awadan
06.12.2024 10:50
Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym…/ monolog-hekaýa √2
Ýadyma düşýär, ejemiň elleri meniň saçymy sypaýar, olary ýüzümden aýyrýar.
Ýadyma düşýär, ejemiň ysy, meniň ýaňagymyň galdalyndaky pyşyrdysy.
Ýadyma düşýär, özümiň gözümi açmaga nähili eýmenýändigim. Gözlerimden akýan dönük gözýaşlaryň ýaňaklarymdan syrygýandygy, ejemiň bolsa olary ýumşajyk aýasy bilen süpürýändigi. Soň bolsa, ejemiň gözýaşlary meniň ýüzüme gaçmaga başlady.
Meniň ýadyma düşýär, uwlap başlanym… ýok, aglap däl, uwlap başlanym, edil alaçsyz güjüjek ýaly…
Meniň süňňümdäki yza, iň bir gerek däl pursatda böwsüp daşyma çykdy.
Gözlerimi açman, men uwlaýardym.
Tutuş hassahanany örüzip, uwlaýardym.
Lukmanlar ylgaşyp geldiler-de, meni ejemden aldylar.
Men şol müddet özümiň saklanyp bilmändigim üçin özümi şeýlebir ýigrendim, sebäbi, eger-de men dymyp ýatmagy başaran bolsam, onda ejemiň gujagynda ýatyşym müdimilik dowam ederdi.
Indiki sapar men ejemi ýetimler öýünde gördüm. Onuň meniň ýanyma görme-görşe gelýän wagty maňa ýaman agyr düşýärdi. Men bar güýjüm, erkim bilen oňa garaşmazlyga, oňa ynanmazlyga çytraşýardym. A belkem, men şol pille hiç zada düşünenem däldirin. Häzir bu barada anyk bir zatlar aýtmak juda kyn. Bir gün irden bolsa ejem meni öýe alyp gaýtdy. Men hiç haçanam şol günki ýaly owadan bolmandym. Meniň eşiklerimiň hemmesem täpbe-täzejedi. Köýnegim, kolgotkajygym, köwüşjigim, hatda içki geýimjiklerimem.
Şol günem biz geçmişimi hemişelik galdyryp gaýtdyk. Täze ömrümde meniň ähli zadym bardy. Ýatyş sekim, stolum, ýassyklarym, oýnawaçlarym, tekje doly owadan eşiklerim hem-de jadyly kitaplarym.
Ondan başga-da öýümizde Mişa bilen Lilýa bardy. Diňe Wanýajanym ýokdy…
Ilki-ilkiler men gymyldamaga gorkardym. Az gepläp, az iýmäge çalşardym. Ejemiň, kakamyň göwnünden turasym gelýärdi ýa-da iň bolmanda olara päsgel bermezlige dyrjaşýardym. Men öýde özümi nähili alyp barmalydygyny bilmeýärdim. Her pursatda-da haçan bu gowulygyň gürüm-jürüm bolup, ýene-de erbet bolmaga başlaryna garaşýardym. Haçan-da meniň öz erbetligim üçin mynasyp temminiň ýene-de meni gözläp taparyna…
Ýöne, günlerde bir gün ejem meni hiç haçan, hiç bir zat üçin hiç kime bermejekdigini aýdanda, hemme zat üýtgedi!
Ejem diýdi, men näme etsem-de hiç kime meni bermez!
Diýdi, men onuň çagasy, olam meniň ejem!
Özem munuň şeýle bolmalydygyny biz kesgitlemändiris, ykbal kesgitläpdir.
Ykbala bolsa, bu zatlar bize görä has aýandyr.
“Şonuň üçinem,” diýdi ejem: “gel, birsalym garagolluk edip oýnaly!”.
Şol gün biziň güýz ýapraklarynyň näçe üýşmeklerini pytradanymyzy bir bilsediňiz!
Eje-kakamyz Mişa ikimizi ýaprak bilen basyrýardylar.
Ejem soňra biziň kellämize ajaýyp gültäçlerini dokap berdi welin, biziň hemmämiz biri-birimize ekiztaýy dek meňzeş bolup galaýdyk.
Bir günem, biziň öýümizde duýdansyz Wanýa peýda boldy.
Men ilki ony tanamadym we esli wagtlap şol öňümde duran çagaň öz jigimdigine ynanyp bilmedim.
Haçan-da men ejemiň kimi öýümize getirendigine aň ýetirenimde meniň durkumy wehim doldurdy.
A birdenkä ol ýene-de aglamaga başlar, bezzatlyk eder, gohlar?
Onsoň bizi ýene-de öýümizden alyp giderler!

