasy bolmady bar pikiri Erkindedi, o nàtdika, operasiyasy şowly geçdimika, ganayarmyka, näme etyarka? diyip bir topar soraglar otdan alyp oda salyardy

Ahyr jañ etdi

- Alo Erkin!

- Erkina dàl komnatdaşy, men komatdaş dosty, ol yañyrak operasiyadan çykdy anginasyn kesdirdi, şu wagt geplap bilenok

- Trupkany ber şoña?

- Bolya me Gunça jañ etyar

- Alo Erkin gowymy sen, yagdayyñ, geçdigi bolsyn, ganayarmy onatmybir yagdayyñ?

- hha hmmm Erkinden ses çykarman çalaça düşündirdi üm bilen

Muña Gunça ynjalan yaly hem etdi, yone hiç ynjalygy bildirman saklap bilmedi we jorasy Ayna jañ etdi

-Ayna salam agsham sen meniñ uçun dört sagat boşap bilmersiñmà?!

- Hä name boldy, boşaryn ayt hany!

- Erkin bolnisada anginasyn kesdirdi gyssagly tagtabazara gidip gelelile?

- Hä bor agyrmy name?!

-Yok ahyr dàl yöne ganayar diyip dur, özüm görüp gaytjak

Bular dilleşip Erkiniñ yanyna öylan 18.00 soñ nirede sen Pendi çöli diyip yola rowana boldylar

Türkmengaladan geçiberende Erkinden sms geldi

-Agyryar janym yaman suw icesim gelyar yanymdakyñ ejesi oguljygym diyip manlayymdan ogshap galupsy nahar akeldi onam iyesim gelyar

-Gowymy seniñ yagdayyñ agyryamy ya,ganayarmy ya !

- howwa ganap dur

-Bolýa azajyk çyda geçer bu günler

- Bolya

Aradan bir sagat geçiberdi weli ýene az wagt garaşmaga yagdayy bolman yene jañ etdi

Hal yagdayyn sorap Gunça onyñ unsüni böljek bolyp eyle beyle zatlar aydyp degen boldy we Gunça sorady

- Erkin sen meni şu gün göresiň gelmedimi?

- Erkin nàme diýjegin bilman - Hka hmm diýip jogap berdi. Gunça duran yerinde döñyp galdy, sebäbi gowy goren yigidi duydansyz yagdayda begendireryin diyip barýardy ahyry, onyñ bar keypi gaçdy, ol mundan añyry gitmage hiç göwnemedi , nireden hem bolsa bir yerden gelen kejirligi ony yza dolanmaga mejbur etdi, ol birden taksysa

- Yzyña öwrelsene gidemizok

-name boldy, diyip Ayna sorady

- Nameuçin yzymyza gaytyas sen hassa soramaga baryañ nadip dözýan şu yagdayda yeke goymany , şu wagt Erkin seniñ goldawyña mataç, seni görüp nàderejede begenerdi, yzymyza gaytmaly gideli -Biz barden baryas gowy bolsyn diyip welin onyñ meni hatda göresi hem gelenok ekena

- Alynmadyk myhman yaly barasym gelenok meniña, diyip eline elyaglygyny alyp aglap başlady.

Olar yzlaryna gaytdylar yone elyaglyk weli öl myžykdy

Emma Erkiniñ bolsa hiç zatdan hawary yokdy, Gunçanyñ özüni görmäge gelyandigni bilenokdy

Erkin bir zat bolanyn bildi, ýöne giçdi, yekeje sözi eyyäm Gunçanyñ pikirini üýtgemegine getiripdi

Gunçanyñ elyaglygy bolsa aglap aglap göz yaşa öllendi ......?!

Erkine garşy barýaka yol şeyle bir yakyndy, yzlaryna gaydanda bolsa bu yol şeyle bir uzak, şeylebir uzak bu yoly geçyança yollar göz yaşa öwrüldi.....?!


Men islär men SENDEN SENI,

SEN uzak et MENDEN MENI.

Kalbym küsar MENDEN SENI ?!

