bayramgeldiyewarslan
13.08.2023 07:53

Bamyda başlanýa Baýramalyň bazarynda. Biz Bäşim bilen bazarda bolýas. Bäşimiňki balyk bişirilýän butga biziňki bagyr bişirilýän butga. Biziň Bäşim bilen bagyrdyr balyk bişirşimize baýramalyň bazarçyläram bazaryň bazarkomam bary boýundy. Bişiren bagyrdyr balyklarymyzdan bazaryň bazarkomyna bermeli, bermeseň bolanok. Bir bazar bişiren balyklaryndan Bäşim bazarkoma barlatmana bermändir. Bazarkomyň bar barlag belasy Bäşimiň balyk butgasy bolaýdy. Bazarkom barlagçylar bilen Bäşimiň butgasyna baryp Bäşimiň balyklaryny bölekläp bölekläp barlap başladylar. Bäşim beýleräkde birhilek bolup

-"beýtmesene başlyk, bölmänem barlap bolýara başlyk, bölmäýiňdä başlyk."

-böljek Bäşim! Baýam bölerisä! Beterem böleris! Böldürmejek bolsaň barmalydyrda!.

-bararys başlyk, balykly bararys başlyk, barladarys başlyk.

-barýan bolsaň barmalydyňda, bärde bilimlisirän bolma, bilimlisirän bolsan belliň boldy biläý.

Başlyk biziň butgamyza bardy.

-bagryňyzy barlatdyňyzmy-eý bagyrçylar?

-barlatdyk başlyk.

-barladan bolsaňyz bolýa.

Bahar baýramy başlady butgalaryňyza baýdak berkitmeli!

-berkideris başlyk.

-berkitýän bolsaňyz beridiňdä! Bişirýän balykdyr bagyrlaryňyzy baýramçylyk buýsanjy bilen bişiriň!

-buýsanarysam başlyk, bişirerisem başlyk.

Başlyk beýleki butgalara bardy. Biz bolsa Bäşim bilen bagyrdyr balyk bişirmek bilen boluberdik.

Baýramalyň bazaryna barsaňyz biziň Bäşim bilen bagyrdyr balyk bişirýän butgalarymyza baryň!

28
219
bayramgeldiyewarslan
12.08.2023 08:15

«kynçylyk – bu

täze bir mümkinçilik»

«Olar ýamanlyk diýip edýär, bize ýagşylyk bolup ýetýär».


Resulalla: «Şeýden bol-

sam-a şeýle-şeýle bolardy» diýmegin. Diňe «Allanyň takdyr edenidir.

Allanyň halan işi bolar» diý. «Käşgä» sözi şeýtana gapy açýandyr»


«Üstünlik bu bir merdiwandyr. Iki eliňi jübiňe

sokup, merdiwandan aslyşyp bilmersiň».


Awraam Linkoln: «Dymyp durmagyňy adamlar

akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan,

ýene-de dymyp duranyň gowudyr».

27
87
bayramgeldiyewarslan
11.08.2023 08:29

Kalendar hasaby barada:

Nowruz: 21-22-nji Mart.

Ülker Aprelin başynda batýar.

Ülker Maýyň 10-da dogýar.

Aralyk: 21-22-nji Iýun.

Üç ýyldyz: 22-nji Iýun.

Ýaldyrak: Awgust.

Mizan: 23-nji Sentýabr.

Akrap: 22-nji Oktýabr/ sowuk urmanyň soňy hasaplanýar.

Hazan: 22-nji Noýabr/ gyşyň başy.

Gara gyş: 22-nji Noýabrda 7-nji Dekabra çenli.

Uly çille: 7-nji Dekabrdan 17-nji Ýanwara çenli.

Kiçi çille: 17-nji Ýanwardan 7-nji Fewrala çenli.

Hut-Hut: 7-nji Fewraldan soň.

Guş gaýy: Martyň 10-22-sine çenli.

17
41
bayramgeldiyewarslan
10.08.2023 20:20

Polşanyň Lodz şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary howply keselleriň, şol sanda ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygyny peseltmek üçin her gün ädilmeli ädimleriň sanynyň çak edilýänden azdygyny subut etdiler. Barlagyň netijeleri «European Journal of Preventive Cardiology» žurnalynda çap edildi diýip, lenta.ru habar berýär.


Hünärmenler jemi 226 889 adamyň gatnaşmagynda geçirilen 17 sany ylmy işi seljerdiler. Şonuň netijesinde her 500 – 1000 ädimiň howply keselleriň döremek ähtimallygyny belli bir derejede peseldýändigi ýüze çykaryldy. Ýagny goşmaça her 1000 ädim ýürek-damar keselleriniň döremek ähtimallygyny 15%, 500 ädim bolsa 7% azaldýar.

Hatda günde 3967 ädim hem islendik keseliň ähtimallygyny ep-esli derejede azaltmaga ýeterlikdir. Şunuň bilen birlikde, günde ädilmeli ädimiň iň ýokary derejesi ýüze çykarylmady, bu günde 20 müň ädime çenli ýetip biler.

Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň dörtden bir bölegi ýeterlik fiziki işjeňlik görkezmeýär. Esasan hem zenanlar ýeterlik hereket etmeýärler.

22
156