atakulyyewa_humay
02.08.2023 13:47

Taryhda ilkinji gezek raýatlyk düşünjesi beýik Fransuz rewolýusiýa tarapyndan döredilendir. Şunuň bilen raýatlyk konsepsiýasy adamyň we häkimiýetiň aralarynda döreýän özara gatnaşyklaryň adaty ulgamyna täze alamatlary girizendir. Eger öň bu gatnaşyklar özüniň aglabasynda şahsyýetiň häkimiýete tabyn bolmak borjunyň jähtinde seredilen bolsa, raýatlyk konsepsiýasy adamy (oňa döwlet edaralarynyň guramaklygyna we olaryň işine gözegçilik etmeklige mümkinçilik berýän hukuklaryň toplumyny bermek arkaly) jemgyýetçilik-häkimiýet gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde kabul edilmegine gönükdirilendir.


XX asyryň II ýarymynda raýatlyk düşünjesi (kesgitlemesi) has giň we köp taraplaýyn hadysa hökmünde kesgitlenip başlanypdyr. Raýatlyk diýlen düşünje şahsyýetiň raýat bolup durýan döwletiniň belli bir bileleşige umumy taryhy, medeniýeti, we adatlary bilen birleşen döwletleriň arkalaşygyna girmekligiň güýjüne edinýän aýratyn statusyny kesgitlemek üçin peýdalanylypdyr.


1992-nji ýylda Maastriht şertnamasy bilen döredilen Ýewropa bileleşiginiň raýatlygy özboluşly status bolup, bileleşigiň agzalary bolup durýan ýurtlaryň raýatlyklaryndan gelip çykýar. Bileleşigiň agzasy bolup durýan ýurduň raýatlygynda ýüze çykýan islendik üýtgeme şahsyýetiň bileleşigiň çäklerindäki raýatlyk ýagdaýynda belli bir netijelere getirýär.


Raýatlygy edinilmegi we ýitirilmegi baradaky düşünjeler 1948-nji ýylda kabul edilen Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 10-njy maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda her bir adamyň raýatlyga hukugy bardyr. Häzirki zaman döwletleriniň kanunçylyklarynda raýatlygy edinmegiň dürli şertleri kesgitlenendir emma raýatlyk edinmegiň iň ýaýran görnüşleri bu raýatlygy belli bir döwletde dogulmak bilen ýa-da naturalizasiýa ýaly bilen edinmekdir.


Dogulmak hukugy boýunça, ýagny adamyň dünýä inmegi bilen baglylykda öz ene-atasynyň milli we döwlet degişliligine laýyklykda raýatlygyň.


Gan hukugy, ýagny belli bir döwletiň raýatlygy bolup durýan ene-atadan dogulmak. Toprak hukugy bu belli bir döwletiň çäginde ýaşaýan ene-atadan dogulmak. Halkyň milli medeni ýeke-täkligini saklamaklyga çalyşýan döwletler gan hukugyna eýerýärler. (Germaniýa, Şweýsariýa, Italiýa). Ilatyň aglaba bölegini göçüp gelenler bolsa toprak hukugyna eýerýärler. (ABŞ, Kanada). Köp döwletler garyşyk ýörelgesine ýagny gan hukugynyň we toprak toprak hukugynyň belli bir çäklerde kybaplaşdyrylan görnüşini ulanýarlar.

23
147
atakulyyewa_humay
02.08.2023 00:51

Her kimiň kalbynda öz hudaýy bolmaly.


Özüňe däl, iş salyşýanyňa näme gerekdigini öwrenmeli.


Goşgyny şahyr däldigiňi bilýänçäň ýazybermeli.


Guba düýe berip, kitap alýan azmy, kitabyny alar ýaly — şahyr?!


Akar suwuň öňüni arçaşdyryp goýbermegem — sogap.


Halkyňy öz beýik işleriň bilen beýgeltmeli.


Kesel bilen tutluşaňda, özüň lukmanyň tarapynda bolmaly.


Duşmanyňy dostunyň ýanynda öwmeli.


Oňat sazanda aýdymçy küýsedenok.


