azatyazmuhammedow
03.04.2024 22:58
Ykbal çökeripdir, iki omzumy,
Has kiçikäm, ak garany bilerden.
Şol gün, meniň üçin günleň ýowuzy,
Myhmanlar gelýärdi, gaýry illerden.

Girýädiler, otagyna Kakamyň,
Näme bolýar? aglaýan bar gülýän ýok.
Çaga soraglaryma, jogap tapmadym,
Göýä, näme bolýanyny bilýän ýok.

Onýançada, ýüklediler Kakamy,
Agaçdan ýasalan, näbelli zada.
Kakam nirä barýar? diýip soradym,
Uzaklara, işe diýdi bir adam...
23
42
alma___
4 Aprel 2024
😥😥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.