barlagcy
21.05.2021 18:00
Ýolaýrytda durus, ine,
Aýralyga bolup bendi,
Garamyk deý gözleriňde
Hünjüleriň häzirlendi.

Öňümizde ýol uzalyp,
Gussa çökdi göwnümize.
Ýetmedimi Beýik Söýgiň
Mejnun islän göwni bize?

Gögerip gam şineleri,
Döretdiler gür bag olar.
Guşlar kesdi owazyny
Köpelensoň gurbagalar.

Kimse çekmän derdim bile,
Güldi bagtdan kem paýyma.
Wah, söýginiň özem gülüp,
Şarpyk çaldy kempaýyma.

Girme indi düýşlerime
Gözüň ýaşly, ýüzüň solgun.
Duşsak ýyllaň çatrygynda,
Haýyşym, görmedik bolgun.

Bilmedim, men nämedenkä,
Çüwmedi-le zo:l meniňki?!
Ýolaýrytda durus, ine,
Saga gitseň, sol meniňki.

Mukam Muhamow
6
41
barlagcy
20.05.2021 13:51
IKIMIZE BIR MENZIL

Ýazyň ýeter güýzüňe,
Ömür iki gezek däl.
Şoň üçin ikimize,
Artyk hiç zat gerek däl.

Saralmasyn gül meňziň,
Ir solmasyn gül beden.
Ikimize bir menzil,
Ikimize bir bedew.

Dünýe maly püçekdir,
Bolsa öýde garaşýan.
Ikimize bir üçek,
Ikimize bir asman.

Söýgüň bolmaz sermi-sal,
Söýgüňe sarpa goýdum,
Ikimize bir wysal,
Ikimize bir aýdym.

Ikimize bir şatlyk,
Ikimize bir gussa.
Gussaň ýüzi aşakdyr,
Köňül-köňle gowuşsa.

Ikimize bir taglym,
Ikimize bir takat.
Takdyrymyza müň tagzym,
Ýaşap ýörsek rahat.

Ikimize bir gadam,
Ikimize bir ykbal.
Ikimize bir Watan,
Artyk hiç zat gerek däl.


Gylyçmyrat Kakabaýew
8
101
barlagcy
18.05.2021 17:55
Amal bolmajagny añ etmez ykbal,
Ömrüñ manysydyr yşk doly ahwal,
Arzuwda öteräk bolmagym ahmal,
Belki kalpda, belki añyñdadyryn…

Aljyratsa durmuş aýlap başyñy,
Kimler “goldar”, kimler “gallar” daşyñy,
Bolup mydam alçy gopýan aşygyñ,
Kä sagyñda, käte soluñdadyryn!

Şatlygyñy kim paýlaşmaz, aýtsana?!
Gussañ meñki aýtmasañam, aýtsañam,
Sen meni has başgaçadyr öýtseñem,
Mydam hak dostlaryñ sanyndadyryn.

Ýol uzakdyr, çig süýt emen adamzat,
Hasrat howuñ bassa kalbyña dyñzap,
Iñ zerur pursatda ýetişse bir zat,
Bil, dileglem bilen ýanyñdadyryn!

Gulsirin Hanowa
9
126
barlagcy
17.05.2021 17:50
BIZ DIRIKÄK...

Mugallym Nurmuhammet Muhammetgeldiýewiň ýadygärligine

Ýyllar bir-birine berip dur gezek,
Saçymdan ak girip başlapdyr indi.
Ýöne seň henizem kömegiň gerek,
Çünki meň bilmeýän zadym kän şindi.

Her täze ädimi ätlämde öňe,
Gizlin syrdan dolýar töwerek-daşym...
Käbir ýat saýýanym dost çykýar maňa,
Kesekä öwrülýär käbir syrdaşym.

Beletsiň,
Her günde onlap jümläniň
Yzymda goýýan-da sorag belgisin,
Çagyrýaryn:
Mätäç kömegňe seniň,
Sowallarma jogap gaýtar, gel, basym.

Gelýärsiň,
Şo-ol öňki ýaşlygyň bilen,
Şo-ol hyjuwyň bilen öýmüze girýäň.
Oturýas gürleşip tä daňdana çen,
Men sorag ýagdyrýan, sen jogap berýäň.

