barlagcy
16.05.2021 13:23
HAÝYŞ

Öten agşam uzak gije ýatmadym,
Gaýry aladany sowrup ýele men.
Käbäm enem, çatdygyça gurbumyň
Sen barada goşgy ýazdym ýene men.

Ýok, bedende argynlygy duýamok.
Gürrüňinem edemok men bir gijäň.
Azap ýerne gowuşdymy? – gorkym şol,
Ukusyzlyk – bu bir öwrenşen pişäm.

Eger-de azabym gowuşyp, birden
Şol şygyr göwnüňden turaýsa seniň,
Onda umytlarym ganatyn ýaýar,
Depäm göge ýeter, ezizim meniň.

Onda sallançagmy üwräp, irkilmän
Geçiren gijeleň birje munduny
Ýerine saldygym bolardy, belki,
Berdigim bolardy halal muzduny.

Ýöne senden gizlemäge çakym ýok,
Gorkym kän şol ýazan ýygrymdan, käbäm!
Halamasaň ynjamagyn ogluňdan,
Haýyş bu, geleýin dogrymdan, käbäm!

Diýmegin: «Söýşüniň ugry ýok, ogul»
Diýmegin «Az eken hormat-sylagyň!»
Garaşgyn ýeneki şygyrlaryma,
Henizler öňdedir meniň synagym.

Geçerin synagdan, bolmaz ahyry,
Başarmasam galam alman ele men.
...Käbäm enem, çatdygyça gurbumyň,
Sen barada goşgy ýazdym ýene men.

Italmaz NURYÝEW.
12
126
guli_
16 May 2021
👏👏👏👏👏👏♥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.