awesome
27.12.2021 17:53
Filosofiýa: "durmush saña limon berse, sen ondan limonad ýasa"

Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Ýokary okuw mekdebimde ýashy 70-den geçen mugallymym bar. Pensiýa döwri gelsede ol uly höwes bilen ishleýärdi. Nähili samsyk talyplar bolsada ýaltanman düshündirjek zadyny düshündirip bilýär. Günortan arakesme jañ kakyldy. Talyplar begenip klasdan çykýardylar. Hatda "talyplarym geljekde hor bolmasyn" diýip ylym berýän mugallymada "sagboluñ" diýen sözünede gysgandylar. Mugallym meniñ ýüzümde aladanyñ bardygyny bilip ýanyna çagyrdy-da ýönekeýje tejribe geçirdi. Tejribe ýönekeý bolsada meniñ hijem ýadymdan çykmaz. Tejribe: mugallym çüýshäni suwdan doldurdyda partanyñ üstüne dökdi. "Baýram! Seret, çüýshedäki suw döküldi diýip näçe alada etseñem suw çüýshä gaýdyp girmez. Boljak zat boldy. Indi näme üçin alada etýäñ?! Alada etmek ýürek kesellerine, ashgazan ýarasyna (ýazwa) we aýak rewmotizimine getirýändir.seniñ garyndashlaryñ 40-45 ýashyna ýetmänke, 100% bolmasada 95% anyk aýdyp biljek, ýagny olar ýokardaky keseller bilen kesellediler." hormatly agzalar! Dogurdanam boljak zat bolansoñ alada etsek hiç zat yzyna gaýdyp gelmeýär. Ýene-de mugallym maña dünýäniñ beýik shahsyýetlerini (bethowen, benzhamin franklin, enshteýin) beýiklige çykaran söz aýtdy. Ine ol sözler: "durmush saña limon berse, sen ondan limonad ýasa" akylly adam sözler bilen ýörärmish, samsyk bolsa tersine. Samsyk adama limon düshse (kynçylyk) "men nähili nalaçedeýin, men hiç zat edip bilemok, bu meniñ durmushum". Ol adam terki dünýä bolýar, kellede diñe alada. Durmushuñ gözelligini görmän dünýäden ötýär. Eger-de akylly adama limon düshse ol: "men shu kynçylyklardan nädip çykyp bilerkäm? Geljekde maña nähili sapak bolarka?" diýer. Durmushuñ kynçylygyny limonad eden adamyñ durmushy hakda mysal getireýin. Mary welaýatynyñ baýramaly shäherinde ýashaýan daýhan (adyny gizlin saklamagy makul bildim) daýhançylyk üçin ýer satyn alýar. Ýer beýiklikde bolany ü/n ol ýerä añsat suw çykanok eken. Ýer shorlapdyr, diñe ýandak bitipdir, üstesine ýylanlaram kän eken. Daýhan ýylda ýerinden 20müñ$ girdeji alýar. Nädip bashardyka? Ýylanlary köpeldip dersini aýakgap çykarýan dashary ýurt firmalaryna satýar, ýylanyñ etini restoranlara berýär, zäherindenem derman ýasaýar. Hormatly agzalar! Shu ýazgyny ýaltanman soñuna çenli okan bolsañyz, geljekde azyrak bolsada kömek eder diýip umyt etýän."durmush saña limon berse, sen ondan limonad ýasa"

Bayram
10
172
awesome
26.12.2021 08:52
Toprakdan ýasaldyňmy – toprak ýaly agras bol.

