barlagcy
19.03.2022 17:48
Palçy gelin, gözleriňde jady bar,
Belki, gözleň bu dünýäni jadylar.
“Güller solmaz” — diýip, ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez” — diýip, ynandyr meni.
Gün howluksa, “Howlukma!” — diý, ynandyr.
“Görjegiňiz gowluk bor” — diý, ynandyr.
Çyna sygynyb-a tapmadym bagt,
Belki, seniň nesýäň bolsun-da nagt.
Ýalan sözleseňem garap ýüzüme,
Müňkür bolmaýyn seň gara gözüňe.
Diý, keýgim, “Gudrat bar, jady bar palda”,
Hudaý-ha aldatmaz, meni bir alda.
Ömrüň pelsepesi bolsa-da belli,
Palçy gelin, ber kalbyma teselli.
Sözle, keýgim, gury gepde eçil sen,
Kerler eşdip, körleň gözi açylsyn.
Ýetimleň enesi gelsin, ynandyr,
Umytsyz hassalar galsyn, ynandyr.
“Güller solmaz!” — diýip, ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez!” — diýip, ynandyr meni.

Atajan Tagan
15
172
gulshatayewa97
20 Mart 2022
🌹🌺gowy gorýän goşgylarmyň biri
ideallider
20 Mart 2022
GoLd, ok. Wajypdäl🙂👍
ideallider
20 Mart 2022
GoLd, maňa "Köşeş" diýip ýazypdyňweli, şoňa "Nirde gyzmalyk etdim" diýip soradym! Ol teswiriňi hem udalit edipsiň!
Jerençaryyewa
19 Mart 2022
👍👍👍👍👍
ideallider
19 Mart 2022
GoLd, nämä düşžnmediň? Haýsy aýdanyma!?
ideallider
19 Mart 2022
Elvan777, dogry edipsiň. A to tas flirt diýip düşünipdim😄👍
ideallider
19 Mart 2022
Elvan777, gelejekde diýemde "Durmuşda" diýen manyny ugratmadym. Menem "Gelejek şu progda" diýjek bolupdum🙂. Ok.
ideallider
19 Mart 2022
Elvan777, hehe. Gelejekde seni geň-galdyrmakda köplerden ýeňiji meni hasap edersiň, gowulukdada erbetlikdede😌
ideallider
19 Mart 2022
Elvan777, menem öň "Dogruçullar gödek, kejir" diýýärdim. Ýöne inniler "Häää bir mahal plany hem şu babatynda şeýle diýipdi. Men paňkelle çaga bolupdurn" diýip galýan wagtlarym köp😄👍
ideallider
19 Mart 2022
GoLd, nirde gyzmalyk etdim😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.