awadan
15.10.2024 19:07
Hekaýa
"Ýitip barýan söýgi"


Türkmen obalarynyň birinde ýaşaýan ýaş gyz Bägül bilen ýaş ýigit Mämmet biri-birini çyn ýürekden söýýärdi. Bägül öz owadanlygy, mylaýym häsiýeti bilen obada tanalýardy, a Mämmet bolsa ejizräk, ýöne çyn ýürekli we halallyk bilen tanalýan ýigitdi. Olar bagtyýar ýaş juwanlardy, ýöne söýgüleriniň öňünde birgiden päsgelçilikler bardy.

Bägüliň kakasy öz gyzyna örän talapkärdi. Ol gyzyny obanyň baý adamlarynyň birine durmuşa bermek isleýärdi. Bägül bolsa, özüniň kimdir biri üçin satylýan haryt ýaly görülmegini islemän, hakyky söýgüsine eýermek isleýärdi. Kakasynyň isleýän baý oglany baý, emma häsiýeti ýowuz we mähirsizdi. Bägüliň ýüregi Mämmetde bolansoň, ol kakasynyň basyşyna garamazdan, Mämmedi saýlamak isledi.

Bir gün Bägül bilen Mämmet gök zolakly, gülleri açylyp duran meýdanda duşuşdylar. Gün şöhlesi olaryň ýüreklerine ýagtylyk çaýýar ýalydy. Mämmet gyza öz duýgularyny beýan etdi. Ol her gün Bägüliň söýgüsi üçin göreşip, başgalaryň oňa garşy çykýandygyny bilenok ýaly ýalydy. Söýgüsi ol üçin dünýäde iň gymmatly zatdy.

"Bägül, men saňa bir haýyşym bar," diýip, Mämmet ýürekden gürledi. "Meniň durmuşyňda diňe sen bar. Eger-de sen gitseň, meniň dünýämiň manysy galmaz. Men seniň ýanynda bolmak üçin näme etsem-de taýýar. Ýöne, eger kakanyň isleýän ýigidi bilen durmuşa çyksaň, men seniň bagtyňy diňe daşdan synlarin."

Bägül gözlerinden ýaş damjasy inip, Mämmediň ýüzüne seretdi. Ol hem öz içinde ejizlik duýýardy, ýöne söýgüsine garaşmakdan başga alajy ýokdy. Ol näme diýjegini bilmän, Mämmediň elini tutdy we başyny aşak saldy.

"Düýbünden gitmek islemeýärin, Mämmet," diýip, Bägül pyşyrdady. "Ýöne kakamyň basyşyna çydap bilemok. Men saňa sabyrly bolmagy teklip edýärin. Eger-de biz biri-birimizi hakyky söýsek, päsgelçilikler bizden öňe geçip bilmez."

Şol günden soň, Mämmet we Bägül biri-birini görmek üçin köplenç gizlin ýagdaýda duşuşdylar. Obada olaryň söýgüsi barada gürrüňler ýaýrap başlady. Adamlar Mämmediň Bägüliň kakasy bilen arasyndaky dartgynlygy bilýärdi. Obanyň ýaşululary bu ýagdaýyň uzak wagt dowam edip bilmejekdigini aýtdylar.

Bir gün Bägüliň kakasy Mämmediň maşgalasyna baryp, Mämmedi ýigrenýändigini we öz gyzyny oňa bermejekdigini aýtmak üçin uly jedel turuzdy. Bu ýagdaý Mämmedi örän agyr ýagdaýa saldy. Ol näçe göreşse-de, diňe özüni Bägül bilen bilelikde has bagtly duýýardy. Şeýle-de bolsa, ol Bägüliň öz durmuşyny kyn ýagdaýa saljakdygyny bilip, öz kalbynda uly söweşe başlady.

Kakasynyň basyşy bilen, ahyrynda Bägül baý oglan bilen durmuşa çykdy. Toý güni gelip ýetdi, emma onuň ýüregi doly ezilipdi. Ol, näçe synanşsa-da, hakyky söýgüsini daşlaşdyryp, öz ykbalyna boýun egdi. Toýdan soň, Bägül obadan uzak bir ýere gitdi, Mämmet bolsa obada galyp, ýeke özi onuň bagtyna syn edýärdi.

