bamy
31.07.2023 12:52

Şäherde ýaşaýan bir maşgalanyň durmuşynda bolan waka esasynda ýazylan, kä gülküli, kä gamly durmuşy sahna oýny. Öňi bilen aýtmaly zat, eserde gozgalýan wakanyň her bir maşgalada bolup biläýjek, ýüze çykaýjak, nesilleriň arasynda ýüze çykaýjak adaty wakadygyny aýtmaly. Muhammetdurdy aga bütin ömrüne zähmet çekip, indem pensiýa çykyp, gojalygyny maşgalanyň, ogul-gyzyň arasynda, agtyklaryna guwanyp ýaşaýjak wagty. Onuň kemally çagalaryna hemmäniň gözi gidýär. Ýöne hemme zat daşyndan görnüşi ýaly däl, Muhammetdurdy aganyň aýaly ýogalansoň, onuň gününi düzedäýmek niýeti ýok däl. Şonuň üçinem ol zatlary ogul-gyza geňeşip oturmagy artykmaç görüp, öz göwün beren aýaly göwnese bolanydyr-da diýen pikirden ugur alýar. Şonuň üçinem, ol Täçsoltan Myradowna bilen goş birikdirmek, ömürleriniň galan bölegini bile geçirmek hakda maslahatlaşypdyrlar we olaryň bu gepleşikleri sahna-da az görkezilýär. Onuň geregem ýok. Oňa derek Muhammedurdy aganyň ogly Şirli bilen gelni Gülşadyň, gyzy Altynyň howsala düşüşleri sahnada janlanýar. Altyn kakasynyň bir aýal bilen tanyşlyk açyp, gatnaşyk saklaýandygyny ondan mundan eşidip gelip agasyna ýeňňesine çişirip, howsala düşüp aýtmagy bilen başlanýar. Ol aýagy oda bişen ýaly bolup, bir myş eşitse ýeňňesine ýetirýär, olam äri Şirlä aýdýar, olam osmakladyp kakasyndan soraýar, garaz, waka ulalyp, çişip gidip otyr. Muhammetdurdy aga hem oglunyň-gelniniň her bir soragyna jogap berjegem bolup duranok, ol özüni bu meselede erkin duýýar. Ogul bilen gelniniň bolsa gorkulary jaýlary. Erte atalary öýlenäýse, onuň täze ýanýoldaşynyň jaýa dawa etmeginiň mümkindiginden ugur alyp, «suw görmän tamman» çykarýarlar. Öý kitabyny gözläp, onam öýden tapmansoň oda düşýärler. Olar çagalarynyň geljeginiň aladasyny edýänden bolup yrsarasalar, gyzy Altyn kakasynyň bolşundan utanyp, namys astynda galyp, ejesiniň ýagty ýadygärligini saklandan bolan-bolup aglap-eňräp ýör. Olaryň üçüsiniňem häsiýetleriniň işlenendigini, biri-birine aýdýan gep-gürrüňleriniň türkmen maşgalasy üçin örän adaty zatlardygyny we tomaşaçynyň ünsüni çekmek üçin gerek. Maşgalada gapma-garşylyk ýetjek derejesine ýetýär. Muhammetdurdy aga bilen Täçsoltanyň goş birikdirjekdikleri çyn, ogul-gelniň çagalarynyň geljekki ykbalynyň gamyny iýýändikleri dogry, şonuň üçinem olar ýaşulynyň hemme üçin şeýle gymmatly zat öý kitabyny nädendigini soraýarlar. Muhammetdurdy aganyň ony alanam, Täçsoltana berenem dogry bolup çykýar. Ýöne müňkür bolan çagalarynyň garaşyşy ýaly däl-de, atalarynyň öz öýlenjek bolýan aýalynyň jaýyna ýazga durjak bolýany ýüze çykýar. Elbetde, Täçsoltan özüniň ýetişip barýan ogluny ýazgy etdirjek bolýandyr diýen Altynam, «şol aýal şu öýe gelmez» diýip aýaklaryny diräp, ýaşuly adamyň ýüzüne gelip duran ogul-gelnem utanýar, ökünýärler. Ýöne indi giç. Göwünler syndy.


