babamyrat
27.02.2020 10:37
Gel,gowsy baryny başlaly başdan,
Birigen ýerinden ömür ýolumyz.
Sen öňki ýeriňde göwnüňi hoşlap,
Duruber,birdenem elwan ýalygyň.
Oýunçy şemala güýmenje bolsun.
Uçursyn ýaz ýeli,oklasyn öňme.
Täzeden tutaly sekuntlaň pulsyn,
Hem asla del zatlar gelmesin göwne.
Sen-ä näz eden bol,çekeýin menem.
Soňra-da öňki deý sumat bol gözden.
Men seni soraglap ygaýyn ýene,(Ýene-de öňümden çykjagňa söz ber!)
Täzeden ýaşaly ýaşan ýaşymyz,
Biz bile bagtly,biz bile bir ten.
Ylhamyny alyp ýedi aşygyň,
Bile bitireli söýgüniň şertin...
Günleri kowalap şu güne ýetsek,
Şu günki deý bölünende ýolumyz.
Gel,gowsy baryny başlaly başdan:
Bahar ýeli göge zyňsyn ýalygyň.
awtory: babamyrat
6
529
babamyrat
25.02.2020 06:56
Gyzgyn söýgi, mähir küýseýär ýürek,
Ýekelikde ömür haýp, biderek,
Ýyldyzlara uçrap, ýitirdim Aýym.
Gözlerime garap, okasyn duýgym,
Ýüregniň töründe gül açsyn söýgim,
Mährewsiz, wepasyz dünýäden doýgun,
Naharym doňupdyr, sowapdyr çaýym.
Dünýä maňa taýym bilen gyzykly,
Ýokarym uzakdyr, daşym çyzykly,
Ýeller ýaly, ýar ýolunda tezikdim
Hem ýar ylgawuna boldum men gaýym.
Gül ýüzünde hergiz görmäýin ünji,
Ýekeje ýylgyrşy dünýäniň genji,
Belki, şirin janym bersem söýünji,
Täzeden jan geler –görsem humaýym...
Sadaja sen, pes päl, naşyja dörän,
Meň üçin hormatyň belentdir örän,
Ýumşak gylygyňa aşykdyr gören,
Sypaýy gülşüňi, bolşuň haladym.
Durmuş agyr, sen günüňden nalaňok,
Ýalan sözi, gep-gybaty halaňok,
Halallykdan başga zady bileňok,
Göwnüň näzik, päkligini haladym
awtory :babamyrat
11
518
babamyrat
24.02.2020 11:49
BAKSA GÖZLERIŇ
Nazlije nazaryň galtaşan wagty,
Süňňümi gowşadýar, baksa gözleriň.
Ömre wada berip tükenmez bagty,
Gülzara ogşadýar, baksa gözleriň.
Kalpda yşkyň ody başlaýar köräp,
Dünýä şeýle jady gördümi, döräp?!
Burk urýar bägüller, başlaryn yrap,
Sen taýa yşk edýär, baksa gözleriň.
Şeýle syrly, beýle enaýy bakýar,
Päk duýgular kalbyň törüne çökýär,
Göwün bolsa, dagyň başyna çykýar,
–Asmanda joş edýär, baksa gözleriň.
Beýle gudrat gaýtalanmaz, döremez,
Kim aýdypdyr: «Baksa, daşlar eremez»?!
Göwün galkar, aýak welin, ýöremez
Ýaşymy ýaş edýär baksa gözleriň.
awtory :babamyrat
9
471