Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup,
Bägül haýran galyp, agzyny açsyn.
Şahasyndan guşlar ören çynaryň
Damjalary ýere paýyrdap düşsün.
Ýaşyl ýaýlalarda göterilen buglar
Ümür bolup çöksün baýryň gerşine.
Aňk bolsun duýgusy inçelen adam
Ýere-göge nur çaýylyp durşuna.
Hol aşakdan ýylan ýaly towlanyp,
Baýryň depesine ýelmeşen ýoda.
Ortasyndan üzlen urgan şekilli
Şeýdip asylsyn-da, dursun howada.
Birdenem, Gün bulutlara duwlanyp,
Daglaryň etegi garalsyn gitsin.
Pöwrizäň üstünde gök gübürdände
Ýyldyrym ýagtysy Ýerbende ýetsin.
Ah, men neneň söýýän ýazyň çagbasyn.
Suwmonjuklar depä degip döwülsin.
Ýagsyn ýagyş!
Ýagsyn ýagyş, tozanlap
Asmana suw akytsyn.
Zemin ýuwunsyn.
Ak gyşlarda çopantelpek gar ýagsyn,
Ýerler doňup ýatsyn garyň astynda.
Meniň ýaşyl Tugly Türkmenistanym
Ýaşasyn dört pasyl nuruň astynda.
Ap-ak Aşgabadyň metjitlerinde
Adamlar hatardan dursun namaza.
Biribaryň ady bilen nem alsyn
Doňy çözlüp, ýumşap başlan Zamana.
Daşlynyň oýunyň eteklerinde
Köpelsin ýene-de towşan yzlary.
Gyzylly şaý ýaly asylly bolsun
Bu buýsançly halkyň gelin-gyzlary.
Sen gurşunly kenek ýaly agras bol.
Gudurama, türkmen.
Aýnama, türkmen.
Dünýäň eşretinden bolma binesip
Sür döwrany!
Ýöne ownama, türkmen!
Gerbiňdäki ak bedewiň buýsanjyn
Syndyrmasyn kesekiniň jylawy.
Egsilmesin alty ganat öýleriň
Ak bugdaýly alty putluk çuwaly.
Meniň indi dünýä injek agtygym
Gapysyna gulp urmaly bolmasyn.
Her gün ady bilen ýatyp, turdugym —
Beýik taňrym seni gözden salmasyn!
Berdinazar Hudaýnazarow