Wagt geçdi, emma Bägül bilen Mämmediň ýüregindäki söýgi hiç haçan öçmedi. Bägül durmuşda näçe zady başdan geçirip hem bolsa, Mämmedi unutmaýardy. Mämmet hem obada her gün öňki günleri ýatlap, Bägüliň keşbini göz öňüne getirýärdi. Olaryň söýgüsi ýitip gitmedi, ýöne aralyk we ykbal olary biri-birinden uzaklaşdyrypdy.

Ahyrsoňy, Mämmet uzak ýyllardan soň Bägüliň hal-ýagdaýyny soramak üçin oba täzeden gelipdi. Emma ol gelse, Bägüliň köp ýyllap agyr keselde ýatyp, ahyrynda aradan çykandygyny eşitdi. Mämmetiň ýüregi döwülipdi. Ol gyzy görüp bilmän galandygy üçin örän gynandy, ýöne onuň soňky arzyly arzuwy Bägüliň guburynyň ýanyna baryp, oňa söýgüsini bildirmekdi.

Şeýlelikde, Mämmet Bägüliň guburyna baryp, çöküp oturdy. Şol ýerde ol uzak wagtlap sessiz oturyp, öz söýgüsiniň güýjüni we onuň üçin çynlakaýdygyny boýun aldy. Mämmediň ýüregi näçe wagt geçse-de, Bägüliň söýgüsi bilen ýaşapdy. Söýgi uzakda galan hem bolsa, ol hemişe Mämmediň ýüreginde ýaşaýardy.
8
82
awadan
15.10.2024 17:28
Hekaýa
Aýgül atly bir gyz bar eken. Ol kiçijik oba-da ýaşapdyr. Aýgül örän owadan, ýüzi ýylgyryşly we mertebeli bir gyzdy. Ýöne onuň durmuşy daşyndan görünişi ýaly aňsat däldi. Ol ejesiz ulalypdy we kakasy bilen birgiden kynçylyklary başyndan geçirmelidi. Ýaşlygynda ýetim galan Aýgül, ýaşaýyş kynçylyklary bilen ir ýüzbe-ýüz bolup, durmuşda özüniň ýerini tapmak üçin köp göreşdi.

Obanyň adamlary köplenç ony göwnemän, daşlaşýardylar. Sebäbi Aýgül her kime laýyk gelen gyz däldi. Ol başga gyzlar ýaly töweregindäki adamlaryň isleglerine görä däl-de, öz kalby bilen hereket etmegi halaýardy. Munuň üçin ol köplenç adamlar tarapyndan ýoýrylyp, özüni daşlaşan we ýalňyz duýýardy. Şeýle-de bolsa, ol içinde güýçli bir ynama eýedi: "Durmuşda özüňi sylamasan, hiç kim seni sylamaz."

Aýgül ulaldygyça bu düşünje onuň ömri bilen utgaşyp başlady. Obadaky beýleki gyzlar durmuş gurup, öý-işik bolmak hakda arzuw edip ýörkä, Aýgül durmuşda has uly maksatlar gözleýärdi. Ol obadan çykyp, dünýäni görmek, täze ýerleri tanamak, bilim almak we özbaşdak durmuş gurmak isleýärdi. Bu arzuwy ony başgalardan has tapawutlandyrýardy.

Bir gün obada uly toý dabarasy geçirildi. Bu toý obanyň iň uly baý maşgalalarynyň biriniň ogly üçin geçirilýärdi. Hemmeler bu toýda bolmaga höweslidi. Toýa obanyň iň mähirli, sylagly adamlar çagyryldy, ýöne Aýgüle çakylyk gelmedi. Onuň beýle dabaralara çagyrylmazlygy adaty bir zatdy, sebäbi oba adamlary ony ünsden düşürýärdi. Emma ol bu gezek beýlekilerden gaty tapawutly hereket etmek kararyna geldi. Ol bu ýere baryp, diňe özüni sylatmak üçin däl-de, özüne bolan ynamyny görkezmek isleýärdi.

Aýgül öýünde uzyn köýnegini geýip, toýa gitmek üçin taýyn boldy. Onuň ýüreginde azda-kände gorky bardy, sebäbi ol obadaky adamlaryň nähili garşylaýandygyny bilýärdi. Emma ol içindäki şol sesden gaçyp bilmedi: "Bu meniň durmuşym. Men öz hak-hukugym üçin göreşmeli."

