awesome
28.06.2022 10:11
"ŞAHYRLAR ŞANYŇA ŞYGYR DÜZENDE"

Sen diňläp ýadamadyň,
Men-ä diýip ýadadym.
Bu saňa soňky sözüm,
Hä jogab ber, hä-de dym.
Ýok dilimden düşmersiň,
Ölünçäm unutmaryn,
Ýöne gaýdyp goşgymda,
Seň adaňy tutmaryn.

Şükür ker däl eşidýän,
Şükür kör däl gözüm bar.
Ikimizem dirikäk
Aýtjak - goýjak sözüm bar.

Tahyr begdek şa bilen
Jeň urmak hyýalym bar.
Gökden biraz ýere düş,
Birniçe sowalym bar.

Şahyrlar şanyňa şygyr düzende,
Ýa alymlar täze taryh ýazanda,
Nädip şerraýlara ynanyp bildiň,
Üýşüp aýagyňy ýerden üzende.

Durdy Gurban "Serdar" sözün tapanda,
Nädip onuň gop berýänin bilmediň?!
Onjuk Musa elleriňden öpende,
Neçün onuň dulugyna çalmadyň?!

Kowus Gurt ýallaklap "Hudaý" diýende,
"Meni akademik" edäý diýende,
Hudaýsyrap oturberdiň baş atyp,
Ynsabyňy, Kaspyny boşadyp.

Ynandyňmy Türkmenbaşy diýlende,
Bu kakabaş ile baş bolup bormy?!
Yňdyrma bolup bor, köwek bolup bor,
Ýöne edil beýle boş bolup bormy?!

Oýnatgylaň seni oýnap ýörşüne,
Jany ýanan millet bilenok gülmän.
Nädip Nobel baýragyny alyp bor,
Aslynda Nobeliň kimdigni bilmän.

Seň özüňden elli bizar türkmenem,
Bu gün seň heýkeliň boldymy gerek?!
Aýt nähili edermenlik görkezdiň,
Gahryman bor ýaly ençeme gezek.

Keseki goşnun ýeňdiňmi uruşyp,
Kuweýt gurup berdiňmi ýa millete,
Altmyş ýaşda bir ýagşy iş etdiňmi,
Özüň aklar ýaly soňky pillede.

Gelmejek ýalydyr, o pille asla
Seň göwnüňe ol şeýle bir uzakdyr.
Bu öwgi kasamlar şöhrat ýolunda,
Ot-çöp bilen basyrylgy duzakdyr.

Sen bar nökeriňi garşyňda otyrt,
Göni görejine üns bilen gara,
Olaň ýere bakýan, müýnli gözleri,
Deşik gözlär, ýurtdan çykyp gaçara.

Ylalaşýan, bu gün seniň heýkelleň,
Körzehinler üçin döwüm çörekdir.
Ýöne besdir, mundan beter köpeltme,
Soň olary ýok etmegem gerekdir.

Hawwa besdir, gutar oýnuň halk bilen,
Tutdyň, atdyň, utdyň, ütdüň, şükür et,
Bir-ä düýn öz kim bolanňy unutma,
Birem ertir näme boljagyňy pikir et!


Şiraly NURMYRADOW
7
121
awesome
28.06.2022 08:35
ALAMAT / Radžipuram Krişnaswami NARAÝAN, hindi ýazyjysy.

