bayramgeldiyewarslan
29.09.2023 08:29

Şol barşyna Adamata duşup, bugdaý agajyndan iýdirjek bolup, bugdaý agajyny öwüp başlapdyr. Adamatanyň sözi kesgitli bolupdyr: maňa şundan iýmeli däl diýip aýtdylarmenem iýjek däl, sözüm bir sözdür, sen biderek azara galyp, meni yrjak bolup durma diýipdir. Soňra şeýtan ol bir ýana gidende, How enäni yryp ugrapdyr. Sen şu bugdaýyň miwesinden bir dadyp gör, bu örän şirin, süýji zat. Azajyk iýeninde näme boljak, al bir iýip gör diýip. Garaz, ýalbarmaga-yrmaga gezek gelse, şeýtana taý barmy. How ene-de iýjek däl diýip köp aýdypdyr. Ýöne aýal adam-da, göwni toka bolýar-da. Ahyr How enäni azajyk iýip görmäge yrmak şeýtana başardypdyr. Sebäbi şeýtan How enä:

Eger şu miweden iýseň, senem Hudaý ýaly bolarsyň, ýagşy-ýamany seljerersiň, Alla size ýörite ýagşy-ýamany bilmezligiňiz üçin iýmäň diýip aýtdy» diýipdir.

Behişdiň içinde ýöne islän zadyňy iýip-içip oýnaşyp-gülşüp, gujaklaşyp-guçuşyp ýörmelimiş. Başga ol ýerde edere iş barmy ýa-da kolhoz işiň galýarmy näme?Iýip-içen zatlaryň hem endamyňdan-iniňden der görnüşinde çykyp gidýärmiş. Garaz, Behişt diýseň Behişt-dä. Mundan artyk düşündirmegem mümkin däl. Iýip-içip, Metjidi-Aglada namaz okap, Allatagala hamd aýdyp gezip ýörmedi ýer-dä. Şeýtan bugdaýyň miwesinden bir dilim alyp How enä hödür edip, ahyr azajyk iýdiripdir. How ene özi azajyk iýip, galanynyAdamata goýupdyr. Adamata gelse, eýýäm How ene ýakky iýmeli däl diýlen miweden inipdir diýýär. Ol näme etjegini bilmändir. How ene-de: «Senem iýäý, juda süýji eken» diýip, ýalbaryp oturanmyş. Adamata-da ýaňky dilimiň galanyny iýenmiş.

Bugdaýyň bir gapdalynda şol alnan bir dilimiň yzy häzirem bildirip durandyr diýýär. Şeýlelikde adamzadyň esasy iýmiti bugdaý unundan edilýän nan, çörek hem-de beýleki zatlar bolup galypdyr diýýär. Munuň ornuny hiç hili önüm tutup bilmeýärmiş.

Adamata How enäniň raýyny ýykmajak bolup, bugdaý agajynyň miwesinden iýse-de iýipdir welin, bela-da galypdyr.

Aýalyň aýdanyndan çykyp bilmeseň bolaýjagyň-da şol. Aýalyň aýdanyny etmeli däl ýa-da tersine etmeli diýen gürrüň şondan galypdyr diýýärler.

Ine, birhaýukdan Adamata bilen How enäniň içleri güpürdäp başlapdyr. Hajathana gözleşip ugrapdyrlar. Hajathana barmy Behiştde saňa? Bugdaý agajynyň miwesinden iýeniňden soň hajathana bolmasa-da günüň kyn. Adamata bilen How ene Behişdiň içinde iki ýana elewreşip, ylgaşyp ugrapdyrlar. Ahyram bolmandyr. Olar hajathanalyk hapalaryny gizlejek bolup, gasyklaryna, goltuklarynyň aşaklaryna çalyberipdirler. Şol hapa çalnan ýerlerdenem haram tüýler çykyp ugrapdyr. Şolary syryp aýyrmaly diýen gürrüňem şondan galypdyr diýýär.

