azatyazmuhammedow
16.05.2024 21:27
Sarysyndan ýoldym, göginden ýoldym,
Gyzylyndan ýoldym, agyndan ýoldym.
Güller biri-birinden ajaýyp Eje,
Dogryjamy aýtsam baryndan ýoldym.
Mugallym rugsat etdi, ýolaýyñ diýdi,
Halanja gülüñizi alaýyñ diýdi.
Ejeñize gowşyryñ bu gülleri,
Ýetmese ýene-de geläýiñ diýdi.
Baýram, Meret, Çary öýlerne gitdi,
Gujagyn dolduryp, bir desse gülden.
Eje, ynha menem ýuwaşlyk bilen,
Şol bir gujak gül bilen ýanyña geldim.
Seretsene, Eje güllere seret,
Seniñ halaýanyñ terje bägüller.
Goşgy hem öwrendim onam aýdaýyn,
Şahyrçylyk eden bolýan kägünler.
Janym Ejem, gutly bolsun baýramyñ,
Minnetdarlyk üçin galma azara.
Diýdide, çagajyk gül goýyp gitdi,
Göz ýaşyn damdyryp, köne mazara...
26
419
azatyazmuhammedow
06.04.2024 05:35
Aýala kän birzat geregem däl,
Gaýnyndan özbaşdak aýra jaý bolsa.
Jaýynyň içi erteki ýaly,
Umuman alaňda ol öý baý bolsa.
Aýala kän birzat geregem däl,
Maşyny bar bolsa ýan ýoldaşynyň.
Ýönekeý opeliň gerekdäl oňa,
İň pesi toýota bolmalymyşyn.
Aýala kän birzat geregem däl,
Ýoldaşyn diýenin bitirip dursa.
Bir diýenin iki gaýtalatmanjyk,
Äkel diýen zadyn getirip dursa.
Aýala kän birzat geregem däl,
Adamsy oýüne irräjik gelse.
Bilip bolmaz adamçylyk birdan gijä galaýsa,
Öýde galmagalyň boljagny bilse.
Aýala kän birzat geregem däl,
Eger çagajyklaryna gaýny seretse.
Sebäbi tikinçä, bazara, dükana,
Aýlanyp ýadaýar aýal neresse.
28
141
azatyazmuhammedow
03.04.2024 22:58
Ykbal çökeripdir, iki omzumy,
Has kiçikäm, ak garany bilerden.
Şol gün, meniň üçin günleň ýowuzy,
Myhmanlar gelýärdi, gaýry illerden.
Girýädiler, otagyna Kakamyň,
Näme bolýar? aglaýan bar gülýän ýok.
Çaga soraglaryma, jogap tapmadym,
Göýä, näme bolýanyny bilýän ýok.
Onýançada, ýüklediler Kakamy,
Agaçdan ýasalan, näbelli zada.
Kakam nirä barýar? diýip soradym,
Uzaklara, işe diýdi bir adam...
23
42