Sen yat etdiñ SENDEN MENI ?!


~~~~Soňy~~~~

17
96
bayramgeldiyewarslan
01.11.2023 11:35

Ol gyz okuwa berlen, okamagy şeýle gowy gorýärdi. Bir gün kitaphanada okap otyrka ýanyna ýigidi gelip ony öýüne (bolýan ýerine) alyp gitjek boldy, ol ulagly gelipdi.(Ol ýigit şo ýerlidi ýagny Londonly, musulman maşgaladandy, gyzy ene atasy bilen tanyş edipdi okuwy gutaranson olar toý etmeli diýen karara gelipdiler. Gyzyn okuwyny gutarmgyna bolsa bary-ýogy bir ýyl galypdy) Emma gyz garşy boldy:"Men biraz okajak, sen arkaýyn git, meniň özüm soň awtobusda bararyn" diýdi. Oglan ony goýup gitmek islemesede göwnüni ýykyp bilmedi onuň okuwa höwesi juda uludy. Oglan gaýdanyndan soň gyz okap oturşyna agşam düşenini duýman galypdyr. Öýüne barýarka onuň el telefony jyrlady. Hasyrdap sumkasyndan tapyp aldy, görse söýgülisinden jaň gelýär, begenip jogap berdi. Ol şonda söýgülisiniň ýolda ýol helakçiligine uçranyny, ýagdaýynyň bolsa agyrdygyny haýsydyr bir polisiýa işgäriniň aýtmagy bilen bildi. Dessine heläkçilik bolan ýeriň salgysyny alyp so ýere ugrady, ýol boýuda aglap gitdi. Ýüregi ýarylan ýaly bardy ulagyň haly görer ýaly däldi, gyz gelýänçäde oglany hassahana alyp gidendiklerini şo ýerdäkilerden sorap bildi. Hassahana bardy emma iş işden geçipdi oglan bu ýagty jahan bilen hoşlaşypdy. Olara soňky gezek görüşmek nesip etmedi. Oglany jaýladylar, birnäçe gün geçenden soň gyz oglanyň ene atasynyň ýanyna baryp şol heläkçilikden galan oglanyň köýnegini bermeklerini haýyş etdi. Ejesi göz ýaşlaryny siňdiren oglunyň ganly köýnegini getirip berdi. Gyz ony birnäçe gezek ýuwdy gan yzy hiç aýyrlar ýaly däldi. Ol okaýan uniwersitetinde bir professor bardy, näme çözüp bilmeýän meselesi bolsa şondan maslahat sorardy. Bu gezekde ondan maslahat sorady:"Professor, bolan ýagdaýy bilýäňiz, şo heläkçilikden mana söýgülimi ýatlatjak bir şu köýnek galdy muny näçe ýuwsamda hiç gan yzyny aýyryp bilmedim näme etsem bolar?!" Profesor ýüzüni hem üýtgetmän:"Ariela ýuwup gör!" diýip jogap beripdir.

24
160
bayramgeldiyewarslan
26.10.2023 09:09

AGLASA ENEM AGLAR, GALANY YALAN AGLAR (Hekaya)


Döwran dostlary bilen täze ýyldan soňky günlerde göwünlerini hoş geçirýärdiler. Her gün bir ýere oturmana gidýän oglanlar öýlerini hatda küýsemeýärdilerem. Köp gezmekligem gowy zat däl, ýöne bular çenden geçdiler. Günleriň birinde bularyň arasyna gyzlaram goşulýar. Şol gyzlaryň arasynda Maral atly bir gyza Döwran aşyk bolýar. Belkem oglan çyny bilen söýendir, ýöne şol gyzy sypdyrmajak bolup jan edýär. Döwran we Maral, bularyň arasyndaky başlanan söýgä 1 aý hem geçenok, emma Döwran ene-atasynyň ýanyna gelip şol gyza öýlenesiniň gelýändigini aýdýar. Ýöne näme ene-ata hem çagasynyň bagtly bolanyny isleýär. Şol sebäplem gyzy onuň töweregindäki adamlardan sorag ideg edýärler. Ýöne Maral hakda gowy zat eşidilmeýär, ýagny öwen bolmaýar. Bu zatlary bilen ene-atasy Döwrana garşy gitmeli