babamyrat
20.11.2019 12:56
Açgözlük- adamçylyk ,mertebesinden aýrar ,ýakynlaryny dusmana öwrer .
13
49
babamyrat
19.11.2019 21:43
Güli gülene ber
Söýgiňi duýana
Ýüregini dasap biljege ber
12
92
babamyrat
19.11.2019 21:39
Söýgi -şemal ýalydyr, gormersin, emma duýup bilersiňiz !
9
50
babamyrat
17.11.2019 21:39
Bir kiziniz olsa adini ne goyardiniz ?
8
81
babamyrat
17.11.2019 16:08
Meniň bir tanşym bar: adyn aýdyp biljek däl.
Tapawudy näme – Meretmi, Kuly.
Wezipesi näme – onam aýdyp biljek däl,
Tapawudy näme – kiçimi, uly.

Alýan aýlygy-da biziňki ýaly.
Hut biziňki ýaly aýagy, eli.
Ýöne bizden birje tapawudy bar –
Köpmüşin puly.

Nireden alýarka? Onam aýdyp biljek däl.
Ýöne käte-käte gijände dili,
Gezelenje gelýär. Ýa-da çagyrýar.
Damaskmy,
Beýrutmy,
Müsürmi,
Çili –

Ynsan ömri hakda, azary hakda,
Armanly ölenleň mazary hakda,
Müňläp pajygaly mesele hakda,
Dünýäň derdi hakda, keseli hakda
Gürrüň edilende –
başyny ýaýkap,
«Hä-h şeýle-dä!» diýip, dem alyp uly,
Hyrçyn dişläp, için çekýärem weli,
Birden arasynda ýylgyraýýar ol
Ýadyna düşende
puly, puly, puly...
12
91
babamyrat
16.11.2019 22:35
Köçämizden geçip barýar adamlar.
Käbiri şadyýan, käbiri gamgyn.
Nämüçin şadyýan? Nämüçin gamgyn?
Bilesin gelse-de, soramasy kyn.

Asyl, sorap ýörmek gerekmikä bir?
Kişin gizlin syry nämäne derkar?
Dogmak bar, ölmek bar...
Ýöne dünýäde
Näçe diýsen başga sebäpler-de bar.
9
96
babamyrat
16.11.2019 21:56

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Iň uly halypam Pyragy weli,
Ilkinji ädimmi penalamakda
Ilkinji goluny uzadan adam
Başga howandardy, başga kişidi.
Ol Pyragy däldi. Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Ullakan halypam Puşkindi weli,
Täze halypam hem halypalykda
Şonça iş edipdi. Ejiz setirlem
Şonun emri bilen alga geçipdi.
Ýok, ol Puşkin däldi.
Ýöne şo pursat
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Ullakan halypam atamdy weli,
Ikinjisi duşup ýowuz ýaşlykda,
Orakly atamyň ýetişmedigni
Kem-kemden taplapdy eli çekiçli.
Ýok, ol atam däldi.
Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.
10
75
babamyrat
16.11.2019 21:43
«Pylanynyň ýerinde bolan
bolsam, köp zatlary
düzederdim...» «Ýok, her
haýsymyzyň öz ornumyzda näme
iş edip biljekdigimiz hakynda
oýlanmalydyrys.Men näme üçin
doguldym? Adamyň bütin ömri
şu soragyň jogabydyr.
9
94
babamyrat
14.11.2019 08:28
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Damja dama-dama köle öwrülip,
Yzlar — ýoda,
Ýoda — ýola öwrülip,
Oglanlar gyz är-aýala öwrülip—
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Owazlar goşulyp öwrülýär saza,
Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza,
Ömür köne,
Emma ykballar täze —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Sen gyza bakýarsyň,
Gyz bolsa — saňa.
Ýöne entek söýgi diýlenok muňa,
Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Ýeli, suwy adam öwürýär güýje,
Ýaz — tohum sepilýä
Güýzem — netije —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl,
Durmuş näme?
Durmuş — jogap däl —
Sowal.
Günäň garşysyna döräpdir zowal —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýamana haý diýip,
Ýagşyny aýap,
Biz kemal tapýarys çeksek-de azap,
Bir zady ýumursa,
Bir zady ýasap —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman,
Kesel köpelensoň döräpdir Lukman.
Bizi howlukdyryp,
Özi howlukman —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
12
81
babamyrat
13.11.2019 20:08
Gözjagazyn ýumup ýatyr çagajyk –
Bu dünýäniň ahwalyndan bihabar,
Asmanyňdan, ýaragyndan, urşundan,
Haramyndan, halalyndan bihabar.

Ol diňe enäniň ak süýdün bilýär.
Şondan başga zada ýetenok akly.
Ýöne onuň eýýäm adam ady bar –
Ýaşamaga hakly, iýmäge hakly.

Aglamaga hakly, gülmäge hakly.
Aglaýar çagajyk (bolsa-da erkek!),
Erkekleriň aglamaly däldigin
Bilenok köşejik, bilenok entek.

Häzirlikçe goý, aglasa aglasyn,
Çagalara agy üçin temmi ýok.
Olar oňat düşünýärler bir zada –
Aglamasaň – wah,
emme ýok, memme ýok.

II

Bilemok, adyna näme dakdyňyz –
Ajap atlar köpdür, ýene-de köp bor:
Ýöne at dakynmak aňsat-da bolsa,
Olara eýelik etmekde gep bar.
10
117