bayramgeldiyewarslan
08.10.2023 15:42

Men heniz çagakam örän bilesigelijidim. Hemişe ulularyň gürrüňleri bilen gyzyklanar ýörerdim. Özümi gyzyklandyrýan zatlaryň ählisini enemden ýa-da goňşymyz Bibi daýzadan sorardym. Enem goňşular bilen gürrüňe gyzyşanda olaryň gürrüňleriniň köpüsine düşünmezdimem. Sekiz ýaşly çaga halyňa uly ýaşly aýallaryň gürrüňine nädip düşünjek diýsene?! Şonda-da diňlemämi goýmazdym. Garaz, enem bilen Bibi daýza çaý başynda otursalar dagy günüň ýarsyny gürrüň edip geçirýärdiler.

— A gyz, Bibi diýýän-ä, agtyjagym Şirinjandanam-a palawyň ysy gelýär. Düýn ilerki obadan Annabaý Çakanlaryň ogly Pälwan üçin Şirine sözaýdyjy geldiler. Ýigit biraz gara diýmeseň, gowy maşgala. Şirinjanam göwnese, sözlerini alaýsakmykak diýýäris.

— Waý, Ogultäç, könelerimiz «Garadyr-guradyr öz ilinde töredir» diýipdirler. Ýigit diýeniň gara bolmazmy. Saman astyndan suw goýberen bolmasa bolýar. “Ýagşy niýet — ýarym döwlet” diýipdirler, ýagşy umytda bol!

Enem bilen Bibi daýza gürleşenlerinde nakyllary köp aýdardylar. Şo-da meni has hem gyzyklandyrýardy. Bir gün mekdepde mugallymymyz bize nakyl öwrenip, olaryň manysyny giňişleýin düşündirmegi tabşyrdy. Men enem bilen Bibi daýzanyň gürrüňlerinden eşiden nakyllarymy ýazdym. Şolaryň içinde «Palawyň ysy gelýär» diýen sözlemem bardy. Men Sona mugallyma nakyllary aýdyp, manylaryny giňişleýin düşündirmäge başladym. Iň soňunda-da:

— Sona mugallym, sizden palawyň ysy gelýär — diýdim. Mugallym muny eşidip güljeginem bilmedi, gaharlanjagynam. Ol:

— Dürdäne, sen näme diýýäň?! — diýip, geňgalyjylyk bilen seretdi. Men:

— Enem bilen Bibi daýzamyň gürrüňlerinden eşitdim. Olar elmydama gürlänlerinde bir–birlerine nakyllar arkaly jogap gaýtarýarlar. Bir gün enem doganym Şirinden palawyň ysynyň gelýänini aýtdy. Gyz maşgala sözaýdyjy gelende gyz tarap hem razy bolsa «Palawyň ysy gelýär» diýilýär eken. Häli siz telefonda joraňyz Kümüşe Myradyň size guda ugradanyny aýtdyňyz. Men ony tötänden eşitdim. Diýmek, sizdenem palawyň ysy gelýän bolýar-da?!

Meniň bu sözüme synpdaşlarym bilen birlikde, mugallymymyzam hezil edip güldi. Soň görüp otyrsam, meniň nakyldyr öýden jümläm nakylam däl-de, enemiň aýlawly sözleriniň biri eken-ä. Ondan bäri ençe ýyl geçdi. Häli-häzirem mugallymymyza şol aýdan sözlerim ýadyma düşende gülküm tutýar.

Arada Sona mugallym ýolda gabat gelende, ýylgyryp ýüzüme seretdi-de:

— Dürdäne, sendenem-ä palawyň ysy geler wagty boluberipdir diýdi. Ýeri, men näme diýeýin, utanjyma ýylgyryp aşak bakaýdym.

23
167
bayramgeldiyewarslan
05.10.2023 07:35

Ilon Mask Forbes žurnaly tarapyndan her ýyl düzülýän ABŞ-nyň iň baý 400 adamlarynyň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi.


Neşir SpaceX-iň we Tesla-nyň eýesiniň baýlygynyň 251 milliard dollara barabar bolandygyny çaklaýar, bu geçen ýylky görkezijä deňdir, Mask hem bu sanawda birinji orunda durýar. Ikinji orunda Amerikanyň Amazon korporasiýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos (161 milliard dollar), üçünji orunda Oracle korporasiýasynyň döredijilerinden biri Larri Ellison (158 milliard dollar) durýar. Dördünji we bäşinji orunlary Berkshire Hathaway kompaniýasynyň başlygy Warren Baffet (121 milliard dollar) we Google korporasiýasynyň esaslandyryjylaryndan Larri Page (114 milliard dollar) eýeledi.

Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts 111 milliard dollar bilen sanawda altynjy orny eýeledi.

Forbesiň bellemegine görä, 400 baý amerikalynyň baýlygy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 500 milliard dollar artypdyr.

16
41
bayramgeldiyewarslan
04.10.2023 07:38

«Android 14-iň» köpçülige niýetlenen görnüşi täze «Google Pixel 8» we «8 Pro» smartfonlary bilen birlikde 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda tanyşdyrylar.


«Google-yň» operasion ulgamynyň 14-nji wersiýasy gysgaça «Android U», dolulygyna bolsa «Android Upside Down Cake» diýlip atlandyrylýar.

2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri çykýan beta nusgalaryndan çen tutsak, «Android 14» köp sanly kosmetiki üýtgeşmelere eýe bolar. Mysal üçin, emojiden diwar suratyny döretmek, batareýanyň has köp maglumatly widjeti we ulgamyň şrift sazlamalaryna çalt girmek mümkinçilikleri peýda bolar.