dogamy bar
11
43
awadan
06.12.2024 09:17
Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym… / monolog-hekaýa
Meniň ýadyma hiç zat düşmeýär.
Meniň hiç zady ýadyma salasym gelmeýär.
Meniň, käte kellämde ýylpyldaýan zatlary unudasym gelýär.
Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym.
Uzak-uzak wagtlap özüm bilen nämeler bolýandygyna düşünip bilmedim. Nähilidir birhili çal perde meniň irki çagalygymy gabsap, gizleýärdi. Hemme zat ümürde, gaharly, zalym…
Üznüksiz nalajylyk duýgusy hem-de kiçijik jigimiň tükeniksiz agysy.
Ol elmydama aç.
Mydama-da aglaýar.
Diňe aglaýar.
Bu agy meni häzirem yzarlaýar.
Köçede hünibirýän gözýaş dökýän çaga seredýän welin, ýüregim doňup galýar. Men onuň ýüzjagazyna dikanlaýan – ýok, ol arryjak däl, eljagazynda-da tekerkökejik. Onuň ejesine seredýän – owadan, ýaş, gowy geýnüwli…
Serhoş däl!
Onda sen näme üçin aglaýarsyň?!
Seniň hemme zadyň bar ahyry!
Bujagaz oglanjyga şeýlebir gygyrasyň gelýär – dur ahyry, bagyrma, zarynlamaňy bes et!
Sen özüň nähili bagtlydygyňa-da düşünmeýärsiň-ä!
Gujakla öz ejeňi-de, goýberme ony!
Hiç haçan goýberäýme!
Dünýäde hemme zatdan beter men ejemi ýitirmekden gorkýan.
Dört ýaşym dolanda meni dogran meniň ejemjany.
Ýadyma düşýär, ýetimler öýünde men özümiň bioejeme, bioeneme neneňsi garaşardym.
Ýadyma düşýär, enem gelşi…
Men, şol gün, özüme berlen kemput paýymy iýmän, olary eneme berdim-de, süýjini Wanýajyga gowşurmagy haýyş etdim.
Ol aldy.
Bir hepdeden soň bolsa, ýene-de şol süýjüleri maňa dadympaý hökmünde getirip berdi… diňe ýarysyny.
Men ýöne şojagaz zada-da begenipdim.
Enem maňa diýdi: “Maňa garaş”, şondan soňam men ony hiç haçan görmedim.
“Rehimdar” adamlar, maňa, meni “almaklarynyň” düýbünden bolmajak zatdygyny aýtdylar. Ejem içýär, enem içýär, kakam bolsa meniň öz gyzy däldigimi aýtdy. Başga maşgala meni perzentlige-de almaz, sebäbi meniň ýanym bilen goşundy hökmünde – Wanýajyk, meniň jigimem bar, ol bolsa keselli.
Keselli çagalar hiç kime gerek däl.
Men hemme zada dessine düşündim.
Men hiç hili gowulyga garaşmaýardymam, men özümiň hiç kime gerek däldigimi bilýärdim.
Eger-de mähriban adamlarym meniň yzymdan gelmeýän bolsa, onda diýmek, men erbet.
Ýagty ýalançydaky iň pis gyzjagaz.
Hemme zada-da men günäkär!
Bu zatlaryň barysy, meniň hemişe aglap ýatan jigimi köşeşdirip bilmändigim üçin, bizi öýmüzden alyp gaýdandyklary sebäpli boldy.
Men islendik jeza taýyn.
Haçan-da hiç zada garaşmaýarkaň, umyt etmeýärkäň – ýaşamak ýeňleýär.
Daş-töweregiňde hemme zat biderek bolýar.
Maňa, özümiň näme iýýändigim, näme geýýändigim, bizi nirä alyp barýandyklary, näme üçin alyp barýandyklary parhsyz bolup galdy.
Men ukladym, hatda ukladymam däl – men öldüm.
Ilk-ä öz içimde, soňra bolsa meni diri saklaýan tenimiň ýaşasy gelmän başlady.
Men gaty egbar hala düşdüm. Tutuşlygyma lokga agyry.
Ýöne, men muňa mynasypdym.
Sanjymlar, damjalaýyn sanjymlar, gerdekler we sedasyzlyk… uzyndan-uzyn, halys eňkiňi agdyryp barýan ses-selemsizlik.
Birdenem – meniň gulagymyň agzynda kimdir biriniň dem alýandygy eşidildi.
Owaz.
Oslagsyz, şeýlebir ýylyjajyk hem mymyjak boldy.
Men gözümi açdym.
Kimdir biri meni elinde göterip durdy.
Howlukman, nähilidir birhili haýallyk bilen, mähirli, ýöne pugta saklaýar.
Kimdir biri meni huwwalaýar, özem gulagyma nämedir bir zatlary pyşyrdaýar.
Ýadyma salyp bilmeýärin, ýa aýdym ýa-da doga.
Men derrew gözlerimi ýumdum.
Çünki, belki bu düýşdür-de, olam birdenkä zym-zyýat bolar.
Ýok, ýok!
Düýşjan, gaýrat et, gitme!
Maňa, şu pursat şeýlebir eşretli!
Hut şu pursaty men has köp ýatlaýaryn. Bu meniň ejemjan bilen ilkinji duşuşygymdy. Onuň oguljygy syrkawlapdyr. Hasshanada Mişanyň ýagdaýy biraz oňatlaşyp, ol ymyzganypdyr. Ejem bolsa ony düşeginde ýatyryp, menem özüniň koftasyna dolapdyr-da, elinde huwwalamaga başlapdyr.
11
67
awadan
03.12.2024 16:23
Ýanan ýuregiň sesi#5
Howa sowanda dälde ýüregi sowanda başlaýan eken adamyň gyşy. Kelläňi ýassyga goýarsyň ýöne kelläňdäkini nirä goýjak? Gije äçkiň näme diýýäňmi?
Gelende ýaz bolup gidende gyş bolýanlary görmäýn diýp dakýan.

