barlagcy
barlagcy
26.05.2022 14:37
Indi biz bu ýola haçan geleris? Gelmeli, çyn bolsa Ýeriň şardygy. Seni-hä bilemok, men ge:rin hökman, Köneje duýgulaň şine ýardygy. Artykmaçlar typyp gidýär ykbaldan, Biri-birimize artyk däl-ä biz!
barlagcy
24.05.2022 15:43
Heniz mekdebi-de tamamlamankak,
Söýüp taýly boldy deňi-duşlarym.
A men weli seň gelerňe garaşyp,
Hiç bir gyza söz gatmadym, Ýaşlygym.

Ne beýle köp garaşdyrdyň sen meni.
/Men senden kän bir zat hantama däl-ä /
Indi bir eglenme, gideli tizräk,
Münüp, mähir atly ullakan gämä.

Müdimilik mekan tutaly indi,
Söýgiň ho-ol görünýän täsin adasyn.
Yşgyň gözleginde ýadamaly biz,
Goý, çyn söýgi gizlenmekden ýadasyn.

Düşünýärmiň, söýgiň didelerinde,
Bir mukaddes heýkel bolup galaly.
Şonda synmaz ömür diläp özüne,
Bize tagzym eder söýgi şalygy...

...Bilýän, bu arzuwma ýeterin ynha,
Ýöne Ýaşlyk, senden haýyşym tenha –
Ýaşlygyňy edip, çapyp salgyma,
Meni aldama!..

Kakamyrat Rejepow
11
111
barlagcy
21.05.2022 10:38
Göwün kimi söýse gözel şodur.
27
135
barlagcy
20.05.2022 12:46
Seň näzik göwnüňe degmekden gorkup,
Syrym saklap gezdim şu çaka çenli.
Bu gün bolsa bire baglap ýüregim,
Saňa bir zatlary aýdasym geldi.

Gel,janym, kalbymy açaýyn saňa,
Isle-hä ýaz eçil,
Isle-de ýazgar.
Barybir gözleňden gitme ýok maňa,
Bu söýgi kalbyma ebedi ýazlar.

Ynan, kän gezdim men bir özüm söýüp,
Indi ýürek bu ahwaldan iripdir.
Düşünýärmiň, gara gözüň güldürip,
Öten agşam düýşüme-de giripsiň.

Ah, şo-ol gün diýsene,
duşupdygam biz,
Gelipdem şo-ol sözi diýmeli halat.
Ýöne ýüzüm kesä sowanym üçin,
Şol gün ýygralygma okadym nälet.

Hawa, kän oýlandym,
ölçerdim,
dökdüm,
Ýöne munu sen birjigem aňmadyň.
Wiý, ýogsa-da, näbilýärsiň diýsene,
Belki senem meňki ýaly haldasyň.

Hut şonuň üçinem giç dälkä heniz,
Bu söýgi armana dönmänkä bir gün.
Gyzgyn ýüregimi aýama alyp,
Gel, saňa bar zady bereýin gürrüň…

Kakamyrat Rejepow
12
94
barlagcy
18.05.2022 17:15
Ozaldan zandyma gulandyr, belki,
Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy.
Sähradan selme däl, bägül gözleýän,
Eklenjime bolmasa-da peýdasy.

Uzaklarda sanjak boýly sözenler,
«Geleý» diýip, gollaryny bulady.
Kaknus guşy ýaly eziz göründi,
Şol tarapa uçup barýan gulaty.

Belki, gowy bordy, obada bolsam,
Il deňinde suw tutardym mellegme.
Wah, ýöne bu bahar çeniň-çakyň däl, Sowulýança başga işe el degmez.

Bu ýerlerde hiç zat ýitirmesemem,
Bahar gelse, gidýän ýene gözlege.
Gözetime ýetip üzülýän ýollar,
Meňzeş eken soňlanmadyk sözleme.

Hany, indi bir tüňçe çaý içeýin,
Çöpläýin-de goltuk-goltuk jagrama.
Üýtgeşik gül gözläp, ýadadym biraz,
Ýokdy ýogsam, arzuwlarmyň agramy.

Ozaldan zandyma guýlandyr, belki,
Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy.
Hiç haçan solmajak gül gözleýän men, Eklenjime bolmasa-da peýdasy.

Çary Ýegenmyradow
11
55
barlagcy
17.05.2022 12:39
Aňam etmändirin soňky döwürde,
Gelinler ýaşmagna ýetirse elin.
Şu gün irden gabat gelip köçede,
Uz ýaşynyp, geçip gitdi bir gelin.

