awesome
22.06.2022 16:54
Musa Ýusup / Ýandepderçädaki bellikler.

Kör adam ýitiren zadyny gözläp bilmezmi?!

Kinoda elindäki kartasy bilen hazyna gözläp ýören adam ahyry tapdy gözleýänini. Hazynany görüp huşy başyndan uçdy. Hatda kartasynam zyňyp göýberdi. Yzyna gaýtjak dälmikä?

Şu wagt ýeke özüm otyryn. Ýöne ýalňyz däl. Bir gulagyma nebis çawuş çakýar, beýleki gulagma wyždanym. Ikisiniň hyşy-wyşysy beýnimiñ çamalagyny çaşyrdy.

Puluň bir ujuny görkezip dünýäň ol ujuna git diýseňem soragsyz-sowalsyz gitmäne taýyn adamlaram bar oguşýa!

Käbir gülleriň ysy has uzakdan duýulýar.

Bir wagtlar çagakam öýüniň goşuny towuga ýükläýmeli garyp goňşymyz bardy. Şähdi açyk, göwni baý adamdy. Kyrk ýyl garyplyk ýok, kyrk ýylam baýlyk. Tüweleme şol adam gurplanypdyr. Ýüregem gulplanypdyr. Beh, goja adamzat! Sen, ne beýle maýyşgak zat.

Lukman kesellini däl, keseli bejerýär. Şahyr ikisinem bejermeli.

Gadymy Ýunan şäherleriniň häzirki ýykan-ýumranlyklary hem juda owadan görünýär. Kämillik ýüzýyllyklardan ýüz ugra geçip, müňýyllyklara-da boýun egmeýän bolarly.

Adam zabunlykda käte wagtdanam ozdurýar.

Arzuw edip ýaşamak gowy zat. Ýöne, ýöne arzuw edip ýaşamagam ýaltalykdan nyşan.

,,Söýýän”, “köýýän”, “sensiz öldüm”, “otda söndüm” ýaly aşa köp ýazylýan goşgylardan halys gerk-gäbe aşa düşdüm. “Indi, menem şeyle goşgy ýazmaryn” diýip tasdanam ant içipdim.

Çykmadyk jandan umyt kesilmez welin umytsyzlygam janyňy alyp barýar. Herhal, umydy umytsyzlyga däl-de, umytsyzlygy umyda baglajak bolýan.

Nazar Geldiýewiň “Ot-ýalnyň içinde” romanyny okap gutardym. Beýik Watançylyk urşundaky dartgynly ýagdaýlary gowy beýän edipdir. Kasym Ataýewiň obrazy göwnümden turdy. Häzir Parahat Çerkezowanyň “Nury Halmämmedow” kitabyna başlajak.

Söýgi hem ýorup bolmaýan
Hem görüp bolmaýan düýşdür (Şähribossan)
Düşünip bolýan, emma düşündirip bolmaýan ajaýyp iki setir.

Näçe sany "bolsady" ekdim. Her birinden onlarça "bolmajak" çykdy.
9
31
ay_kiz_
22 Iýun 2022
👌👌👌👌👌
Возможность комментирования данной публикации было отключена.