Parany zorlap däl, horlap alýarlar.


Egri ýoldan dogry ýöräp bolanok.


Adamyň ganaty — göwnünde.


Diňe ekin meýdanyny däl, edebiýat meýdanyny hem hapa-haşal otlardan arassalap durmaly.


Pikir beýniň ýüküdir, ony ýazdyrman ýatsaň, gara basyp oýanarsyň.


Gursagyň dar bolsa, dünýäň giňliginiň haýry ýok.


Bir oňat iş etmedik günüňi köýdi bil.


Eňňeräniň öň ýanynda ýygnalýan terne-türneleredir gawun-garpyzlara “läşeki” diýilýänini bilýärmiň?


Ýeke agajy ýel ýykar.


Ýokaryk dyrmaşmaýanyň aýagyndan aslyşanoklar.


Atajan ANNABERDIÝEW.

16
74
atakulyyewa_humay
01.08.2023 13:43
Gözüň aşagyndaky gara tegmilleriň döremegi diňe uky, ýadawlyk we ýaş bilen baglanyşykly däl. Gara tegmilleriň dürli sebäpleri bar. Bu sebäpleriň köpüsini aňsatlyk bilen ýok etmek bilen gözüň aşagyndaky gara tegmillerden dynmak mümkin.

- Gapdal ýa-da aşgazanyň üstüne öwrülip ýatmak. Ýeterlik uky alsaňyzam, irden aýnada gözüňiziň daşynda gara tegmilleri görýärsiňiz. Munuň sebäbi näme? Gapdal ýa-da aşgazanyň üstüne seredip ýatmak nädogry ýagdaýda ýatmaga degişli mümkin boldugyça arkan ýatmany öwreniň, şonda rahat we gowy dynç alarsyňyz. Gara tegmil uky gowy alynmasa hem bolýar şonuň üçin hem dogry ýatmany başarmaly.

- Duzly naharlary köp iýmek. Günortanlyk naharynda gaty duzly nahar, irden turanyňyzda gözüňiziň aşagyndaky gara tegmilleri emele getirer. Sebäbi böwrekler bütin gije gyssagly tertipde işleýärler. Netijede bedende gijesi bilen işjeňlik peselmän dogry uky alyp bolmaýar.

- Nädogry saýlanan kosmetika. Kosmetika ýüzündäki kemçilikleri ýapmalydyr, ýöne ol diňe dogry saýlanan halatynda peýdalydyr. Kosmetika torbasyndaky önümleriň haýsydyr biri size laýyk gelmese, deriniň gyjyndyrylmagy we hatda garalmagy mümkin.

- Gözüň aşa köp sürtülmegi. Gözüňizi näçe sürtseňiz ýa-da gyssaňyz, garaňky tegelekleri ösdürip bilersiňiz. Nämedir bir zat gözüňi gyjyndyrýan we dyrnaýan ýaly duýsaň, gysga wagtda lukmana ýüz tut, bu göz infeksiýalarynyň biriniň alamaty bolup biler.

- Kompýuterde üznüksiz iş. Uzak wagtlap kompýuteriň öňünde oturmaly bolsaňyz, gözüň töweregindäki gan damarlaryndaky ýüki artdyrýar, netijede olar giňelýär. Şonuň üçin olaryň gapdalyndaky deri has gara görünýär. Munuň öňüni almak üçin mümkin boldugyça ýygy-ýygydan dynç alyň: azyndan ýarym minut. Gözüňize dynç almaga we sagalmaga mümkinçilik beriň.

- Suwuklygyň saklanmagy. Gözüň aşagyndaky gara tegmilleriň döremeginiň iň köp ýaýran sebäbi, bedende suwuklygyň kadaly aýlanyşynyň bozulmagydyr. Bu gormonal meseleler, duzly iýmitleri yzygiderli iýmekden böwrek, ýürek problemalary we hatda howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykyp biler (mysal üçin, çygly yssy gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň peýda bolmagy üçin örän amatly şertdir).