Käte-de dymýarys. Oýlanýas bile,
Onlap kitaplaryň açýarys gatyn.
Arman, olaň käsin alaňda ele,
Seniň maňlaýyňda dörýär bir gasyn:

«Bu sowaly eşitmändim dirikäm,
Belki, gidemden soň inendir dünýä?!»
Wah, şeýdip keýpiňem bozýan gaty kän,
Ökünýän,
Giç bolýa,
Soňra giç bolýar.

Ýene-de kömege ýetişýäň özüň,
Sypaýaň başymy elleriň bilen.
Ýene ýaza dönýär otagmyz biziň,
Oturýas gürleşip tä daňdana çen.

Daňdan...
Goh-galmagal dogýar Gün bile,
Ukudan oýanýar, örýär halaýyk.
Şonda hoşlaşmagam undup meň bile,
Gidýärsiň, gözümden bolýarsyň gaýyp.

Birdenem uzakda,
Örän uzakda
Salgyma öwrülip görünýär keşbiň.
Göýäki oýlanyp dursuň men hakda,
Diýýärsiň: «Ýöretgin ýagşylaň kesbin».

«Gyssansaň kömege gelerin» diýýäň,
Bilýärin,
Çagyryn gerek mahaly.
Ýüregim başga-da bir syra uýýar,
Edil saňa uýşum, ynanşym ýaly.

Sen entekler baş goşarsyň köp zada,
Saňa aladadan aýra bolma ýok.
Sebäbi biz ýaşaýarkak dünýäde,
Mugallyma ölme ýok, hiç ölme ýok.

Italmaz NURYÝEW.
9
81
barlagcy
16.05.2021 13:23
HAÝYŞ

Öten agşam uzak gije ýatmadym,
Gaýry aladany sowrup ýele men.
Käbäm enem, çatdygyça gurbumyň
Sen barada goşgy ýazdym ýene men.

Ýok, bedende argynlygy duýamok.
Gürrüňinem edemok men bir gijäň.
Azap ýerne gowuşdymy? – gorkym şol,
Ukusyzlyk – bu bir öwrenşen pişäm.

Eger-de azabym gowuşyp, birden
Şol şygyr göwnüňden turaýsa seniň,
Onda umytlarym ganatyn ýaýar,
Depäm göge ýeter, ezizim meniň.

Onda sallançagmy üwräp, irkilmän
Geçiren gijeleň birje munduny
Ýerine saldygym bolardy, belki,
Berdigim bolardy halal muzduny.

Ýöne senden gizlemäge çakym ýok,
Gorkym kän şol ýazan ýygrymdan, käbäm!
Halamasaň ynjamagyn ogluňdan,
Haýyş bu, geleýin dogrymdan, käbäm!

Diýmegin: «Söýşüniň ugry ýok, ogul»
Diýmegin «Az eken hormat-sylagyň!»
Garaşgyn ýeneki şygyrlaryma,
Henizler öňdedir meniň synagym.

Geçerin synagdan, bolmaz ahyry,
Başarmasam galam alman ele men.
...Käbäm enem, çatdygyça gurbumyň,
Sen barada goşgy ýazdym ýene men.

Italmaz NURYÝEW.
12
126
barlagcy
15.05.2021 11:09
Geldiň,
Ikimizi duşurdy günler,
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Dogdy, söndi, ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen, güneş deý, maňa elýetmez daşdyň,
Gözýetimden keşbiň gözlände gözler.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Garaşdym asmanda Aýlar solynça.
Diňe düýşlerimde hakykat bolan
Arzuwlarym ahyr hasyl bolynça.
Sen geldiň-de, täze eýýamy açdyň,
Sen bilmediň, saňa näçe garaşdym.
O wagtlar şemal bolup uçardym,
Seni gözläp aýnalary açardym.
Saçlaryn oýnardym juwan ýaşlaryň,
Ýalňyzlykda sensiz ençe ýaşadym.
Şemallardan salam ýolladym saňa,
Gijeler agaryp sapanda daňa.
Sen ýanymda,
Bize baglar garaýar,
Şemal gara saçlaryňy daraýar.
Sen bolsa gözüme garaýaň sessiz,
Men nädip,
men nädip ýaşadym sensiz?!
Ýok, men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Gündizler saraldy, gijeler soldy.
Çarkandakly ýollar bilen göreşdim,
Ahyr saňa barýan ýoda arçaldy.
Ykbaldan gaçara ugur ýok, ýol ýok,
Belki, güler ertir gözümiz baglap.
Men giderin, ýöne köne arzuwlam
Uçup ýeter seniň yzyňdan galgap.
Sebäbi men, şeýle bir köp garaşdym,
Ýarty bolup galyp, ýarym idedim.
Bitewi bir mana öwrülmek üçin,
Garaşyp, göreşip, gözläp ýadadym.
Ine, sen ýüzüme garap ýylgyrýaň,
Görmän, duýman ýadawlygyn gözlermiň.
Men bolsa bagtyma ynanman barýan,
Ahyr soňy tamam bolan gözlegim.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Birmahal ýaş bolup didäňe siňip,
Şol gözleri hiç unudyp bilmedim,
Bir ýalňyz şem deýin tümlige daňyp.
Belki, ertir ýaşap bilersiň mensiz,
Belki, menem ýaşap bilerin demsiz.
Bagtyýar durmuşym gutarar şomal,
Men onsoň ýene-de bolaryn şemal.
Ýene seni gözläp ýollar sökerin,
Ýene agaçlaryň gülün dökerin.
Ýene-de syparyn juwanlaň başyn,
Ýene garap, tümler bolar syrdaşym.
Seni tapyp hasratymy kemerin,
Demiň bilen gursagyňa siňerin.
Gije ýaly saçlaryňy dararyn,
Ýüzüň sypap, ýuwaşja pyşyrdaryn:
A men saňa şeýle bir köp garaşdym!
A men saňa şeýle bir köp garaşdym!