Şeýle durmuşy temanyň ýönekeýden dartgynly, ýeri gelende adamlaryň ganyny gaýnadyp, gaharyny getirýän waka—durmuşy drama ýazmagy tomaşaçynyň gözüniň alnynda bolup geçýär. Adamlaryň, hatda ýakyn adamlaryňam öz bähbitlerine degiljek bolnanda sypaýyçylygy elden berip, göwünleri ýykyşlary gynandyrýar. Umuman, ýönekeý durmuşdan alnan, nesilleriň, maşgala gatnaşyklary hakyndaky çynlakaý eser.

20
234
bamy
29.07.2023 07:35

tymsal


Bir gün bir adam Sokratyň ýanyna gelip: «Pylany barada näme eşidenimi aýdaýynmy?» diýipdir. Sokrat oňa: «Biraz tagapyl et» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir: «Maňa kimdir biri barada aýtmakçy bolýan zatlaryň üç elekden geçip bilermikä? Barlap görelimi?»


Ýaňky adam bilesigelijilik bilen: «Üç elek diýýän zadyň näme bolýar?» diýip sorapdyr. Şunlukda Sokrat «sorag sorap, soragyň jogabyny soranyň özüne aýtdyrma» tilsimini ulanmaga başlapdyr:


– Hawa. Kimdir biri barada aýtmakçy bolýan zadyň eger üç elekden geçip biljek bolsa, maňa aýdyber, ýogsa aýtma. «Üç elek» diýýänimiň birinjisi «Hakykat» elegi. Maňa häzir aýtmakçy bolýaň zadyň hakykatdan hem bolan zatmy?


– Onçasyny bilemok, men ýöne eşidenimi aýdaýjakdym.


– Hä, düşnükli, diýmek sen şony anyk bileňok-da. Gel onda, aýtmakçy bolýan zadyň ikinji elekden geçip-geçmejegini barlap göreli. Ikinji elek «Ýagşylyk» elegi. Pylany barada maňa aýtmakçy bolýan zatlaryň gowy zatlarmy?


– Ýok, gowy däl, gaýtam, erbet zatlar.


– Hä, düşnükli, diýmek sen maňa ol barada erbet zatlar aýtmakçy ekeniň-dä. Üstesine, şol erbet zatlaryň çyndygynam, däldiginem bileňok. Ýeri bolýa-da, seniň aýtmakçy bolýan zatlaryň soňky elekden bir geçermikä? Şonam bir barlap göreli! Üçünji elek «Peýdalylyk» elegi. Pylany barada aýtjak zatlaryň maňa peýdasy barmy?


– Peýdasy ýok.


– Hä, düşnükli. Eger maňa aýtakçy bolýan zadyň çyndygyny ýa däldigini anyk bilmeýän bolsaň, üstesine-de, onuň maňa peýdasy degmejek bolsa, maňa aýdyp oturmagyň näme hajaty bar?!

17
77
bamy
28.07.2023 08:59

Tymsal


Gün­ler­de bir gün Afi­ny­nyň ba­za­ryn­da bir adam Sok­ra­tyň ge­çip bar­ýan­dy­gy­ny gö­rüp, oňa kem­si­di­ji söz­ler aý­dyp­dyr:

– Sen, bi­na­my­syň ba­ryp ýa­ta­ny. Şe­rap iç­mek­den baş­ga oňar­ýan za­dyň ýok.

Sok­rat oňa hiç hi­li gaý­tar­gy ber­män, di­ňe ýyl­gy­ryp oňa­ýyp­dyr. Bu ha­dy­sa­ny bir baý adam syn­lap du­ran eken. Ol geň ga­lyp dur­şu­na, Sok­rat­dan:

– Sen beý­le kem­si­dil­me­le­re nä­dip çy­dap bil­ýär­siň? Bu gür­rüň­ler sa­ňa tä­sir ede­nok­my? – di­ýip so­rap­dyr. Sok­rat oňa-da ýyl­gy­ryp se­re­dip­dir-de:

– Me­niň yzy­ma düş! – di­ýip­dir. Şeý­le­lik­de, ýaň­ky baý Sok­ra­tyň yzy­na dü­şüp gi­dip­dir. Olar bir sa­lym­dan kö­ne am­ma­ryň ga­py­syn­dan ba­ryp­dyr­lar. Sok­rat ke­se­wi­ni ot­lap, içe­ri gi­rip­dir. Ol içer­den sal-sal bo­lan bir ýa­pyn­ja­ny göz­läp ta­pyp­dyr, ge­ti­ri­bem şo­ny ba­ýa uza­dyp­dyr:

– Me, mu­ny eg­ni­ňe aty­nar­syň!