bolýar. Kellesine haram keýpiň tüssesi siňen Döwran bolsa olary diňlemeýär. Ýanwar aýnyň aýaklary, howa öňkisinden birneme gowulandy. Bu gün Döwran özüne timar berip, bezenip-beslenip bir ýere gitjek bolýardy. Ejesi ýanyna gelip: —Oglym nirä şaýlandyň? —Seniň ýigrenýän gyzyň ýanyna... Şu sözleri diýdide, alan aýlygynyň baryny alyp gapyny güýç bilen ýapyp çykyp gitdi. Yzyndan ejesi näme etjegini bilmedi. Sebäbi Döwran eýýäm 22 ýaşyndady, akly özüne ýetik bolmaly oglan näme üçindir ters hereketler edýär, mundan öň beýle däldi, Marala sataşyp üýtgedi. Eline uly buket gül alyp Maralyň ýanyna geldi we ene-atasynyň Marala öýlenenine garşydygyny oňa ýetirdi. Maral bolsa gyjalat gylyjyny çykardy, ýagny: “eger meni söýýän bolsaň alyp gaçarsyň” diýdi. Marala tapawudy ýok, ol bir ýetim galan gyz. Öýünde ne eje ne-de ata, ýeke agasy bar olam her gün içgili. Gepiň keltesi Maralyň maşgala ýagdaýy o diýen däl. Oňa kim bolsada tapawudy ýok biri başyna eýe çyksa bolýardy. Özem 25 ýaşyndaky gyz... Döwran bu gün ýene bir sapar ýalňyşlyk etdi, ýagny gyz alyp gaçdy. Gyzy alyp ony ilki daýzalaryna eltdi, daýzasy kabul etmedi, şol sebäplem dostynyň öýüne getirdi. Nika gyýyldy. Ertesi ene-atasynyň öýüne gelip öten agşam bolup geçen wakalar hakda aýtdy. Döwran kakasyndan gorkýardy, şol sebäplem bu zatlary ýuwaşlyk bilen zordan aýtdy. Kakasyna bolsa Maralyň ýagdaýy belli, sebäbi ol Maralyň garry atasyny tanaýardy. Kakasy gaharyna ogluna: “şu öýden göter ökjäňide itden çyk, gaýdybam şu tarapa bakyp şu ýerde meniň öýüm bardy diýip dolanaýma” diýdi. Elbetde ejesi muňa garşy çykdy, ýöne kakasynyň ýarawsyzlygy sebäpli zat diýip bilmedi. Döwran bolsa gitmejekligini aýtdy: “men ýeke ogul, şol sebäpli men öýde galmaly” diýdi, kakasy bolsa: “indi meniň oglum ýok, bar nirä gitseň şoňa git”... bu sözlerden soň Döwran şu öýe gaýdyp gelmejekligini aýtdy. Ýaşaýyş dowam edýär. Näme Maraljanam gelin boldy emma dereje görmedi. Ýaşarada ýerleri ýokdy. Maral bolsa ulumsyja gyzdy, şonuň oňa ýaranmak kyna düşýärdi, ulumsy bolsada gaty owadandy, belkem owadanlyk Döwrany aldandyr, kim bilýär. Gyz aýtmyşlaýyn kreýyna jaý almaly boldylar. Ol jaýyň bahasy bolsa Döwranyň aýlygyndan köp. Indi iýmelimi ýa-da jaýyň owadanlygyna seredip açh oturmalymy? Döwran işinden çykyp başga işe girdi. Dostlary bu ýagdaýda oňa kömek etdiler. Indi Döwran işewir oglan, onuň gerşinde maşgalasy bar. Daň şäher bilen çykan Döwran gije ýary öýüne gelýär. Elmydama ýadaw. Maraljan bolsa gelin bolup her gün joralary bilen. Öň pul diýilen zat oýunjak bolup görünýär baý oglan üçin indi edil altyn ýalydy. Maralyň pul sowuşyna bolsa gahary gelýärdi. Şeýdip wagt geçip başlady. Maral bolsa eýýäm göwreli boldy. Indi alada hasam artdy. Öňkije ulumsyja gyza ýene bir ulumsylyk goşulan ýaly. Döwranyň pikirinde: “şunuň ýüzüne seredeniňden itiň ýüzüne seredeniňem gowy”.... wagt geçdi noýabr aýynda Döwran bilen