bayramgeldiyewarslan
28.09.2023 06:34

ADAM ATA WE HOW ENE HAKYNDA ROWAÝAT


"Ýüz ýigrimi garyn perzent göteren,

Adam bilen Howa serbe-ser geçdi."

Magtymguly.


Aslyýetinde şeýtan üç ýüz altmyş perişdäniň mugallymy, ylymly-sowatly ymam eken. Ol Gökde-Asmanda ýerleşen Metjidi-Aglada perişdeleri okadyp, olara ders berip ýörenmiş. Şeýtanyň hakyky ady Azazyl magsym bolupdyr.

Allatagala Adamdan öň perişdeleri ýaradypdyr. Günlerde bir gün Gudraty güýçli Adamy ýaratmagy niýetine düwüpdir. Ol perişdeleri öz nurundan ýaradanam bolsa, Azazyl magsymy otdan ýaradypdyr. Sebäbi onuň asly jyn taýpasyndan. Jynlar hem otdan ýaradylanmyş. Haktagala Adamy welin toprakdan ýaratmaly diýip, ýere perişdeleri ýeke-ýekeden iberip ugrapdyr. Jebraýylam, Mykaýylam, Esrafylam ýeriň öz teninden–topragyndan alynmagyna çydaman çekýän ahy-nalasy na, dady-perýadyna dözmän boş gelipdirler. Soňra Allatagala ýere Ezraýyly iberipdir. Ol topragyň haýyna-waýyna seretmän, her ýerinden-her ýerinden alyp, Hudaýyň huzuryna getiripdir. Şonda Haktagala oňa seniň ýüregiň berk eken diýen hem-de Adamzadyň janyny almaklygy hem ýüregi berk bolansoň Ezraýyla tabşyranmyş.

Şeýlelik bilen Hudaý Adamatany palçykdan özünim käbir sypatlaryndan ülüş berip ýaradyp, oňa jan girizipdir.

– Siz perişdeler Adamata sežde etmeli, sebäbi men onuň mertebesini belent. Etjek – diýip, buýrupdyr. Oýda şeýtan aýdypdyr:

– Ýa Alla, Sen meni otdan ýaratdyň, Adamy bolsa, toprakdan ýaratdyň. Men özümiň belent mertebämi kiçeldip, sežde edip biljek däl. Men näme üçin Adama sežde etmeli?

Muňa Allatagala birneme gazaplanypdyr. Sebäbi öň Onuň aýdanyndan hiç kim närazy bolmaýan eken. Şonuň üçinem ol gatyrganypdyr-da şeýle diýenmiş:

– Adamyň akyl-huşy siziňkiden zyýada. Onsoňam meň buýruk etdim. Ony siz ýerine ýetirmeli. Kimde-kim meniň aýdanymy etmejek bolsa, ýagny ýüregi bilen maňa ynanmasa, onuň üçin towkynälet döredip, Metjidi-Aglanyň işiginden asyp goýjak. Towkynälet ikilik edeniň boýnundan ilip ýüzügara eder ýaly.

Şeýtan durup bilmän ýene-de Hudaýa ýüz tutanmyş:

– Gudraty güýçli, Size şöhrat-şan bolsun. Siz bir zat diýseňiz, biziň üçin kanundyr. Ýöne towkynälet nämä gerek. Kim göwnüňize ýaramasa, maňa aýdaýyň, meniň özüm çäresini göreýin.

Onda Allatagala:

– Zyýany ýok, kimiň kimdigini soň bilibereris– diýipdir. Sebäbi Gudraty güýçlä elbetde, öňünden mälimdir-dä.