Toýa baranda, hemmeler ony görüp haýran galdy. Adamlar onuň gelmegine geň galyp, dürli gürrüňlere başladylar. "Ol näme üçin bu ýere geldi? Oňa çakylyk berlen däldir ahyry!" diýip, aralarynda pyşyrdaşdylar. Emma Aýgül hiç birine ünsem bermedi. Ol asuda ýylgyryp, toý dabarasynda oturdy. Bu ýerde bolmaga mynasypdygyny bilýärdi.

Toý dowam edip durka, Aýgül diňe bir daşary görnüşi bilen däl, eýsem içki güýç-güýji bilen hem obanyň adamlaryna täsir etdi. Onuň özboluşly häsiýeti, özüne bolan ynamy adamlaryň gözüni açdy. Ol adamlara aslynda her bir adamyň durmuşda öz ýoluny saýlap bilýändigini, başgalaryň pikirlerine garaşly bolmaly däldigini görkezipdi.

Şol toýdan soň Aýgül obanyň adamlarynyň garaýyşlaryny üýtgetmegi başardy. Oňa öňküsi ýaly ters garaýan adamlar hem boldy, ýöne ol indi olaryň pikirlerine asla ähmiýet bermeýärdi. Sebäbi öz ýoluny tapdy we öz içki güýjüne daýanyp ýaşamalydugyna doly göz ýetirdi. Ol diňe durmuşda öz maksatlaryna, arzuwlaryna ýetmek üçin öňe gitmäge karar etdi.

Şeýlelikde, Aýgül obadan çykyp, has uly şäherde bilim almak kararyna geldi. Oba adamlary muny başga bir geňlik bilen garşy aldylar, ýöne ol öz durmuşynyň eýesi bolup, başgalaryň pikirine gulak asmazdan öz ýolunda ynamly ýöredi. Ol köp synaglardan geçdi, ýöne her gezek has güýçli bolup çykýardy.

Hekaýadan netije şeýleräk: Aýgül durmuşda adam özüne ynanmasa, başgalardan sylag gazanyp bilmejekdigini öwrendi. Adamyň durmuşy başgalaryň garaýşy bilen däl-de, öz ynanjy we maksady bilen kesgitlenýär. Özüňe bolan ynamyňy ýitirip bilmän, her hili kynçylyklara garamazdan, öňe gitmek iň beýik ýeňişdir.
11
89
awadan
14.10.2024 17:33
Zombi gyzjagaz:'(
Bir bar eken bir he ýok gadymky Angilya karolugunda bir enanin zombi 🩸gyzjagazy bolupdur ol seyle🩸 gyzny 🩸gowy gorupdir ony 🩸adamlaryn oldirmeginen 🩸gorkup yerzeminde 🩸ulaldypdyr..🩸Gyzjagaza her gun gonşy golamyn towuklaryny ogurlap🩸 getiryardi.🩸Gunlen 🩸bir guninde karollukda kesel yuze cykdy we🩸 ahli karolluk goce🩸 gocluge baslady,ol ene🩸 bolsa gyzjagazny taslap gidmek🩸 islemedi 🩸gyzjagaz🩸 acdy we 🩸enesi ona berere iymiti galmandy🩸 nace gundir ozihem🩸 naharlanmandy,ol oz 🩸ellerni 🩸yene birgun oz ayaklarny🩸 gyzjagazna berdi ahyr🩸 sonunda 🩸gyzjagaz elsiz 🩸ayaksyz 🩸enesinin gursogna 🩸kellesni goýup gujaklayada ,sugune cenli ses🩸 üýnsiz zombi 🩸gyzjagazan"Ah🩸 🩸ejemjan sen🩸 seylebir ýyljajyk"diyen ses eshdildi yone gynansakda ol 🩸sesi sunca🩸 wagtlap gyzjagazny seyle soyyanligni aydyp bilmedik jansyz enanin jesedi 🩸 eshtmeyardi...

🩸
0
108
awadan
11.10.2024 16:22
Taze cykan soraglar☺️
1🔻 Wi - fiñize aýda nace toleyaniz?

2🔻 İñ yigrenyan adamyñ baş harpy😅???

3🔻 Tok nähili adamyny urýar???

4🔻Toýda bolup geçen gulkunc wakañ???