16
21
bayramgeldiyewarslan
03.10.2023 07:39

Ilkinji gezek Xiaomi 14 Pro-yň suratlary internetde çap edildi - enjam daşlyk bilen “örtülendir”, oňa seretseň suratlaryň aksesuar öndürijisi tarapyndan syzdyrylandygy belli bolýar.


Xiaomi 14 Pro häzirki Xiaomi 13 Pro-nyň dizaýnynyň ösdürilendigini görkezýär: kameranyň öňe çykyşy birmeňzeş, üç modul hem bar (dördünjisi kamera moduly hökmünde suratlandyrylýar, ýöne ýagtyltgyç çyrasy bolar.

Xiaomi 14 Pro SoC Snapdragon 8 Gen 3-i we titan çarçuwasyny alar. Şeýle hem, diagonaly 6,7 dýuým we durulygy 3200 x 1440 piksel, 120 wt zarýadly 5000 mAh akkumulýatorly AMOLED ekrany bolar.

Kamera baradaky maglumatlar dagynyk: käbir çeşmeler enjamyň 200 megapiksel datçigine eýe boljakdygyny aýdýarlar, beýlekiler oňa Xiaomi 13 Pro ýaly dýuým Sony IMX989 datçigi diýýärler. Şol bir wagtyň özünde, galan iki datçigiň 50 megapiksel boljakdygy baradaky pikir bilen hemmeler razylaşýar.

16
24
bayramgeldiyewarslan
02.10.2023 07:07

Gadymy türkmen senenamalarynda gyş pasly


Gadym döwürlerden bäri türkmenler tebigatda bolup geçýän hadysalardan ugur alypdyrlar. Dürli hasaplamalary, senenamalary ýöredipdirler. Aýyň, Günüň we ýyldyzlaryň deňizlerde, ummanlarda güýçli tolkunlary, zeminde bolsa dürli hadysalary döredip bilýändigini takyklapdyrlar.

Senenamalar diňe bir oturymly ekerançylyk ýa-da maldarçylyk hojalygyny ýöretmekde däl-de, eýsem adamlaryň gündelik ýaşaýyş-durmuşynda giňden ulanypdyr. Gündogar halklarynda bolşy ýaly türkmenlerde Nowruz täze ýylyň başlanýandygyny aňladýar. Şonda gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolup geçýär. Ekerançylyk işlerine girişilýär. Owlak guzy möwsümi başlanýar. Garaz, ýazyň gelmegi bilen ekerançylykda we maldarçylykda iş-alada köpelýär.

Türkmemleriň gadymdan gelýän aý-gün we beýleki senenamalaryna laýyklykda täze ýylyň başlanýan ilkinji günunde ýagyş-ýagmyr ýagsa ýagşylyga ýorulýar. Şol ýyl galla we bakja ekinleriniň bol hasylynyň boljakdygynyň alamaty diýlip düşünilýär. Il arasynda nowruzdaky ygal geçiniň şahyny ölläp bilse, şol ýyl rysgally bolar diýlip çaklanylýar.Halkymyz ygally gelen ýyllarda galla hem-de bakja ekinlerini has köp ekipdirler, bol hasyl alypdyrlar. Elbetde, türkmenler hem beýleki türki halklar ýaly ýazyň başlanýan ilkinji güni ekerançylyk işlerini girişipdirler. Parasatly we tejribeli daýhanlar ýandagyň boýy bir sere çemesi galanda, ýere ýyly girip, janlanyp başlanýar diýip hasaplapdyrlar. Ine şondan soň ölçerip, hasaplap ýere tohum sepipdirler. Türkmenlerde “Ýandak - sere, tohum - ýere” diýilmegi hut şonuň üçindir. Oturymly ýerde ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýan adamlar gijesi aý-aýdyň bolýan günlerde dürli ösümlikleriň çalt boý alýandygyna göz ýetiripdirler. Şonuň üçin hem olar dolan aýyň (ol aý senenamasyna laýyklykda her aýyň 14-ine we 28-ine bolup geçýär) öňki günlerinde ekin meýdanlaryna tohum sepipdirler, dürli agaçlaryň nahallaryny oturdypdyrlar.

Türkmen müneçjimleri (astrologlary), parasatly ýaşululary, ekerançylyk we maldarçylyk işlerinde tejribeli adamlary köpýyllyk hasaplamalara esaslanyp geçirilmeli meýdan işleriniň Aýyň, Günüň we dürli ýyldyzlaryň dogup-ýaşyşyndan, dürli tebigy hadysalardan ugur alyp ýöredipdirler.

Hatda olar garynjalaryň, dürli mör-möjekleriň, guşlaryň ösümlikleriň täsin hereketlerinden hem netijeli peýdalanyp bilipdirler. Munuň özi Aý-Gün we beýleki astrologik senenamalar bilen iş salyşýan adamlara tebigatda bolup geçmegi çaklanylýan hadysalary öňünden takyklamaga esas bolupdyr. Garlawaçlaryň pesden uçmagy howanyň ygally, belentden uçmagy bolsa şol gün açyk howanyň boljakdygyny aňladýar diýip, ýaşulular hasaplaýarlar. Munuň şeýledigine biziň her birimiz häzirki günlerde anyk göz ýetirýäris.

Ir zamanlarda olar tomsuň ortanjy aýynyň ilkinji on günliginde aýyň, günüň, ýyldyzlaryň hereketine syn etmek bilen ýylyň netijesine irgözinden baha berip bilipdirler

Ýene bir bellemeli zat, ol hem türkmen daýhanlary we maldarlary dürli astrologik hasaplamalara, senenamalara esaslanyp, Üçýyldyzyň hem-de Ýaldyragyň dogup-ýaşýan döwürlerinde bolsa galla ekmek işi togtadylypdyr. Sebäbi şol döwürde ekilen galla ekinleriniň hasyly bişip ýetişmändir. Halk arasynda “Eset-beset” diýen nakylyň asyl manysy hem, megerem, şunda bolsa gerek. Maldarlar bolsa garagyşyň kiçi çille döwründe mallary uzak ýerlere alyp gitmändirler. "Nirede bolsaň şonda bol-gaýly günde öýde bol” diýen atalar öwüdine uýupdyrlar.