Ejejan şeýlebir bereketli çaga dogurupsyň welin adamlar ulanyp-ulanyp iýp gutaryp bilenoklar. Gije äçkiň näme diýýäňmi?
Meňki diýsem seňki diýp bilmeýänleri görmäýn diýp dakýan.
8
78
awadan
28.11.2024 23:37
Ýanan ýuregiň sesi4#
Köýnek seni bezänokdy sen köýnegi bezeýädiň. Ýüregimi ýüregiňden çykarman ýatasym, mähriňi üstüme atasym, irden ýanyňdan turasym gelenokdy. Bolmasyn aýralyk, bolsa aýralyk men aşak gaçaýyn ýer jaýyrlyp diýýädim, sen näme etdiň? ýüregimiň kebzesini batyrdyň turan mährimi ýatyrdyň söýgümiziňemä saçyny gaçyrdyň? Barmagyň bilen edeniňi egniň bilen çekmeli dünýedir, wi äçkiň näme diýýäňmi? Ilki soýýän diýp soňam bahany döwp optom berýänleri görmäýin diýp dakýan.

Ahyrzamandan soňam 5 gün ýaşarn öýtýäňmi? Ýa indiki asyra gönezlik galjak bolýaňmy? Pikir etme baky gelen ýok bu gün göreniň ertir ýok, irden göreniň abet ýok, käbir adamlar öwülýän ýaly käbir adamlar döwülýän ýaly. Öleňde äňiňi berkje daňýalar, aňarda diliňe berk bol diýilýän ýaly, hiç haçan birek - biregiň göwnüne degmäň. Şu azgynlyklary görmäýin diýibem gije äçgi dakmaly bolýan.
9
122
awadan
27.11.2024 23:34
Ýanan ýuregiň sesi#3
Çagakak ertir nähili oýun oýnarkak diýp pikir edýadik, ulaldyk indi durmuş bizi ertir nähili oýnarka diýp pikir edýas. Eliňdäkini alsalaram nesibäňdäkini almazlar diýýärdiler. Äçkiň näme diýýäňmi?
Şol nesibämdäkäde göz gyzdyrýanlary görmäýin diýp dakýan.

Belki görýänsiň, belki görýän dälsiň. Men seni wagtynda söýgim bilen bogup öldürip mährimi maňlaýyňa pylçajakdym hatda döşümde unaş kesdirjekdim ýöne sen oňa mynasyp bolup bilmediň! Bir zady berk belle " aty gabandyrmak üçin eşege münülýän däldir.
16
158
awadan
21.11.2024 19:41
Ýüregiňi bermek

Eflatuna:

— Sen hiç haçan gamgyn görneňok. Muny nädip başarýaň? – diýýärler. Ol:

— Men elimden giden wagty halym harap boljak zatlara ýüregimi beremok – diýip jogap berýär. Adamlar oňa:

— Bu sözüňi bize düşündir – diýenlerinde, akyldar olara şu wakany gürrüň berýär:

— Bir gün Rim hökümdaryna ýakutdan edilen jam getirdiler. Onuň bahasy tas bir hazyna barabardy. Hökümdar ýanyndaky akyldarlara ýüzlenip: «Siz, heý, şular ýaly zady görüpmidiňiz?» diýdi. Olar: «Bular ýaly jam hiç bir patyşada ýokdur. Emma şu jam zerarly patyşamyza ýa garyplyk ýa-da erbet ýürek agyry ýeter» diýdiler. Patyşa: «O nähili?» diýdi. Olar: «Eger bu jam seniň eliňden gidäýse, seniň ummasyz baýlykdan mahrum bolarsyň, ony ýitireniň sebäpli-de ýüregiň agyrar» diýdiler.

