barlagcy
24.03.2021 20:15
Giç gelen ýaz ýaly garagöz ykbal,
Meni beren gözlegiňden ynjama.
Uludan dem alyp, göwnüňi ýykman,
Nazaryňa dözmegimden ynjama.
Bir gonan bagyňdan uçup gitme kyn,
Köňülden köňüle göçüp gitme kyn,
Bolsa-da pyşyrdap aýtmaga ýakyn,
Eşitmedik sözleriňden ynjama.
Şol gün ýaprak ýagdy, saralyp ýagdy,
Şemal ne dälidi, ne-de bir sagdy,
Saňa heser bilen bakmaly wagty
Gabak örten gözlerimden ynjama.
Ýürekdeş ýagyşlar inende sessiz,
Saňa bagtly günler hemaýat etsin,
Ömrümde bir gezek mähirden tesdim,
Öz göwnümi ezmegimden ynjama.
Sen bir eziz serwi — başlary galyk,
Eh, owadan owa, çyglanma, çalyk,
Meniň aýdylmadyk sözlerim bolup,
Damja gaçsa, gözleriňden ynjama.
Mämmetnazar Babanazarow
10
69
barlagcy
22.03.2021 16:31
Egne zerbap begres geýen güýzleriň,
Aýly gijesidi bizi duşuran.
Seni gören çagym gözlem gamaşyp,
Başymdan uçupdy akyl-huşumam.
Erändirin öýtdüm söýgiň öňünde,
Nerkes gözleň mähir bilen bakanda.
Seniň üçin aýap ýören sözlerim,
Ah, nädeýin uçdy gitdi dahandan.
Şeýle bir örtäpdi gara gaşlaryň,
Herne,halas etdiň meni ýylgyryp.
Ynan, meni munda ýaşadyp ýören,
Şol ajap gün,
şol ajaýyp ýylgyryş.
Kakamyrat Rejepow
11
102
barlagcy
21.03.2021 00:21
Ýalňyzlyk hakynda menem ýazaýyn
Sebäp – ýazýan köplük, ýazmaýan azlyk,
Başyňa iş düşer, janyň hem satdyr.
Muňa diýilýändir Kiçi ýalňyzlyk.
2
Otuza ýetensiň, Zürýadyň ýokdur.
Soň kyrkyň ujundan gädip ugransyň.
«Ilden ala-böle näme beýlekäm?»
Diýip, öz täleýňe özüň haýransyň.
«Kaka» sözün eştmän ellä ýetersiň.
Bir gün tapynarsyň ogullyk, gyzlyk,
Özüňkidir, emma ozüňkem däldir.
Muňa diýilýändir Orta ýalňyzlyk.
3
Duluňda ajaýyp aýalyň bardyr.
Öýüňe bezegdir, dyzyňa – gudrat.
Ylgap hyzmat edýän onuň özüdir,
Emma seň adyňa getirer hormat.
Ellä ser urarsyň. Çagasyn döküp,
Gözlerin ýumar ol. Başlar ejizlik.
On müň dostuň bardyr – göýä ýekesiň.
Muňa diýilýändir Uly ýalňyzlyk.
4
Eneň gezip ýörkä ýeriň üstünde,
Ýaza barabardyr gyşyň howasy.
«Dogadan nep tapdym»
diýýän bar bolsa,
Megerem şol doga – enäň dogasy.
Baky däldir, bir gün eneň hem gider.
Niräňe seretseň – eýmenç tekizlik.
Beýle ýalňyzlygyň ady hem ýokdur.
Ol gädiksiz-zatsyz Doly ýalňyzlyk:
5
Ataňy sylamak – halky sylamak.
Mähri köpdür, şonça gazabam köpdür.
Käýýäp sapak bersin, söýüp öwretsin –
Atanyň mekdebi çirksiz mekdepdir.
Şol mekdebi oňat tamamlap bilseň,
Hemişe hemraňdyr Mertlik, Tämizlik.