- Allergiýa. Gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň ýene bir sebäbi umumy allergiýa. Ilki bilen hassalar gijilewükden ýa-da guraklykdan dynmak üçin köplenç gözlerini sürtýärler, ikinjiden, allergiýa hüjümi wagtynda beden gan damarlaryny, şol sanda gözüň aşagyndaky kiçijik kapilýarlary köpeldýän köp mukdarda gistamin öndürýär.
45
484
atakulyyewa_humay
01.08.2023 10:23
Stokgolm uniwersitetiniň alymlary gyzardylan çöregiň ýanan böleklerini aýyrmagyň hakykatdanam peýdalydygyny ýüze çykardylar.

Ýer alma, kofe galla we çörek önümleri ýaly käbir iýmitler 120 derejeden ýokary gyzgynlykda gyzdyrylsa akrilamid atly bir madda emele gelýär. Akrilamid iýmitiň düzümindäki şekeriň asparagin aminokislotasy bilen täsirleşmä girýär. Bu täsirleşme «maillard» diýlip atlandyrylýar. Bu proses iýmitiň goňur bolmagyna sebäp bolýar we oňa özboluşly tagam berýär. Ýöne alymlar akrilamidiň dozalarynyň haýwanlarda kanserogen ýagdaýlara sebäp bolýandygyny anykladylar.

Ýewropa Azyk Howpsuzlyk Guramasynyň habaryna görä, akrilamid adamlarda, esasanam çagalarda düwnük keseliniň döremek howpuny ýokarlandyryp biler. Şeýle-de bolsa, akrilamidiň adamlara edýän täsirini öwrenýän gözlegçiler entek doly netijä gelmedi.

Liwandaky Beýrut Arap uniwersitetiniň lukmançylyk laboratoriýa ylymlarynyň alymlary 30 ýyl töweregi wagt bäri akrilamidiň adam kanserogenidigi barada henizem maglumatyň ýokdygyny belleýärler.

Alymlar akrilamidiň adamlar üçin neýrotoksikdigine, ýagny nerw ulgamyna täsir edýändigine ynanýarlar. Munuň takyk sebäbi henizem doly düşünilmese-de, akrilamidiň nerw öýjükleriniň içindäki gurluş beloklaryna hüjüm edýändigi ýa-da nerw öýjükleriniň zeperlenmeginden goraýan çişmä garşy ulgamlary basýandygy baradaky teoriýalar bar.
19
230
atakulyyewa_humay
31.07.2023 13:58
Adam her gün daş töwereginden maglumatlary özüne toplaýar. Onuň esasy bölegi gözüň göreji bilen bagly bolup durýar. Görüş bilen bagly näsazlyklaryň köpüsi aşa aşa işlemek zerarly ýüze çykýar. Şonuň üçin hem biz rahatsyzlygy, gurakçylygy we ýadawlygy başdan geçirýäris. Kiçijik ýaly bolup görünýän bu alamatlar görüşiň bozulmagynyň ilkinji alamatydyr.

Görüşdäki näsazlyklardan gaça durmak üçin «Göz üçin gimnastikalary» ýerine ýetirmeli. Irden ýa-da agşam, äýnek ýa-da kontakt linzalar aýrylandan soň maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär.

1-nji maşk – 3-5 sekunt gözüňi berk ýapmaly, 3-5 sekunt gözüňi ulaldyp açmaly. Bu maşky jemi 6-8 gezek gaýtalamaly. Bu maşk gabaklaryň myşsalaryny güýçlendirýär. Gan aýlanyşa, göz myşsalarynyň gowulaşmagyna ýardam berýär.

2-nji maşk – 2-3 sekunt göni seredip durmaly. Sag eliň barmagyny gözüň 25-30 sm aralygynda ýüzüň orta hataryna goýmaly. Barmagyň ujuna seretmeli. Bu maşky 10-12 gezek gaýtalamaly. Ol ýadawlygy aýyrýar. Ýakyn aralykda görüş işini ýeňilleşdirýär.

3-nji maşk – 1-2 minudyň dowamynda gözleri çalt-çaltdan gyrpmaly. Gan aýlanyşyny gowulaşdyrmaga ýardam berýär.