Pasyllara häsiýetli howanyň üýtgeýşiniň alamatlaryny türkmen astrologlary, esasan, göçýän guşlaryň hereketlerine garap bilipdirler. Ilat arasynda “Guş ýoly” diýen düşünje ýörgünli bolupdyr. Ýaz paslynda ilki gazlar, soňra bolsa durnalar bolelin iýmit gözläp, sowuk ülkelere, howa sowap, gyş golaýlanda bolsa, ilki durnalar, soňra bolsa gazlar ýyly ýurtlara göçüpdirler. Türkmenleriň arasynda “Gaz geçse, gapyňy aç, durna geçse, duluňy aç” diýen nakyl biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ol özüniň ähmiýetini häzirki günler hem ýitirenok. Köp ýyllyk gözegçiligiň netijesinde türkmen müneçjimleri, dürli senenamalary ýöredýän adamlar dürli guşlaryň pasyllar boýunça edýän göçlerinden netijeli peýdalanyp bilipdirler. Şondan ugur alyp, çarwadarlar durnalar nirä tarap toýnak gurap uçsalar, mallaryny şol tarapa sürüp gidipdirler. Munuň özi mallaryň ölüm-ýitimsiz saklanmagyna, dok we ýyly gyşladylmagyna, olardan bol önüm alynmagyna öňyn täsir edipdir.

Türkmenleriň senenamalarynda gyş paslynyň başlanýan döwri sebitlere görä tapawutlanýar. Ol ýyldyz senenamasynda ýüz güne, hazarýaka türkmen senenamasynda togsan güne deňdir. Yýldyz senenamasynda gyş döwri 7-nji dekabrdan, hazarýaka türkmen çarwa senenamasynda 14-nji dekabrdan başlanýar. Ýyldyz senenamasynda ýylyň iň amatsyz döwrüne garagyş diýlýär.Ol uly we kiçi çillä bölünýär.Uly çille 7-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Şol döwürde bag nahallaryny ekmek togtadylýar. Kiçi çille 17-nji ýanwarda 7-nji fewrala deňeç döwri öz içine alýar we ekerançylyk we maldarçylyk pudagy üçin synag döwri hasaplanýar..Hazarýaka türkmen senenamasy bäş döwüre bölünýär. Keýik döwri 14-nji dekabrdan 28-nji dekabra çenli dowam edýär . Käbir senamaçylar onuň hasabyny 4-nji dekabrdan ýöredýändiklerini bellemek gerek. Torsuk döwri 29-nji dekabrdan 12-nji ýanwar , tilki döwri 13-nji ýanwardan 27-nji ýanwar , möjek döwri 28-nji ýarwar 11-nji fewral aralygydyr. Bürgüt döwri 12-nji fewraldan 16-njy fewral aralygyny, balyk döwri 17-nji fewraldan 13-nji mart aralygyny öz içine alýar . Bu döwrüň soňky hepdesini senenamaçylar aýratyn üns berilmeli, jogapkärli döwürdir diýip nygtaýarlar. Şeýlelikde hazarýaka türkmen senenamasynyň keýik, torsuk, tilki, möjek döwri 15 güne, balyk döwri 25 güne, bürgüt döwri 5 güne barabar hasaplanýar. Bu senenamanyň döwürlerine ýerde,asmanda we suwda ýaşaýan haýwanlaryň atlary bilen belgilenmegi, şol jandarlaryň jübütleşýän, nesil önderýänýän wagty bilen berk baglanyşyklydygyny bellemek gerek.

Heňňamlar aýlansa-da ata-babalarymyz bu senenamalaryň biziň bagtyýar günlerimize çenli gelip ýetmegi üçin alada edipdirler. Gadymy türkmen senenamalary halkymyzyň milli mirasydyr we olaryň taryhy gymmaty ölçegsizdir. Ozaldan gelýän ata-baba ýörelgelere, hasaplamalara, senenamalara eýerilmeginiň diňe peýda getirýändigine türkmen halky berk ynanýar.

18
29
bayramgeldiyewarslan
01.10.2023 07:18

Kataryň paýtagty Doha şäherinde ýerleşýän Sheraton Grand Doha Resort & Convention Hotel binasynyň ýüzünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurduň döwlet baýdagynyň şekili şöhlelendirildi. Bu barada Orient habar berýär.


Şäheriň kenarýaka zolagynda ýerleşýän bu bäşýyldyzly myhmanhana Kataryň myhmansöýerliginiň alamatlarynyň biri bolup, binanyň ýüzünde peýda bolan türkmen baýdagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Öň, türkmen baýdagynyň şekili dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj Halifanyň ýüzünde şöhlelendirilipdi.

21
56
bayramgeldiyewarslan
30.09.2023 08:17

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäniň iň beýik binasy Burj Halifanyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili şöhlelendirildi. Türkmenistanyň Dubaýdaky wekilhanasynyň resmi Instagram akkaunty türkmen gölleri we bäş ýyldyz bilen ýarymaýyň şekili bolan gyzyl-ýaşyl baýdagy şekillendirýän täsirli şöhlelenmäniň wideosyny ýerleşdirdi.


Bu şöhlelenme uzak möhletleýin we berk söwda hem-de ykdysady gatnaşyklary bolan iki ýurduň arasyndaky dost-doganlygyň nyşanydyr.

Türkmenistan BAE üçin geljegi uly bazar bolup, onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durmuşa geçirilýär. Ýurtda senagatlaşdyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap diwersifikasiýalaşdyrylan senagat infrastrukturasyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär.

