barlagcy
03.05.2021 17:03
Öwrenişip bilemok sensiz günlere,
Dymyşlyk deý hiç ahyry gelmeýär.
Düşündim men: göwün berip dilbere,
Ýüregiňi aman saklap bolmaýar.

Şadyýan sözleriň, şadyýan keşbiň,
Öwrülip barýalar gamgyn aýdyma.
Ony dünýe döräp geldiler eşdip,
Indi ol bir gezek artyk aýdylar.

Ýollaryňa bakýan köne endikli,
Ýyldyzlar köz deýin gögi deşdigi.
Bilemok bir asyr bile boldukmy,
Ýa bary bir günde bolup geçdimi?!

Indi hiç kim menden öýkeläp gitmez,
Hem ertir ir bilen geçilmez günäm.
Jüp aýak sesine üýrer-de itler,
Başyma ýalňyzlyk derdini bürär.

Gözüm gidýär: bezäp gadym dünýäni,
Aý hiňlenip barýar suwly salmada.
Neneň kyn ekeni eden günäňi,
Aýdyp ötünere adam bolmasa.

Ýalňyz ýyldyz görsem dyglaýar inim,
Bu kimiň gazaby, bu kimiň hökmi?!
Pyşyrdap soraýan: Aýt, bu söýginiň,
Şat günleri köpmi, hasraty köpmi?!
9
141
Nazzydade
3 May 2021
Barlagcy sen goyyan gosgulan. Men icimdakileri bilip goyyan yaly her gezek 👍

Nazzydade, aydyp otunere adam bolmasa diyen setirne dusunmedim dusunduray
Ovezova_
3 May 2021
👏👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.