5🔻Sen hazır duşa gidyan suwa dusmane ,Edil su wagyt sağ tarapynda name bar bolsa (name duran bolsa) şonam duşa alyp giryan 😂
10
402
awadan
10.10.2024 16:02
Bir soz bilen haysy welaýatdandygyñy , welaýatyň adyny aytman dusundirip aytmaly ☺️
26
780
awadan
09.10.2024 11:03
TOGAPGÄHIM
Söýgi halas eder - powest 3-nji sonky bolumi
— Biz üç dost, üçimizem Merýemi söýýäs. Geliň, şonuň üçin, dostlugymyz uçin — sebäbi şondan eziz zat ýok — içeliň ! Ol Döwrany söýýän bolsa, diýmek, biziň hemmämiz ýene bile bolarys, bularyň bagtyna guwanarys — diýip, Penji çakgysy bilen çakyryň dykysyny açyp ugrady.
Biz çakyrsyzam serhoşduk. Çakyr artykmaçdy, ýöne bu ýagdaýy bellemek gerekdi. Ýylgyn gülleriniň dymyljyk ysy burnuňa urýar. Tomzaklar muňedekleşip ýörler. Mör-möjekler jyr-da-jyr. Arassa asmanyň ýüzünde iki sany gara gyrgy pel-pelläp uçup ýör. Uzakda goýun sürüsi görünýär. Sygyrlar molaşýarlar.
«Ezizim Merýem, şu gün men birinji gezek seniň saglygyňa çakyr içdim. çilim çekdim. Eger bizi ykbalymyz aýra salyp, men seniň adyňy dilime sena edip, keşbiňi. ýüregime nagyşlap, mejnun bolup, bişow bolan durmuşyň kötelli ýollaryna rowana bolsam, erte-bir gün sen meniň günämi ötermiň, aýagyň tozuny gözüme sürtmäge ygtyýar berermiň, günämi ötýänligiňi beýan edip, çal sepen başymy sypalarmyň? Durmuş näçe egnimden bassa-da, men onuň zoruna seniň adyňy dilime sena edip, keşbiňi aňymda aýlap döz gelerin. Içinde çabalansamam, maňa hapa ýokmaz. Sebäbi saňa bolan söýgim halas eder. Seniň keşbiň durmuşyň kötel hem hatarly ýollaryndan sag-salamat geçirer. Men ilkinji gezek çakyr içip, günä etdim, Merýem! Meni näçe ýençselerem, men agyry duýmaryn. Sebäbi ýüregimde seniň adyň. Meni näçe kemsitselerem, ýok etselerem, men şonça buýsançly bolaryn, üstün çykaryn, sebäbi ýüregimde saňa bolan söýgim bar ! Diňe sen, diňe sen, ezizim, meni ýykyp bilersiň. Başga hiç zat — çakyram, betbagtlyklaram — hiç bir güýç, gurçuk bolup gemirselerem meniň daragtymy ýykyp bilmezler».
Penjiden soň Döwran özüniň söýgüsini duýdurdy. Merýem oňa-da şol bir jogaby berdi. Meniň bognum ysmady. Men Merýemiň öňünde ejizleýärdim. Ýogsam näme, ol meniň üçin Hudaý, men bolsa hiç kim. Ol bolsa, soň görüp otursam, maňa gedemdir öýdüpdir. Diňe biziň däl, ýokarky klasdan Gurbanyň, Garanyň, Sarynyň, Jumanyň hatda düýe ýaly bolup Körpäniňem Merýemi söýýändigi mälim boldy... Ähli janly zatlar, iki aýaklylaram, agaçlaram, ösümliklerem, güllerem, süýrenijilerem, garynjalaram, mör-möjeklerem, arylaram — bala çozan ýaly şoňa tarap dyzaýardylar, ýöne hiçisem ýetip bilmedi.
Täze klasda men onuň edil öňündäki partada oturdym. Indi men onuň bilen islän wagtym yzyma öwrülip, gürleşibem bilýärdim, degşibem, gülşibem bilýärdim, albomyna goşgam ýazyp berýärdim. Şol döwürde gyzlara albom edinmek ýoň boldy. Oglanlar gyzlaryň albomlaryna ýatlama ýazýardylar. Eger mugallymlaryň biri bize galmagal edýänligimiz üçin käýinse — tutuş klas hyşy-da — wyşy bolsa — menem edepli oturmaly bolaýsam, ol maňa ýakymly garaýar. Onsaň näzikligi bütin bedenime ýaýraýar. Menem ol näzikligi duýup, inim dyglap, özümden gitmän zordan oturýardym. Indi onuň kimi söýýändigi hemmelere mälimdi.