Toprakdan ýasalan Adamatanyň öňüne perişdeler ýygnanýarlar. Iň öňünde-de olaryň ymamy Azazyl magsym. Perişdeleriň ählisi «Allahu-ekber» diýip maňlaýyny goýýarlar. Olaryň içinde diňe Şeýtanýagny Azazyl magsym eňilen ýaly edip, maňlaýyny goýmanmyş. Gaýtam towkynälet kimiň boýnundan inerkä diýip içini güldürip durka, beýleki perişdeler kellelerini ýokaryk göterýärler. Görseler eýýäm öňdäki ymamyň boýnundan towkynälet inip, ýüzi gap-gara bolanmyş. (Ýüzügara boldum diýen söz şondan galanmyş) Hudaýa şükür–biziň boýnumyzdan ilmändir diýşip, perişdeler munuň şüküranasyna ikinji gezek sežde etmäge başlaberipdirler. Ýogsam bolmasa bir gezek sežde etselerem ýeterlik boljak eken. Şeýdibem namazda iki gezek sejdä inmek şondan galypdyr. Towkynälet boýnundan ilensoň şeýtan gyssanjyna buşugypdyr. Onuň buşugan ýerindenem tirek, meň, çilim ýaly haram zatlar ýasalýan göknar, temmäki, kendir gögerenmiş.

Ýüzügara, biabraý bolan şeýtany urmak, kowmak hakda görkezme bolansoň, ony kowalap uranmyşlar. Ol hem gaçyp ahyry özüni bir batgalyk köle oklanmyş. Şol kölde şeýtan 100 ýyl ýatanmyş. Kim bilýär, belki has köpdür.

Soňra şeýtan kölden çykyp ýene Allatagalanyň ýanyna baryp, ýalbaryp ugraýar:

– Günä kyldym, hata kyldym, ýalňyşdym, indi gaýtalamaryn. Günämi öt, öňki emelimem gaýtaryp ber diýip.

Allatagala oňa:

– Indi seniň günäň geçilmeýär. Sen dowzahy bolduň – diýenmiş.

Şeýtan aglap ýalbaryp ugrapdyr. «Men ýeke. Oduň içinde ýeke bolmak agyr düşýär – diýip. Şonda Hudaý oňa:

– Azdyryp alanyň özüňki, Azdyranyňy özüňe hemra edip alyber– diýip, rugsat berenmiş.

Şeýtan ýene ýalbaryp ugrapdyr: maňa aýal bermenem köpelip-käneleýin diýip.

Gudraty güýçli onuň bu haýyşyny-da bitirmändir. Ýöneşeýtan ýalbaryp, onuň eýlesine, beýlesine geçip halys goýmandyr. Şondan soň şeýtana seniň bir aýagyň erkek, bir aýagyň aýal bolsun diýip rugsat edipdir. Şonuň üçinem kimde-kim aýagyny çilşirip otursa, şonda şeýtan guzlarmyş.

Şeýtan, bir-ä, şol aýak çilşirip oturylanda köpelermiş. Birem, ol öz azdyranyny ýanyna alyberermiş.

Mundan başga-da Gudraty güýçli bilen şeýtanyň arasynda şeýleräk gürrüň bolanmyş:

– Ýa Alla, sen meniň haýyşlarymy doly bitirme diň. Indi bir zat haýyş etjek, şony welin bitirgil. Ýagny maňa adamzadyň ýüreginiň agzyndan ýer bergil.



– Munam edip biljek däl. Bu haýyşyňy bitiräýsem sen adamzat ählini azdyryp ýanyňa alarsyň. Ýöne seniň-munça ýalbaryşyňa men döz gelip bilemok. Seniň nalyşyňa-haýyşyňa çydamak mümkin däl. Men saňa adamzadyň çep goltugynyň aşagyndan et bilen deriniň arasyndan ýer bereýin. Şondan täsir edip azdyryp alanyň özüňki.

Şondan bäri şeýtan adamzadyň çep goltugynyň aşagynda et bilen deriniň arasynda oturmak bilen elmydama dürtüp duranmyş. Ýagny sen ol işi etme, bu işi et diýip ters işi salgy berip, ýalan sözlemegi ündäpharam işlere baş goşmagyny isläp, seni şona itekläp, maksadyna ýetjek bolup durarmyş. Eden işleriňe at dakarmyş: sen gynanyp, horlanyp ýörme, haram gazanç tapjak bol, şol bähbitli diýermiş. Umumanşeýtanyň işi azdyrmak. Allatagalanyň aýdyşy ýaly «azdyranam özüniňki». Dowzahda şeýtana-da ýaran gerek ahyryn.

