Meniň bir tanşym bar: adyn aýdyp biljek däl.
Tapawudy näme – Meretmi, Kuly.
Wezipesi näme – onam aýdyp biljek däl,
Tapawudy näme – kiçimi, uly.
Alýan aýlygy-da biziňki ýaly.
Hut biziňki ýaly aýagy, eli.
Ýöne bizden birje tapawudy bar –
Köpmüşin puly.
Nireden alýarka? Onam aýdyp biljek däl.
Ýöne käte-käte gijände dili,
Gezelenje gelýär. Ýa-da çagyrýar.
Damaskmy,
Beýrutmy,
Müsürmi,
Çili –
Ynsan ömri hakda, azary hakda,
Armanly ölenleň mazary hakda,
Müňläp pajygaly mesele hakda,
Dünýäň derdi hakda, keseli hakda
Gürrüň edilende –
başyny ýaýkap,
«Hä-h şeýle-dä!» diýip, dem alyp uly,
Hyrçyn dişläp, için çekýärem weli,
Birden arasynda ýylgyraýýar ol
Ýadyna düşende
puly, puly, puly...