23
87
bayramgeldiyewarslan
29.09.2023 08:29

Şol barşyna Adamata duşup, bugdaý agajyndan iýdirjek bolup, bugdaý agajyny öwüp başlapdyr. Adamatanyň sözi kesgitli bolupdyr: maňa şundan iýmeli däl diýip aýtdylarmenem iýjek däl, sözüm bir sözdür, sen biderek azara galyp, meni yrjak bolup durma diýipdir. Soňra şeýtan ol bir ýana gidende, How enäni yryp ugrapdyr. Sen şu bugdaýyň miwesinden bir dadyp gör, bu örän şirin, süýji zat. Azajyk iýeninde näme boljak, al bir iýip gör diýip. Garaz, ýalbarmaga-yrmaga gezek gelse, şeýtana taý barmy. How ene-de iýjek däl diýip köp aýdypdyr. Ýöne aýal adam-da, göwni toka bolýar-da. Ahyr How enäni azajyk iýip görmäge yrmak şeýtana başardypdyr. Sebäbi şeýtan How enä:

Eger şu miweden iýseň, senem Hudaý ýaly bolarsyň, ýagşy-ýamany seljerersiň, Alla size ýörite ýagşy-ýamany bilmezligiňiz üçin iýmäň diýip aýtdy» diýipdir.

Behişdiň içinde ýöne islän zadyňy iýip-içip oýnaşyp-gülşüp, gujaklaşyp-guçuşyp ýörmelimiş. Başga ol ýerde edere iş barmy ýa-da kolhoz işiň galýarmy näme?Iýip-içen zatlaryň hem endamyňdan-iniňden der görnüşinde çykyp gidýärmiş. Garaz, Behişt diýseň Behişt-dä. Mundan artyk düşündirmegem mümkin däl. Iýip-içip, Metjidi-Aglada namaz okap, Allatagala hamd aýdyp gezip ýörmedi ýer-dä. Şeýtan bugdaýyň miwesinden bir dilim alyp How enä hödür edip, ahyr azajyk iýdiripdir. How ene özi azajyk iýip, galanynyAdamata goýupdyr. Adamata gelse, eýýäm How ene ýakky iýmeli däl diýlen miweden inipdir diýýär. Ol näme etjegini bilmändir. How ene-de: «Senem iýäý, juda süýji eken» diýip, ýalbaryp oturanmyş. Adamata-da ýaňky dilimiň galanyny iýenmiş.

Bugdaýyň bir gapdalynda şol alnan bir dilimiň yzy häzirem bildirip durandyr diýýär. Şeýlelikde adamzadyň esasy iýmiti bugdaý unundan edilýän nan, çörek hem-de beýleki zatlar bolup galypdyr diýýär. Munuň ornuny hiç hili önüm tutup bilmeýärmiş.

Adamata How enäniň raýyny ýykmajak bolup, bugdaý agajynyň miwesinden iýse-de iýipdir welin, bela-da galypdyr.

Aýalyň aýdanyndan çykyp bilmeseň bolaýjagyň-da şol. Aýalyň aýdanyny etmeli däl ýa-da tersine etmeli diýen gürrüň şondan galypdyr diýýärler.

Ine, birhaýukdan Adamata bilen How enäniň içleri güpürdäp başlapdyr. Hajathana gözleşip ugrapdyrlar. Hajathana barmy Behiştde saňa? Bugdaý agajynyň miwesinden iýeniňden soň hajathana bolmasa-da günüň kyn. Adamata bilen How ene Behişdiň içinde iki ýana elewreşip, ylgaşyp ugrapdyrlar. Ahyram bolmandyr. Olar hajathanalyk hapalaryny gizlejek bolup, gasyklaryna, goltuklarynyň aşaklaryna çalyberipdirler. Şol hapa çalnan ýerlerdenem haram tüýler çykyp ugrapdyr. Şolary syryp aýyrmaly diýen gürrüňem şondan galypdyr diýýär.

Şol ýerde bugdaýyň miwesinden iýenlerinden soý Adamata bilen How ene özleriniň ýalaňaçdyklaryna düşünipdirler. Eşik geýmeklik hem adamzada şondan galan bolmaly.

Gasygyňa, goltugyňa hapalary çalanyň bileneşik geýeniň bilen ysy näme etjek. Bularyňhapasynyň ysy Behişdiň içini alyp göterip barýarmyş. Öň dürli gülleriň, müşki-anbaryň ysy bark urup duran ýer bolansoň, birdenem nejasadyň ysy gelip ugrandyr-da, elbetde. Perişdeler ysdan ýaňa aljyraňňylyga düşüpdirler. Garaz dessine Adamata bilen How enäniň günäsi Gudraty güýçlä aýan bolupdyr. Allatagalanyň muňa ýaman gahary gelipdir diýýär. Sebäbi Behişdi ýaramaz ys alyp göterip barýarmyş.

Haktagala gyssagly Adamatanam, How enänem Ýere eltip taşlamagy perişdelere höküm edipdir. Etme diýlen işi etseň bolaýjagyň-da. Allatagala Ýerde ilaty köpeltjek bolup ýörite edipdir diýen gürrüňem bar. Elbetde, aýdylýan bolsa, düýbünde bir zatlar bar bolmagam mümkin. Onsoňam Adamata bilen How enäniň günäkär boljagy bardyr-da.