© Akmyrat ŞIR
9
47
awadan
05.10.2024 13:15
TOGAPGÄHIM|
Söýgi halas eder - powest 3- nji bolumi
Penji depderden ýyrtylan bir tagta kagyza iki-üç sany jümle ýazyp, aşagyna gol çekdi. Ol soňra kagyzyň «Merýem men seni söýýärin Penji» diýen ýazgydan başga ýerini ýyrtyp aýyrdy. Men oňa: «Bitin kagyza ýazsana, munyň birhili, gelşiksiz» diýdim. Ýöne ol şeýle bir tolgunýardy welin, meniň maslahatymdan soň gaýta kagyzy has-da kiçeltdi. Öňem gyşaryşyp ýatan harp görgüliler «gulakdan-guýrukdan» jyda düşdüler. Ol şeýtmegi göwnüne jaý gördi, owadan gördi. Döwranam şol pikirde. Biz bu işe bir sagatlap dümtündik. Penjiniň göwnüne, kagyzyň gyralary henizem gyradeň gyrkylmadyk ýalydy. Döwran indiki sapakda haty Merýeme gowşurmaly diýen karara geldi. Ol yzky partada oturýar. Döwranyň alagadan, haty beräýmäge bogny ysanok. Penji bolsa ony gyssap, böwrüne symsyklaýar. Penjiniň öňe çykyp duran aňňy, sap-sary dişleri onuň dodaklarynyň arasyndan syrtaryşyp, ony örän ýaraşyksyz görkezýär. Sapak gutarmaga bäş minut galanda, Döwran näme-de bolsa, eli bilen mynçgalap jugur eden kagyzyny Merýemiň öňüne oklady. Kasym mugallym haty gördi. Ol gürrüňiniň arasynam kesmän, hemişekisi ýaly bir egnini boýnuna garşy gysyp, ýüzüni asyp, Merýemiň ýanyna geldi. Haty eline alyp, gözüniň gytagyny aýlady.
— Nyýazow, tur ! — Penji ýerinden galdy. — Saňa yşga düşerden irräk, agzyňdan emen süýdüň ysy gitmändir weli... Alymowa, bu size-de degişli !
Merýemiň partadaşy Şasy hikirdedi. Merýem tarsa turdy-da, gapa ylgady. Edil şol pursadam jaň kakyldy.
Kasym mugallym kostýumyny çalyşmasa-da, hemişe ütükläp, örän arassa geýýär. Özem şol kostýumyny hemişe işe-de geýýär. Ol bütin ömrüne, nämedir bir zatdan nägile ýalydy.
Penji aljyrady. Merýem aglamyşlap klasa girdi. «Eger meniň erkimde bolsa, seniň gözleriňden bir damja ýaş dammagyna ýol bererdimmi? Men ol damjalary ýeke-ýekeden çöpläp, doga edip boýnuma düzerdim. Men saňa : «Goý, aglama, Merýem, sen aglama, saňa derek men aglaýyn» diýerdim.
Meniň oňa dünýede iň näzik, mähirli sözleri aýdasym gelýer-di, ýöne dilim diýen edenok, dogrusy, bilemokdymam-la. Partanyň üstünde kitaba güýmenen bolup otyryn, ýöne on iki süňňüm elenip, şol näzik sözleri pyşyrdaýardy.
Merýem bölejik kagyza bir zatlar çyrşaşdyryp, Döwrana uzat-dy. Haty üç bolup okadyk. «Döwran, Penjä aýt, gaty görmesin, men başga birini söýýärin. Merýem».
«Diýmek, meni söýýändir !» diýen pikir kelläme geldi.
«Hemişe-de seniň meni söýýändigiňi bilýärdim. Men seniň ştapelden, krepdeşinden tikilen köýnekleriňi gowy görýärdim. Seniň öňüňde dyza çöküp, köýnegiň etegini gözüme sürtesim gelýärdi. Men seniň ýönekeý çüýşeden edilen monjuklaryňam, ýakaň epinlerinem söýýärdim. Seniň ýasy ýagyrnyňam söýýärdim. Atdanlykda elimi degren bolup, seniň bedeniň ýylysyna elimi «bişirmegi» gowy görerdim. Arkaňa oklaňda meniň partamyň üstüne düşüp, ujy jaýtaryp duran saçlaryňy söýýärdim. Hiç kimiň üns bermeýänini bilsem, eglip öpýärdim.
Sen meniňkidiň. Biz biri-birimiz üçin doglupdyk. Megerem, biz ikä bölünen bitewi zatdyk hem hökman birek-birege gowuşmalydyk. Meniň şol wagtky görýän görgülerimem ýarym adam bolanlygym üçindi. Men gara güýçleriň gelip, ikimizi bir ýüpe baglap, joşup duran Jeýhuna zyňmaklaryny arzuw ederdim. Şeýtseler biz bakylyga ýüzüp giderdik, hemişe bile bolardyk. Bile bolsak, bize ölüm ýokdur, biz hiç wagt ölmeris.
«Men seniň ugruňda edil Mejnundym, sen bolsa meniň Leýlim».
Okuwdan soň biz bir çüýşe çakyr, bir gapyrjak tomatly kilka, bir gap sigaret satyn alyp düze çykdyk. Biz şory ýüzüne çykyp, ýyly howry haplap duran şorlukda, gülläp oturan ýylgynlaryň arasynda çökdik.
Döwran haty görkezip, arzuwçyllyk bilen gepledi:
— Bä, men samsyk ekenim-aý. Ol-a meni söýüp ýörüpdir, men bolsa ony duýmandyrynam.
Penji bolsa aglamjyrap:
— Oglanlar, meniňki bolmady, ýöne Döwran men saňa görüplik edemok, şatlygyňa goşulýan — diýdi.
Men içgisizem serhoşdym. Özumiň ony söýýändigime, onuňam meni söýýändigine berk ynanýardym. Çakyr, çilimdir konserw gapyrjagy ýerde pytrap ýatyrdy. Penji:

dowamy bar
13
61
awadan
03.10.2024 22:47
TOGAPGÄHIM
Söýgi halas eder - powest
Men ony perişde saýardym. Ol ýa-ha howadan iýmitlenýändir, ýa-da diňe şokolad iýip oňýandyr diýip pikir ederdim. Ol biziň barýan ýerlerimize-de barýan däldir. Ol menden has arassa. Özümiň hapalygym, mynasyp däldigim, ejizligim meni ezýär. Eger ol meni şu wagt synlap duran bolsa näme? Men gaty uýaldym. Eger islese ol meni islän mütdetinde görüp bilýändir. Onda şeýle ukyp bolaýmaly. Ýöne onuň meni göresi beri gelýärmikä?
Ýatýan jaýymda ot ýanmansoň, içi ýah ýaly. Ýöne men şonda-da derrew öz otagyma geçýärdim. Uka gitmezden öň — ol hakda köpräk pikirlenmek üçin şeýdýärin. Men sowuk ýorganyň içine kürsäp girýän-de, gözümi petige diräp, sebäpsiz gözýaşlarymyň arygynda ýüzüp başlaýan. Men alysdan onuň köýneginiň etegini, ökjesi sürlip ugran köwşüni, ýaňagyndaky çukanajygy, saçynyň ujuny görýärin. Meniň ölesim gelýärdi. Eger meniň ölenimi eşitse, ol näderkä? Maňa nebsi agyrarmyka? Wagtyň geçmegi bilen, meni unutsa gerek. Ulalardy, okuwa giderdi, menem onuň kim bolup ýetişendigini, oňa näme bolandygyny hiç wagt bilmezdim. Men hemişe özüme bir zat bolup, onuňam ýüreginiň gyýylmagyny, gynanmagyny isleýärdim. Meniň ilki ölüp, soňam ony geň galdyrar ýaly dirilesim gelýärdi. Nähilem bolsa, nädibem bolsa, bir gahrymançylyk görkezesim, güýçli, akylly bolasym gelýärdi. Garaz, nädibem bolsa, şony aňk etmeli-dä.
Men okuwa ökdedim. Bu tarapdan onuň ýanynda ýüzüm gyzaranokdy. Ýöne, ynha, bedenterbiýede men oglanlaryň arasynda iň güýçlileri däldim. Men bedenterbiýäni halamokdym, şonuň üçinem ugruny tapsam baramok. Abdylla mugallym bolsa içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gabadyna gelse, meni masgara edýärdi.
Men, elbetde, klasymyzyň köp oglanlarynyň Merýeme hyrydarlyklaryny duýýardym. Ol häzir klasymyzyň iň owadan gyzydy. Geljekde bolsa onuň tutuş mekdepde, tutuş şäherjikde iň görmekli ulugyz bolaýmagy mümkin. Ol raýon halk magaryf bölüminiň müdiriniň gyzy. Ol beýleki gyzlardan düşünjelidi, okumyşdy. Onuň geýimlerem has täze modada. Mugallymlaram, okuwçylaram ony beýlekilerden artyk hormatlaýarlar. Onuň edýän hereketlerini, garagolluklaryny başga biri etse, gelişjegem däl, bagyşlanjagam däl.
Penji uzyn Merýemi söýýändigini Döwran ikimize duýdurdy. Biziň özümizem şonuň ýesiri, ýöne dostumyzyň şatlygyna goşuldyk.
Biz eýýäm onuň geljekki bagtyna guwanýardyk. Özümizem onuň üçin iň gymmat zadymyzy — söýgimiziň sebäpkärini, togapgähimizi gurban etmäge taýýardyk. Merýemiň ýitirildigi söýginiň ýitirildigi däldi, sebäbi söýgimiz biziň ýüregimizde galjak, ýürekde galan zady bolsa hiç kimiň almaga erki ýetmez. Biziň söýgi ezýetini çekesimiz gelýärdi. Söýgi ezýeti hakynda diňe kitaplarda okaýanam bolsak, biziň ululara öýkünesimiz, egnimiz bilen çekip göresimiz gelýärdi. Penjiniň syryny açmasy üçimiziňem ilkinji çilimi çekip görmegimize, çakyra agzymyzyň degmegine sebäp boldy.
10
52
awadan
03.10.2024 09:18
TOGAPGÄHIM
❥Söýgi halas eder - powest❥
«Inede men. Orta ýaşan adam, özümem syrkaw ýatyryn. Sen hakda pikir etýän. Merýem ! Ýaşlygymyzy ýatlamaga howlugýan. Köp zat ýatdan çykypdyr, wagt öz emrini ýöretýär»...