İň agyr ýük

Bir zat aýan: ähli adamyň ýasalan materialy toprak! Seniňem, meniňem, onuňam asly toprak! Ol birinden uly boljak bolsaň, köpçülige kiçiligiňi äşgär edersiň. Ol birinden beýik boljak bolup göze-başa düşseň, pesligiňi görkezersiň. Beýik ärler, serdarlar, serkerdeler, danalar kiçigöwünligi, pespälligi bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolandyrlar.
Ulumsy bolmaly däl, ýöne ulumsy bolmajak bolup, görene ýyrşaryp ýörmek hem gerek däl. Toprakdan ýasaldyňmy – toprak ýaly agras bol, toprak ýaly mährem bol, toprak ýaly hasylly bol.
Jübiňe ýüz manat düşeninde hondanbärsi bolup, ile sygmasaň, şol puldan aýrylan günüň ne hala düşersiň? Jübiňe ýüz manat düşeninde müň manatlyk ulalýan bolsaň, sen puluň adamsysyň!
Wezipe kürsüsine müneniňden töweregiňdäkilerden ulalyberseň, sen wezipe adamsysyň, iliň adamsy dälsiň. Kürsä müneňden ýer görmän ugrasaň, düşeniňde hem ýer görüp bilmersiň.
Bir gezek awam pahyr zeýrendi:
– Hut öten ýyl: «Tüweleme,ýigit kemi ýok, adamyň jany ýaly ýigit, bilimem bar, danalygam» diýip, başlyk saýlapdyk, ynha, ýaňam ony işinden aýyrdyk. Başlyk boldy-da, adamçylygyny ýitiräýdi…
Magtymguly aýtmaýarmy: «Ikiniň sylagy birin azdyrar» diýip. Sylag-hormaty, wezipäni, yrsgal-döwleti götermäge baldyr gerekdir, baldyr!
Dawut pygamber ullakan ýurduň patyşasy eken. Onuň dagyň arslany ýaly kyrk sany ogly bolupdyr. Ol bir gün ogullary bilen namaz okamaga oturanynda göwnüne şeýtan «men-menlik» salýar. Ol öwünýär: «Eý, Alla, meniň ýaly kyrk ogluna ymamlyk edip namaz okap ýören patyşa giň dünýäňde ýene barmydyr?»
Dawut pygamber namazyny tamamlap, yzyna gaňrylsa, kyrk oglunyň kyrkysam tükgerip ýatyrmyş…
Men bu rowaýaty ýazyjy ýewreý dostum Aleksandr Gowberge gürrüň berdim weli, ol gaty tolgunyp, ýewreýlerde beýle rowaýatyň ýoklugyny aýdyp, ýandepderçesidir ruçkasyny çykaryp, ýazyp aldy. Ulumsylygyň, öwünmekligiň, men-menligiň nämedigi hakda türkmende rowaýatam köp, mysal hem. «Görogly» eposynyň «Arap Reýhan» şahasynyň bir parçasyna gulak salyň. Görogly beg Arap Reýhany öldürmegiň ugruna çykýar. Ol duşmanynyň geläýjek ýerinde ýüz ýazdyryp, kyrk ýigidini awa ugradyp, Öwez jan bilen Araba garaşyp ýatyrka, meý içip, mes bolýar. Meý-mes bolan adam hem öwünýär. Eposyň beýikligem şonda. Görogly begde adama mahsus bolmadyk beýiklikler hem adama mahsus bolan peslikleriň ähsili bar.
– Nowşirwan adylam meniň ýaly adyllyk bilen ýurt soran däldir gerek?
– Rastdyr, aga.
– Hatam Taýam meniň ýaly ýurda aş-nan beren däldir gerek?!
– Rastdyr, aga.
– Hezreti Alam meniň ýaly agyp-dönüp söweş eden däldir gerek?!
– Haý, haý! Gatyrak gitdiň, aga!
– Öwez jan, gatyrak giden bolsam, kyrklaryň kyrk ýapynjasy bilen meni basyr. Men derläp aýňalmasam, asyl aýňalmaryn…
Görogly beg gollary arkasyna gaňrylyp daňlansoň aýňalýar. Görogly beg öwüneni zerarly, ölümden ýeser muşakgatlara sezewar bolýar. Bu bize ata-babalarymyzyň sapagydyr.
Türkmen halkynyň eposlarynda, dessanlarynda, nusgawyy poeziýasynda «men-menlik» iň ýaramaz häsiýet hökmünde ýepbeklenýär. «Men-menligi» Taňrynyň halamaýandygy hakynda taryhda örän pajygaly bir hakykat hem bar. Beýik seljuk soltany – imperatory Alp Arslan 1072-nji ýylda Jeýhun derýasynyň köprüsinden geçip, ýüz müň ýygyny bilen Tamgajyň hökümdary Şems El-Mülküň üstüne ýörişe ugraýar. Onuň maksady Samarkandy syndyrmak. Şol ýörişde onuň ýanyna bir duşmany alyp gelýärler. Ol galany goraýjylaryň biri eken. Alp Arslan meýdan ýörişi çadyrynyň tagtynda oturan ýerinden höküm edýär:
– Dört sany gazyk dikip, el-aýagyny baglap, jezalandyryň!
Jezalandyrylmaly duşman Ýusup al-Hwarazmy Alp Arslana garap batyrlyk bilen:
– Eý, haýyn! Heý, är ýigidem şeýle öldürerlermi! – diýip, soltana topulýar. Soltan oturan ýerinden ok-ýaýyny alyp, özüne tarap ok bolup gelýän Ýusupdan atýar. Ömründe oky boş geçmeýän soltanyň oky boş geçýär. Soltan gazap bilen turup, duşmana tarap ylganynda çadyryň ýüpüne aýagy çolaşyp ýykylýar. Özüni ýer saýýan Ýusup al-Hwarazmy ýerde ýüzin ýatan soltany pyçaklaýar. Onuň begleriniň birini hem hanjardan geçirýär. Şol mahal soltanyň ermeni ferraşy (Ýatýan düşeklerine serenjam berýän) gürzi bilen Ýusubyň depesine berýär. Ýusup ölýär. Soltan agyr ýaralanýar. Soltan ölümini duşmandan görmeýär, özünden görýär. Ol:
– Men Allahyma daýanman, hiç bir duşmanyň, hiç bir kişiniň garşysyna iş etmezdim. Düýn men bir beýik depä çykyp, agyr goşunymdan ýaňa gara ýeriň endiräp durşundan hoş bolup: «Men – zeminiň eýesi, meniň garşyma çykyp biljek hiç bir güýç ýok!» diýip öwünäýipdirin. Men Allanyň ýanynda küpür gepläpdirin, bu iş şonuň netijesi!» diýipdir.
Her kim öz ornunda duranynda beýik bolýar! Dellek dellek ornunda, häkim häkim ornunda, daýhan daýhan ornunda. Kim bolsaň bol, özüňi tanamaly, il hem seni seniň tanaýşyň ýaly, bilşiň ýaly bilmeli. Pul bilen, wezipe bilen beýik bolýan kişileriň beýikligi wagtlaýyndyr.
«Baýlyk, wezipe, pul ýaman» diýen adam akmakdyr!
Pul doganyň etmedik ýagşylygyny eder!
Wezipe iliň ýetmedik beýikligine ýetirip biler!
Ýöne pula mynasyp bolmaly, wezipä mynasyp bolmaly!
Iň agyr ýük – pul, baýlyk.
Iň agyr ýük – wezipe.
Iň agyr ýük – baýlygy, wezipäni, iliň sylag-hormatyny göterinip bilmezlik! Göterinip bilýän kişi maksat-myradyna ýeter, abraýly ýaşar!
Toprakdan ýasalan ynsan topraga gaýdyp barýar. Toprakdan ýasalan ynsan toprak ýaly mährem, toprak ýaly agras, toprak ýaly bereketli bolup ýaşasyn, ynha, şonda ol topraga gaýdyp baranynda, toprak bilen garyşyp gider!