Sambu:
— Maňa dört an bersene, kino görmäge gitjek — diýdi.
Ejesiniň depe saçy üýşüp gitdi. Oglunyň islegi oňa düşnüksizdi. Bu kinonyň öz şäherlerine getirilendigi hakyndaky pikirem indi ýarym ýyl çemesi onuň ýüregine dowul salýardy. Adamlar aýatda diri däldigini bilibem, nädip ekranda oňa seredip bilýärlerkä? Ilkiler onda adamlaryň özüni sylap, filmi çykaraslaram ýok-la diýen inçe tama-da bardy. Emma köçeden orkestrli, deprekli köp adamly ýöriş geçende hem-de uzyn boýly, daýaw ýetginjekler mahabatly suratdyr ýazgylary hemem onuň adamsynyň dürli reňkli ägirt uly portretlerini göterip geçenlerinde, ol wagtlaýynça şäherden çykyp gitmek kararyna geldi; ýöne bu çykgynsyz ýagdaýyň alajyny tapmak aňsat däldi. Ynha, indi getirdiler. Öýünden üç mähelle aralykdaky kinoteatrda onuň ýanýoldaşy günde azyndan alty sagatlap geplär, hereket eder, aýdym aýdar... Sambu, hamala, kakasy direlip gelen ýaly begendi.
— Eje, sen näme, kino gitjek dälmi?
— Ýok.
— Ýör, eje, ýör, haýyş edýän, gidäýeli.
Ol ogluna bu kinony özüniň görüp bilmejekdigini düşündirmäge synanyşdy. Ýöne oglanjygyňam öz gepini gögerdesi gelýärdi.
— O nähili görüp biljek dälmişiň? Sen onuň suratlaryna, hatda diwarda asylgy duran portretine hem her gün seredýäň ahyry?
— Hawa, ýöne suratlar geplänogam, gymyldanogam, aýdymam aýdanog-a.
— Diýmek, olar saňa kakamy diri ýaly görkezýän kinosyndanam has gowy ýaraýar-da?
Ertesi bütin gün tolgunmadan ýaňa oglanyň haly juda teň boldy. Mekdepde mugallym aňyrsyna öwrülen badyna, ol eglip ýanynda oturanyň gulagyna pyşyrdady:
— Şu film üçin meň kakama on müň rupiýa tölediler. Şu gün agşam şo kinony görmäge gitjek. Senem gitjekmi?
— Näme, «Kumarini» görmelimi? — diýip, ol biperwaý jogap gaýtardy. Тamil filmlerini onuň jyny almaýardy. — Tomaşa etmeg-ä beýlede dursun, golaýyna-da barjak däl.
— Bu film beýleki tamil kinolary ýaly däl. Kakam bize her agşam onuň edebi ýazgysyny okap bererdi. Biçak gyzykly. Ol muny başdan-aýak öz eli bilen ýazdy. Oňa filmiň edebi esasyny ýazany hem-de keşbi ýerine ýetireni üçin on müň rupiýa tölediler. Eger isleseň, bileje gidäýeli.
— Tamil filmini görmäge-hä gitjek däl.
— Bu üýtgeşik tamil filmi. Ol islendik iňlis filmine-de gaýra dur diýýä.
Emma onuň ýoldaşy öz diýenini tutdy durdy. Sambunyň bir özi gitmeli boldy. Bu film tamil kinematografiýasynda sazlaryny has azaldyp, täze, döwrebap usul girizmäge edilen synanyşykdy. Bu film Kumariniň on dört ýaşynda durmuşa çykmakdan boýun gaçyran, uniwersitetde okap, gün-güzeranyny dolamak üçin özi gazanç edesi gelýän, şonuň üçinem yzgytsyz atasy (Sambunyň kakasy) ondan geçip, ahyrynda-da, bagyşlaýan gyzy hakyndaky wakadyr. Sambu nyrhy dört anlyk hatarda ornaşdy-da, sabyrsyzlyk bilen filmiň başlaryna garaşdy. Ol indi ýarym ýyl bäri kakasynyň didaryna zar bolansoň, ony gaty göresi gelipdi. Zal garaňkyrakdy. Golaýda görkeziljek filmleriň mahabatyna hem-de bildirişlere Sambu biperwaýdy. Ahyrsoňy ekranda Sambunyň kakasy peýda bolýar. Onuň egninde öýde geýen şol bir egin-eşigi bardy; ol edil öýde oturyşy ýaly, stolunyň başynda otyrdy. Onuň ýanyna bir gyz gelýär, ol onuň başyny sypalap, edil birwagt Sambu bilen gürleşişi ýaly gürleşýär. Soňra ol gyza arifmetikany öwredip başlaýar. Gyz dyzlarynyň üstünde ýazuw tagtajygyny goýup otyr, Sambunyň kakasy bolsa oňa aýdyp ýazdyrýar: «Arabakeş bir mil üçin iki an alýar. Ramyň üç any bar. Arabakeş ony näçe mile äkider?». Gyz taýajygy dişläp, gözlerini gyrpyldadýar. Kakasy aç-açan gaharlanýar. «Kumari, bir zatlar diý-dä, ýogsam şapbat çalaýmasyn, men onuň häsiýetine belet ahyryn» diýip, Sambu pyşyrdady. Ýöne Kumari arifmetikada Sambudan ökdedi. Ol dogry jogap berdi. Kakasy gaty şatlandy. Ol ozallar Sambu meseläniň dogry çözgüdini tapanda, begenjinden ýaňa bökübererdi. Sambu suw syzdyrýan, ýokarsy suwakarly ullakan çelek baradaky tapmaçanyň tötänden dogry jogabyny tapan gününi hakydasyna getirdi. Sambudan üç sagadyň dowamynda çelegiň täzeden suwdan doljakdygyny eşiden kakasy begenjiden tarsa ýerinden turupdy. Film tamamlanansoň, çyralary ýakdylar. Sambu kinoçynyň otagyndaky äpişgejige tarap göz aýlady, kakasy hut şol ýerde gizlenendir öýtdi. Indi kakasy bolmansoň, onuň gözüne dünýe gugaryp galan ýaly boldy. Ol öýüne tarap ýumlukdy. Ejesi oňa daş işikde garaşyp durdy.
— Näme, beýle giç geldiň? Eýýäm sagat dokuz boldy.
— Eger mümkin bolsa henizem tomaşa ederdim. Eje, sen nähili täsin adam aý. Ýeri, näme üçin gitjek dälmişiň?
Agşam şamlygyň başynda ol eňegine jaň dakylan ýaly, yzyny üzmän ýaňrady.
— Edil kakamyň aýdym aýdyşy ýaly, edil şonuň ýöreýşi ýaly şeýlebir meňzeş...
Ejesi ony gussaly dymmak bilen diňledi.
— Eje, senem bir zat aýdaýsan-a!
— Wah, oglum, men näme aýdaýyn.
— Näme, sen kinony halaňokmy?
Jogaba derek ejesi sorag berdi:
— Ertir ýene gidesiň gelýämi?
— Hawa, gidesim gelýä-dä. Şol film biziň şäherimizde näçe görkezilse, gün yrman giderdim. Sen maňa her gün dört an berermiň?
— Hawa.
— Maňa her günde iki gezek kino gitmäge-de rugsat berermiň?
— Ýok-la, munyňa-ha hä diýip bilmen. Sapaklaryňa-da taýynlanmaly ahyryn.
— Özüň näme, görmäge gitjek dälmi?
— Ýok, bu mümkin zat däl.
Ýene bir hepde, günde üç sagatdan. Sambu kakasynyň ýanynda ýaşady, her sapar film tamamlananda onuň ýüregi gysýardy. Her gezek ol aýraçylygy gaýtadan başdan geçirýärdi. Onuň iki seansda-da biçak oturasy gelýärdi, emma ejesi Sambunyň okuwynyň aladasyny edýärdi. Wagt barha azalýardy, ýöne ejesiniň muňa teý, düşünesi gelenokdy. Sapaklaryň gaçyp gitjek ýeri ýok-la, ýöne kakam welin... Soňky seanslara tomaşa edýänlere onuň gözi gidýärdi. Ejesi ýalbaryp-ýakaryp, özelenip duran oglunyň raýyny ýykmaga dözmänsoň, her niçik-de bolsa, iň soňky agşam filmi görmäge razyçylyk berdi. Olar iň soňky seansa gitdiler. Ejesi aýallaryň oturýan ýerinde ornaşdy. Ol kino gelmek üçin barja gaýratyny jemlemeli bolupdy. Mahabatlar, bildirişler görkezilýänçä ol hezil edip dynjyny aldy. Ekranda onuň äri aýaly bilen gürleşýär, çaga bilen oýnaýar, aýdym aýdýar, geýinýär; onuň öz eşikleri, hut öz sesi, öz gahar-gazaby, öz şadyýanlygy — ol bu zatlary özüne edilen bilkastlaýyn zabunlyk bildi. Aram-aram gözlerinem ýumdy, ýöne filmden aýrylybam bilmedi — bize zeper ýetirýän närselerem şeýle özüne çekýär eken. Ynha, onuň kürsüde gazet okap oturan sahnasy başlanýar. Ol ozalkylary ýaly bütin dünýäni unudyp, gazete gümra bolup otyr. Şu zatlar üçin ol nikada duran ýyllary, gör, näçe gezek onuň bilen käýişipdi. Hatda şo-ol ahyrky günem ol nahardan soň kendir kürsüde edil şunuň ýaly bolup otyrdy. Ol şonda gaharyna bäs gelibilmändi: «Wah, diýmäýin diýsem, janyny gazet almyş! Maňa-ha barmysyňam diýeňok-da, men agşama çenli gözümiň awusyny bir alyp bilsedim!». Ärini birneme soňrak görende, ol kürsiniň arkasyna ýaplanyp ýatyrdy, gazetem onuň ýüzüne ýapylan ekeni...
Bu çydar ýaly däldi. Ol gaty hamsygyp, aglap başlady. Erkekleriň tarapynda oturan Sambu bu gazetli sahnany gowy görýärdi. Basym gyz gelip girer, ol kakasyndan näme okaýandygyny sorar, kakasyna azar berip başlar-da, almytynam alar. Kakasy çasly: «Kumari! Sen şu taýdan çykjakmy ýa-da seni südürläp çykarmalymy?». Ol gyzda kakasynyň ýanynda nähili edep saklamalydygy hakda düşünje-de ýokdy, şonuň üçinem Sambu ony halamaýardy. Sambu häziriň özünde gyza temmi beriljekdigine öňünden begenip durka, zalyň aýallar oturýan tarapynda biriniň ses edip aglaýandygyny eşitdi; soňra aýak tarpyldysy eşidildi, kimdir biri: «Çyrany ýakyň! Bu aýalyň essi aýyldy!» diýip gygyrdy. Aljyraňňylyk, başagaýlyk başlandy. Sambu filmi saklanlaryna gynanyp, o taýda näme bolanyny görmek üçin oturgyja mündi. Ol öz ejesini ýerden göterýändiklerini gördi.
— Bu meň ejem! — diýip, Sambu möňňürdi. — Olam ýogaldymy? — diýdi-de, germewden aşyp geçdi.
Ol aglady, ah çekdi. Kimdir biri oňa:
— Gorkar ýaly zat ýok, gorkma, ol huşundan gidipdir, rahatlan.
Ony zaldan çykaryp, iç işikde goýdular. Çyralar ýene-de öçdi, tomaşaçylaram ýerli-ýerine geçdiler, film dowam etdi. Sambunyň ejesi gözlerini açyp tirsegine galdy-da:
— Bärden basymrak gideli, oglum — diýdi.
— Bolýa, eje. — Ol iki tigirli arabany getirdi-de, oňa münmäge kömek etdi.
Ejesiniň yzyndan Sambunyň özüniňem araba münenem şoldy welin, garaňkradylan zaldan tanyş ses eşidildi: «Kumari! Sen şu taýdan çykjakmy ýa-da seni südürläp çykarmalymy?». Bu ses oňa gaty agyr degdi, ol aglady: ejesiniň essi aýylmagy ony bijaý gorkuzdy, mundan başga-da, ol indi kakasyndan müdimilik mahrum bolanyny duýdy. Ertir indi başga bir film görkeziler.


