bayramgeldiyewarslan
06.11.2023 08:38

Bennu asteroidinden alnan nusga Waşingtondaky Milli tebigaty öwreniş muzeýinde ilkinji gezek köpçülige görkezmek üçin çykaryldy. Diwarlykda nusganyň özi, raketa göterijisiniň maketleri, OSIRIS-REx zondy we missiýanyň gysgaça beýany hödürlenýär. Fotogenik daşjagaz birnäçe nusgadan saýlanyp alyndy. Ol germetik taýdan azot gurşawyna ýerleşdirildi we zerur bolan ýagdaýynda geljekki öwrenişler üçin barlaghana gaýtarylyp bilner diýip, 3dnews.ru habar berýär.



Nusgalaryň asteroidden Ýere getirilmegi amerikan kosmonawtikasynyň uly üstünligi boldy. Missiýa 2016-njy ýylda başlady we şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Bennu asteroidinden alnan nusgalary saklaýan kapsulanyň Ýere gonmagy bilen tamamlandy. Alnan materialyň ilkinji seljermesi nusgalarda suwuň we uglerod saklaýan molekulalaryň täsiriniň yzlarynyň bardygyny görkezdi. Diwarlykda hödürlenen Bennudan getirilen daşjagaz hem suw yzlarynyň bardygyny görkezdi. Umuman, bu monolit däl. Bu asteroid topragyndan sementlenen bölejiklere meňzeýär. Alymlar daşjagazlaryň haýsysynyň has özüne çekiji boljakdygyny saýlamaly boldular.

Waşingtondaky Milli tebigaty öwreniş muzeýindäki diwarlykda görkezilýän Bennudan daşjagazyň ululygy bary-ýogy 8 mm we agramy 143 mg.

Ýene iki daş Tusondaky Arizona uniwersitetiniň ýanyndaky Alfi Norwilliň gymmatly daşlar we minerallar muzeýinde hem-de NASA-nyň Tehasdaky Jonson kosmos merkeziniň ýanynda ýerleşen Hýuston kosmos merkezinde görkezmek üçin goýlar. Bu ekspozisiýalaryň açylyş senesi heniz belli däl, platformalaryň biriniň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu 15-nji noýabrda bolup biler.

20
24
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.