Kö­ne şyl­ha­ny gö­rüp, ga­ha­ry de­pe­si­ne uran baý:

– Sok­rat, se­niň kel­läň ýe­rin­de­mi? Men in­di şu yl­ha­na­dy eg­ni­me ata­ryn öýd­ýär­miň? – di­ýip­dir-de, ýa­pyn­ja­ny zy­ňyp goý­be­rip­dir. Şon­da, Sok­rat oňa şeý­le di­ýip­dir:

– Gör­düň däl­mi? Sen şol yl­ha­na­dy eg­ni­ňe ata­syň gel­me­di. Edil şo­nuň ýa­ly, men hem häl­ki ada­myň ýok­na­syz gür­rüň­le­ri­ne pi­ti­wa et­jek bo­lup dur­ma­dym. Onuň aý­dan söz­le­ri ma­ňa hiç hi­li tä­sir et­me­di. Eger sa­ňa ha­la­ma­ýan bir za­dy­ňy sow­gat ber­se­ler, se­nem şol sow­ga­dy ka­bul et­me­seň, on­da ka­bul edil­me­dik sow­gat ki­miň­ki bo­lar öýd­ýär­siň?! Adam­la­ryň sen ba­ra­da bo­lar-bol­gu­syz gür­rüň ed­ýän­di­gi­ni eşi­dip, mu­ňa ga­har­lan­mak ýa-da gy­nan­mak, ola­ryň zy­ňan yl­ha­nat­la­ry­ny alyp ge­ýen ýa­ly­dyr.

25
75
bamy
27.07.2023 19:07

Ir za­man­lar to­ka­ýa ýa­kyn oba­la­ryň bi­rin­de bir daý­han ýa­şa­ýan eken. Onuň dür­li agaç­la­ra, gül­le­re bü­re­nip otu­ran ul­la­kan mülki bo­lup­dyr. Daý­han ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ny bu ýer­de ösüp otu­ran al­ma aga­jy­nyň tö­we­re­gin­de oý­nap ge­çi­ren eken. Al­ma aga­jy og­lan­jy­ga ul­la­kan hem süý­ji mi­we­le­ri­ni jo­mart­lyk bi­len eçi­lip­dir. Agaç şeý­le­bir äpet bo­lup­dyr we­lin, dür­li haý­wan­lar ony özü­ne mes­gen edi­nip, ag­zy­bir­lik­de ýa­şap­dyr­lar.

Aý­lar-ýyl­lar ge­çip, al­ma aga­jy hem gar­rap, ha­syl ber­me­gi­ni bes eden­soň, daý­han ony bö­lek­läp, dür­li-dü­men ho­ja­lyk es­bap­la­ry­ny ýa­sa­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­ýär.

Gün­le­riň bi­rin­de ol özü­niň ýa­law ýa­ly ýi­ti pal­ta­sy­ny ge­ti­rip, aga­ja ýa­kyn­la­şyp­dyr we­lin, haý­wan­lar üý­şüp, oňa ýal­bar­ma­ga baş­lap­dyr­lar:

– Bu aga­jy çap­ma, bu agaç bi­ziň öýü­miz, eger ýa­dyň­da bol­sa se­nem og­lan­jyk­kaň bi­ziň bi­len bi­le şu ýer­de oý­na­ýar­dyň ahy­ry.