Rus dilinden terjime eden: Myrat GOŞLYÝEW
7
35
awesome
27.06.2022 15:41
ŞAHYRLAR LEŞGERINE

“Şahyr bolaýyn” diýp bolup bolanok,
Ýazmanam bolanok, “ýazmaýyn” diýip.
Kim galama elin ýakyp ýapyşýar,
Kim oňa ýapyşýar, pohuny iýip.

Eýsem, bu dünýäde kär gytmy başga?!
Magtymgulyň yzyny bir pozma-da!
Saňa hat öwreden behişde düşmez,
Arza ýaz!
Şowul ýaz!
Goşgy ýazma-da!

Ýa moda boldumy şahyrçylygam?!
Ýa-da üýtgeşik bir bähbidi barmy?!
Şahyr kän zat bermelidir iline,
Ýa diňe alsaňam, saňa bolýarmy?!

Serpaý ýerne gamçy degse egniňe,
Ýekeje setir bir ýazarmydyň sen?!
Ýa edipdir seni ýasan jenaýat,
Ýa-da ýalňyşypdyr göbegiň kesen.

Bormy şygryýete kast etmek beýle?
Ony beýle-de bir zorlamak bormy?
Şygyr diýip ölüp ýatan milletiň,
Şahyra gelende maňlaýy şormy?

Eýsem, şahyr dälmi aýnasy döwrüň?!
Şahyr dälmi halkyň gulagy-gözi?!
Şeýle arassady türkmeniň dili,
Nirden tapýaň munça wejera sözi?