Osman ÖDE.
8
136
awesome
25.12.2021 18:11
Hawa, Adam ogluna iň zerur, iň beýik zatlar mugt berilýär: barlyk, watan, toprak, ene-ata, dogan-garyndaş, söýgi, mähir. Hakyky adam bolsa şol mugt berlen zatlaryň öwezini özüniň manyly ömri bilen yzyna bagş edýär.

***

Şahyryň durmuşdaky ýaragy, iş guraly – ýüregi, onuň eýelemek isleýän beýikligi-de ynsan ýürekleri. Ýürekden çykan duýgy ýürege barýar, ýürekden çykan mähir ýürekleri ýyladýar! Akyldarlar, filosoflar beýnisi bilen pikirlense, şahyrlar ýüregi bilen pikirlenýär. Ýürekden çykan pikirler ýürekleri heýjana salýar, beýniden çykan pikirler bolsa, beýnä, aforizmler kitabyna girýär.

***
Her bir gowy şahyr kompozitordyr, nakgaşdyr. Her ajaýyp goşgy özüniň sazy bilen dünýä inýär, guşuň ganaty bilen dogulyşy ýaly... Kompozitor gowy goşgularyň sazyny agtarmaly, ýöne olar köplenç tersine edýär, özleri saz tapyp şoňa-da şygyr ýazdyrýar...

***

Dünýäde beýik-beýik filosoflar gaty köp!
Dünýäde köp ýazan ajaýyp şahyrlar gaty köp!
Emma her bir goşgusyna ýürejigini, mähir-muhapbetini, uçganaklap duran
şatlygyny, mylaýym gussasyny goýan şahyrlar bolsa beýle kän däldir. 

