babamyrat
02.03.2020 08:32
Söýmeseň-de alabahar Şol gözele duşanymda şu gezek:-Sözüm diňle –diýdim.-Sözlegin –diýdi. Diýdim: –Gülüm, beýle örteme uzak.-Gülüňi daşrakdan gözlegin –diýdi.Diýdim: -Sen görküsiň ähli gülleriň.-Sen nämeler diýýäň, goý, oglan –diýdi.Diýdim: -Sagym sagýan akja gollaryň...-Diýjegiňi açygrak diý, oglan –diýdi.-Sen meni söýermiň, perizat –diýdim.Gyz ýaýkap başyny: -Söýmerin –diýdi.Bu ýöne bir söýgi däl, bu bir ot –diýdim,Gyz çytyp gaşyny –Köýmerin –diýdi.Diýdim: -Ýürek joşýar misli bir derýa,Gyz oýnap saçyny: -Ýüzmerin –diýdi.Diýdim: -Bar umydym inçelip barýa,
Gyz dişläp dilini:-Üzmerin –diýdi
8
743
Myhman Myhman
21 Mart 2020
???
Paradise
4 Mart 2020
Gowy gosgy ???
babamyrat
4 Mart 2020
awtory men
gulshatayewa97
2 Mart 2020
Şu goşgyň awtoryny bilseňiz aýdaýyň?
Baby
2 Mart 2020
Hehe gune keypli oyanmak gowy ya sizi bir habar keyli etdimi biri size edil gosgudaky yaly razylyk berdimi.GOSGY CYNDANAM GOWJA SAG BOLUN YAZANYNYZ UCIN BIR LIKE MENDEN
Myhman Myhman
2 Mart 2020
Hmmm Babamyrat bu gün säher bn gatyja joshdynyz Tüveleme?
babamyrat
2 Mart 2020
ýüregim josýar misli ýer derýa
Myhman Myhman
2 Mart 2020
Hm dogry ?
babamyrat
2 Mart 2020
Gyz razylyk beripdir
Myhman Myhman
2 Mart 2020
gyz razylyk beripmi!?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.