barlagcy
19.03.2021 16:07

Söýgi söhbeti

Söýgi ýaş-ýeleňiň oýny dälmidir –
Diýdim: – Hany, on ýedi ýaş galdymy?!
Diýdiň: “Gaýta ýaşlyk söýgiň elinde,
Diňe söýgi çyna öwrer salgymy”.

Garşy çykdym: “Söýgi ünsüm dagydar,
Ýetik işim, öz hysyrdym, öz derdim”.
Gaş çytdyň: “Söýgüsiz başyna barlan
Şol işiň ýüzüne hernä köz degsin!”.

Janykdym: “Söýere sebäp gereg-ä,
Gerek göwnüň ömürboýy gözläni...”.
“Bar zadyňy söýmän, barlygňy söýmän –
Diýdiň – niçik söýjekmişiň özgäni”.

“Ýetikdir ahyry söýgiň azaby,
Bir ömürlik jebre eder ol höküm”.
Diýdiň: “Söýmedikleň ezýetin sora,
Bu ýolda diňe yşk göterer ýüküň”.

Diýdim: “Söýüp, ýene utulsam näme,
Bu köne dert köňle ýara salgyçdyr”.
Diýdiň: “Söýen käte ýalňyşyp biler,
Söýmedikleň bütin ömri ýalňyşdyr”.
13
454
Myhman Myhman
11 Aprel 2021
👍👍👍

✋👍👍👍

Salam hemmä Goşgyňyz gaty gowy soz ýok ýone menä gaty soýmekden gorkýan sebäbi adamlara ynam hiç hileki galmady mendä dogrymy aýtsam
barlagcy
21 Mart 2021
Gülşat Ataýewa, gowy bolup biler elbetde yone mena gorkyan guycli soymekden gorkyan elbetde soyulmek bagt soymek welin
gulshatayewa97
20 Mart 2021
Barlagcy,güýçli bolsa gowy dälmi gaýta
barlagcy
20 Mart 2021
Gülşat Ataýewa, her zadyn nesibeli guni bardyr Gulsat nesip bolsa yone seresap bol. Gic gelen soygi bicak guycli bolyandyr. Gozum yasdan dolduryp cyndan gulesim gelyar ykbalyn icin yakyp bagtly bolasym gelyar.
sahet_ashyrov
20 Mart 2021
Gaty gowy
safia
20 Mart 2021
Greenleaf,ha,hawwa,ai borla.Soñky döwür täzelik tapdyranoga bizede
Greenleaf
20 Mart 2021
safia täzelik bolmasa hem gowy görýän zadym ertir nesip bolsa iň soňky okuw gün we kanikul başlaýar. Bagyşla başga täzeligim ýokda 😅
safia
20 Mart 2021
Greenleaf,howy bolsañ bolya.bizem gowy.nm täzelik
Greenleaf
19 Mart 2021
safia menem Hydaýa şükür oňat okap ýörün. Özüň hem gowmy
safia
19 Mart 2021
Greenleaf,bolya ,janym,gowjamyñ sen
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.