***

Şu günki goşgulary ýazýan şahyrlar goý, şu gün çykardyp ýetişsin, ölmejek, jahanda galjak goşgulary haçan çykardanyňda-da bolýar

Nobatguly REJEBOW
8
79
awesome
09.12.2021 09:03
Töhmet atmak—öz üstüňdäki hapany, üstü tämiz adama bulaşdyrmaga synanyşmakdyr.
Diýeli siz sosýal bir gurşawda. Ýanyňyza ýüzüni görmägede çydamaýan, halamaýan adamyňyz gelýär. Size salam berýär. Siz şonda näme ederdiňiz? 
Belki bir sowuk bir şekilde Salam berersiňiz… 
Belki, ýüzünede bakmarsyňyz…
Gürleşmek islemän bilersiňiz.
 Ýa-da rol oýnarsyňyz. Gysga jogaplar bilen başyňyzdan aýlajak bolarsyňyz. Emma ol ýerdedigini bilip kabul edersiňiz. 
Eger siz ýüz bermeseňiz, sowuk garasaňyz, soraglaryna jogap alyp bilmese, 5 minudyň içinde sizden uzaklaşar. Siz arkasyndan gararsyňyz, rahatlarsyňyz.
 Ýeri, siz oň bilen sögüşip, uruşsaňyz nähili bolardy? 
Eger siz oňa gygyrsaňyz olam size gygyrar. Uly dawa-jenjel bolar. Ýa siz duran ýeriňizi terk edersiňiz ýa-da ol. Ýöne, dawa 5 minutdan uzaga çeker.
 Islenmeýän düşünjeleri, pikirlerem edil şoňa meňzedeliň. Islenmeýän düşünjelerem islenmeýän adam ýaly islenmeýän ýerlerinde boljak bolýarlar. Adyndan belli bolşy ýaly islenmeýän, birahat ediji düşünjeler…
Ýaňky usuly ulansak nähili bolar? 
Düşünje, pikir bilen uruşyň, gohlaşyň. Sesini goýdurmaga synanyşyň…
 Siziň pikiriňizçe näme bolar? 
Olam islenmeýän adam ýaly, size jogap berip özüni aklamaga, goramaga synanyşmazmy? 
Şeýle-de bu düşünje günüň soňunda aňyňyzda has köp ýere eýe bolmazmy? 
Diýmek isleýän zadym özüňiz bilen uruşmak, sögüşmek: 
1. Işe asla ýaramaz. Siziň bilen has köp wagt bile bolar. Çünki siz eýýäm olara bir many berdiňiz. Başgasyna sögüp, aýdyp bilmedigiňizi özüňize aýtdyňyz. 
2. Dawa edeniňiz üçin siziň keýpiňiz gaçar, ýadadar, täsir eder we birnäçe gün dowam eder.
Umuman etmeli zadyňyz: 
Kelläňize özüňiz bilen uruşmak düşünjesi gelen wagty, 
1. Gelenini görmek. 
2. Gelenini kabul etmek. 
3. Uruşmasaňyz we oňa jogap bermeseňiz oň gitjekdigini bilmek. 
4. Giden wagty arkasyndan seretmek.
Düşünjeler, pikirler gelip geçijidir. Eger siz bir many bermeseňiz olar öz-özünden geçip gider. 
Ýagny sizem her diýilene üns bermäň, bilýän töhmet atylmak agyr duýgudyr. Töhmet, öňüňizdäki adamlary bilkastlaýyn abraýdan düşürmek üçin edilýär.
 Ýöne bir zady biliň, eger siz hakykatdanam günäsiz bolsaňyz, size atylan töhmetler size sogap, töhmedi atana jebirdir. Siz sabyr edip geziň, ýalan ýerde ýatmaz. Özüňizi düşündirmäge synanyşyň. Eger düşünmeseler, näme etmelidigi barada ýazypdym.



Düşünmeýänlere düşündirmek rak keseliniň bir görnüşidir. 
Hz. Mewlanadan gowy görýän bir sözüm bar. 
“Sen näme aýtsaň aýt, aýdanlaryň garşyňdakyň düşünişi ýalydyr.”
 Başgaça düşünmeýşi ýalydyr. 
Düşünmek isleýäniň sessizliginden hem düşünip biljegi bu durmuşda, özümi düşündirmek üçin dilimde sarp eden sözlerimiň hasaby ýok. 
Öňler özümi düşündirmek üçin bogazymy guradan ol günlerimi hiç küýsämok. Küýsemäge niýetimem ýok. Adamyň özüne edýän iň uly zorlugy, düşünmeýäne düşündirmäge synanyşmakdyr. 
Käwagt käşge diýýän, käşgä wagty yzyna dolamaga mümkimçiligim bolsady-da, geçmişe dolanyp maňa düşünmeýäne özümi düşündirmäge synanyşmak aňyrda dursun, hatda ýüzüne-de seretmezdim. Bu zatlary başdan geçirmän bilip bolanok. Göräýmäge manysyz ýaly bolsa-da, emma ol pursat ýene bir gezek kämilleşýärsiň. 
Bu barada Uğur Gökbulut-yň bir sözi bar. 
“Ýeri gelende gülüp geçmegi öwren. Gepe düşünmeýäne, gep düşündirmekden, bir zatlary üýtgetmek üçin göreşmekden we ynsanlykdan nesibesini almadyklar bilen iş salyşmakdan az ýadadar seni.”
Menem şuny ýerine ýetirýänimden bäri ýadamok. Dymýan we uzaklaşýan. Bu ýagdaýda özüniňkini dogry hasaplajaklaryny bilýärin, emma men ýene-de sessizligi saýlaýan. Goý, olar özleriniňki dogrudyr öýtsinler. 
Men indi düşünmeýäne düşündirmeýän. Men beýle ýagdaýda Dostoýewskiýniň şu sözüne gulak asýan: “Diňe göwnüne degmezlik, özüme gelişýäni etmek üçin jogap bermedigim kişiler özlerini hakly (dogry) hasapladylar.”

