awesome
21.06.2022 11:52
Merdan Baýadow / 25-DE ÖMÜR HAKDA OÝLANDYM...

Sekuntlardan ýüki ýetip minutlaň,
Sagat güne, günler aýa aýlanyp,
Gün geçdikçe derdi artýan bu başym
Barýan ýaly oglanlykdan saýlanyp.

Çekilýän çilim deý kemelip badym,
Arzuwlar sowrulýan tüsse mysaly.
Baglanmaga umyt tapmadyk söýgim,
Elin salgap menden gidäýen ýaly.

Bagty bolsun kime baran bolsa-da,
Birwagtlar bagtym diýip bakanym.
Duýdum, direg däl ekenim dünýäde,
Olam görki däl ekeni jahanyň.

Aý, hawa-da, aýna ýaly takyr däl
Ömür kerweniniň çäge ýollary.
Munda agyr bassam, yz bolup galar,
Ýel aparar ýeňil goýlan yzlary.

Üýşmeleňden çykan serhoş ýoldaş dek,
Taşlanara dözülmeýän ýatlama.
Gowşak goşgym ýaly manysyz olar,
Duýgularňa erkiň ýetse, ýatlama!

Durmak ýok, fizikaň sada kanuny,
Ýürek dep kakyp dur ýöriş şanyna.
Howlugamok hol “arzysyz” sepgide,
Men barmasam, özi geler ýanyma
6
64
ylham_gurbanaly
22 Iýun 2022
Peri, hakyky zat, "birwagtlar öz bagtymdyr öýdenim" diyyar Sapa) beylekina aydybam oturjakdal)
ylham_gurbanaly
22 Iýun 2022
Peri, 3njj bendiñ 2nji setiri Sapaňka meňzeş, 3 we 4setir G. Ezizowka meňzeş)
ylham_gurbanaly
22 Iýun 2022
3-nji bent gaty meňzedilip alnypdyr. Her bir goşgydan meňzedilip alnana oguşýa)
kyyas2017
21 Iýun 2022
👍❤👍👍👍👍👍
unknown_12
21 Iýun 2022
👍👍👍👏👏
Возможность комментирования данной публикации было отключена.