Goşgy goşulmaýar bir adam üçin,
Goşgy diňe il-gün üçin ýazylýar.
Ýeterlik däl erkek bolup dogulmak,
Erkek bolup ýaşalýar hem gezilýär.

Bu gün binamysa dolandy döwran,
Ýüzüň galyň bolsa, jübiňem galyň.
Körzehini kör köpüge satyň-da,
Gaýtargysyna-da kör abraý alyň!

Şiraly NURMYRADOW
10
54
awesome
27.06.2022 06:25
Italmaz Akmyradow / Ûçlemeler.

Gûl ôlûp atyr bolar.
Mynasyp ômrûñ soñy,
Yśk ôlûp setir bolar.

***

Derÿanyñ kysmaty dûśnûkli maña,
Daglaryñ hasraty dûśnûkli maña,
Ôzûmden baśgasy dûśnûkli maña.

***

Men ynanÿan śeÿle zadyñ boljagna:
Iki wepadaryñ __ gośa Sôÿginiñ
Gidenbir obany bezàp biljegne.

***

Gośgy niçik ÿazylÿanyn bilmeseñ,
Hem kàn bolsa tàsin-tàsin śahyrlar,
Diñlàp ÿôrseñ ôzûñ śahyr bolmasañ.

***

Gowyny gôrende bakÿar tersin ol.
Gôrûbiñ ômrûne ömûr goś, Hudaÿ,
Parlap dogan Gûni ÿene gôrsûn ol.

***

Hiç galanok çanak ÿalan endigim.
Çôrek iÿsem, bir owuntyk sypmasa,
Soramañ-da biliberiñ mendigim.

***

Gûÿçliniñ gapysyn syrmakdan gaÿtmaz,
Ol ôzûniñ bàhbidi ÿok ÿerinde,
,,Šu gûn aÿdan nàçe?" diÿseñem aÿtmaz.

***

Ÿaman elmydama dilgir ÿagśydan.
Kôrzehin halanok ÿiti zehini,
Ÿarganatyñ gorkuśy dek ÿagtydan.

***

Śo tarapdan gôwnûm bir zat syzÿan bolsa bildiñmi?!
Adam bagtsyz dogulmaÿar, bagtym bir gûn gûlûp bakar.
Arzymanlar garaśdyryp gelÿàn bolsa bildiñmi?!


***

Adamyñ haÿÿasy__sûÿdûñ gaÿmagy,
Sûÿt bahym ûÿtgeÿàr, gaÿmagyn syrsañ,
Utançsyz adamyñ añsat azmagy.

Ceshme ,,Nazik hesretler,,
5
41
awesome
25.06.2022 21:51
ZENANLAR WE GÜLLER

Güller tebigatyň ajaýyp sowgatlarynyň biridir. Güller özüniň näzikligi weowadanlygy bilen her bir ynsana uly täsir edýär, her birimiziň göwnümizi göterýär. Mähriban zenanlaryň gözelliginiň güllere deňelmeginiň-de öz sebäpleri bar. Ony ýörite delillendirip, düşündirip durmagyň zerurlygy ýokdur.Ýöne geliň: «Zenanlar näme üçin gülleriň sowgat berilmegini halaýarlar?» diýen sowala jogap gözläliň.


Psihologlar bu barada näme diýýärler?
Tanymal psihologlar başga bir zatdan gül sowgat berlende zenanlaryň ýüzlerinde ýylgyryşyň iki
esse köp peýda bolýandygyny belleýärler. Bu bolsa zenanlaryň gülleri söýýändigini we gül sowgat alanlarynda örän şatlanýandyklaryny aňladýar. Sowgat berlen gül dessesi, penjiräniň alnynda okarajykda ýetişdirilen otag güli ýa-da baglardaky güller ähli adamlara ajaýyp duýgulary peşgeş edýär.
Gülleriň ynsan durmuşyna hem-de saglygyna, inçe duýgularyna ýetirýän oňyn täsiri biziň pikir edişimizden has ýokarydyr. Gadymy döwürlerde adamlary gülleriň täsiri bilen bejeripdirler.
Güller saglyga örän oňaýly täsirini ýetirýär. Göwnüňi şatlyga hem-de hoşamaý arzuw-oýlara besleýär. Haçan-da, gül sowgat berlende ynsan bedeninde «bagt» gormonynyň derejesi artýar. Şol sebäpli psihologlar özüňiz üçin gadyr-gymmatly zenanlara wagtal-wagtal gül çemenini sowgat bermegi maslahat berýärler.
Elbetde, käbirlerinde dürli ösümlikleriň bolşy ýaly, güller hem allergiýa berýär. Şol sebäpli-de gül sowgat almagy halamaýanlaryň bolup biljekdigi aýdyňdyr. Olara süýjüden ýasalan gül şekilli çemeni sowgat bermek ýeterlikdir. Hawa, zenanlaryň köp bölegi 8-nji mart baýramçylygyna, doglan gününe, beýleki şatlykly pursatlarda, esasy, gül çemenini sowgat almagy gowy görýärler.
— Gözellik näme? — diýen düşünjä her kimiň öz garaýşy bar. Emma onuň her birimiziň durmuşymyzy ýagty hem nurana, many-mazmunly edýändigi mälimdir. Güller gözellige örän baýdyr. Şol sebäpli zenanlar özleri ýaly gözellige baý gülleri halaýarlar.

