babamyrat
24.02.2020 11:49

BAKSA GÖZLERIŇ

Nazlije nazaryň galtaşan wagty,
Süňňümi gowşadýar, baksa gözleriň.
Ömre wada berip tükenmez bagty,
Gülzara ogşadýar, baksa gözleriň.
Kalpda yşkyň ody başlaýar köräp,
Dünýä şeýle jady gördümi, döräp?!
Burk urýar bägüller, başlaryn yrap,
Sen taýa yşk edýär, baksa gözleriň.
Şeýle syrly, beýle enaýy bakýar,
Päk duýgular kalbyň törüne çökýär,
Göwün bolsa, dagyň başyna çykýar,
–Asmanda joş edýär, baksa gözleriň.
Beýle gudrat gaýtalanmaz, döremez,
Kim aýdypdyr: «Baksa, daşlar eremez»?!
Göwün galkar, aýak welin, ýöremez
Ýaşymy ýaş edýär baksa gözleriň.
awtory :babamyrat
9
471
GYLYJOW DIYAR
24 Fewral 2020
???❤❤❤
Janita
24 Fewral 2020
???
Aycicek
24 Fewral 2020
?????dowam et babamyrat
babamyrat
24 Fewral 2020
sizin gownize ýarasa menin üçin uly bagt
Fatima
24 Fewral 2020
Gowy goshgy duzupsiniz mlds???
☆NUR☆
24 Fewral 2020
Tuweleme gaty gowy duzupsizn mlds?❤❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.