Maralyň ogly boldy. Döwran indi durmuşa düşünip başlady. Kakasy öňki ulagynam bermedi, emma ähli dostlarynda bolsa ulag bardy, elbet olam küýseýärdi. Ýöne ulag almalymy ýa-da jaý almalymy, çagalarada pul ýetişdirip bolanok, durşy bilen bergide bolan Döwran alaç tapyp bilmeýärdi. Maral bolsa gyjalady bilen ýykýardy. Ýuwaş-ýuwaşdan Döwran Maraly alanyna ökünip başlady. Oňa nämede bolsa söýgi ýetmeýärdi. Öýde bolanyndan işde bolanyny gowy görýädi. Sebäbi öýüne gelse Maralyň äsgermezlik, göwni ýetmezlik edişine gahary gelýärdi. Döwranyňa bir depesi bir dabany, Maralyň bolsa piňinede däl, pul diýilen zady oýunjak edip sowýar. Maralyň asyl pikirem şody, baýyň ogluna gelip puluny sowmakdy... Bu zatlardan bolsa akmak Döwranyň habary ýok. Ýöne pula gerek, bar alada şondady. Öň baý ýaşan oglan teňňä ýaşap bilenok, dagy teňňede däl, ýöne ýetenok. Işinden bolsa wezipä çekildi. Indi aýlygam köp welin bergiden nädip çykmalydygy alada boldy. Ýuwaş-ýuwaşdan baý dostlary onuň bilen arasyny kesip başladylar. Döwran hakyky dostynyň ýokdygyny indi bilip başlady. Ähli dostlaryna bergisini berdi, diňe bir dostyna bergisi galdy. Gapyda bolsa dekabryň aýaklary. Bir gün ýaňky dostyny öýüne çagyryp oňa bergisini berip, beýleki dostlaryny ýamanlaýar. Elbet bu baý dostlaryň sany köp. Olaram biri-birinden beter... Ýaňky dosty beýleki dostlaryna Döwranyň aýdan sözlerini ýetirýär. Baý oglanlar bu zady ýöne ýerde goýmaýarlar. Döwrany bir gün öldir ýaly edip urýarlar. Döwran hassahana düşýär. Hatda hassahanadan çykandada yzyndan “sen barmyň, gowumy ýagdaýlaryň” diýip gelen bolmaýar. Eli döwük Döwran täze ýylyny eli gipsli geçirýär. Bu saparky gelen täze ýyl geçen ýylky ýaly däldi. Maral bilen aragatnaşygy düzeltjek bolup synanşýar, ýöne bolmaýar. Fewral geldi. Maral bilen Döwran it bilen pişik ýalydy. Öýde her gün uruş, her gün dawa. Maral Döwrana gahar eden bolup hatda oglunada seretmeýärdi. Çagajyk sallançakda ýadaýança aglaýardy. Hatda aglap syrkawlabam gitdi, Maralyň gözi gorkaýjak ýaly emme tersine.Mart aýy başlady. Döwran doly derejede pikir edip başlady. Bir ýaşuly işgärinden maslahat sorady:—Döwranjan oglum, men seniň kim bilen ýaşaýandygyňy bilýän. Sen belkem pikir edýänsiň, ýöne men saňa bir zat aýtjak, ol gyza sen är däl, tersine ol gyz saňa är, şu zatlara düşün jan ogul. Ataň pahyr şonuň üçin seni öýden kowup eşikleriňi gapa zyňdy.—Duruň hany Mämmet aga, siz ýaňy ataň pahyr diýdiňizmi?—wah ogul, seniň o zatlardanam habaryň ýok... geçen ýylyň dekabrynda ataň pahyr boldy. Onuň erbet keseli ony alyp gitdi... gowy adamdy bende... ýatan ýeri ýagty bolsun... ejeňem ep-esli sapar hassahana girip çykdy. Adamsy üçin aglajagynam seniň üçin aglajagynam bilmedi. Oglum näme diýseňem ol seniň eneň ahyry, baraý indi ýanyna biderek özüňi kösäp ýörsiň, ýeri alan aýlygyň heý hözirini görýäňmi?..Bu sözlere Döwran çydamady. Öýüne gelip Marala jaýy boşatmalydygyny aýtdy. Şonda Maral:—Indi nirä göçýäs?