bayramgeldiyewarslan
13.08.2023 07:53

Bamyda başlanýa Baýramalyň bazarynda. Biz Bäşim bilen bazarda bolýas. Bäşimiňki balyk bişirilýän butga biziňki bagyr bişirilýän butga. Biziň Bäşim bilen bagyrdyr balyk bişirşimize baýramalyň bazarçyläram bazaryň bazarkomam bary boýundy. Bişiren bagyrdyr balyklarymyzdan bazaryň bazarkomyna bermeli, bermeseň bolanok. Bir bazar bişiren balyklaryndan Bäşim bazarkoma barlatmana bermändir. Bazarkomyň bar barlag belasy Bäşimiň balyk butgasy bolaýdy. Bazarkom barlagçylar bilen Bäşimiň butgasyna baryp Bäşimiň balyklaryny bölekläp bölekläp barlap başladylar. Bäşim beýleräkde birhilek bolup

-"beýtmesene başlyk, bölmänem barlap bolýara başlyk, bölmäýiňdä başlyk."

-böljek Bäşim! Baýam bölerisä! Beterem böleris! Böldürmejek bolsaň barmalydyrda!.

-bararys başlyk, balykly bararys başlyk, barladarys başlyk.

-barýan bolsaň barmalydyňda, bärde bilimlisirän bolma, bilimlisirän bolsan belliň boldy biläý.

Başlyk biziň butgamyza bardy.

-bagryňyzy barlatdyňyzmy-eý bagyrçylar?

-barlatdyk başlyk.

-barladan bolsaňyz bolýa.

Bahar baýramy başlady butgalaryňyza baýdak berkitmeli!

-berkideris başlyk.

-berkitýän bolsaňyz beridiňdä! Bişirýän balykdyr bagyrlaryňyzy baýramçylyk buýsanjy bilen bişiriň!

-buýsanarysam başlyk, bişirerisem başlyk.

Başlyk beýleki butgalara bardy. Biz bolsa Bäşim bilen bagyrdyr balyk bişirmek bilen boluberdik.

Baýramalyň bazaryna barsaňyz biziň Bäşim bilen bagyrdyr balyk bişirýän butgalarymyza baryň!

28
219
kizi
13 Awgust 2023
Bravo net slow
kasya
13 Awgust 2023
Super 👍👍👏👏
9404
13 Awgust 2023
Båhh😳🤭🤭
işan
13 Awgust 2023
G indi B 👏👏👏👏👏
badd
13 Awgust 2023
Wauwww dine bbbbb
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.