4-nji maşk – sag eliň barmagyny uzadyp, ýüziň orta arasyna ýerleşdirmeli. Biraz wagt geçen soň ýuwaş-ýuwaşdan ýakynlaşdyrmaly. Bu maşky 6-8 gezek gaýtalamaly. Yzygider işlenende gözüň çalt ýadamagynyň öňüni alýar.

5-nji maşk – gözleri ýumup, gözüň gabaklarynyň üstünde tegelek şekilli hereketler bilen massaž etmeli.

6-njy maşk – elleri sag tarapa almaly, ýarym egilen eliň barmagyny sagdan çepe süýşürmeli we kelläni hereketsiz ýagdaýda saklap, hereket edýän barmagyň hereketini gözüň bilen yzarlamaly. Bu hereketi 10-15 gezek gaýtalamaly. Bu maşky edil şu ýagdaýda elleri ýokary aşak hereketlendirip hem gaýtalamaly. Ol gorizontal göz myşsalaryny güýçlendirýär.

7-nji maşk – her eliň üç barmagy bilen gözüň gabaklaryny basmaly we aýyrmaly. Bu maşky 3-4 gezek gaýtalamaly. Ol gözleriň içindäki suwuklygyň aýlanyşygyny güýçlendirýär.

8-nji maşk – açyklyk meýdana çykyp uzak ýerdäki obýektlere dowamly seretmeli. Gözlerde agyrylar döreýär. Ol görejiňi ösdürmäge ýardam edýär.

9-njy maşk – günde iki gezek, irden we agşam gözleri ýuwmaly. Irden ilki bilen ep-esli gyzgyn suw bilen, soňra sowuk suw bilen ýuwmaly. Agşam gün batmazdan ozal bolsa ýaňkynyň tersine ilki sowuk we soňra gyzgyn suw bilen ýuwmaly. Oňa gidromassaž diýilýär.

10-njy maşk – gözleri tiz-tizden tegelek, dörtburçlyk, üçburçlyk, ýarym aýlaw, ýyldyzjyk şekillerde hereketlendirmeli. Ol gan aýlanyşy gowulaşdyrýar.
14
106
atakulyyewa_humay
31.07.2023 00:12
Göriplik süňküňi dyngysyz gemirýän gurçuk ýalydyr. Göriplik süňňüňi berbat edýän ötüşen kesel mysalydyr. «Göribe rahatlyk ýokdur» diýilmeýärmi näme?! Ol guzy baganasyna çümen gurtdyr. Dostluk donuna bürenen duşmandyr. Görip özüni gemrip başlaýar-da, ilki bilenem özüni heläk edýär.

Beýlekilere nebsimiz agyrmazdan öň, özümize haýpymyz gelsin: göriplik etmäliň! Sebäbi biz olara göriplik etmek bilen, öz etimizi alada-ünji bilen iýmitlendirýäris, ganymyzy gam bilen gandyrýarys, gözlerimiziň, gabaklarymyzyň uçan ukusyny bolsa beýlekilere mugtuna paýlaýarys.

Görip gaty gyzgyn alawly peji ýakýan we soňra özi şoňa köýýän adam ýalydyr. Zäherlemek, hasrata batmak, sowulmaýan ünjülere berilmek göribiň öz rahatlygyny, owadan we ajaýyp durmuşynyň soňuna çykmak üçin özünden döredýän keselleridir.

Islendik adam bilen ylalaşyp, ýaraşyp bolar, emma görip bilen dil tapyşmak hyllalladyr. Ýogsa-da, özüňe berlen nygmatlardan ýüz öwürseň, ukyp-zehiniňi peýdalanyp bilmeseň, ýagşy häsiýetleriň soňuna çyksaň, mertebäňden taýyp düşseň, abraýdan aýrylsaň... Göribiň azda-kände ynjalmagy mümkin. Görip adam ini zäherli ullakan ýylan ýalydyr, bigünä birine neşterini sokmasa, ynjalýan däldir.