Şol günden bäri şeýtan adamzady synamak üçin serişde bolup galyberipdir.

Şeýlelik bilen Adamata Behiştde geziberipdir ýeke özi. Iýip-içip ybadat edip aýlanyp ýörenmiş.

Günlerde bir gün ol oýaly-ukuly halda ýatyrka onuň bir gapyrgasyny Hezreti Jebraýyl perişdäniň kömegi bilen alyp, Allatagala How enäni ýaradanmyş. Adamata hemra, höwür bolsun diýip. Bolmasa ýeke özüniň içiniň gysjakdygy Gudraty güýçlä mälim ahyryn. Ýekelik diňe Hudaýa ýagşy diýlen gürrüňem bardyr.

How ene-de şeýle bir owadan gyz bolanmyş. Ýöne seredip sygyryp oturmaly. Waspyny dil bilen aýdyp diýer ýaly dälmiş. Allatagalanyň ýanynda işiň müşgili barmy. Ýa-da onuň eden işinde hiç hili köst bolmajagy belli ahyryn.

Ine, onsoň Adamata bilen How ene Behiştde iýip içip, döwran sürüp, gülşüp-guçuşyp geziberipdirler. Gaýgy ýok–gam ýok, jebir ýok–sütem ýok, iş ýok–alada ýok, yssy ýok–sowuk ýok. Näme iýseň içseň bar. Ählije zatdan iýibermeli, içibermeli. Ýöne bir agajyň miwesinden datmaly däl. Şu agajyň miwesinden datsaňyz bolmaz diýlip, olara ardylan eken. Ol agajyň ady bugdaý bolupdyr. Elbetde, bugdaýyň dänesiniň ol wagtlar ep-esli (gawunçarak) bolan bolmagy mümkin.

Şeýtan özüniň Dowzaha düşmeginde Adamatany günäkär hasaplap, How ene ikisine bir ýamanlyk egmek üçin, Behişde aralaşmagyň ýollaryny gözläp başlapdyr. Köp gözlänem ahyr tapýar. Üstesine şeýtanyň hat-sowadam, tilsimem ýeterlik. Ýöne Behişdiň goralyşam gowşak dälmiş.

Her gezek şeýtan gelip, Behişde girip bilmän yzyna gaýdýar. Ol ahyr Behişdiň garawullaryna ýalbaryp ugrapdyr. Onuň ýalbaryşy janyňy alyp barýarmyş. Ýöne garawullar biziň goýberenimizi görerler diýip bahana edip goýbermän durmuşlar.

Ahyr bir gowşagrak garawul gabat gelendir-dä. Biri goýbererdim welin, biri göräýmese diýip, daş-töweregine garanjaklap ýöwselläp ugrapdyr. Şeýtan oňa süýn-de ýatyber. Men hiç kime görünmän agzyňdan girerin-de syrtyňdan çykar gidibererin diýip, ahyr soňunda ony yrypdyr.

Behişdiň iki garawulunyň bir-ä hiç zady görmedik bolup aşak garap duruberipdir. Şeýtanyň yran garawulam onuň aýdyşy ýaly süýnüp ýatyberipdir. Şeýtanda näme tilsim gytmy, ähli okuwyň, tilsimiň aňyrsyna çykyp goýan ol. Dessine süýnüp ýatan garawuluň agzyndan girip syrtyndan çykyp, Behişdiňiçine aralaşypdyr.

18
126
0306
2 Oktýabr 2023
👍👍👍👍dowamyna garasyan
bayramgeldiyewarslan
28 Sentýabr 2023
Dowamy bar nesip bolsa goýýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.