Şeýtany hem-de Behişdiň iki garawulynam Behiştden çykaryp kowupdyrlar. Şeýtana agzyndan girip, syrtyndan çykmaga rugsat beren perişdäni-hä elini- aýagyny ýolup alyp, ýylana öwrüp Ýere zyňypdyrlar. Özüni hemneberelerini hem hemişe ýerde süýrenip bagry bilen süýşüp gum iýip ýörmeli edipdirler. Ýylan şol günäkär perişdedir diýýär. Beýleki aşak bakyp, görmedik bolan garawulam tawus guşa öwrüpdirler. Sebäbi ol ikinji günäkärdir diýýär. Tawus guşuň aýagy garadyr diýýär. Onuň diňe aýagyny garaldypdyrlar. Başga ýerine degmändirler. Şonuň üçinem tawus guşy hemişe aýagyna garap saýrap, gamgyn bolup gynanyp gezip ýörenmiş. Iki gözem köplenç aýagynyň garasyndadyr diýýär.

Ine, Adamata bilen How enäni Ýere getirip taşlapdyrlar. Hersinem bir ýere diýýär. Bir birlerini gözläp horlansynlar, Allanyň etmeli däl diýen işini etseň nähili jebire duçar boljaklaryny bir bilsinler diýip. Rowaýatçylaryň aýdyşlaryna görä How ene Gyzyl deňziň kenaryna ýagny, Mekgeden uzak bolmadyk Jitda diýen ýere, Jitda dagam bolmagy mümkin, gelip düşenmiş. Häzirki wagtda Jitda porty Sagut Arabystanynda ýerleşýär.

Adamata bolsa Hindistan etraplaryna Şri-Lanka adasyna ýagny Seýlona gelip düşenmiş. Şol wagt Ýeriň ýüzem garaňkylyk-gijelik eken. Has dogrusy bular gelip düşen wagtlary Ýerde gijelikdir. Öň bular beýle garaňkylygy görmändirler. Tüm garaňkymyş. Behiştde näme gije bolmansoň, bular gije diýlen zat bardyram öýtmändirler. Iki ýanaylgaşlap bir-birlerini gözläp ugrapdyrlar. Ýer giňişlik, ara uzak, etjek alajyň ýok. Ikisem soňra oturyp öz düşen ýerlerinde aglaşyp-eňreşip, gynanyşyp, ýaman hapa bolupdyrlar. Adamzat hemme zada öwrenişýär. Ölümden başga zadyň bir hasaby bolar diýen gürrüň bar ahyryn.

Ine birhaýukdan gündogar ýagtylyp daň atyp ugrapdyr. Munuň şüküranasyna Adamata iki rekat namaz okapdyr, ertirki namazy iki rekat okamakparzy Adamatadan galandyr diýýär.

Bularbir-birlerini gözläp, Allatagala bizi duşur diýip ýalbaryp, Ýeriň ýüzünde geziberipdirler. Bir-birlerine golaýam gelýärmişler, ýöne bir-birinden bihabar bolansoňlar duşuşyp bilmeýärmişler. Wagtal-wagtal bularyň alnyndan şeýtan çykýarmyş. Adamatada Howene-de şeýtandan soraýarmyşlar, sen Adamatany görmediňmi, How enäňi görmediňmi diýip, her gezegem şeýtan ters ugry salgy berýärmiş. Ýagny Adamata duşanda-ha How enäni gördüm, ine ol pylan ýerde diýip, ters tarapyny salgy berýärmiş.

How enä duşanda-da Adamatany gördüm, ol pylan ýer de eken diýip, muňa-da ters tarapy salgy berýär diý ýär.

Bu görgüliler şeýtandan soraýarmyşlar. Meselem, Adamata soraýarmyş: How enäni gören bolsaň, ol meni soramadymy diýip. Şeýtan aýdýarmyş:ýok, ol sen-ä soramady diýip jogap berýärmiş. How enä-de şeýdip ters jogap berýärmiş. Adamata seni soramady, sen onuň ýadyna-oýuna-da düşeňok diýip ters jogap berip, bu ikisini bir-birinden sowatjak bolýarmyş. Ýogsam bolmasa, ol görgüliler aglap soraýarmyşlar.

Şeýtan şeýtan bolýar-da. Onuň tilsimi köp. Göz açyp ýumasy salymyň içinde Ýeriň daşyna aýlanyp bilýär. Nirä haçan baraýyn diýsebaryp bilýär. Göreýin diýen zadyny dessine. görüp bilýär. Ýöne onuň öz bähbidi bar: Adamatadan-a aryny alyp ýerine saljak, How enänem özüne yrjak. Şeýdibem şeýtan zürýatlaryny köpeltjek.

Ol her gezek How enä duşanda syrly-syrly ýylgyryp, gözüni güldürip, gaşyny kakyp bolmajysy bolýar diýýär. Känbir süňňüni saklap bilenok diýýär. How ene her gezek aglap Adamatany soranda, özi bilen bir gezek bile bolup aýdanyny berjaý etse, Adamatany tapyp bereýin diýip söz berýärmiş. Her gezegem How ene şeýtanyň aýdanyna razy bolman, aglap öz ýoluna gidýär diýýär.

Gün-aý geçip durmuş. Şeýtanam günde-günaşa bulara duşup azaşdyryp ýörmüş. Şol barmana aradan iki ýüz ýyl geçipdir. Adamata-da, How ene-de halys bolupdyrlar diýýär bir-birlerini gözläp. Bir-birlerine duşjaklaryna umytlary bolupdyr. Ýöne, How ene az- owlak ejizläp ugrapdyr diýýär. Aýal maşgala-da.

Günlerde bir gün How ene-şeýtana: sen Adamatany maňa bir uzakdan görkez, soň seniň diýeniňi edeýin diýenmiş. Şeýtanyň ýanynda-da Adamatany tapmak kyn iş däl. Ol derrew How enäni Adamatanyň How enäni gözläp aglap ýören ýeriniň golaýyna eltip, oňa Adamatany görkezenmiş. Görse Adamata dagyň üstünde How ene sen nirede diýip, ses edip gygyryp gidip barýar diýýär. Şol dagyň ady Arafat dagy bolmaly. Ol dag Arafat jülgesinde, ýagny Mekgäniň golaýynda ýerleşýär.