Gülüň ýakymly ysy
Gülleriň hoşamaý ysy diňe bir göwnümize hoş ýakman, eýsem, beden saglygymyza-da peýdalydyr. Lukmançylykda gülleriň bu ýakymly täsirini öwrenýän ýörite ugur bar. Güllerden bölünip çykýan fitonsidler howany kesel dörediji bakteriýalardan tämizleýär, käbir yslar bolsa aýry-aýry beden agzalaryna hem-de tutuş beden üçin ýaramlydyr.
Mysal üçin:
• çopantelpegiň ysy nerw ulgamyna oňyn täsirini ýetirýär, rahatlandyrýar, ukusyzlyga garşy
göreşmekde peýdaly, gan basyşyny kadalaşdyrýar;
• bägülüň ysy baş aýlanmada, kellagyryda peýdaly.

Gülleriň reňkiniň täsiri
Gülleriň reňkiniň-de özboluşly täsirleri bardyr. Gyzyl gül çemeni güýçli energiýa eýedir. Ol gormonlaryň mukdarynyň artmagyna täsir edip, bedeniň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýar. Sary güller immuniteti güýçlendirýär, psihologiki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär, kalbymyzda hoşniýetliligi oýarýar. Ak güller bedeni we paýhasy berkidýär, mawy güller kalba tämizlik çaýýar, gaharjaňlygy ýazýar, ýaşyl reňkliler nerwleri rahatlandyrýar.

Otag gülleriniň täsiri
Otag gülleri öýüň howasyny gowulandyrýar. Birnäçe ösümlikleriň ynsan saglygy üçin melhemdigi mälimdir. Öýüň içine gözellik paýlaýan güllerdir dürli ösümlikler sowuklamada, gan aýlanyşyny gowulandyrmakda, nerw ulgamyny rahatlandyrmakda we beýleki ýagdaýlarda diýseň ýaramlydyr. Mysal üçin otagda ýetişdirilen limon bagjagazy beýniniň gan aýlanyşyny gowulandyrýar.

Dürli medeniýetlerde
Gadymy döwürlerden bäri dürli medeniýetlerde ösümliklere uly ähmiýet berlipdir. Ösümlik dünýäsiniň tebigy güýjüniň ynsan durmuşyna täsiriniň ýokarydygyna ynanypdyrlar. Adamlar bir-birine söýgüsini, hormat-sarpasyny ýüze çykarmak, saglyk we bagt arzuw etmek, hat-da duşuşykdan ýüz öwürmegi, arany üzmegi aňlatmak üçin gül çemenini beripdirler. Berlen sowgatlardan many çykarmaga synanyşmak häzirki döwrüň zenanlaryna-da mahsusdyr. Olar üçin «Gülli habaryň» sebäbi örän gyzykly.

Öz-özüňi ykrar etmek
Zenanyň elindäki gül çemeni onuň söýgi-hormat bilen gurşalandygyny aňladýar. Köp gelin-gyzlara özüniň söýülýändigini, arzylanýandygyny bilmegi gerek. Şol sebäpli göwünlerini has-da ganatlandyrmak isleseňiz, olara gül sowgat beriň.

Gözellik
Güllerden düzülen kompozisiýa tebigy gözellik hökmünde özboluşly lezzet eçilýär. Kimdir biri ýapraklarynyň näzikliginde, kimdir biri sowgadyň umumy görnüşinde ajaýyp gözelligi duýýar, gül çemenine biparh garap bilýän adam ýok.

Hoşniýetli arzuw-hyýallar
Medeniýet we söwda ulgamy gülleri romantikanyň aýrylmaz bir bölegine öwürdi. Edebiýatda, kinoda, aýdymlarda erkek kişiler dürli pursatlarda zenanlara ajaýyp gül desselerini sowgat berýärler. Hoşniýetli arzuw-hyýallar we bimöçber gadyr-gymmat goýmak bilen ýüzlenilmegi, olar üçin has ýakymlydyr.

Gadymy däpler
Irki döwürlerden bäri erkek kişiler maşgalanyň, öý- hojalygyň abatlygy, rysgal-berekedi üçin yhlasyny gaýgyrmandyrlar. Ýyllarboýy bu hakykat zenanlaryň aňyna siňip gidipdir. Haçan-da, zenanlara gül dessesi sowgat berlende, olar bu hadysany özleri hakynda yhlasly aladanyň nyşany hökmünde kabul edýärler.

Garaşylmadyk sowgat
Garaşylmadyk ýakymly waka elmydama şatlyk döredýär. Eger-de ýöne bir begendirmek üçin iş ýerine gül dessesini eltip bermegi sargyt etseňiz ýa-da öýe gelýärkäňiz owadan bir çemen satyn alyp öz mähribanyňyza gowşursaňyz, ilkibada, bu ýagdaý ony gep-gürrüňsiz haýran galdyrar we onuň tolgunan kalbynda ajaýyp duýgulary oýarar.
Ynha, bahar pasly gelip ýetdi. Tebigat al-elwan güllere beslendi. Bahar ýaly owadan, güller ýaly näzik hem-de nurana enelerimize, mamalarymyza, mähribanlarymyza, uýalarymyza, gyzlarymyza gül desselerini sowgat bermäge sebäp diýseň köp. Haýsy pursat bilen bagly bolanda-da, olary gül çemeniniň diýseň şatlandyrjakdygy aýdyňdyr!

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Annamyrat AKYÝEW
9
39
awesome
22.06.2022 21:42
Hoş gal, Roza...

