babamyrat
16.11.2019 21:56

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Iň uly halypam Pyragy weli,
Ilkinji ädimmi penalamakda
Ilkinji goluny uzadan adam
Başga howandardy, başga kişidi.
Ol Pyragy däldi. Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Ullakan halypam Puşkindi weli,
Täze halypam hem halypalykda
Şonça iş edipdi. Ejiz setirlem
Şonun emri bilen alga geçipdi.
Ýok, ol Puşkin däldi.
Ýöne şo pursat
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Ullakan halypam atamdy weli,
Ikinjisi duşup ýowuz ýaşlykda,
Orakly atamyň ýetişmedigni
Kem-kemden taplapdy eli çekiçli.
Ýok, ol atam däldi.
Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.
10
75
Aydymch_oglan
30 Oktýabr 2022
Aýdym düzüp bolýamaý dos
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2022
Babamyrat goşgynyzy haladym men özum gosgylary gowy goryan

👏👏👏👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.