* * *

Biziň hemmämiz, oglanjyklaram, gyzjagazlaram okuwdan soň bile gaýdardyk. Ýolaýrytda bölünerdik. Olar merkezde ýaşaýarlar. Biziň öýümiz köne şäherjikde, galada. Ýöne olar her gezek (olar bilen birlikde akja köwüşlije gyzjagazam) biri-birleriniň ökjesine münip baryşlaryna — ýagyş bolsun, gar bolsun, şol boluşlary — meniň arzuwlarymam, hyýallarymam özleri bilen alyp gidýärler, men bolsa syýa çüýşämdir çörek ysy gelip duran ýanjygym bilen gussamy goltuklap gaýtýaryn.
Indi görýän welin, men ony ilkibaşdan, gaty irden gowy görüpdirin.
Ol nirede doguldyka? Nirede ösdükä? Ýedi ýaşaýança, şonça ýyllap kim bilen oýnadyka? Hamana, başga bir dünýäde ýaşaýan ýaly, onuň bir ýerde bardygyndan habarsyz ýeke özümiň bir ýerde oýnamagym, ösmegim geň ahyry. Gorkunç. Belki, men oglanlykda şony — gülli köýneklije, gültahýalyja, kinniwanja köwüşli, garagolja, kakasynyň göz guwanjy, kiçijik jigisiniň uluja uýasy, meniň durmuşymyň hemrasy bolan gyzjagazy ýüregim küýsäp, köp gezek gussa batandyryn?
Klasdaşlarymyň birinde biziň Hürli mugallym bilen irkiräk düşen suratymyz bar ekeni. Ol surat başga hiç birimizde saklanyp galmandyr. Diňe Döwranda bar. Mende-hä soňky klaslarda düşenlerimizem ýok. Döwran weli saklanypdyr. Hemmämiz aýakýalaň. Mekdebiň işigindäki tuduň kölegesinde düşüpdik. Öňdäki hatarda biz — oglanlar. Çommalyp otyrys. Meniň egnim şol döwürler moda bolan kewerkot kostýumly, kelläm jambörükli. Menin keşbim şol wagtkymdan üýtgemändir diýseňem boljak. Birhili müzzerip otyryn. Ikinji hatarda gyzlar. Olar oturgyçda otyrlar. Hürli mugallym gyzlaryň arasynda otyr. Merýem meniň ýeňsämde! Onuň egninde ýüň jempiri bar. Saçlary egnine dökülip dur. Ol surata gülüp düşüpdir.
Men her gün agşam diýen ýaly kino giderdim. Ýolum bolsa dünýäsini ümsümlik gurşan öwlüýäniň içindäki keramatly mazaryň gapdalyndan geçýär. Garaňkylyk. Soňra asfalt ýola çykýan. Köp mertebeli jaýlar. Gözüm bolsa onuň penjiresiniň gözleginde. Pynhan yşykly penjiresiniň aşagyndan geçip gidýärin. Şol penjiräniň aňyrsynda ýaşaýar. Gyzyl reňkli tutular ony menden gizleýär. Her gezek geçemde tolgunaý-tolgunaý görjek, duýjak bolardym.
