bayramgeldiyewarslan
10.08.2023 20:20

Polşanyň Lodz şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary howply keselleriň, şol sanda ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygyny peseltmek üçin her gün ädilmeli ädimleriň sanynyň çak edilýänden azdygyny subut etdiler. Barlagyň netijeleri «European Journal of Preventive Cardiology» žurnalynda çap edildi diýip, lenta.ru habar berýär.


Hünärmenler jemi 226 889 adamyň gatnaşmagynda geçirilen 17 sany ylmy işi seljerdiler. Şonuň netijesinde her 500 – 1000 ädimiň howply keselleriň döremek ähtimallygyny belli bir derejede peseldýändigi ýüze çykaryldy. Ýagny goşmaça her 1000 ädim ýürek-damar keselleriniň döremek ähtimallygyny 15%, 500 ädim bolsa 7% azaldýar.

Hatda günde 3967 ädim hem islendik keseliň ähtimallygyny ep-esli derejede azaltmaga ýeterlikdir. Şunuň bilen birlikde, günde ädilmeli ädimiň iň ýokary derejesi ýüze çykarylmady, bu günde 20 müň ädime çenli ýetip biler.

Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň dörtden bir bölegi ýeterlik fiziki işjeňlik görkezmeýär. Esasan hem zenanlar ýeterlik hereket etmeýärler.

22
156
2010
11 Awgust 2023
@bayramgeldiyewarslan, yazan suratlaryňyz bamay
2010
11 Awgust 2023
@owadanym, howwa öň menem sey diyadim
2010
11 Awgust 2023
@bayramgeldiyewarslan, sizem seydiyaňzmi
bayramgeldiyewarslan
11 Awgust 2023
@owadanym, howwa 😄
2010
11 Awgust 2023
@bayramgeldiyewarslan, dagy nm käbir samsyklar seydiyäde
bayramgeldiyewarslan
11 Awgust 2023
@2010, menem seyle dusunyan rusca gysgaldylan спасибо
2010
11 Awgust 2023
@bayramgeldiyewarslan, spsa kabiri ya sen pize samsyk yada seni pize söyan diyaler asyl sagbol dimek
bayramgeldiyewarslan
11 Awgust 2023
@2010, naman manysy
2010
11 Awgust 2023
@Ayjahan Spr 04, sps manysyny bilyäňmi 😆
bayramgeldiyewarslan
11 Awgust 2023
@Ayjahan Spr 04, sen hem sag bol
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.