Indi hemme kişi hemme zady bilýär, indi hemmeler hemme zady gürleşip öz meselelerini çözüp biljekdigini pikir edip, dymmagy türmä basýarlar.

Käbir pursatlaryň ümsüm bolýan wagtlary bolýar. Dymmak hem bir mertlik hasaplanýardy. Häzirki wagtda dymmak ýeňliş we ýitgi bilen baglanyşykly diýip kabul edilýändigini pikir edenimde, "sessizlik we dymmak düşünjesi" hakda has köp pikirlenmegiň zerurdygyny pikir edýärin. 

"Söz kümüş, dymmak altyn" diýen sada däp-dessurlardan gelip çykan biz, birden biri-birimizi ýyrtmaga taýyn, dymanyň hemme zady ýitiren we gorkak bolan bir döwründe gözümizi açan ýaly.
Sebäbi indi "mert" sözi diňe bir ýönekeý söz bolansoň, biri-birimize düşünmegi wagtyň ýitirilmegi hökmünde görýän çalt sarp ediş obýektlerine öwrüldik. Biziň her birimiz diňe "follower" we beýlekisiniň gözüne "like" potensial.
Pursatlara, adamlara, wakalara baha bermek we düşünmek üçin bir ölçegden geçmek, gysgaça aýdanyňda, durmuş ruhunyň aň-düşünjämize ýazan iň agyryly taglymatlaryndan biri bolup biler. Dogry (hakly) bolmak gaty sesli gygyrmak bilen ölçelýän we bagtly bolmak pul bilen ölçelýän döwrini başdan geçirýäris, bagtly bolmak üçin wirtual görkezijileri ulanmagyň aňsatdygy aýdyňdyr. Dogry (hakly) bolmak üçin köp gürlemek we beýleki adamy gürletmezlik usuly eýýäm ýeňşini yglan etdi. 



