barlagcy
18.05.2022 17:15
Ozaldan zandyma gulandyr, belki,
Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy.
Sähradan selme däl, bägül gözleýän,
Eklenjime bolmasa-da peýdasy.

Uzaklarda sanjak boýly sözenler,
«Geleý» diýip, gollaryny bulady.
Kaknus guşy ýaly eziz göründi,
Şol tarapa uçup barýan gulaty.

Belki, gowy bordy, obada bolsam,
Il deňinde suw tutardym mellegme.
Wah, ýöne bu bahar çeniň-çakyň däl, Sowulýança başga işe el degmez.

Bu ýerlerde hiç zat ýitirmesemem,
Bahar gelse, gidýän ýene gözlege.
Gözetime ýetip üzülýän ýollar,
Meňzeş eken soňlanmadyk sözleme.

Hany, indi bir tüňçe çaý içeýin,
Çöpläýin-de goltuk-goltuk jagrama.
Üýtgeşik gül gözläp, ýadadym biraz,
Ýokdy ýogsam, arzuwlarmyň agramy.

Ozaldan zandyma guýlandyr, belki,
Bahar gelse, gülleriniň şeýdasy.
Hiç haçan solmajak gül gözleýän men, Eklenjime bolmasa-da peýdasy.

Çary Ýegenmyradow
11
55
Myhman Myhman
19 May 2022
Sahradan selme dal bagul gozleyan eklenjime bolmasada peydasy
unknown_12
18 May 2022
👍👍👍👍👍
HoJoM
18 May 2022
Men mun manysyny bashga zada chekdim we haladym..! Men u/n duzulen yaly..! 🤭
ylham_gurbanaly
18 May 2022
Çary agany okaman geçsek bolmaz👏👏👏
HoJoM
18 May 2022
.....👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.