barlagcy
07.06.2021 16:59
Ýaranjaň deý ýalan-ýalan,
Güläýmegem aňsat däldir.
Gadyryny ýagşy ýaryň
Biläýmegem aňsat däldir.

Gowular durmuşyň nagşy —
Gül açylşy, Günüň dogşy,
Bu ýowuz dünýäde ýagşy
Bolaýmagam aňsat däldir.

Adam, saňa berlen köňül,
Gülden näzik, ýelden ýeňil,
Ýöne onuň tapyp çemin,
Alaýmagam aňsat däldir.

Atamjanyň gezen ýeri,
Ömür synlap, begenmeli,
Göwün, saňa degenleri
Sanaýmagam aňsat däldir.

Öz-özüni iýýän otdur,
Ýöne şondan merdem ýokdur,
Pes bolsaň, ýakynyň ýatdyr,
Tanaýmagam aňsat däldir.

Adam, doglanyňdan başlap,
Mal ýygar sen sojap, haşlap,
Bir uly baýlygy taşlap,
Öläýmegem aňsat däldir.

Italmaz Akmyradow
10
184
barlagcy
16 Iýun 2021
Gülşat Ataýewa, howa son un sony basarana sahsyyet diyip bolar

Amanowa, malades gowy bolsanyz bolya yok Amanowa tanamadym
Amanowa
11 Iýun 2021
Barlagcy,Tanadyñyzmy meni?

Gowy hudaya shukur menem
gulshatayewa97
11 Iýun 2021
Bu ýowuz dünýäde ýagşy bolaýmagam aňsat däldir
barlagcy
9 Iýun 2021
Amanowa, salam yagsy Hudaya sukur gowymy oziniz
Amanowa
9 Iýun 2021
👍👍👍

Salam Barlagçy gowmy ýagdaýlaryñyz
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
7 Iýun 2021
👏👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.