Sizem töhmet atýan we size düşünmek islemeýän adamlardan uzaklaşyň!
10
100
awesome
06.12.2021 15:20
Mekgede bir gül
Mukaddes Mekkede bir gül, ýüzi 14 gijäniň aýy ýaly dury, teni nura goýlan dek ak reňkli, sähel tolkun atyp duran saçlary, täze dogan aý dek gaşlary, gaşynyň arasynda ýekeje damar, gaharlandygy tirsildär. Mukaddes Mekkede bir gül, saçy egnine ýetýär, sakgaly gür, garamyk ýaly gözleri bulduraýar, ol gara gözleri hemişe aşak seredýär, asmana dälde ýere seredýär. Nazarynda Alla bolan söýgiň alamaty, ap-ak boýny burulypdyr gussa bilen, sahabalarynyň yzyndan ýörärdi, “goý meniň yzymdan perişdeler ýöresin” diýerdi. Nämedir bir zady geň galsa elini galgadardy, gürlände-de iki elini birleşdirerdi, gaharlananda bolsa ýüzüni öwürerdi, begenende bolsa gözüni sähel ýumup myssa ýylgyrardy, ak sadap dişleri görünerdi. Mukaddes Mekkede bir gül, ýüzünde paýhasyň hem beýikligiň yşaraty, sözlerinde dürler däne-däne döküler. Sesi belent, teninde gülüň ysy gelerdi. Köçeden geçende gül ysy bark urar durardy. Şeýle bir sada, köplenç egninde küwşillän don, iň halaýan reňki bolsa sary bilen ak reňkdi. Iýýän nahary oduň üstünde un goşulyp bişirilen süle, az-kem zeýtun ýagy, birazam burç. Şükür edip saçagyň başynda oturardy. Ol bir gül. Ikinji diýary onuň Medine. Medine münewerde bir gül, adamzat dünýäsiniň iň beýigi, iman hakykatynyň göbegi, yhsan keremiň öýjügi, Rahmany syrlaryň düşýän ýeri, ylahy ýurduň arşy, pygamberler tumarynyň ortasyndaky iň uly jöwher daşy, pygamberler kerweniniň baştutany, ähli barlyklaryň iň tämizi, ar-namys tuguny göteriji, ezeli syrlaryň şaýady, ylymyň, paýhasyň hem hikmetiň çeşmesi, ýer bilen gök älemleriniň göz-guwanjy, iki jahan diregi, bu dünýäniň, o dünýäniň gözi. Medine münewerde bir gül, asyryň hem päk nesliň nurly agajy, ýaradylyş taýdan ynsanlaryň iň ägirdi, maddy gözelligiň iň ajaýyby, hakyky nygmatyň deň-taýsyz görki. Beýik mertebäň eýesi, ýürekleriň tebibi hem dermany, her kimiň küýsegi hem şypasy, gözleriň nury hem ýagtysy. Ençe asyrdan bäri söýülip gelýän, mundan soň hem söýüljek, onda-da päk duýgylar bilen söýüljek iň mynasyp orunlaryň eýesi. Iň ýakyn dost, iň ýakyn hossar Abdul Mutallybyň agtygy, Abdullanyň ogly Serwerimiz Hezreti Muhammet salallahu aleýhi wesellem. Medine münewerde bir gül, näme bolsa-da oňa aşyk millionlarça bilbil, söýgi tugy dikilipdir her bir gursakda, sebäbi ol gül häzirem Medinede. Allahümme salli ala seýýidina Muhammedin we alä ali seýýidina Muhammed
9
115
awesome
30.11.2021 23:23
Üç hadysy şerif
Şeýtanyň şerinden Beýik Allaha sygynyp,Allahyň ady bilen !
Namaz Allaha ynanyp iman edeniňden soňra dinimizde iň uly amalymyz bolup durýar. Ýüregiňi berip,wagt tapyp namaz okap başlamak uly iş bolup durýar. Ýöne,namaza başlanyňdan soňra ony bolmalysy ýaly edip dogry we doly birkemsiz ýerine ýetirmek üçin hem ýene adamdan gujur-gaýrat,dykgat-ünslilik talap edýär.
Namaz okanda Pygamberimiz s.a.w iň şu 3 hadysyny bilmän okan adam ony gaflatda (ýagny namazy doly we dogry derejede göwnejaý okamaz) ýaly okadygy bolar diýilýär.
1-nji hadys. Hamaz müminiň magrajydyr.
Düşündürilişi: Pygamberimiz s.a.w magraj hadysasynda Allahyň huzurunda bolup oňa Jenneti-Dowzahy görmek nesip edendir. Namazdaky Ettehyýat hem şol waka yşaratdyr. Allah 5 wagt namaz okana 50 wagt namaz okanyň sogabyny we magrajyň sogabyny berjekdir.
2-nji hadys. Mümin namazda sejde edende göýä Allahyň aýagyna sejde eden ýaly bolar.
Düşündürilişi: Allatagalaň eli-aýagy ýok,ol hiç bir ýaradylanlara meňzeş däldir. Bu ýerde ýöne Pygamberimiz s.a.w namaz okaýanyň Allaha nähili ýakyn bolýanyny musulmanlara düşündirmek maksady bilen şu mysaly getirendir.
3-nji hadys. Mümin namazda kim bilen gepleşýändigini bilse namazdan hijem aýrylmazdy.
Düşündirilişi: Namaz okaýan adam namazda namazyň sözlerini aýdyp gepläp dur diýeliň,ýöne onuň gepleşýäni kim,elbetde ol Allahdyr. Biziň bolsa namazda bar pikir-hyýallarymyz namazyň daşyndaky dünýewi zatlar. Kä wagt dagyn başga zatlaryň pikirine berilip namazdan nämä we nä mukdar okanymyz hem ýatdan çykýar. Şonuň üçin ýokarky 3 hadysa gowy düşünip,özleşdirip şony ýadymyzdan çykarman okasak inşalla namazymyz göwnejaý bolar we ol göýä okalmadyk ýaly bolup ýüzümize urulmaz. Allah barymyza dogry ýolda dogry amal edip Ahyretimizi gazanmagy nesip etsin !

Kerem Önder
10
92
awesome
26.11.2021 22:46
Suratlarda adamlaryň keşbi bar,
Olar kän zat ýatladyp dur geplemän...
Çary Ýegenmyradow.

Görsene, her biri ömürden parça,
Suratlar, heý!
Durmuş siňen suratlar!
Ine, saňa taýýar gämi!
​​​Ýüregňi
Ýatlamalar ummanyna ugratsaň!