Şol ýerde bugdaýyň miwesinden iýenlerinden soý Adamata bilen How ene özleriniň ýalaňaçdyklaryna düşünipdirler. Eşik geýmeklik hem adamzada şondan galan bolmaly.

Gasygyňa, goltugyňa hapalary çalanyň bileneşik geýeniň bilen ysy näme etjek. Bularyňhapasynyň ysy Behişdiň içini alyp göterip barýarmyş. Öň dürli gülleriň, müşki-anbaryň ysy bark urup duran ýer bolansoň, birdenem nejasadyň ysy gelip ugrandyr-da, elbetde. Perişdeler ysdan ýaňa aljyraňňylyga düşüpdirler. Garaz dessine Adamata bilen How enäniň günäsi Gudraty güýçlä aýan bolupdyr. Allatagalanyň muňa ýaman gahary gelipdir diýýär. Sebäbi Behişdi ýaramaz ys alyp göterip barýarmyş.

Haktagala gyssagly Adamatanam, How enänem Ýere eltip taşlamagy perişdelere höküm edipdir. Etme diýlen işi etseň bolaýjagyň-da. Allatagala Ýerde ilaty köpeltjek bolup ýörite edipdir diýen gürrüňem bar. Elbetde, aýdylýan bolsa, düýbünde bir zatlar bar bolmagam mümkin. Onsoňam Adamata bilen How enäniň günäkär boljagy bardyr-da.

Şeýtany hem-de Behişdiň iki garawulynam Behiştden çykaryp kowupdyrlar. Şeýtana agzyndan girip, syrtyndan çykmaga rugsat beren perişdäni-hä elini- aýagyny ýolup alyp, ýylana öwrüp Ýere zyňypdyrlar. Özüni hemneberelerini hem hemişe ýerde süýrenip bagry bilen süýşüp gum iýip ýörmeli edipdirler. Ýylan şol günäkär perişdedir diýýär. Beýleki aşak bakyp, görmedik bolan garawulam tawus guşa öwrüpdirler. Sebäbi ol ikinji günäkärdir diýýär. Tawus guşuň aýagy garadyr diýýär. Onuň diňe aýagyny garaldypdyrlar. Başga ýerine degmändirler. Şonuň üçinem tawus guşy hemişe aýagyna garap saýrap, gamgyn bolup gynanyp gezip ýörenmiş. Iki gözem köplenç aýagynyň garasyndadyr diýýär.

Ine, Adamata bilen How enäni Ýere getirip taşlapdyrlar. Hersinem bir ýere diýýär. Bir birlerini gözläp horlansynlar, Allanyň etmeli däl diýen işini etseň nähili jebire duçar boljaklaryny bir bilsinler diýip. Rowaýatçylaryň aýdyşlaryna görä How ene Gyzyl deňziň kenaryna ýagny, Mekgeden uzak bolmadyk Jitda diýen ýere, Jitda dagam bolmagy mümkin, gelip düşenmiş. Häzirki wagtda Jitda porty Sagut Arabystanynda ýerleşýär.

Adamata bolsa Hindistan etraplaryna Şri-Lanka adasyna ýagny Seýlona gelip düşenmiş. Şol wagt Ýeriň ýüzem garaňkylyk-gijelik eken. Has dogrusy bular gelip düşen wagtlary Ýerde gijelikdir. Öň bular beýle garaňkylygy görmändirler. Tüm garaňkymyş. Behiştde näme gije bolmansoň, bular gije diýlen zat bardyram öýtmändirler. Iki ýanaylgaşlap bir-birlerini gözläp ugrapdyrlar. Ýer giňişlik, ara uzak, etjek alajyň ýok. Ikisem soňra oturyp öz düşen ýerlerinde aglaşyp-eňreşip, gynanyşyp, ýaman hapa bolupdyrlar. Adamzat hemme zada öwrenişýär. Ölümden başga zadyň bir hasaby bolar diýen gürrüň bar ahyryn.

