awadan
05.10.2024 13:15
TOGAPGÄHIM|
Söýgi halas eder - powest 3- nji bolumi
Penji depderden ýyrtylan bir tagta kagyza iki-üç sany jümle ýazyp, aşagyna gol çekdi. Ol soňra kagyzyň «Merýem men seni söýýärin Penji» diýen ýazgydan başga ýerini ýyrtyp aýyrdy. Men oňa: «Bitin kagyza ýazsana, munyň birhili, gelşiksiz» diýdim. Ýöne ol şeýle bir tolgunýardy welin, meniň maslahatymdan soň gaýta kagyzy has-da kiçeltdi. Öňem gyşaryşyp ýatan harp görgüliler «gulakdan-guýrukdan» jyda düşdüler. Ol şeýtmegi göwnüne jaý gördi, owadan gördi. Döwranam şol pikirde. Biz bu işe bir sagatlap dümtündik. Penjiniň göwnüne, kagyzyň gyralary henizem gyradeň gyrkylmadyk ýalydy. Döwran indiki sapakda haty Merýeme gowşurmaly diýen karara geldi. Ol yzky partada oturýar. Döwranyň alagadan, haty beräýmäge bogny ysanok. Penji bolsa ony gyssap, böwrüne symsyklaýar. Penjiniň öňe çykyp duran aňňy, sap-sary dişleri onuň dodaklarynyň arasyndan syrtaryşyp, ony örän ýaraşyksyz görkezýär. Sapak gutarmaga bäş minut galanda, Döwran näme-de bolsa, eli bilen mynçgalap jugur eden kagyzyny Merýemiň öňüne oklady. Kasym mugallym haty gördi. Ol gürrüňiniň arasynam kesmän, hemişekisi ýaly bir egnini boýnuna garşy gysyp, ýüzüni asyp, Merýemiň ýanyna geldi. Haty eline alyp, gözüniň gytagyny aýlady.
— Nyýazow, tur ! — Penji ýerinden galdy. — Saňa yşga düşerden irräk, agzyňdan emen süýdüň ysy gitmändir weli... Alymowa, bu size-de degişli !
Merýemiň partadaşy Şasy hikirdedi. Merýem tarsa turdy-da, gapa ylgady. Edil şol pursadam jaň kakyldy.
Kasym mugallym kostýumyny çalyşmasa-da, hemişe ütükläp, örän arassa geýýär. Özem şol kostýumyny hemişe işe-de geýýär. Ol bütin ömrüne, nämedir bir zatdan nägile ýalydy.
Penji aljyrady. Merýem aglamyşlap klasa girdi. «Eger meniň erkimde bolsa, seniň gözleriňden bir damja ýaş dammagyna ýol bererdimmi? Men ol damjalary ýeke-ýekeden çöpläp, doga edip boýnuma düzerdim. Men saňa : «Goý, aglama, Merýem, sen aglama, saňa derek men aglaýyn» diýerdim.
Meniň oňa dünýede iň näzik, mähirli sözleri aýdasym gelýer-di, ýöne dilim diýen edenok, dogrusy, bilemokdymam-la. Partanyň üstünde kitaba güýmenen bolup otyryn, ýöne on iki süňňüm elenip, şol näzik sözleri pyşyrdaýardy.
Merýem bölejik kagyza bir zatlar çyrşaşdyryp, Döwrana uzat-dy. Haty üç bolup okadyk. «Döwran, Penjä aýt, gaty görmesin, men başga birini söýýärin. Merýem».
«Diýmek, meni söýýändir !» diýen pikir kelläme geldi.
«Hemişe-de seniň meni söýýändigiňi bilýärdim. Men seniň ştapelden, krepdeşinden tikilen köýnekleriňi gowy görýärdim. Seniň öňüňde dyza çöküp, köýnegiň etegini gözüme sürtesim gelýärdi. Men seniň ýönekeý çüýşeden edilen monjuklaryňam, ýakaň epinlerinem söýýärdim. Seniň ýasy ýagyrnyňam söýýärdim. Atdanlykda elimi degren bolup, seniň bedeniň ýylysyna elimi «bişirmegi» gowy görerdim. Arkaňa oklaňda meniň partamyň üstüne düşüp, ujy jaýtaryp duran saçlaryňy söýýärdim. Hiç kimiň üns bermeýänini bilsem, eglip öpýärdim.
Sen meniňkidiň. Biz biri-birimiz üçin doglupdyk. Megerem, biz ikä bölünen bitewi zatdyk hem hökman birek-birege gowuşmalydyk. Meniň şol wagtky görýän görgülerimem ýarym adam bolanlygym üçindi. Men gara güýçleriň gelip, ikimizi bir ýüpe baglap, joşup duran Jeýhuna zyňmaklaryny arzuw ederdim. Şeýtseler biz bakylyga ýüzüp giderdik, hemişe bile bolardyk. Bile bolsak, bize ölüm ýokdur, biz hiç wagt ölmeris.
«Men seniň ugruňda edil Mejnundym, sen bolsa meniň Leýlim».
Okuwdan soň biz bir çüýşe çakyr, bir gapyrjak tomatly kilka, bir gap sigaret satyn alyp düze çykdyk. Biz şory ýüzüne çykyp, ýyly howry haplap duran şorlukda, gülläp oturan ýylgynlaryň arasynda çökdik.
Döwran haty görkezip, arzuwçyllyk bilen gepledi:
— Bä, men samsyk ekenim-aý. Ol-a meni söýüp ýörüpdir, men bolsa ony duýmandyrynam.
Penji bolsa aglamjyrap:
— Oglanlar, meniňki bolmady, ýöne Döwran men saňa görüplik edemok, şatlygyňa goşulýan — diýdi.
Men içgisizem serhoşdym. Özumiň ony söýýändigime, onuňam meni söýýändigine berk ynanýardym. Çakyr, çilimdir konserw gapyrjagy ýerde pytrap ýatyrdy. Penji:

dowamy bar
13
61
awadan
5 Oktýabr 2024
@alma___, 👍👍
alma___
5 Oktýabr 2024
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.