Ýene ýekelik, ýene sensizlik, ýüregedüşgünç sessizlik, ýaşaýyşym demsizlik, notalarda heňsizlik, durmuş özi deňsizlik, aýralygam geňsizlik, garaz ümsümlik.
Ýeke galmagy ýigrenýän, ýeke galsam seni ýatlaýan. Seni ýatlamak agyr, ýatlamazlyk mümkin däl. Bu gün ýene ýeke galdym, ýene seni ýatladym.
Ýene şol tanyş ýol bilen mekdebe barýan. Ýanymda dostum. Howwa, meň okuwdaky kiçijik üstünliklerime özümden beter begenen dostum. Meň bolgusyz degişmelerime hemmelerden köp gülen, agyr günlerimde elmydama ýanymda bolan dostum. Dogandan ýakyn gadyrdanym. Kalbymyň ynjaýanyny gözlerimden aňan jigerim. Durmuş ýolumda-da elmydama ýanymda däldigiň duýulýardy. Dostlarym köp boldy, sen ýalysy bolmady. Olar meň özlerine peýdaly mahalym dostlarymdy. Belki olar maňa bu dünýäde sendenem mert ynsan ýoklugyny duýmagym üçin goýberilendir. Sen bu ýazgylarymy hiç haçan okamarsyň. Ýöne barlygyň üçin, geçmişime seredenimde ykbalyma direg bolup görünýänligiň üçin, hemmesi üçin sag bol. Ýadyňdamy, hiç kime aýtmadyk, hiç kime aýtmajak syrlarymy diňe saňa aýdardym. Meň bilen deňem bolsaň göwnüme menden uludyň, seň maslahatyňy diňleýärdim. Soň ykbal ýollarynda-da seň maslahatyňa mätäç bolan ýerlerim kän boldy. Indi senem bir maşgalaň başy, öz aladalaryň, öz durmuşyň bar. Ýolda, yzda duşanymyzda hal-ahwal soraşýas, bolany. Belki, bolmalysam şodur.
Howwa şol dostum bilen barýaryn. Aňyrdanam sen gelýäň, şol gözelligiň, gedemligiň. Egniňde-de şol ýaşyl köýnegiň, güne lowurdaýan saçlaryň, wagty doňduryp, saklap bilýän gözleriň. Hiç mahalam gedem gyzlary halamandym, sebäbi olar saňa meňzejek bolýan ýalydylar. Men beýle häsiýeti diňe sende göresim gelýärdi. Dostum saňa we joraňa salam berýär. Joraň "salam" diýýär, sen bolsa çalaja başyňy atyp geçip gidýäň. Menmi? Men seni görsem gürläp bilemoga. Sen orta çykyp temany gürrüň bereňde, diňe şonda seni arkaýyn synlaýardym. Hyýalymda seň bilen uzaklara gidýärdim. Adam aýagy sekmedik jeňňelde diňe ikimiz ýaşaýarys. Bizi hiç kim, hiç zat aýra salyp bilenok. Men ir bilen awa gidýärin. Senem meni güler ýüz bilen ugradýarsyň. Soň agşamara awdan gelýärin, sen ýene meni näzlenip garşy alýarsyň. Biz nähili bagtly. Gör-ä meň arzuwlarymy. Şowhunly durmuşy halasamam, hemme zatdan geçip, diňe seň bilen uzaklarda, asuda durmuşda ýaşamaga taýyndym.
Harby gulluga gitmeli günlerim golaýlaýardy. Senden aýra düşmeli pursatlar ýakynlaýardy. Saňa guda bolupdyrlar. Ýene bir aýdan toýuňmyş. Sen bagtlymyşyň.
Ertir gulluga ugramaly. Goňşy gyzymyz geldi. Meni çagyrdy. Daşary çykdym. Garşymda sen dursuň.
-Salam, ertir gulluga barýaň diýdiler. Seni göräýeýin diýdim. Biraz daýawlanypsyň.
-Salam, howwa.
-Men basym durmuşa çykýan.
-...................
-Meni bagyşla.
-Näme üçin?
-Saňa azap berenim üçin, saňa özümi söýdürenim üçin, soňam umytlaryňy, arzuwlaryňy öldürenim üçin.
-.....................
-Näme üçin mekdepdäki owadan, akylly gyzlar, saňa söýgi hatyny ýazanda olara jogap bermänsiň?
-Olary söýmeýänim üçin.
-Ýene şol prinspleňdä, şol köne ideallygyň, durmuş aslynda beýle däl, senem kitaplaňdaky gahrymanlaň ýaly ideal adam däl, eger şolaň birini saýlasaň, belki wagtyň geçmegi bilen, biri-biriňize düşünişip bagtly bolardyňyz.
-Birden düşünişmesek?
-Düşünişmäni nirä gitjek? Çagajyklaň bolar welin düşünişer ýörersiň.
-A, söýgi nä, o hökmän dälmi?
-Esasy biri-biriňe sylaşyk. Men ýöne barybir bagtly, Sen ýaly ýigidiň durmyşyndaky esasy zenany bolup galjagym üçin. Men muny entek köp kişä gürrüň bererin. Şunça gyzyň arzuwlan ýigidi, maňa söz aýdanda kabul etmedim diýip. Seni hiç haçan unutmaryn ynanaý. Senem meni unutmajagyňy bilýän. Senem ara ýyllar düşse-de, meň adymy aýtmasaňam, meň bilen geçen gyzykly günleriňi hökman gürrüň berersiň.
-Sen meň durmuşumyň ilkinji zenany, ýöne esasysy bolmarsyň.
-Şu kagyzy bilýäňmi?
-Ýok.
-Onda diňle. "Men seni Titanikdäki Roza meňzedýärin. Şol gözler, şol ýaňaklar. Eger seň bilen bile heläk bolmaly diýseler, hiç oýlanman Titanige münerdim." Bu seň maňa ýazan söýgi hatyň. Her gezek aýna seredenimde onda şol Rozany görmäge synanyşýardym. Sen her gezek maňa seredeniňde özümiň Roza ýaly owadanlygyma ynanasym gelýärdi.
-Sen entegem muny saklap ýörmüň?
-Men ony bir ömür saklaryn, sebäp muny maňa menden başga hiç kimi söýmedik ýigit ýazdy. Eger häzir gaçaly diýsem meň bilen bile uzaklara gidermiň?
-Ýok.
-Näme üçin?
-Sebäp sen meni söýeňoga.
-Ýene şol prinsp, ýene şol ideal, belki seň güýçli söýgiň ikimizede ýeter?!
-Ýok, ol ikimizede ýetmez. Sen bagtly dälmi?
-Aý bilmedim, ol gowy oglana meňzeýär, meni söýýärmişin, özlerem baýmyşyn, islän ýerine eli ýetýämişin, ol hökman meni bagtly eder.
-Sen oňa diňe baýlygy üçin durmuşa çykýaňmy?
-Ýok, ýöne öýdäkiler...
-Bu seň durmuşyňa.
-Sag aman gullugyňy gutaryp gel! Seň üýtgejegiňi bilýän, sen beýle ideallykdan el çekersiň, entek köp gyz bilen duşuşarsyň, ýöne barybir men seň durmuşyňdaky esasy zenan bolup galaryn!..
Sen mamla ekeniň, wagt geçip ideal prinsplem aýrylyp, menem adaty adama öwrüldim. Ýöne sen meň durmuşymyň esasy zenany dälde, bary-ýogy bir kiçijik ýatlamasy bolup galdyň...


