Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym… / monolog-hekaýaMeniň ýadyma hiç zat düşmeýär.
Meniň hiç zady ýadyma salasym gelmeýär.
Meniň, käte kellämde ýylpyldaýan zatlary unudasym gelýär.
Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym.
Uzak-uzak wagtlap özüm bilen nämeler bolýandygyna düşünip bilmedim. Nähilidir birhili çal perde meniň irki çagalygymy gabsap, gizleýärdi. Hemme zat ümürde, gaharly, zalym…
Üznüksiz nalajylyk duýgusy hem-de kiçijik jigimiň tükeniksiz agysy.
Ol elmydama aç.
Mydama-da aglaýar.
Diňe aglaýar.
Bu agy meni häzirem yzarlaýar.
Köçede hünibirýän gözýaş dökýän çaga seredýän welin, ýüregim doňup galýar. Men onuň ýüzjagazyna dikanlaýan – ýok, ol arryjak däl, eljagazynda-da tekerkökejik. Onuň ejesine seredýän – owadan, ýaş, gowy geýnüwli…
Serhoş däl!
Onda sen näme üçin aglaýarsyň?!
Seniň hemme zadyň bar ahyry!
Bujagaz oglanjyga şeýlebir gygyrasyň gelýär – dur ahyry, bagyrma, zarynlamaňy bes et!
Sen özüň nähili bagtlydygyňa-da düşünmeýärsiň-ä!
Gujakla öz ejeňi-de, goýberme ony!
Hiç haçan goýberäýme!
Dünýäde hemme zatdan beter men ejemi ýitirmekden gorkýan.
Dört ýaşym dolanda meni dogran meniň ejemjany.
Ýadyma düşýär, ýetimler öýünde men özümiň bioejeme, bioeneme neneňsi garaşardym.
Ýadyma düşýär, enem gelşi…
Men, şol gün, özüme berlen kemput paýymy iýmän, olary eneme berdim-de, süýjini Wanýajyga gowşurmagy haýyş etdim.
Ol aldy.
Bir hepdeden soň bolsa, ýene-de şol süýjüleri maňa dadympaý hökmünde getirip berdi… diňe ýarysyny.
Men ýöne şojagaz zada-da begenipdim.
Enem maňa diýdi: “Maňa garaş”, şondan soňam men ony hiç haçan görmedim.
“Rehimdar” adamlar, maňa, meni “almaklarynyň” düýbünden bolmajak zatdygyny aýtdylar. Ejem içýär, enem içýär, kakam bolsa meniň öz gyzy däldigimi aýtdy. Başga maşgala meni perzentlige-de almaz, sebäbi meniň ýanym bilen goşundy hökmünde – Wanýajyk, meniň jigimem bar, ol bolsa keselli.
Keselli çagalar hiç kime gerek däl.
Men hemme zada dessine düşündim.
Men hiç hili gowulyga garaşmaýardymam, men özümiň hiç kime gerek däldigimi bilýärdim.
Eger-de mähriban adamlarym meniň yzymdan gelmeýän bolsa, onda diýmek, men erbet.
Ýagty ýalançydaky iň pis gyzjagaz.
Hemme zada-da men günäkär!
Bu zatlaryň barysy, meniň hemişe aglap ýatan jigimi köşeşdirip bilmändigim üçin, bizi öýmüzden alyp gaýdandyklary sebäpli boldy.
Men islendik jeza taýyn.
Haçan-da hiç zada garaşmaýarkaň, umyt etmeýärkäň – ýaşamak ýeňleýär.
Daş-töweregiňde hemme zat biderek bolýar.
Maňa, özümiň näme iýýändigim, näme geýýändigim, bizi nirä alyp barýandyklary, näme üçin alyp barýandyklary parhsyz bolup galdy.
Men ukladym, hatda ukladymam däl – men öldüm.
Ilk-ä öz içimde, soňra bolsa meni diri saklaýan tenimiň ýaşasy gelmän başlady.
Men gaty egbar hala düşdüm. Tutuşlygyma lokga agyry.
Ýöne, men muňa mynasypdym.
Sanjymlar, damjalaýyn sanjymlar, gerdekler we sedasyzlyk… uzyndan-uzyn, halys eňkiňi agdyryp barýan ses-selemsizlik.
Birdenem – meniň gulagymyň agzynda kimdir biriniň dem alýandygy eşidildi.
Owaz.
Oslagsyz, şeýlebir ýylyjajyk hem mymyjak boldy.
Men gözümi açdym.
Kimdir biri meni elinde göterip durdy.
Howlukman, nähilidir birhili haýallyk bilen, mähirli, ýöne pugta saklaýar.
Kimdir biri meni huwwalaýar, özem gulagyma nämedir bir zatlary pyşyrdaýar.
Ýadyma salyp bilmeýärin, ýa aýdym ýa-da doga.
Men derrew gözlerimi ýumdum.
Çünki, belki bu düýşdür-de, olam birdenkä zym-zyýat bolar.
Ýok, ýok!
Düýşjan, gaýrat et, gitme!
Maňa, şu pursat şeýlebir eşretli!
Hut şu pursaty men has köp ýatlaýaryn. Bu meniň ejemjan bilen ilkinji duşuşygymdy. Onuň oguljygy syrkawlapdyr. Hasshanada Mişanyň ýagdaýy biraz oňatlaşyp, ol ymyzganypdyr. Ejem bolsa ony düşeginde ýatyryp, menem özüniň koftasyna dolapdyr-da, elinde huwwalamaga başlapdyr.