awadan
06.12.2024 10:50
Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym…/ monolog-hekaýa √2
Ýadyma düşýär, ejemiň elleri meniň saçymy sypaýar, olary ýüzümden aýyrýar.
Ýadyma düşýär, ejemiň ysy, meniň ýaňagymyň galdalyndaky pyşyrdysy.
Ýadyma düşýär, özümiň gözümi açmaga nähili eýmenýändigim. Gözlerimden akýan dönük gözýaşlaryň ýaňaklarymdan syrygýandygy, ejemiň bolsa olary ýumşajyk aýasy bilen süpürýändigi. Soň bolsa, ejemiň gözýaşlary meniň ýüzüme gaçmaga başlady.
Meniň ýadyma düşýär, uwlap başlanym… ýok, aglap däl, uwlap başlanym, edil alaçsyz güjüjek ýaly…
Meniň süňňümdäki yza, iň bir gerek däl pursatda böwsüp daşyma çykdy.
Gözlerimi açman, men uwlaýardym.
Tutuş hassahanany örüzip, uwlaýardym.
Lukmanlar ylgaşyp geldiler-de, meni ejemden aldylar.
Men şol müddet özümiň saklanyp bilmändigim üçin özümi şeýlebir ýigrendim, sebäbi, eger-de men dymyp ýatmagy başaran bolsam, onda ejemiň gujagynda ýatyşym müdimilik dowam ederdi.
Indiki sapar men ejemi ýetimler öýünde gördüm. Onuň meniň ýanyma görme-görşe gelýän wagty maňa ýaman agyr düşýärdi. Men bar güýjüm, erkim bilen oňa garaşmazlyga, oňa ynanmazlyga çytraşýardym. A belkem, men şol pille hiç zada düşünenem däldirin. Häzir bu barada anyk bir zatlar aýtmak juda kyn. Bir gün irden bolsa ejem meni öýe alyp gaýtdy. Men hiç haçanam şol günki ýaly owadan bolmandym. Meniň eşiklerimiň hemmesem täpbe-täzejedi. Köýnegim, kolgotkajygym, köwüşjigim, hatda içki geýimjiklerimem.
Şol günem biz geçmişimi hemişelik galdyryp gaýtdyk. Täze ömrümde meniň ähli zadym bardy. Ýatyş sekim, stolum, ýassyklarym, oýnawaçlarym, tekje doly owadan eşiklerim hem-de jadyly kitaplarym.
Ondan başga-da öýümizde Mişa bilen Lilýa bardy. Diňe Wanýajanym ýokdy…
Ilki-ilkiler men gymyldamaga gorkardym. Az gepläp, az iýmäge çalşardym. Ejemiň, kakamyň göwnünden turasym gelýärdi ýa-da iň bolmanda olara päsgel bermezlige dyrjaşýardym. Men öýde özümi nähili alyp barmalydygyny bilmeýärdim. Her pursatda-da haçan bu gowulygyň gürüm-jürüm bolup, ýene-de erbet bolmaga başlaryna garaşýardym. Haçan-da meniň öz erbetligim üçin mynasyp temminiň ýene-de meni gözläp taparyna…
Ýöne, günlerde bir gün ejem meni hiç haçan, hiç bir zat üçin hiç kime bermejekdigini aýdanda, hemme zat üýtgedi!
Ejem diýdi, men näme etsem-de hiç kime meni bermez!
Diýdi, men onuň çagasy, olam meniň ejem!
Özem munuň şeýle bolmalydygyny biz kesgitlemändiris, ykbal kesgitläpdir.
Ykbala bolsa, bu zatlar bize görä has aýandyr.
“Şonuň üçinem,” diýdi ejem: “gel, birsalym garagolluk edip oýnaly!”.
Şol gün biziň güýz ýapraklarynyň näçe üýşmeklerini pytradanymyzy bir bilsediňiz!
Eje-kakamyz Mişa ikimizi ýaprak bilen basyrýardylar.
Ejem soňra biziň kellämize ajaýyp gültäçlerini dokap berdi welin, biziň hemmämiz biri-birimize ekiztaýy dek meňzeş bolup galaýdyk.
Bir günem, biziň öýümizde duýdansyz Wanýa peýda boldy.
Men ilki ony tanamadym we esli wagtlap şol öňümde duran çagaň öz jigimdigine ynanyp bilmedim.
Haçan-da men ejemiň kimi öýümize getirendigine aň ýetirenimde meniň durkumy wehim doldurdy.
A birdenkä ol ýene-de aglamaga başlar, bezzatlyk eder, gohlar?
Onsoň bizi ýene-de öýümizden alyp giderler!

dogamy bar
11
43
alma___
6 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýas 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.