—Gabra.. nirä gitseň şoňa git, bizar boldum senden.Elbet mundan soň gykylyk asmana galdy.Bu gün 8-nji mart. Daş töwerekde baýramçylyk. Her kim aýal- gyzlary gutlmaga howlukýady. Döwran ýüzüni ýere salyp ellerine sowgatlar. Öýlerine eli gülli girende ejesi ylgap oglum diýip ony gujaklady... Döwrana şu wagt älem jahan gaty giň bolup göründi we şol älem jahanda ýekeje baýlyk bardygny bildi... Elbetde ejesi ogluny kabul etdi. Döwranam bolan zatlary boluşy ýaly ejesine aýtdy. Bu ýagdaýa ejesi begendi, ýöne Döwran kakasyny narazy edeni üçin bolsa özüni bagyşlap bilmedi.Düşen günlerini gürrüň berende, ejesi aglamasyny goýup bilmedi. Ýöne indi Döwran ýola geljekligi söz berdi. Şonda Döwran “aglasa ejem aglar, galany ýalan aglar” diýen sözüň manysyna düşündi.

22
94
bayramgeldiyewarslan
25.10.2023 08:06

4 milliard ýyldan gowrak wagt ozal, Gün ulgamynyň emele gelen döwri, Ýer Marsyň ululygyndaky obýekt bilen çaknyşýar. Çaknyşmanyň netijesinde zyňlan böleklerden hem Aý emele gelýär, ýöne onuň emele gelşiniň takyk wagty syr bolup galýar.


Muny anyklamak üçin täze gözlegde alymlar 1972-nji ýylda Apollo programmasynyň astronawtlary tarapyndan Aýdan getirilen regolit nusgalaryny ulandylar. Olaryň açyşy Aýyň öň çak edileninden 40 mln ýyl uludygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Indi Ýeriň tebigy hemrasynyň ýaşy 4,46 mlrd ýyldan gowrak diýlip hasaplanylýar diýip, ixbt.com belleýär.

Regolitde milliardlarça ýyl ozal emele gelen ownujak kristallar saklanýar. Bu kristallar Aýyň, ähtimal, dörän wagtynyň esasy görkezijisi bolup hyzmat edýär. Marsyň ululygyndaky obýekt Ýer bilen çaknyşyp, Aýy emele getirende, urgynyň energiýasy materialy eredýär we netijede Aýyň üsti emele gelýär. Bu ilkibaşda Aýyň üstüniň erän görnüşde bolandygyny, soňra onuň magma ummanynyň sowamagy netijesinde materialyň gatandygyny aňladýar.

Aýyň üstündäki kristallar hem şol sowama prosesi wagtynda emele gelipdirler we olaryň düzümi gözlegçilere olaryň ýaşyny we Aýyň ýaşyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, bu möhleti kesgitlemek aňsat däldi. Käbir gözlegler Aýyň ýaşynyň 4,24 mlrd ýyldygyny görkezdi, ýöne soňky kristal gözlegleri Aýyň ýaşynyň has uly bolup biljekdigine ünsi çekýär.

Gözlegçileriň aýtmagyna görä, täze seljerme usullary kristallaryň has öň dörändigini tassyklaýar. Atom-zond tomografiýasy diýlip atlandyrylýan bu çemeleşme kristallardan atomlary bugartmak üçin lazeriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Soňra bu atomlaryň massasyny kesgitläp, uranyň we gurşunyň dürli izotoplarynyň paýyny ölçemek bolýar. Uranyň radioaktiw dargamanyň netijesinde wagtyň geçmegi bilen gurşuna öwrülýändigi sebäpli, bu proporsiýa kristallaryň ýaşyny görkezip biler.

Şeýlelik bilen, gözlegçiler topary nusgalaryň ýaşyny, onuň üsti bilen bolsa Aýyň ýaşyny takygrak kesgitlemegi başardylar.

17
38