barlagcy
02.07.2021 10:39
Ruhunyz tug kimin belentde bolsun!
Belent bolun, beyik ishe bash goshun,
Ruhunyz tug deyin belentde bolsun!
Bir mahalky gussa bilen hoshlashyn,
Ruhunyz tug kimin belentde bolsun!
Sustupesler jany sagat hassadyr,
Ruhy beygin rysky iki essedir.
Gowunde garratma etsem-petsemin,
Ruhunyz tug deyin belentde bolsun!
Ar bashyny egmez ishi kech gunde,
Gama orun bermez konul koshgunde.
Hyyallar - hyruchda, kelle - gochgunde,
Ruhunyz tug kimin belentde bolsun!
Ishler rowach bolsun, yolunyz aydyn,
Kalby baylar depsen-deprenmez baydyr.
Turkmenin tukenmez baylygy bardyr,
Ruhunyz tug deyin belentde bolsun!
Sen beyik bol, sebap halkyn beyikdir,
Turkmenin pes ogly bolmak ayypdyr.
Ruhy jomartlary Alla soyupdir,
Ruhunyz tug kimin belentde bolsun!
Sapar diyer, yigit shahandaz bolar,
Baran yeri bayram, ala-yaz bolar.
Turkmen ogly ulus ile yar bolar,
Ruhunyz tug kimin belentde bolsun!
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
10
151
5
barlagcy
01.07.2021 19:36
Gülleriň reňki goýalypdyr has,
Artypdyr söwüdiň ýürekdeşligi.
Indi güli ysgap heserläniň az.
Telper indi ýigriminiň mesligi.
Öňler dünýe durşy bilen şowhundy,
Indi onda dymyşyklyk köp ýaly.
Ýogsa düýn dälmidi, ýeňil owsunly
Eglenimde gülleň meni öpýäni.
Hiç haçan söýgiden etmändim heder,
Ýa şol gaçyrypmy ýürek saryny.
Indi göwün köp küýseýär gijeler
Ýalňyz ýolagçynyň aýdymlaryny.
Kanagat bermedi dumanly hyýal,
Soň onuň hanasy galypdyr eg.
Indi sadalygyň howruna uýan
Göçgünli sözlerme agyrýar nebsim.
Ýaz kemala gelip ýetişen wagty,
Başlanynda zyba güller gunçalap.
Ejap edýän öňki duýgularymdan
Hem olary tämizleýän şonçarak.
Mammetnazar Babanazarow
11
147
4
barlagcy
30.06.2021 09:24
Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup,
Bägül haýran galyp, agzyny açsyn.
Şahasyndan guşlar ören çynaryň
Damjalary ýere paýyrdap düşsün.
Ýaşyl ýaýlalarda göterilen buglar
Ümür bolup çöksün baýryň gerşine.
Aňk bolsun duýgusy inçelen adam
Ýere-göge nur çaýylyp durşuna.
Hol aşakdan ýylan ýaly towlanyp,
Baýryň depesine ýelmeşen ýoda.
Ortasyndan üzlen urgan şekilli
Şeýdip asylsyn-da, dursun howada.
Birdenem, Gün bulutlara duwlanyp,
Daglaryň etegi garalsyn gitsin.
Pöwrizäň üstünde gök gübürdände
Ýyldyrym ýagtysy Ýerbende ýetsin.
Ah, men neneň söýýän ýazyň çagbasyn.
Suwmonjuklar depä degip döwülsin.
Ýagsyn ýagyş!
Ýagsyn ýagyş, tozanlap
Asmana suw akytsyn.
Zemin ýuwunsyn.
Ak gyşlarda çopantelpek gar ýagsyn,
Ýerler doňup ýatsyn garyň astynda.
Meniň ýaşyl Tugly Türkmenistanym
Ýaşasyn dört pasyl nuruň astynda.
Ap-ak Aşgabadyň metjitlerinde
Adamlar hatardan dursun namaza.
Biribaryň ady bilen nem alsyn
Doňy çözlüp, ýumşap başlan Zamana.
Daşlynyň oýunyň eteklerinde
Köpelsin ýene-de towşan yzlary.
Gyzylly şaý ýaly asylly bolsun
Bu buýsançly halkyň gelin-gyzlary.
Sen gurşunly kenek ýaly agras bol.
Gudurama, türkmen.
Aýnama, türkmen.
Dünýäň eşretinden bolma binesip
Sür döwrany!
Ýöne ownama, türkmen!
Gerbiňdäki ak bedewiň buýsanjyn
Syndyrmasyn kesekiniň jylawy.
Egsilmesin alty ganat öýleriň
Ak bugdaýly alty putluk çuwaly.
Meniň indi dünýä injek agtygym
Gapysyna gulp urmaly bolmasyn.
Her gün ady bilen ýatyp, turdugym —
Beýik taňrym seni gözden salmasyn!
Berdinazar Hudaýnazarow
20
117
2
barlagcy
26.06.2021 19:14
Bu hoşwagt günleriň solmasyn ýüzi,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Dilsypat gybatyň gülmesin gözi,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Şuglasyna gara baglar daranan
Dolmuş aý ýaşanda yzyn garanar.
Owurt suw derýadyr suwsap barana,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Ruhdan düşmänkäm duşan gözlegim,
Üýtgemesin seniň pamyk sözleriň.
Hasratdan aýanym, gussa dözmezim,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Belent dag deý gelip maňlaý diränim,
Sensiz uçar guşumyşym niräniň?!
Görmäwer yhlasyň uýan süýränin,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Akmeňiz dünýäniň göwnüni ýykman
Guşlar saz ederler, saýrarlar hökman.