Hergiz göriplik etme, rysgyňy, ömrüňi köýdürersiň! Göribiň hereketleri üçin hem birjikde dowla düşme, ol müň çyrpynany bilen ýazgydyňy üýtgedip bilmez.
28
232
atakulyyewa_humay
30.07.2023 17:17
Geýmäge keten ýagşy, ölmäge – Watan.

* * *

Mert söweşde belli, dana – geňeşde.

* * *

Gury arkasyndan öl ýanar,
Mert arkasyndan il guwanar.

* * *

Güýçlüden güýçli çyksa, güýçli ýere girer.

* * *

Mert elinden köp iş geler, namartdan hiç iş bitmez.

* * *

Batyry batyr eden gylyç bilen bilegi,
Ýamany ýaman eden garaýürek dilegi.

* * *

Mert serini berer, syryny bermez.

* * *

Batyr bir öler, gorkak – müň.

* * *

Mert özünden görer, namart – ýoldaşyndan.

* * *

Batyr söweşde belli, ýüwrük – ýaryşda.

* * *

Jomart aşda belli, batyr – söweşde.

* * *

Ýigit göre-göre batyr, at çapa-çapa ýüwrük.

* * *

Batyrdan ölüm hem eýmenermiş.

* * *

Ýolbars ýaly batyr bol, tilki ýaly hilegär.

* * *

Batyrlyk bilekde däl, ýürekde.

* * *

Batyry men-menlik öldürer.

* * *

Namart – aş üstünde, mert – iş üstünde.

* * *

Sahy malyndan geçer, mert – janyndan.

* * *

Mert ýigitden mert dogar.

* * *

Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at.

* * *

Merde berseň aşyňy, mert hezzetlär başyňy,
Ite berseň, aşyňy, it çekelär läşiňi.

* * *

Sahy berenini aýtmaz, mert sözünden gaýtmaz.

* * *

El mert bolar, göz – namart.

* * *

It itiň guýrugyny basmaz, mert merdiň ýoluny kesmez.

* * *

Gorkak gidende magtanar, batyr – gelende.

* * *

Batyr ölse ady galar, baý ölse – zady.
17
65
atakulyyewa_humay
30.07.2023 00:37
Häzirki wagtda durmuşda iň köp duş gelýän ýagdaýlaryň biri-de adamlaryň barmaklaryny şyrkyldatma endigidir. Käbir daşdan bu ýagdaýy syn edýän adamlarda gahar duýgusy döreýär we olar barmak şyrkyldatmagy zyýanly hasaplaýarlar. Şunuň ýaly özboluşly täsirli hereket bilen meşgullanýan adamlar bu endigiň adam saglygyna zyýanly täsiriniň ýokdugyna ynanýarlar.

Eýsem, barmaklary şyrkyldatmak endigi hakykatdan hem adam saglygy üçin zyýanlymy? Aslynda barmaklaryň bogunlarynda maksimal derejede dartgynlyk ýüze çykan mahaly bogun süňkleriniň birleşýän ýerinde basyş tiz wagtyň dowamynda peselýär. Netijede bogun suwuklygy üýtgäp, «gaýnamaga» başlaýar. Bogun perdesinde uly bolmadyk gaz köpürjikleri peýda bolýar. Bu gaz köpürjikleriniň ýarylmagynyň esasynda hem bogunlarda şyrkyldama peýda bolýar. Hünärmenleriň bir topary şyrkyldatma endiginiň dowamly ýerine ýetirilmeginiň tarapdary däl. Sebäbi olar bu ýagdaýy süňkleriň yzygiderli sürtülmeginiň howpludygyny, bogunlaryň işiniň peselýändigi bilen düşündirýärler. Bogunlarda şyrkyldamanyň döremegine şu aşakdaky ýagdaýlar sebäp bolýar:

- Duzlaryň ýygnanmagy;
- Şikeslenmäniň netijesinde bogunlardaky gurluş üýtgemeleri;
- Nädogry iýmitlenmeklik;
- Myşsalaryň sowuklamagy;
- Çilim çekmeklik, spirtli içgileriň içilmegi;
- Artroz - bogunlardaky gaty dokumalaryň kesellemegi netijesinde olaryň maýyşgaklygynyň bozulmagy;
- Eliň barmaklaryndaky süňkleriň durnuksyz ýagdaýy bilen baglanyşykly dogabitdi patologiýa.