(dowmy bar)

21
101
bayramgeldiyewarslan
28.09.2023 06:34

ADAM ATA WE HOW ENE HAKYNDA ROWAÝAT


"Ýüz ýigrimi garyn perzent göteren,

Adam bilen Howa serbe-ser geçdi."

Magtymguly.


Aslyýetinde şeýtan üç ýüz altmyş perişdäniň mugallymy, ylymly-sowatly ymam eken. Ol Gökde-Asmanda ýerleşen Metjidi-Aglada perişdeleri okadyp, olara ders berip ýörenmiş. Şeýtanyň hakyky ady Azazyl magsym bolupdyr.

Allatagala Adamdan öň perişdeleri ýaradypdyr. Günlerde bir gün Gudraty güýçli Adamy ýaratmagy niýetine düwüpdir. Ol perişdeleri öz nurundan ýaradanam bolsa, Azazyl magsymy otdan ýaradypdyr. Sebäbi onuň asly jyn taýpasyndan. Jynlar hem otdan ýaradylanmyş. Haktagala Adamy welin toprakdan ýaratmaly diýip, ýere perişdeleri ýeke-ýekeden iberip ugrapdyr. Jebraýylam, Mykaýylam, Esrafylam ýeriň öz teninden–topragyndan alynmagyna çydaman çekýän ahy-nalasy na, dady-perýadyna dözmän boş gelipdirler. Soňra Allatagala ýere Ezraýyly iberipdir. Ol topragyň haýyna-waýyna seretmän, her ýerinden-her ýerinden alyp, Hudaýyň huzuryna getiripdir. Şonda Haktagala oňa seniň ýüregiň berk eken diýen hem-de Adamzadyň janyny almaklygy hem ýüregi berk bolansoň Ezraýyla tabşyranmyş.

Şeýlelik bilen Hudaý Adamatany palçykdan özünim käbir sypatlaryndan ülüş berip ýaradyp, oňa jan girizipdir.

– Siz perişdeler Adamata sežde etmeli, sebäbi men onuň mertebesini belent. Etjek – diýip, buýrupdyr. Oýda şeýtan aýdypdyr:

– Ýa Alla, Sen meni otdan ýaratdyň, Adamy bolsa, toprakdan ýaratdyň. Men özümiň belent mertebämi kiçeldip, sežde edip biljek däl. Men näme üçin Adama sežde etmeli?

Muňa Allatagala birneme gazaplanypdyr. Sebäbi öň Onuň aýdanyndan hiç kim närazy bolmaýan eken. Şonuň üçinem ol gatyrganypdyr-da şeýle diýenmiş:

– Adamyň akyl-huşy siziňkiden zyýada. Onsoňam meň buýruk etdim. Ony siz ýerine ýetirmeli. Kimde-kim meniň aýdanymy etmejek bolsa, ýagny ýüregi bilen maňa ynanmasa, onuň üçin towkynälet döredip, Metjidi-Aglanyň işiginden asyp goýjak. Towkynälet ikilik edeniň boýnundan ilip ýüzügara eder ýaly.

Şeýtan durup bilmän ýene-de Hudaýa ýüz tutanmyş:

– Gudraty güýçli, Size şöhrat-şan bolsun. Siz bir zat diýseňiz, biziň üçin kanundyr. Ýöne towkynälet nämä gerek. Kim göwnüňize ýaramasa, maňa aýdaýyň, meniň özüm çäresini göreýin.

Onda Allatagala:

– Zyýany ýok, kimiň kimdigini soň bilibereris– diýipdir. Sebäbi Gudraty güýçlä elbetde, öňünden mälimdir-dä.

Toprakdan ýasalan Adamatanyň öňüne perişdeler ýygnanýarlar. Iň öňünde-de olaryň ymamy Azazyl magsym. Perişdeleriň ählisi «Allahu-ekber» diýip maňlaýyny goýýarlar. Olaryň içinde diňe Şeýtanýagny Azazyl magsym eňilen ýaly edip, maňlaýyny goýmanmyş. Gaýtam towkynälet kimiň boýnundan inerkä diýip içini güldürip durka, beýleki perişdeler kellelerini ýokaryk göterýärler. Görseler eýýäm öňdäki ymamyň boýnundan towkynälet inip, ýüzi gap-gara bolanmyş. (Ýüzügara boldum diýen söz şondan galanmyş) Hudaýa şükür–biziň boýnumyzdan ilmändir diýşip, perişdeler munuň şüküranasyna ikinji gezek sežde etmäge başlaberipdirler. Ýogsam bolmasa bir gezek sežde etselerem ýeterlik boljak eken. Şeýdibem namazda iki gezek sejdä inmek şondan galypdyr. Towkynälet boýnundan ilensoň şeýtan gyssanjyna buşugypdyr. Onuň buşugan ýerindenem tirek, meň, çilim ýaly haram zatlar ýasalýan göknar, temmäki, kendir gögerenmiş.

Ýüzügara, biabraý bolan şeýtany urmak, kowmak hakda görkezme bolansoň, ony kowalap uranmyşlar. Ol hem gaçyp ahyry özüni bir batgalyk köle oklanmyş. Şol kölde şeýtan 100 ýyl ýatanmyş. Kim bilýär, belki has köpdür.

Soňra şeýtan kölden çykyp ýene Allatagalanyň ýanyna baryp, ýalbaryp ugraýar:

– Günä kyldym, hata kyldym, ýalňyşdym, indi gaýtalamaryn. Günämi öt, öňki emelimem gaýtaryp ber diýip.

Allatagala oňa:

– Indi seniň günäň geçilmeýär. Sen dowzahy bolduň – diýenmiş.