Ynha, şol mähriban klasdaşlarym,
Gara gözler bir nokada gezelgi.
Özboluşly toýdy surata düşmek,
Biz bilýärdik bu pursatlaň hezilni.

...Bu suratda durun täsin ýylgyryp,
Ýanymda owlajyk, şeýle enaýy.
(Sag bol, bu durmuşda iň möhüm zady –
Ýylgyrmagy ündän suratçy daýy!).

...Ýadymda meň bu surata düşüşim,
Goýman üst-başymyň kemin-kemterin.
Soň çatyp ilkinji goşgujyklarma,
Redaksiýa höwes bile eltenim.

Bu suraty gör-le, şol günem ejem
Bezäp-besläp äkidipdi şähere
Basdaş agam ikimizi bileje.
...Ömrümize ömür goşan suratlar
Kän däl, çyn dostlar deý sanaýmalyja.

Ýürekdeşlerim deý mähriban olar,
Eziz şo-ol çagalyk ýyllarym ýaly,
Olary arzylap-aýap goýýaryn,
Kädaýym mährine ýylnarym ýaly.

Hany, ol günleriň şowhuny hany,
Ol pursatlaň tolgunjyny kim biler?!
Ýa ony holtumna düýrläp gitdimi,
Ah, selfiler, başly-barat selfiler.

Öter ömri bir dem eglejek bolup,
Käteler kalby şat eýlejek bolup,
Men şindem surata düşýän ürç ede.
Indi meniň suratym kän şeýlebir,
Ýöne ele alyp kalby çoýara
Suratym ýok birje-de...

Kakamyrat Rejepow.
10
61
awesome
09.11.2021 21:52
Mahmyt Ben Zenk Ak-sonkar, bir gün düýsh görýär. Bir nurana adam ýanyna gelip oña: ,,Mahmyt sen meni iki sany adamdan halas et" diýýär. Ol ukudan oýanýar, namaz okaýar, ýene ýatýar. Shol düýsh bolsa üç sapar gaýtalanýar. Üçünji gezekde Mahmyt oña: ,,Sen kim? Seni kimden goramaly?" diýýär. ,,Men Muhammet pygamber, Allanyñ Resuly, bu iki adam meñ jesedimi ogurlajak bolýar!" diýip, olañ dashky keshplerini aýdýar. Emir Mahmyt shu ahwaldan soñ, akyldar wezirini çagyrýar, düýshünde görenini aýdýar. Wezir düýshüniñ ýorgudyny salgy berýär: ,,Eý, meñ parasatly soltanym! Muhammet pygamberiñ shähri Medinede bir uly ish gopýar. Oñ çözgüdini sizden özge tapjak bolmaz!" 
Netijede, Mahmyt Medinä ugramak üçin hyzmatkärlerine goshun taýýarlamagy tabshyrýar. Öñünden habar etmän Medinä barýar. Sadaka berip, shäher ilatyny oña çagyrýar. Olar bilen salamlashjakdygyny aýdýar. Emri ýerine ýetirilenden soñra: ,,Hemmeler geldimi?" diýip soraýar. Oña shäherde iki sany alymyñ galandygyny, ,,Sadaka barjak däl, bizi isleýän bar bolsa oñ özi geläýsin" diýendiklerini aýdýarlar. Muny eshiden Mahmyt olañ ýanyna barýar, görse düýshünde salgy berilen iki adam bilen meñzesh, Mahmyt olardan kimdiklerini soraýar? ,,Biz Muhammet pygamberiñ metjidine goñshy bolmak üçin, haçparazlañ ýurdundan gelen musulman alymlar." Mahmyt olañ sözlerine ynanmaýar. Assyrynlyk bilen olañ öýlerini barlamagy tabshyrýar. Barsalar öýüñ içinden Muhammet pygamberiñ mazaryna tarap ýeriñ asty bilen öýjük gazylypdyr. Ish aýan edilenden soñra Mahmyt olara dogrusyny aýtdyrýar. Olara Muhammet pygamberiñ jesedini ogurlamak wezipesi ýüklenip, musulman ymmatyny kyýamat gaýym bolýança, ýagny ahyrýet gününe çenli ahmyrda goýmak tabshyrylan eken. Shondan soñ Mahmyt olary halkyñ gözüniñ alnynda jezalandyrýar. Märeke oña alkysh aýdyp, minnetdarlyk bildirýär. Ondan öwlüýäni goramak üçin, ýene bir ish etmegi towakga edýärler. Ol aýlanyp Muhammet pygamberiñ guburynyñ dört tarapyny üç metr çuñlukda gazdyrýar. Berklik üçin oña gurshun eredip guýdurýar..!