Bir gün patyşa ýurdunyň adalarynyň birinde uly meýlis guramak isleýär we şol meýlise ýaňky jamyň hem getirilmegini buýurýar. Emeldarlar ýaňky gymmatbaha jamy we meýlis üçin gerek-ýarak esbaplary gämä ýükläp, ada tarap ýüzüp gelýärkäler, birden güýçli tolkun turup, gämini agdarýar. Ne mejlis galýar, ne çörek, ne-de şerap. Bu habar patyşa gelip ýetende ol gaty gynanýar. Şol jamy hernäçe gözletse-de tapyp bilmeýär. Şol wagt pelsepeçi akyldar oňa: «Gördüňmi, sen eliňden giden ýagdaýyňda garyp goýjak, ýüregiňi agyrtjak zada ýüregiňi berdiň. Her kim köňlüne gaýgy-gam aralaşmaz ýaly, elinden giderende gamlanjak, alada goýjak zadyna höwes etmeli däldir» diýýär.
8
105
awadan
12.11.2024 22:38
Bu gürrüñ esasy zenanlarmyza degişli, Oglanlar gelip sizden her'hili ýol bilen nomer sorasalar şu belgini beriñ 17 . 32 öñü, yzy ýokmy diýip sorasalar Kuran'da 17-jnji sura 32-nji aýat manysy zynadan uzak dur! anyk jogapdyr.
11
192
awadan
12.11.2024 15:12
Ýetim oglanjygyň içindäki o:ýlary...😞
Köne ejem öýe haçan gelerka,
Täze ejem öýden haçan giderka?
Kakam ýokka maňa "Ýetimçe" diýýär,
Muny täze ejem,
Näme üçin näme üçin diýýär?
Ony köne ejem gelen mahaly,
Aýtsam täze ejeme geler gahary.
Köne ejem gelenok eýýäm ýaz düşdi,
Köne ejem gelenok bugdaýlar bişdi.
Köne ejem gelenok döwek döwülýär,
Ýa öýmüzden ýagşymyka öwülýä?

Orazmyrat Daşgynow...
13
119
awadan
11.11.2024 21:58
Ýanan ýurekleriñ sesi√2

Ganjyk guýrugyny bulamasa köpek yzyna düşmez, erkek erkek bolsa ganjygyň öňünde dyza çökmez ýa gül ýaly söýgülsinden geçip ýa-da gül ýaly maşgalasyndan geçip. Wi äçkiň näme diýýäňmi? Şo azgynlyklary görmäýin diýp dakýan.

Syrtyňa sok ýalan söýgüňi öziň ýaly dalbaýob öňüňden çykanda çykaryp berer ýaly! Äçkiň näme diýýäňmi? Ýanymda ýaşap ganymda aýlanyp bedenime siňip göz öňümde ýitip ýok bolup gidenleri görmäýin diýp dakýan dogry dalmi?!
7
218
awadan
09.11.2024 18:10
Ýanan ýurekleriñ sesi


Durmuşy näçe söýseň söý ol seni bir gün taşlar! Aňarsy saňa bärsi däl normalny bol!
Gije äçkiň näme diýýäňmi? Bäş gün eli künnükli altynjy gün daňa çenli konsert berýänleri görmäýin diýp dakýan.

♥⁠╣⁠[⁠-⁠_⁠-⁠]⁠╠⁠♥
Dosty üçin duşmany ýykyp bilmeýän söýgülisi üçin dünýäni ýykjakmyş! Dostyna wepa bermeýän söýgülsine nirden wepa bersin?! Äçkiň näme diýýäňmi? Şu käbir wepasyzlary görmäýin diýp dakýan.

♥⁠╣⁠[⁠-⁠_⁠-⁠]⁠╠⁠♥
Göni diýjegini diýýän adamdan dälde, and içip çörek saboý edýänlerden gork!
Äçkiň näme diýýaňmi? Çöregi şaýat goýup ynama girjek bolýanlary görmäýin dp dakýan.

♥⁠╣⁠[⁠-⁠_⁠-⁠]⁠╠⁠♥
Aýal seni gowresine sygdyrdy, sen name üçin ony dünýä sygdyraňok.
Äçkiň näme diýýäňmi?
Naçarlara ejeze ganym bolýanlary görmaýin dp dakýan.
12
112