Şeýtan aglap ýalbaryp ugrapdyr. «Men ýeke. Oduň içinde ýeke bolmak agyr düşýär – diýip. Şonda Hudaý oňa:

– Azdyryp alanyň özüňki, Azdyranyňy özüňe hemra edip alyber– diýip, rugsat berenmiş.

Şeýtan ýene ýalbaryp ugrapdyr: maňa aýal bermenem köpelip-käneleýin diýip.

Gudraty güýçli onuň bu haýyşyny-da bitirmändir. Ýöneşeýtan ýalbaryp, onuň eýlesine, beýlesine geçip halys goýmandyr. Şondan soň şeýtana seniň bir aýagyň erkek, bir aýagyň aýal bolsun diýip rugsat edipdir. Şonuň üçinem kimde-kim aýagyny çilşirip otursa, şonda şeýtan guzlarmyş.

Şeýtan, bir-ä, şol aýak çilşirip oturylanda köpelermiş. Birem, ol öz azdyranyny ýanyna alyberermiş.

Mundan başga-da Gudraty güýçli bilen şeýtanyň arasynda şeýleräk gürrüň bolanmyş:

– Ýa Alla, sen meniň haýyşlarymy doly bitirme diň. Indi bir zat haýyş etjek, şony welin bitirgil. Ýagny maňa adamzadyň ýüreginiň agzyndan ýer bergil.



– Munam edip biljek däl. Bu haýyşyňy bitiräýsem sen adamzat ählini azdyryp ýanyňa alarsyň. Ýöne seniň-munça ýalbaryşyňa men döz gelip bilemok. Seniň nalyşyňa-haýyşyňa çydamak mümkin däl. Men saňa adamzadyň çep goltugynyň aşagyndan et bilen deriniň arasyndan ýer bereýin. Şondan täsir edip azdyryp alanyň özüňki.

Şondan bäri şeýtan adamzadyň çep goltugynyň aşagynda et bilen deriniň arasynda oturmak bilen elmydama dürtüp duranmyş. Ýagny sen ol işi etme, bu işi et diýip ters işi salgy berip, ýalan sözlemegi ündäpharam işlere baş goşmagyny isläp, seni şona itekläp, maksadyna ýetjek bolup durarmyş. Eden işleriňe at dakarmyş: sen gynanyp, horlanyp ýörme, haram gazanç tapjak bol, şol bähbitli diýermiş. Umumanşeýtanyň işi azdyrmak. Allatagalanyň aýdyşy ýaly «azdyranam özüniňki». Dowzahda şeýtana-da ýaran gerek ahyryn.

Şol günden bäri şeýtan adamzady synamak üçin serişde bolup galyberipdir.

Şeýlelik bilen Adamata Behiştde geziberipdir ýeke özi. Iýip-içip ybadat edip aýlanyp ýörenmiş.

Günlerde bir gün ol oýaly-ukuly halda ýatyrka onuň bir gapyrgasyny Hezreti Jebraýyl perişdäniň kömegi bilen alyp, Allatagala How enäni ýaradanmyş. Adamata hemra, höwür bolsun diýip. Bolmasa ýeke özüniň içiniň gysjakdygy Gudraty güýçlä mälim ahyryn. Ýekelik diňe Hudaýa ýagşy diýlen gürrüňem bardyr.

How ene-de şeýle bir owadan gyz bolanmyş. Ýöne seredip sygyryp oturmaly. Waspyny dil bilen aýdyp diýer ýaly dälmiş. Allatagalanyň ýanynda işiň müşgili barmy. Ýa-da onuň eden işinde hiç hili köst bolmajagy belli ahyryn.

Ine, onsoň Adamata bilen How ene Behiştde iýip içip, döwran sürüp, gülşüp-guçuşyp geziberipdirler. Gaýgy ýok–gam ýok, jebir ýok–sütem ýok, iş ýok–alada ýok, yssy ýok–sowuk ýok. Näme iýseň içseň bar. Ählije zatdan iýibermeli, içibermeli. Ýöne bir agajyň miwesinden datmaly däl. Şu agajyň miwesinden datsaňyz bolmaz diýlip, olara ardylan eken. Ol agajyň ady bugdaý bolupdyr. Elbetde, bugdaýyň dänesiniň ol wagtlar ep-esli (gawunçarak) bolan bolmagy mümkin.

Şeýtan özüniň Dowzaha düşmeginde Adamatany günäkär hasaplap, How ene ikisine bir ýamanlyk egmek üçin, Behişde aralaşmagyň ýollaryny gözläp başlapdyr. Köp gözlänem ahyr tapýar. Üstesine şeýtanyň hat-sowadam, tilsimem ýeterlik. Ýöne Behişdiň goralyşam gowşak dälmiş.

Her gezek şeýtan gelip, Behişde girip bilmän yzyna gaýdýar. Ol ahyr Behişdiň garawullaryna ýalbaryp ugrapdyr. Onuň ýalbaryşy janyňy alyp barýarmyş. Ýöne garawullar biziň goýberenimizi görerler diýip bahana edip goýbermän durmuşlar.

Ahyr bir gowşagrak garawul gabat gelendir-dä. Biri goýbererdim welin, biri göräýmese diýip, daş-töweregine garanjaklap ýöwselläp ugrapdyr. Şeýtan oňa süýn-de ýatyber. Men hiç kime görünmän agzyňdan girerin-de syrtyňdan çykar gidibererin diýip, ahyr soňunda ony yrypdyr.

Behişdiň iki garawulunyň bir-ä hiç zady görmedik bolup aşak garap duruberipdir. Şeýtanyň yran garawulam onuň aýdyşy ýaly süýnüp ýatyberipdir. Şeýtanda näme tilsim gytmy, ähli okuwyň, tilsimiň aňyrsyna çykyp goýan ol. Dessine süýnüp ýatan garawuluň agzyndan girip syrtyndan çykyp, Behişdiňiçine aralaşypdyr.