Em­ma daý­han ola­ryň ýal­bar-ýa­ka­ry­na gu­lak hem as­man, işe gi­riş­mek­çi bol­ýar. Şol bar­şy­na bir­den­kä onuň göz­le­ri aga­jyň ýü­zün­dä­ki kö­we­giň için­de lo­wur­dap du­ran sap-sa­ry ba­la düş­ýär. Bal­dan da­dyp gör­ýär we­lin, bi­yg­ty­ýar ça­ga­lyk ýyl­la­ry ýa­dy­na düş­ýär. Ba­lyň dat­ly ta­ga­my oňa şeý­le bir ýa­rap­dyr we­lin, «Bäh, mu­nuň süý­jü­dig­ini!» di­ýe­ni­ni duý­man ga­lyp­dyr. Daý­ha­nyň bal­dan lez­zet alyp iýi­şi­ni syn­lap du­ran ba­la­ry­la­ry: «Biz sa­ňa nä­çe diý­seň bal be­re­li, aga­ja deg­me­seň bol­ýar» di­ý­şip­dir­ler. Sen­jap­lar bol­sa: «Biz sa­ňa hoz ge­ti­rip be­re­li», guş­ja­gaz­lar bol­sa: «Bi­ziň saý­raý­şy­my­zy diň­läp, aga­jyň sa­ýa­syn­da dyn­jy­ňy al» di­ýiş­ýär­ler.

Diň­şir­ge­nip du­ran daý­han aky­ly­na aý­la­nyp, pal­ta­sy­ny bir gy­ra taş­la­ýar. Ol özü­niň kör­pe­je ag­ty­gyn­yň hem al­ma aga­jy­nyň tö­we­re­gin­de oý­nap, wag­ty­ny hoş ge­çir­me­gi­ni is­le­ýär. Daý­han öz ýa­nyn­dan hiç wagt bu aga­jy çap­ma­jak­dy­gy­na äht ed­ýär. Şeý­le­lik­de, haý­wan­lar ýe­ne-de bu agaç­da bir maş­ga­la ýa­ly bo­lup, ag­zy­bir­lik­de şa­dy-hor­ram ýa­şa­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär­ler.

27
209
bamy
26.07.2023 14:01

Söÿgi hatyny ýazmak añsat däldir welin, ýöne ony almagam agyr ýagdaýda goýýan eken.

Elime bukjany gysdyryp, umytly göreçlerini maña dikdi-de :"Jogabyña sabyrsyzlyk bilen garaşaryn" diýip, howlukmaç ötägitdi. Haty öwran -öwran okap kitaplarymyñ arasynda gizledim.Şol günden soñ söýgi hatlaryñ gelmesi köpeldi. Hatlardaky mähir-muhabbete ýugrulan setirler meniñ göwnümi göterip, kalbyma söýgi duýgusy aralaşdy. Daş-töwerekdäkiler syrymy duýmaz ýaly, hatlary jorama saklamaga berdim. Joram olary birnäçe gün öýünde saklady-da, birhili öýkeli halda hatlary maña gowşuryp: "Mundan artyk saklap biljek dãl, öýdäkilerden çekinýän" diýdi. Men hatlary öýmüzde duran köneje sandykda gizlap sakladym. Ýöne "Temeni haltada gizläp bolmaýşy" ýaly, biziñ duýgularymyzyñ üsti açyldy. Käýinç üstüne käýinç eşitmeli bolduk. Söýgimiziñ syryny aýan eden bukjalary otlasam otladym welin, olar bilen ýüregimiñ bir bölejigi üzülen ýaly boldy. Hatlary ýitirim eden bolsam-da, ondaky sözler ýüregimde ýazylgy durdy...

17
84
bamy
25.07.2023 12:40

Adamlar köplenç öz ulumsylygy bilen özlerine gerek bolan adamlaryny ýitirýärler. Ilki bileje oýun edip günde gürleşýärler, soň salamlaşanoklaram ...

günde janlaşýarlar, soň nomerlaryny telefonlaryndan pozýalar ... biri-birine dost-jora diýen bolup, seretseň soň hiç kim bolup galýalar, nätjek. Hiç zadam edip bileňok - gahar gelen syran bolýar. Köpüsi "yzyňa gaýtma" diýenem bolýar, ýöne meniň nähili gaýdasym gelýänimi hiç kim bilesem gelenok!

21
75
bamy
23.07.2023 15:54

saňa täzeden ynanyp

bilmesem,menden gaty görme...gynansagam solan güli direldip bolmaýar!

14
55