Muhammet ibn Ahmet Madri.
9
103
awesome
04.11.2021 10:49
Igor Agliýskiniň "Ýüz sözdäki durmuş" goşgusyna wariasiýa

Agy. Emzik. Sallançak. Düýş.
Hüwdi. Gundag. Galpak hem diş.
Selpeme. Oýunjak. Jigi.
Keman. Şänik. Aşyk. Jübi.

Mekdep. Ikilik, soň bäşlik.
Pökgi. Badak hem basdaşlyk.
Oýun. Ýaňsy. Dawa. Ýumruk.
Syrylan baş. Otly. Gulluk.

Oba. Köçe. Mellek. Pagta.
Şäher. Dellek, soň paýtagta.
Kitaphana. Tahýa. Synag.
Talyp ýyllar. Käýinç. Sylag.

Söýgi haty. Gyz. Duşuşyk.
Leksiýa. Uky. Kitap. Yşyk.
Internet. Arzuw. Ýyldyzlar.
Eller. Lebler. Aşyk gözler.

Seýilbag. Oturgyç. Bilbil.
Kofe. Sessiýa. Diplom. Gül.
Toý. Tomaşa. Gaýyn. Giýew.
Durmuş. Gahar. Öýke. Kine.

Dostlar. Futbol. Arpa suwy.
Pikir. Baý bolmak arzuwy.
Ogul. Hüwdi. Sallançak bag.
Alada. Gam. Ýürekde dag.

Öý. Işdeşler. Öý. Maşgala.
Deňiz. Tanyş we başgalar...
Söwda. Baýlyk. Pul. Maksatlar.
Telewizor. Kino. Hatlar.

Dynç alyş. Bag. Gürrüň. Çäýnek.
Çal saçlar. Gan basyş. Äýnek.
Agtyk. Hüwdi. Sallançak. Öý.
Pensiýa. Derman. Ak goýun toý.

Dem alyş. Jykgyldy. Sagat.
Säher. Agy. Molla. Tabyt.


Seýitmyrat Geldiýew
8
127
awesome
31.10.2021 18:11
Adam - Musulman rowaýatlarynda ilkinji adamyň ady. Gurhanyň bir garaýşyna görä Alla Adamy palçykdan, beýleki bir wesriýasyna görä hem tozandan ýaradypdyr. Adamyň özüniň ýerdäki wekili etmek üçin, Alla oňa ähli zatlaryň adyny öwredipdir we şol atlary bilmeýän perişdelere bolsa Adama tabyn bolmaklygy buýrupdyr. Perişdeleriň hemmesi tabyn bolupdyrlar, diňe Iblis boýun towlapdyr we şonuň üçin hem ol Adam atanyň we onuň aýaly How enäniň ýaşan Jennet bagyndan kowlupdyr. Adam ata we onuň aýalyna agaçlaryň birine /bugdaý/ golaýlaşmaklyk we ''azgynlara öwrülmezlik üçin'' şol agajyň miwelerini iýmek gadagan edilýär. Şeýtan bolsa Jennet bagyna girýär we gadagan edilen bugdaýdan dadyp görmek üçin olary yrýar. Adam ata Allanyň aýdanyny etmeýär we ''ýoldan çykýar''. Alla ilkinji adamlary Jennetden Ýere kowan hem bolsa, goldajakdygy hakda Adam ata wada edýär.
Halk rowaýatlarynda Gurhanyň sýužetleri ösdürilýär. Käbir wersiýalara görä, Adam atanyň teni üçin gerek bolan palçyk ýa-da tozan Mekgeden we Ýemenden alnypdyr. Adam ata Jennetden ýere kowlanda Adene /ýa-da Seýlona/ onuň aýaly How ene bolsa Jiddin golaýyna äkidilipdir. Olar Arabystanda - Mekgäniň keramatly ýerleriniň - Muzdalyfyň we Arafanyň ýanynda duşuşýarlar. Adam ata asmandan düşürilen keramatly daşyň töweregini berkidip, Käbäni gurupdyr. Adam ata Jennetde arap dilinde, ýerde bolsa birnäçe dilde gepläpdir. Ol How ene bilen Mekgäniň ýanyndaky ''hazynalar gowagynda'' jaýlanylypdyr, tupandan /Nuhuň tupany/ soň hem Iýerusalimde geçirilipdir. Musulman däbi boýunça Adam ata ideal hakykatçy bolupdyr, ol ilkinji pygamber, Muhammet bolsa soňky pygamber hasaplanýar.


''MUSULMAN ROWAÝATLARY''

A. Orazow. B. Amansaryýew.
11
142