Ine birhaýukdan gündogar ýagtylyp daň atyp ugrapdyr. Munuň şüküranasyna Adamata iki rekat namaz okapdyr, ertirki namazy iki rekat okamakparzy Adamatadan galandyr diýýär.

Bularbir-birlerini gözläp, Allatagala bizi duşur diýip ýalbaryp, Ýeriň ýüzünde geziberipdirler. Bir-birlerine golaýam gelýärmişler, ýöne bir-birinden bihabar bolansoňlar duşuşyp bilmeýärmişler. Wagtal-wagtal bularyň alnyndan şeýtan çykýarmyş. Adamatada Howene-de şeýtandan soraýarmyşlar, sen Adamatany görmediňmi, How enäňi görmediňmi diýip, her gezegem şeýtan ters ugry salgy berýärmiş. Ýagny Adamata duşanda-ha How enäni gördüm, ine ol pylan ýerde diýip, ters tarapyny salgy berýärmiş.

How enä duşanda-da Adamatany gördüm, ol pylan ýer de eken diýip, muňa-da ters tarapy salgy berýär diý ýär.

Bu görgüliler şeýtandan soraýarmyşlar. Meselem, Adamata soraýarmyş: How enäni gören bolsaň, ol meni soramadymy diýip. Şeýtan aýdýarmyş:ýok, ol sen-ä soramady diýip jogap berýärmiş. How enä-de şeýdip ters jogap berýärmiş. Adamata seni soramady, sen onuň ýadyna-oýuna-da düşeňok diýip ters jogap berip, bu ikisini bir-birinden sowatjak bolýarmyş. Ýogsam bolmasa, ol görgüliler aglap soraýarmyşlar.

Şeýtan şeýtan bolýar-da. Onuň tilsimi köp. Göz açyp ýumasy salymyň içinde Ýeriň daşyna aýlanyp bilýär. Nirä haçan baraýyn diýsebaryp bilýär. Göreýin diýen zadyny dessine. görüp bilýär. Ýöne onuň öz bähbidi bar: Adamatadan-a aryny alyp ýerine saljak, How enänem özüne yrjak. Şeýdibem şeýtan zürýatlaryny köpeltjek.

Ol her gezek How enä duşanda syrly-syrly ýylgyryp, gözüni güldürip, gaşyny kakyp bolmajysy bolýar diýýär. Känbir süňňüni saklap bilenok diýýär. How ene her gezek aglap Adamatany soranda, özi bilen bir gezek bile bolup aýdanyny berjaý etse, Adamatany tapyp bereýin diýip söz berýärmiş. Her gezegem How ene şeýtanyň aýdanyna razy bolman, aglap öz ýoluna gidýär diýýär.

Gün-aý geçip durmuş. Şeýtanam günde-günaşa bulara duşup azaşdyryp ýörmüş. Şol barmana aradan iki ýüz ýyl geçipdir. Adamata-da, How ene-de halys bolupdyrlar diýýär bir-birlerini gözläp. Bir-birlerine duşjaklaryna umytlary bolupdyr. Ýöne, How ene az- owlak ejizläp ugrapdyr diýýär. Aýal maşgala-da.

Günlerde bir gün How ene-şeýtana: sen Adamatany maňa bir uzakdan görkez, soň seniň diýeniňi edeýin diýenmiş. Şeýtanyň ýanynda-da Adamatany tapmak kyn iş däl. Ol derrew How enäni Adamatanyň How enäni gözläp aglap ýören ýeriniň golaýyna eltip, oňa Adamatany görkezenmiş. Görse Adamata dagyň üstünde How ene sen nirede diýip, ses edip gygyryp gidip barýar diýýär. Şol dagyň ady Arafat dagy bolmaly. Ol dag Arafat jülgesinde, ýagny Mekgäniň golaýynda ýerleşýär.

(dowmy bar)

21
101
0306
2 Oktýabr 2023
Garasyan gyzygyp okap otyrynn
bayramgeldiyewarslan
29 Sentýabr 2023
@liwerpul nesip bolsa
liwerpul
29 Sentýabr 2023
Garasyas sonyna
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.