Kişi maşgalasy... Sözüm ýer almaz,
Ýaşynsa ýaşynsyn, gülmese bolar.
Ýetişen bolsalar gelin bolmaga
Etjek işlerinem bilýändir olar.

Çekinendir, belki, meni ýat görüp,
Ahmal, meni garry adam saýmagam.
Hormata, söýgä-de imrinemok kän,
Onsuzam durmuşdan ýetdi paý maňa.

Dogrusy, süňňüm-ä ýeňilem welin,
Çalarak çal sepdi saçdyr gaşyma.
Onda-da deň gopýan oglanlar bilen,
Ýaňy otuz birden geçdi ýaşymam.

Men kän zada zar bolmadym durmuşda,
Şükür, az däl nesibäme ýeteni.
Ýöne öňler söýgi joşýan ýüregim,
Indi gaýgy-aladanyň ketegi.

Esasy aladam çagajyklarym,
Şolar gowy geýsin, gowy iýsinler.
Özüm-ä oňaryn tapanym bilen,
Ilem näme diýse, şony diýsinler.

Garrylygam näme, ýaşlyk mysaly,
Ölmese, her kimiň başynda bardyr.
Belki, menden ýüz öwrendir ýaşlygam,
Öň-ä hiç kim menden ýaşynmaýardy.

Çary Ýegenmyradow
12
80
barlagcy
10.04.2022 19:18
Sen ýok.
Bir gün gadryň biliner..."
(aýdymdan)

Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär...
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.

Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi "Sen ýok",
"Sen ýok" ýüregimi gyýdy oýansam.

Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi...
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu "Sen ýok"-lar berkider meni.

Adam-da... küýsegden bagryň dilinýär...
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär...

Sapa Hommadow
12
92
barlagcy
08.04.2022 03:21
Ýüz tutýaryn, takdyr, saňa:
Derde duşsam, eme ýetir.
Agzym kepäp tebsiresem,
Dodagymy neme ýetir.

Altmyş ýaşyň eteginde,
Bu darajyk otagymda.
Gije uka batanymda,
Aman-esen daňa ýetir.

Şükürim bar, ýokdur nalam,
Perzent berdiň göwnüm halan.
Nazar ogluň, Sanjar balaň
Ýaşlarny bir çene ýetir.

Dünýäniň şu syryn açdym
— Düýn-ä geldiň, bu gün geçdiň.
Men ýalandan aşa düşdüm,
Indiberin Çyna ýetir!

Berdinazar Hudaýnazarow
8
49
barlagcy
25.03.2022 17:01
Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna,
Daş dek ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz: -Men seni söýýän.

Men seni söýýän
Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmişin ol meni söýeňok diýip,
Seni aýyplajak biwepalykda.

Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger,
Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan.
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap,
Meniňki şol bir söz: -Men seni söýýän.

Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz,
Menem gara gijä tutup ýüzümi.
Duýdurman öňüňden çykaryn birden
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi.
Meni söýseň iki ýürek birleşip, Bir ýürek boljagny öňünden duýýan
Eger-de söýmeseý... Söýmeseň söýme. Meniňki şol bir söz: -Men seni söýýän.

Halyl Kulyyew
18
83
barlagcy
19.03.2022 17:48
Palçy gelin, gözleriňde jady bar,
Belki, gözleň bu dünýäni jadylar.
“Güller solmaz” — diýip, ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez” — diýip, ynandyr meni.
Gün howluksa, “Howlukma!” — diý, ynandyr.
“Görjegiňiz gowluk bor” — diý, ynandyr.
Çyna sygynyb-a tapmadym bagt,
Belki, seniň nesýäň bolsun-da nagt.
Ýalan sözleseňem garap ýüzüme,
Müňkür bolmaýyn seň gara gözüňe.
Diý, keýgim, “Gudrat bar, jady bar palda”,
Hudaý-ha aldatmaz, meni bir alda.
Ömrüň pelsepesi bolsa-da belli,
Palçy gelin, ber kalbyma teselli.
Sözle, keýgim, gury gepde eçil sen,
Kerler eşdip, körleň gözi açylsyn.
Ýetimleň enesi gelsin, ynandyr,
Umytsyz hassalar galsyn, ynandyr.
“Güller solmaz!” — diýip, ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez!” — diýip, ynandyr meni.

Atajan Tagan
15
172