Maksat Esenow
11
89
awesome
22.06.2022 16:54
Musa Ýusup / Ýandepderçädaki bellikler.

Kör adam ýitiren zadyny gözläp bilmezmi?!

Kinoda elindäki kartasy bilen hazyna gözläp ýören adam ahyry tapdy gözleýänini. Hazynany görüp huşy başyndan uçdy. Hatda kartasynam zyňyp göýberdi. Yzyna gaýtjak dälmikä?

Şu wagt ýeke özüm otyryn. Ýöne ýalňyz däl. Bir gulagyma nebis çawuş çakýar, beýleki gulagma wyždanym. Ikisiniň hyşy-wyşysy beýnimiñ çamalagyny çaşyrdy.

Puluň bir ujuny görkezip dünýäň ol ujuna git diýseňem soragsyz-sowalsyz gitmäne taýyn adamlaram bar oguşýa!

Käbir gülleriň ysy has uzakdan duýulýar.

Bir wagtlar çagakam öýüniň goşuny towuga ýükläýmeli garyp goňşymyz bardy. Şähdi açyk, göwni baý adamdy. Kyrk ýyl garyplyk ýok, kyrk ýylam baýlyk. Tüweleme şol adam gurplanypdyr. Ýüregem gulplanypdyr. Beh, goja adamzat! Sen, ne beýle maýyşgak zat.

Lukman kesellini däl, keseli bejerýär. Şahyr ikisinem bejermeli.

Gadymy Ýunan şäherleriniň häzirki ýykan-ýumranlyklary hem juda owadan görünýär. Kämillik ýüzýyllyklardan ýüz ugra geçip, müňýyllyklara-da boýun egmeýän bolarly.

Adam zabunlykda käte wagtdanam ozdurýar.

Arzuw edip ýaşamak gowy zat. Ýöne, ýöne arzuw edip ýaşamagam ýaltalykdan nyşan.

,,Söýýän”, “köýýän”, “sensiz öldüm”, “otda söndüm” ýaly aşa köp ýazylýan goşgylardan halys gerk-gäbe aşa düşdüm. “Indi, menem şeyle goşgy ýazmaryn” diýip tasdanam ant içipdim.

Çykmadyk jandan umyt kesilmez welin umytsyzlygam janyňy alyp barýar. Herhal, umydy umytsyzlyga däl-de, umytsyzlygy umyda baglajak bolýan.

Nazar Geldiýewiň “Ot-ýalnyň içinde” romanyny okap gutardym. Beýik Watançylyk urşundaky dartgynly ýagdaýlary gowy beýän edipdir. Kasym Ataýewiň obrazy göwnümden turdy. Häzir Parahat Çerkezowanyň “Nury Halmämmedow” kitabyna başlajak.

Söýgi hem ýorup bolmaýan
Hem görüp bolmaýan düýşdür (Şähribossan)
Düşünip bolýan, emma düşündirip bolmaýan ajaýyp iki setir.

Näçe sany "bolsady" ekdim. Her birinden onlarça "bolmajak" çykdy.
9
31
awesome
21.06.2022 20:46
Mark Twen / Meńzetmek.