18
126
bayramgeldiyewarslan
27.09.2023 14:29

Daşoguz welaýatynyñ gysgaja taryhy


Daşoguz welaýaty-Türkmenistanyñ demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. Demirgazykda we demirgazyk-günbatarda Garagalpagystan bilen, demirgazyk – gündogarynda Özbegistan döwletiniň Horezm welaýaty bilen, günorta-gündogarda Lebap, günortada Ahal, günbatarda Balkan welaýaty bilen araçäkleşýär. Daşoguz welaýaty ozal Daşhowuz welaýaty diýlip atlandyrylýardy. 1999-njy ýylyň iýun aýynyň 10-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Daşoguz welaýatyna gadymy taryhy ady gaýtarylyp berildi we welaýatyň ady mundan beýläk Daşoguz welaýaty hem-de Daşoguz şäheri diýip atlandyrylýar. Daşoguz welaýatynyň ilaty esasan ekerançylyk hem maldarçylyk bilen meşgullanýar. Welaýat pagta,şaly jöwen ýorunja tohumyny öndürmekde,pile öndürmekde öň hatarda barýar. Daşoguzyň tüwüsi özüniň tagamlylygy boýunça ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly meşhurlylyga eýedir. Daşoguz welaýaty gürbek,garrygyz ýaly gawunlary,mäş,künji ýaly ekinleri bilen hem giňden tanalýar. Daşoguz şäheri welaýatyň ykdysady we medeni merkezi bolup, 1924-nji ýylda şäher adyny alýar. Daşoguz şäheri Amyderýanyň aşak akymyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar, ol gadym döwürlerden bäri oguzlaryň oturymly ýerleri hasaplanypdyr. Şäher 1681-nji ýylda gala,kerwensaraý hökmünde düýbi tutulypdyr. Ýöne alymlaryň çaklamalaryna görä şäher has irki döwürlerde gurlupdyr. Şäheriň Şabat kanalynyň demirgazyk kenarynda 1861-nji ýylda aýratyn berkitme we howuz gurlupdyr. Daşoguz şäherinde 1861-nji ýylda wenger syýahatçysy Wamberi hem bolupdyr.Ol özüniň”Orta Aziýa syýahat”atly kitabynda Daşoguz şäheriniň gür-baglyga bürenip oturandygyny belläpdir. Şäheriň ilatyny we golaýdaky obadyr kentleri suw bilen üpjün etmek üçin Amyderýadan şähere tarap kanal gazmak zerurlygy ýüze çykypdyr. Kanal 17-nji asyryň ortalarynda gazylyp gutarylypdyr. Kanalyň ilkinji ady Pirafiz diýlip atlandyrylypdyr. Pirafiz-sözi bolelinlik manysyny beripdir. Kanal şäheri 2 bölege,ýagny günorta we demirgazyk bölege bölýär. Daşoguz welaýatynyň garamagynda, tutuş Merkezi Aziýanyň sebitlerindäki ýaly dürli döwürleriň taryhy, arhitektura we arheologiki ýadygärlikler, galalar, mawzoleýler bar. Welaýatda Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikler toplumy,Şasenem galasy, Diýarbekir, Yzmykşir , Döwkesen , Şamahy, Boldumsaz, Akja gelniň galasy ýaly arheologik ýadygärlikler, musulman dünýäsine giňden tanalýan 360 pirleriň, Ysmamyt ata, Ybraýym Edem, Bilal baba, Aşyk Aýdyň pir ýaly keramatly ýerler bar. Gadymy Köneürgenç topragy adamzat medeniýetiniň irki ojaklarynyň biri bolupdyr. Gadymy Köneürgençde birnäçe ajaýyp kitaphanalar bolupdyr. Alaeddin Tekeşiň, Törebeg hanymyň, al-Hywakiniň, gurduran medreseleri, kitaphanalardyr-metjitleri, diňe bir gadymy Köneürgençde däl, eýsem başga ýerlerde hem uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Taryhy çeşmelere görä, Şyhabeddin al-Hywaki paýtagtyň juma metjidiniň ýanynda örän uly, ençeme müň golýazma kitaplary özünde jemleýän kitaphanany gurdurypdyr. Medreseleriň ylmy kitaphanalarynyň kitap hazynalary, okuw kitaplary we golýazmalardan ybarat bolupdyr. Abul Apbas Mamun öz döwründe, onuň tagallasy bilen “Köneürgenç akademiýasy” ýagny “Paýhaslar öýi” işläpdir. Ol akademiýa gündogaryň parlak ýyldyzy ady bilen meşhur bolan ildeşimiz Abu Reýhan Biruny ýolbaşçylyk edipdir hem-de Ibn Sina, Mesihi, Mahmyt Zamahşary ýaly ylym ussatlaryny töweregine toplap, ylmy gözlegler esasynda iş alyp barypdyrlar. Alymlar bu ýerde dürli ylmy çekişmeler hem-de bäsleşikler gurapdyrlar. 2014-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Daşoguz şäherinde ähli amatlyklary bolan welaýat kitaphanasynyň täze binasy gurlup ulanylmaga berildi. Kitaphana okyjylaryň birbada 600-ne hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde bilimleriň dürli pudaklaryna degişli kitaplaryň 190 müňe golaýy bolup, ondan okyjylaryň 25 müňden gowragy peýdalanýar. Kitaphanada 2017-nji ýyldan bäri elektron katalogy işleýär. Bu bolsa okyjylara kitap saýlamakda, gazet-jurnal materiallaryny gözlemekde ýeňillikler döredýär. Kitaphana gaznasynyň 117 müňe golaýy kitaphananyň elektron katalogyna salyndy, ýakyn döwürde kitap gaznasy doly möçberde elektron katalogda ýerleşdiriler.

23
103