Söÿgi hatyny ýazmak añsat däldir welin, ýöne ony almagam agyr ýagdaýda goýýan eken.
Elime bukjany gysdyryp, umytly göreçlerini maña dikdi-de :"Jogabyña sabyrsyzlyk bilen garaşaryn" diýip, howlukmaç ötägitdi. Haty öwran -öwran okap kitaplarymyñ arasynda gizledim.Şol günden soñ söýgi hatlaryñ gelmesi köpeldi. Hatlardaky mähir-muhabbete ýugrulan setirler meniñ göwnümi göterip, kalbyma söýgi duýgusy aralaşdy. Daş-töwerekdäkiler syrymy duýmaz ýaly, hatlary jorama saklamaga berdim. Joram olary birnäçe gün öýünde saklady-da, birhili öýkeli halda hatlary maña gowşuryp: "Mundan artyk saklap biljek dãl, öýdäkilerden çekinýän" diýdi. Men hatlary öýmüzde duran köneje sandykda gizlap sakladym. Ýöne "Temeni haltada gizläp bolmaýşy" ýaly, biziñ duýgularymyzyñ üsti açyldy. Käýinç üstüne käýinç eşitmeli bolduk. Söýgimiziñ syryny aýan eden bukjalary otlasam otladym welin, olar bilen ýüregimiñ bir bölejigi üzülen ýaly boldy. Hatlary ýitirim eden bolsam-da, ondaky sözler ýüregimde ýazylgy durdy...