Men bir näçe ýyl owal Nýu-Ýorkdaky Selemanka şäherçesine geldim. Bu ýerde men otlymy çalşyp ýatyş orunly wagona münmelidim. Münüş meýdançasy adamdan doly, olaryň hemmesi bir eýýam dolan, uzyn wagona münmäge synanyşýardy. Men ýolpetek satylýan ýerde oturan adamdan:
”Ýatyp gitmek üçin ýer alyp bilermikam?" diýip soradym, ondan "ýok" diýen jogap alyp, aňyrrak baryp başka bir işgärden iň bolmanda wagonyň darajyk bir burçundanam bolsa ýer tapyp bermegini haýyş etdim. O bolsa gazap bilen gepimi bölüp:
— Mümkin däl. Hemme ýerler doldy. Indi meni bimaza etmäň!— diýip yzynada seretmän ýöräp gitdi.
Juda gamlandym. Dostuma:
— Bular meň kimdigimi bilselerdi— diýdim.
Dostumam meni diňlemek islemedi, ol
— Bolgusyz gürleme. Muňa öwrenişmegimiz gerek. Näme, olar seň kimdigiňi bilseler hyryn-dykyn wagondan boş ýer tapyp bererler, diýip oýlaýaňmy?— diýdi.
Onuň sözleri zerreçe hem bolsa ýagdaýymy gowlandyrmady. Şo mahal wagon gözegçisiniň maňa seredip duranyny görüp galdym. Birden onuň ýüzi özgerdi. Ýanyndaky kärdeşine meni görkezip bir zatlar pyşyrdady. Olar men barada gürleşýän bolmalylar. Soňra gözegçi mylaýym ýylgyryp biz tarapa ýöräp gaýtdy. Ol hoşamaýlylyk bilen:
— Näme hyzmat, ser— diýdi— Boş ýer gerekmi?
Men:
— Howwa, tapyp berseňiz örän minnetdar bolardym. Başga hiç zat gerek däl— diýdim.
— Bizde diňe maşgalalyk kupe galdy. Onda iki adamlyk ýer hem-de jübüt ýumşak oturgyç bar. Kupe dolulygyna siziň ygtyýaryňyzda, ser. Tom, bärik gel, şu çemodanlary wagona alyp çyk.
Biz münüş meýdançasy boýlap hoş keýp bilen ýöräp gitdik. Dostuma bir zatlar diýjek boldum, emma, pikirimden dändim. Wagon gözegçisi kupede bize ýeňilliker döredip berdi. Ýylgyryp:
— Başga näme isleýärsiňiz, ser? Aýtsaňyz getirip bereris— diýdi.
Men:
— Yssy suw getirip bilersiňizmi?— diýip soradym.
— Elbetde, häzir getirerin.
— Ýagşy, krowatyň üstündäki çyra juda ýokary asylypdyr. Başga ýagtyrak çyra tapyp başyma ýakynyrak edip assaňyz, aňsat okamagym üçin.
— Elbetde, jenap. Siziň isleýän çyraňyz goňşy otaga goýulypdy. Häzir ony alyp gelip, şu ýere goýup bererin, ol bütin gije ýanyp durar. Ýene-de göwnüňiz näme islese sorap bilersiňiz! Ýol dowamynda näme gerek bolsa çekinmän aýdyberiň, ser.
Soňra ol çykyp gitdi. Men dostuma seredip ýylgyrdym.
— Hä, indi näme diýýäň? Gördüňmi, olar meň Mark Twen ekenimi bilenlerinden soň sylaýyşlaryny — dostum dymyp durdy— Saňa şular ýaly hyzmat etmelerini isläňokmy? Üstesine petek nyrhy bir bolsa— diýip gepime goşmaça etdim.
Şol wagt girelgede gülüp duran gözegçi göründi.
— Ser, men sizi ilki gören wagtym tanapdym.
Oňa köpräjik çaýpul berip:
— Şeýlemi? Onsoň, men kim ekenim?— diýip soradym.
Ol:
— Jenap Maklellan, Nýu-Ýork şäheriniň meri — diýdi.


Terjime: Saparmyrat Gürgencli
3
77
awesome
21.06.2022 11:52
Merdan Baýadow / 25-DE ÖMÜR HAKDA OÝLANDYM...

Sekuntlardan ýüki ýetip minutlaň,
Sagat güne, günler aýa aýlanyp,
Gün geçdikçe derdi artýan bu başym
Barýan ýaly oglanlykdan saýlanyp.

Çekilýän çilim deý kemelip badym,
Arzuwlar sowrulýan tüsse mysaly.
Baglanmaga umyt tapmadyk söýgim,
Elin salgap menden gidäýen ýaly.

Bagty bolsun kime baran bolsa-da,
Birwagtlar bagtym diýip bakanym.
Duýdum, direg däl ekenim dünýäde,
Olam görki däl ekeni jahanyň.

Aý, hawa-da, aýna ýaly takyr däl
Ömür kerweniniň çäge ýollary.
Munda agyr bassam, yz bolup galar,
Ýel aparar ýeňil goýlan yzlary.

Üýşmeleňden çykan serhoş ýoldaş dek,
Taşlanara dözülmeýän ýatlama.
Gowşak goşgym ýaly manysyz olar,
Duýgularňa erkiň ýetse, ýatlama!

Durmak ýok, fizikaň sada kanuny,
Ýürek dep kakyp dur ýöriş şanyna.
Howlugamok hol “arzysyz” sepgide,
Men barmasam, özi geler ýanyma
6
64
awesome
20.06.2022 23:59
“MELEJE GULPAKLY, GÜL YSLY GYZYM...”

Bilýäňmi näme, seň gelen günüň
Ählije zat üýtgedipdi reňkini,
Görküni senden alypdy göýä.
Bu ýaşaýyş owadandy, ýagtydy.
Göwnüme däl, men asmanda uçýan-da,
Ähli kişä buşlap ýörün bagtymy.
Şol günde güllerem tans oýnaýardy
Çalaja öwüsýän güýzüň serginne.
Baglaram pişme deý seçip ýapragyn,
Toý tutýardy begenip doglan günüňe.
Hawa, seň gelenňe üýtgäpdi adym
Hemem gözlerime gözlük dakan deý
Ýaşaýyşy görüp bildim başgaça.
Bu zemine bagt bolup döränim,
Saňa sowgat, gyzym,
Ýol bilen kitap.

* * *

Men saňa kän zady öwredip bilmen,
Ýörejek ýoluňa bolsam-da çelgi.
Küşdüň tagtasy deý tekiz däl ahyr
Bu uzak ýollaryň syrly göçümi.

Ynha, birden synçy nazarlarymy
Bir nokada dikip galaýsam gussa,
Käte soraglarňy jogaplap bilmän,
Barja zady bilip duran ejeňi
Geňleme, dymsa..

Boýuňa dönenim,
Sen diýýäň ýene:
“Eje, saçlarymy örüp bersene!..”
Meleje gulpakly, gül ysly gyzym,
Biz munda ýaşaýan, gülýän bolsagam,
Bu barlyk, bu durmuş, ählije zatlar
Saçlaň örümi deý aňsatjak däl-ä...


✏Bilbil KAKABAÝEWA
5
39