Sarysyndan ýoldym, göginden ýoldym,
Gyzylyndan ýoldym, agyndan ýoldym.
Güller biri-birinden ajaýyp Eje,
Dogryjamy aýtsam baryndan ýoldym.
Mugallym rugsat etdi, ýolaýyñ diýdi,
Halanja gülüñizi alaýyñ diýdi.
Ejeñize gowşyryñ bu gülleri,
Ýetmese ýene-de geläýiñ diýdi.
Baýram, Meret, Çary öýlerne gitdi,
Gujagyn dolduryp, bir desse gülden.
Eje, ynha menem ýuwaşlyk bilen,
Şol bir gujak gül bilen ýanyña geldim.
Seretsene, Eje güllere seret,
Seniñ halaýanyñ terje bägüller.
Goşgy hem öwrendim onam aýdaýyn,
Şahyrçylyk eden bolýan kägünler.
Janym Ejem, gutly bolsun baýramyñ,
Minnetdarlyk üçin galma azara.
Diýdide, çagajyk gül goýyp gitdi,
Göz ýaşyn damdyryp, köne mazara...