Gunça Makenowa
10
59
barlagcy
14.05.2021 10:57
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn pursatym medet berdi kalbyma,
Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň,

«Kim men?» Jogap tapman
şu günlere çen,
Seni söýüp, kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: «Ejiz bu dünýäde söýmedik!»

Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäde.

Gurbannazar Ezizow
11
99
barlagcy
03.05.2021 17:03
Öwrenişip bilemok sensiz günlere,
Dymyşlyk deý hiç ahyry gelmeýär.
Düşündim men: göwün berip dilbere,
Ýüregiňi aman saklap bolmaýar.

Şadyýan sözleriň, şadyýan keşbiň,
Öwrülip barýalar gamgyn aýdyma.
Ony dünýe döräp geldiler eşdip,
Indi ol bir gezek artyk aýdylar.

Ýollaryňa bakýan köne endikli,
Ýyldyzlar köz deýin gögi deşdigi.
Bilemok bir asyr bile boldukmy,
Ýa bary bir günde bolup geçdimi?!

Indi hiç kim menden öýkeläp gitmez,
Hem ertir ir bilen geçilmez günäm.
Jüp aýak sesine üýrer-de itler,
Başyma ýalňyzlyk derdini bürär.

Gözüm gidýär: bezäp gadym dünýäni,
Aý hiňlenip barýar suwly salmada.
Neneň kyn ekeni eden günäňi,
Aýdyp ötünere adam bolmasa.

Ýalňyz ýyldyz görsem dyglaýar inim,
Bu kimiň gazaby, bu kimiň hökmi?!
Pyşyrdap soraýan: Aýt, bu söýginiň,
Şat günleri köpmi, hasraty köpmi?!
9
141
barlagcy
22.04.2021 22:11
Şeýlemikä munda owaldan gurluş,
Keýigiň kölgesi ýaly-la durmuş.

“Ynha tutdum” diýen şatlygyň, bagtyň
Häki bir gyryndy, ülşüdir wagtyň.

Begenersiň, okap dostuň hatlaryn,
Emma wagtlaýyn.

Ýar jemalyn görüp, gürsüldär gursak,
Bakydyr öýdersiň,
Pursatdyr, pursat.

Ýeňip bilseň dünýäň ýeke päsgelin,
Monça borsuň, emma bu-da az salym.

Saýalaýyn diýseň – Gün geler birden,
Güneşläýin diýseň – tüm geler birden.

Geler käbir pursatlary saklasyň,
Yrýa bolar ähli eden yhlasyň.

Pursatlar serdäki humar ýaly-la,
Gider bary duman kimin göterlip.
Söýgüden,
Imandan,
Umytdan özge
Şatlyk ýokdur bütin ömre ýeterlik.

KAKAMYRAT REJEPOW
14
136
barlagcy
barlagcy
21.04.2021 11:50
Perwana pursatlaň, ýyndam ýyllaryň, Aý-günleriň bir-birine ilteşip, Ömür kerwenimi idip barmasy — Maňa juda üýtgeşik! Agyp-dönüp duran däli göwnümiň Mahal-mahal ähli zatdan çetleşip, Ýersiz-ýere özün