awesome
06.12.2021 15:20
Mekgede bir gül
Mukaddes Mekkede bir gül, ýüzi 14 gijäniň aýy ýaly dury, teni nura goýlan dek ak reňkli, sähel tolkun atyp duran saçlary, täze dogan aý dek gaşlary, gaşynyň arasynda ýekeje damar, gaharlandygy tirsildär. Mukaddes Mekkede bir gül, saçy egnine ýetýär, sakgaly gür, garamyk ýaly gözleri bulduraýar, ol gara gözleri hemişe aşak seredýär, asmana dälde ýere seredýär. Nazarynda Alla bolan söýgiň alamaty, ap-ak boýny burulypdyr gussa bilen, sahabalarynyň yzyndan ýörärdi, “goý meniň yzymdan perişdeler ýöresin” diýerdi. Nämedir bir zady geň galsa elini galgadardy, gürlände-de iki elini birleşdirerdi, gaharlananda bolsa ýüzüni öwürerdi, begenende bolsa gözüni sähel ýumup myssa ýylgyrardy, ak sadap dişleri görünerdi. Mukaddes Mekkede bir gül, ýüzünde paýhasyň hem beýikligiň yşaraty, sözlerinde dürler däne-däne döküler. Sesi belent, teninde gülüň ysy gelerdi. Köçeden geçende gül ysy bark urar durardy. Şeýle bir sada, köplenç egninde küwşillän don, iň halaýan reňki bolsa sary bilen ak reňkdi. Iýýän nahary oduň üstünde un goşulyp bişirilen süle, az-kem zeýtun ýagy, birazam burç. Şükür edip saçagyň başynda oturardy. Ol bir gül. Ikinji diýary onuň Medine. Medine münewerde bir gül, adamzat dünýäsiniň iň beýigi, iman hakykatynyň göbegi, yhsan keremiň öýjügi, Rahmany syrlaryň düşýän ýeri, ylahy ýurduň arşy, pygamberler tumarynyň ortasyndaky iň uly jöwher daşy, pygamberler kerweniniň baştutany, ähli barlyklaryň iň tämizi, ar-namys tuguny göteriji, ezeli syrlaryň şaýady, ylymyň, paýhasyň hem hikmetiň çeşmesi, ýer bilen gök älemleriniň göz-guwanjy, iki jahan diregi, bu dünýäniň, o dünýäniň gözi. Medine münewerde bir gül, asyryň hem päk nesliň nurly agajy, ýaradylyş taýdan ynsanlaryň iň ägirdi, maddy gözelligiň iň ajaýyby, hakyky nygmatyň deň-taýsyz görki. Beýik mertebäň eýesi, ýürekleriň tebibi hem dermany, her kimiň küýsegi hem şypasy, gözleriň nury hem ýagtysy. Ençe asyrdan bäri söýülip gelýän, mundan soň hem söýüljek, onda-da päk duýgylar bilen söýüljek iň mynasyp orunlaryň eýesi. Iň ýakyn dost, iň ýakyn hossar Abdul Mutallybyň agtygy, Abdullanyň ogly Serwerimiz Hezreti Muhammet salallahu aleýhi wesellem. Medine münewerde bir gül, näme bolsa-da oňa aşyk millionlarça bilbil, söýgi tugy dikilipdir her bir gursakda, sebäbi ol gül häzirem Medinede. Allahümme salli ala seýýidina Muhammedin we alä ali seýýidina Muhammed
9
115
Melikee
6 Dekabr 2021
👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👍👍
ylham_1989
6 Dekabr 2021
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.