Seni ynjytmakdan utansyn ykbal,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Mämmetnazar Babanazarow
13
174
2
barlagcy
16.06.2021 13:05
Dergähiňe bir arzym bar, ýaradan, Bize bir mähriban Leýli gerekdir; Bugdaýy reň bolsun akdan-garadan, Ýagşy gylyk, ýagşy hoýly gerekdir. Gaýraty köp bolsun işde, jedelde, Gara saçy düşsün ak ýüze
16
304
29
barlagcy
07.06.2021 16:59
Ýaranjaň deý ýalan-ýalan,
Güläýmegem aňsat däldir.
Gadyryny ýagşy ýaryň
Biläýmegem aňsat däldir.
Gowular durmuşyň nagşy —
Gül açylşy, Günüň dogşy,
Bu ýowuz dünýäde ýagşy
Bolaýmagam aňsat däldir.
Adam, saňa berlen köňül,
Gülden näzik, ýelden ýeňil,
Ýöne onuň tapyp çemin,
Alaýmagam aňsat däldir.
Atamjanyň gezen ýeri,
Ömür synlap, begenmeli,
Göwün, saňa degenleri
Sanaýmagam aňsat däldir.
Öz-özüni iýýän otdur,
Ýöne şondan merdem ýokdur,
Pes bolsaň, ýakynyň ýatdyr,
Tanaýmagam aňsat däldir.
Adam, doglanyňdan başlap,
Mal ýygar sen sojap, haşlap,
Bir uly baýlygy taşlap,
Öläýmegem aňsat däldir.
Italmaz Akmyradow
10
184
6
barlagcy
06.06.2021 20:22
Sen gitdiň.
Şo pursat boşady ruhum,
Hemme zat manysyn ýitirdi birden.
Şatlygym galmady, bagtym galmady,
Şo pursat bar zady uçurdy serden.
Daglarym peseldi baglarym bile,
Şemalym sowulyp duşumdan ötdi.
Boşap galdym misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarmyň manysy ýitdi.
Hatda öz ruhuňam aldyň-da gitdiň;
Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok,
Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý,
Seniň syratyňda jemläp bilemok.
Çasly çeşmelerim akýar tersine,
Tersine ýaňlanýar aýdymym-sazym.
Seniň barlygyňdy — meniň baýlygym,
Bir pursatda garyp galdym, ezizim.
Gurbannazar Ezizow
10
91
1
barlagcy
04.06.2021 20:37
Ynha,bu gün güýzüň ilkinji güni,
Ýöne bir hepde öň saraldy ýaprak.
Güýzek,
senem şeýle owadan,
ýöne,
Men geçen pasyly söýüpdim köpräk.
Her gezegem güýzüň gelen çaglary,
Göwnümem birhili gözýaşa taýýar,
Men damjalarymy gözýaşym saýsam,
Güýz,
sary ýapragyn gözýaşy saýýar.
Dökýär,
dökýär,
dökýär ýapraklaryny,
Olary jemleseň tonna bolardy.
Eger ýaprak güýzüň gözýaşy bolsa,
Meger bu dünýäni suwam alardy.
Han-ha ýol işçiler,elinde sübse,
Agşama çen, Gün dogandan başlaýar,
Süpürýär,
artýar,
ýygnaýar ýaprak,
Ýöne olar güni üçin işleýär.
Işleýärler.
Ýollara görk berýärmi?
Ýok,ol gaýtam ýoluň görkün süpürýär,
Ertesi iki işli bolmazlyk üçin,
Ýapraklary şahadanam sypyrýar.
Düşmek islemeýän sary ýapraklar,
Silteläpler düşürýärler baryny,
El degirme,
goý gaçsyn öz meýline,
Peýzaž gözelligne berjek barymy.
Şeýdip,gözelligi süpürişip ýörler,
Hökümet bu işe pulam töleýär,
Güýz pasyly niçün gamgyn-ka diýsem,
Süpürilen gözelligni dileýär…
Kerwen Mürzäýew
9
97
1
barlagcy
28.05.2021 19:08
Günde näçe düýş görülýär jahanda?
Müňmi? Millionmy?
Aslynda kim ony sanap bilipdir.
Düýş bize gerekli iň zerur zatlaň
Ýüzün açyp bilýän mümkinçilikdir.
Towuk dary görermişin düýşünde,
Asman ýeri görermişin düýşünde;
Söýmedikleň görýäni söýülmedik bir juwan,
Şäherleriň görýäni çyg basan
uzak meýdan,
Planeta şol aýlanar ýörermiş
Hem düýşünde rahatlygy görermiş.
Her kimiň öz iň zerur
Düýşi bolýar.
Geň zatlar!
Geçen uly uruşdan gaýdyp gelýär
düýşünde Ölen soldatlar.
Gurbannazar Ezizow
10
134
3
barlagcy
23.05.2021 14:13
Muhammet ummaty malsyz bolmasyn,
Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.
Gaçara agaň, iniň, bolmaz hatyraň,
Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.
Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,
Bir märekä barsa, orny aşakdyr,
Garyplar at münüp, depse – eşekdir,
Döwletliler eşek münse, at bolar.
Bir dileg dileseň, möhümiň bitmez,
Dostuň ýhlas bilen, merhemet etmez,
Märekede aýdan sözüň jaý tutmaz,
Diňlemezler, gury, sözüň bad bolar.
Göreş bir abraý, uruş bir destdir,
Kişini kemsiden – özi näkesdir,
Bir mümüne gybat etmek hebesdir,
Gybatkeşeiň gazanany ot bolar.
Magtymguly, şükür eýlegil hudaga,
Ölüm barabardyr şah-u gedaga,
Bisabyr gül tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-dura şat bolar.
Magtymguly
13
114
3
Yene yükle