Ýogsa senden hiç wagt är ata bolmaz –
Mydam gerşiňdedir Betbagt ýalňyzlyk.
Kerim Gurbannepesow
10
91
barlagcy
19.03.2021 16:07
Söýgi söhbeti
Söýgi ýaş-ýeleňiň oýny dälmidir –
Diýdim: – Hany, on ýedi ýaş galdymy?!
Diýdiň: “Gaýta ýaşlyk söýgiň elinde,
Diňe söýgi çyna öwrer salgymy”.
Garşy çykdym: “Söýgi ünsüm dagydar,
Ýetik işim, öz hysyrdym, öz derdim”.
Gaş çytdyň: “Söýgüsiz başyna barlan
Şol işiň ýüzüne hernä köz degsin!”.
Janykdym: “Söýere sebäp gereg-ä,
Gerek göwnüň ömürboýy gözläni...”.
“Bar zadyňy söýmän, barlygňy söýmän –
Diýdiň – niçik söýjekmişiň özgäni”.
“Ýetikdir ahyry söýgiň azaby,
Bir ömürlik jebre eder ol höküm”.
Diýdiň: “Söýmedikleň ezýetin sora,
Bu ýolda diňe yşk göterer ýüküň”.
Diýdim: “Söýüp, ýene utulsam näme,
Bu köne dert köňle ýara salgyçdyr”.
Diýdiň: “Söýen käte ýalňyşyp biler,
Söýmedikleň bütin ömri ýalňyşdyr”.
13
454
barlagcy
16.03.2021 16:09
Heniz mekdebi-de tamamlamankak,
Söýüp taýly boldy deňi-duşlarym.
A men weli seň gelerňe garaşyp,
Hiç bir gyza söz gatmadym, Ýaşlygym.
Ne beýle köp garaşdyrdyň sen meni.
/Men senden kän bir zat hantama däl-ä /
Indi bir eglenme, gideli tizräk,
Münüp, mähir atly ullakan gämä.
Müdimilik mekan tutaly indi,
Söýgiň ho-ol görünýän täsin adasyn.
Yşgyň gözleginde ýadamaly biz,
Goý, çyn söýgi gizlenmekden ýadasyn.
Düşünýärmiň, söýgiň didelerinde,
Bir mukaddes heýkel bolup galaly.
Şonda synmaz ömür diläp özüne,
Bize tagzym eder söýgi şalygy...
...Bilýän, bu arzuwma ýeterin ynha,
Ýöne Ýaşlyk, senden haýyşym tenha –
Ýaşlygyňy edip, çapyp salgyma,
Meni aldama!..
Kakamyrat Rejepow
13
157
barlagcy
15.03.2021 20:12
Asman garalmasa, ýagyş bolmaýar,
Daşlary köwmeseň, nagyş bolmaýar.
Hataň ýokdur mende bagyşlanmaýan,
Dünýe deý giň göwne baglama gulp,
Ählisin unut!
Kuýaşmydyň, ykbalyma garylan,
Gözýaşmydyň, ýüregime syrygan?!
Indi dünýäň gursagyny dörübem,
Sen meni tapmarsyň, bilýäň-ä anyk...
Şoň üçin unut!
Gyşa haýyr ýokdur tomsuň çogundan,
Geçen güni ýatlap, keýpiň çag olmaz,
Çykyp, bu dar oý-pikirleň çäginden,
Diňe ak niýetleň gujagna siňip,
Ählisin unut!
Hözir bolmaz, ömürden hem, serden hem,
Gözüň ýaşlap, yzymda sen örtenseň,
Düşün janym, juda iňrik görseň-de,
Asman deý köňlüňe dolmanka bulut,
Ählisin unut!
Näme diýse, diýibersin başgalar,
Günä saýýan kölegäňi basmagam.
Erkiň alyp, ýüregiňde at salan
Päk yşgyňy tämiz ertire goýup,
Unut!
Unut!
Unut!...
Kakamyrat Rejepow
12
139