Şäherde ýaşaýan bir maşgalanyň durmuşynda bolan waka esasynda ýazylan, kä gülküli, kä gamly durmuşy sahna oýny. Öňi bilen aýtmaly zat, eserde gozgalýan wakanyň her bir maşgalada bolup biläýjek, ýüze çykaýjak, nesilleriň arasynda ýüze çykaýjak adaty wakadygyny aýtmaly. Muhammetdurdy aga bütin ömrüne zähmet çekip, indem pensiýa çykyp, gojalygyny maşgalanyň, ogul-gyzyň arasynda, agtyklaryna guwanyp ýaşaýjak wagty. Onuň kemally çagalaryna hemmäniň gözi gidýär. Ýöne hemme zat daşyndan görnüşi ýaly däl, Muhammetdurdy aganyň aýaly ýogalansoň, onuň gününi düzedäýmek niýeti ýok däl. Şonuň üçinem ol zatlary ogul-gyza geňeşip oturmagy artykmaç görüp, öz göwün beren aýaly göwnese bolanydyr-da diýen pikirden ugur alýar. Şonuň üçinem, ol Täçsoltan Myradowna bilen goş birikdirmek, ömürleriniň galan bölegini bile geçirmek hakda maslahatlaşypdyrlar we olaryň bu gepleşikleri sahna-da az görkezilýär. Onuň geregem ýok. Oňa derek Muhammedurdy aganyň ogly Şirli bilen gelni Gülşadyň, gyzy Altynyň howsala düşüşleri sahnada janlanýar. Altyn kakasynyň bir aýal bilen tanyşlyk açyp, gatnaşyk saklaýandygyny ondan mundan eşidip gelip agasyna ýeňňesine çişirip, howsala düşüp aýtmagy bilen başlanýar. Ol aýagy oda bişen ýaly bolup, bir myş eşitse ýeňňesine ýetirýär, olam äri Şirlä aýdýar, olam osmakladyp kakasyndan soraýar, garaz, waka ulalyp, çişip gidip otyr. Muhammetdurdy aga hem oglunyň-gelniniň her bir soragyna jogap berjegem bolup duranok, ol özüni bu meselede erkin duýýar. Ogul bilen gelniniň bolsa gorkulary jaýlary. Erte atalary öýlenäýse, onuň täze ýanýoldaşynyň jaýa dawa etmeginiň mümkindiginden ugur alyp, «suw görmän tamman» çykarýarlar. Öý kitabyny gözläp, onam öýden tapmansoň oda düşýärler. Olar çagalarynyň geljeginiň aladasyny edýänden bolup yrsarasalar, gyzy Altyn kakasynyň bolşundan utanyp, namys astynda galyp, ejesiniň ýagty ýadygärligini saklandan bolan-bolup aglap-eňräp ýör. Olaryň üçüsiniňem häsiýetleriniň işlenendigini, biri-birine aýdýan gep-gürrüňleriniň türkmen maşgalasy üçin örän adaty zatlardygyny we tomaşaçynyň ünsüni çekmek üçin gerek. Maşgalada gapma-garşylyk ýetjek derejesine ýetýär. Muhammetdurdy aga bilen Täçsoltanyň goş birikdirjekdikleri çyn, ogul-gelniň çagalarynyň geljekki ykbalynyň gamyny iýýändikleri dogry, şonuň üçinem olar ýaşulynyň hemme üçin şeýle gymmatly zat öý kitabyny nädendigini soraýarlar. Muhammetdurdy aganyň ony alanam, Täçsoltana berenem dogry bolup çykýar. Ýöne müňkür bolan çagalarynyň garaşyşy ýaly däl-de, atalarynyň öz öýlenjek bolýan aýalynyň jaýyna ýazga durjak bolýany ýüze çykýar. Elbetde, Täçsoltan özüniň ýetişip barýan ogluny ýazgy etdirjek bolýandyr diýen Altynam, «şol aýal şu öýe gelmez» diýip aýaklaryny diräp, ýaşuly adamyň ýüzüne gelip duran ogul-gelnem utanýar, ökünýärler. Ýöne indi giç. Göwünler syndy.
Şeýle durmuşy temanyň ýönekeýden dartgynly, ýeri gelende adamlaryň ganyny gaýnadyp, gaharyny getirýän waka—durmuşy drama ýazmagy tomaşaçynyň gözüniň alnynda bolup geçýär. Adamlaryň, hatda ýakyn adamlaryňam öz bähbitlerine degiljek bolnanda sypaýyçylygy elden berip, göwünleri ýykyşlary gynandyrýar. Umuman, ýönekeý durmuşdan alnan, nesilleriň, maşgala gatnaşyklary hakyndaky çynlakaý eser.