Ol oglan jigisi bilen üçünji hatarda otyr. Kinofilmiň žurnaly heniz başlamandy. Meni ýanyna çagyrdy. Baryp gapdallarynda çökdüm. «Oglanjyk» ikimiziň aramyzda. Žurnal gutaransoň, Merýem jigisi bilen ornuny çalyşdy. Beýder öýdüp oslamandym. Meniň özüm-ä şeýdip biljek däldim. Biz ýanaşyk otyrys. Indi meniň gözüme kino ilenok. Ol kem-kemden maňa gysmyljyraýar.
Kino gutardy. Çyralary ýakdylar. Olaryň jigisi ikisi zaldan tirkeşip çykdylar. Menem yzlaryna düşüberdim. Ol bir gezegem yzyna gaňrylyp garamady. Men olaryň yzyna düşüberdim. Ara barha daşlaşýar. Gapdallap ýöräbermäge bognum ysanok. Öýlerine girdiler. Gyzyl tutularyň aňyrsynda çyra ýandy. Men biraz durdum. Soňam mähellesiz köçe bilen täze gary basgylap gaýtdym. Garyň üstüne-de tutularyň gyzyl reňki çaýylýar. Men keramatly mazaryň deňesinden geçdim. Hol öňde garalyp gala, onuň garyň üstüne düşýän kölegesi göründi. Ol döwürler öwlüýäde jyndyr eýe bardyr diýip gorkuzardylar. Ýöne bu wagt men gorkamok. Bu wagt meniň içki tolgunmam jynlardan bolan gorkudan rüstem gelýärdi. Muny duýan ýaly, jynlaryň birem maňa görünip bilmedi.

Dowamy bar...
13
99
awadan
30.09.2024 21:42
«Sen olaryň pikir edişleriniň tersine, ýagşy adam»
Ýoluny urduran adam Allanyň rehmet etmegi bilen dogry ýola düşýär. Pire gol berýär. Şondan soň ol düýbünden üýtgeýär. Agzyndan toba-istigfar kelemesi düşmeýär. Iliň aýbyny gözläp, sümsünip ýören käbirleri bolsa, ol barada her hili gep çykarýar:

– Biz ony gaty gowy tanaýas. Mysapyrsyramasyna garamaň, onuň niýeti ile gowy görünmek. Aslynda bolsa ol üýtgänok, şol öňki bolşy – diýip, o ýerde-bu ýerde bolar-bolmaz gürrüň edýärler. Biçäre adam bolsa özi dogrusynda şeýle gep edilýändigine gaty ezýet çekýär. Ahyr soňunda sabyr-käsesi dolup, bu ýagdaýy pirine ýetirýär. Talybynyň gürrüňini eşiden pir tolgunyp, gözýaş döküp ugraýar. Piriniň bu ýagdaýyndan many çykaryp bilmän heläk bolup duran biçäre talyp onuň ine, şu sözlerinden soň özüni dürseýär:

– Oglum, seniň şatlanmagyň gerek. Çünki sen olaryň pikir edişleriniň tersine, ýagşy adam!

*****

Ýagşy adamdygyňa garamazdan, iliň seni erbet adam hökmünde tanamagy, hakykatda erbet adam bolup, gowy adamdyr öýdülmegiňden ýagşydyr.
12
124