Hünärmenleriň ikinji topary barmak şyrkyldatma endigini kadaly fiziologiki ýagdaý hasaplaýarlar. Olar bu endigiň beden saglygyna hiç hili ähmiýetiniň, ýagny zyýanynyň hem, peýdasynyň hem ýokdugyny düşündirýärler. Il arasynda ýaýran bu endigiň zyýanlydygy baradaky meşhur pikir ylymda öz beýanyny tapmady.

ABŞ-da ady belli lukman Donald Unger 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda diňe çep eliniň barmagyny günde şyrkyldadýar, sag elinde bu endigi gaýtalamaýar. Ol 80 ýaşynyň töwereginde elleriniň barmaklarynda rentgen barlagyny geçirýär. Netijede iki eliniň barmaklaryndaky bogunlarynyň ýagdaýynyň birmeňzeşdigini, gaýtam ýagdaýynyň oňatdygyny anyklaýar. Şunuň ýaly barlaglar Şweýsariýada, Beýik Britaniýada, ABŞ-da hem köp adamlar bilen geçirilýär we bu endigiň zyýansyzdygy ýüze çykarylýar.

Häzirki wagtda geçirilen köpgezeklik barlaglaryň esasynda ýer ýüzüniň ähli adamlarynyň 54 %-niň barmak şyrkyldatma endigi bilen meşgullanýandygy hasaba alyndy. Köp adamlar üçin bu endik örän täsirli. Käbir adamlar bolsa tolgunan mahaly barmaklaryny şyrkyldatýarlar we özlerinde dörän stress bilen göreşýärler. Netijede olar özlerini oňat duýýarlar.
11
84
atakulyyewa_humay
29.07.2023 13:34
Gan adam bedeniniň iň möhüm böleklerinden biridir. Gyzyl gan öýjükleri, ak gan öýjükleriniň we plazmanyň garyndysyndan durýar. Bu komponentler bedeniň her bir öýjügine kislorod, ýokumly maddalar we gormonlary daşamak üçin bilelikde işleýär.
Ortaça adam bedeninde takmynan 5 litr gan bar. Bu ululardaky ganyň umumy beden agramynyň 8%-ini düzýändigini aňladýar. Bu erkekler bilen zenanlaryň arasynda birneme tapawutlanýar, erkekleriň aýallara garanyňda biraz köp gany köpdür.
Bedende ganyň mukdary ýaşa görä üýtgäp bilýär. Uly ýaşlylaryň kiçi ýaşlylara garanyňda gany az. Munuň sebäbi, uly ýaşlylaryň myşsa massasy az we şonuň üçin gan saklamak üçin ýer az bolýar.
Gan, bedeniň ähli öýjüklerine kislorod we ýokumly maddalary daşamak üçin jogapkärdir. Bu gan aýlanyşygy bilen üpjün edilýär. Gan arteriýalara, damarlara we kapilýarlara bölünýän gan damarlary arkaly ýürekden sorulýar. Bu kapilýarlar juda kiçidir we ganyň öýjüklere girmegine mümkinçilik berýär.
Gan bedendäki galyndylary aýyrmaga hem kömek edýär. Bu limfa aýlanyşygy arkaly gazanylýar. Limfa öýjüklerden galyndylary ýygnaýan we limfa düwünlerine eltýän suwuklyk bolup, süzülýär we çykarylýar.
21
131
atakulyyewa_humay
29.07.2023 07:25
Buýan – derman senagatynda saglyk üçin ýokary derejede peýdalanylýan otjumak ösümlik  hasaplanylýar. Onuň düzüminde saglygy berkidiji witaminler, belli bir mukdarda mineral maddalar saklanýar. Buýanyň esasy  ugry dümew, sowuklama, üsgülewük, demgysma kesellerini bejermek bolup durýar. Şeýle hem ondan dürli şerbetler  we çörek önümleri taýýarlanýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň  derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawda bu ösümlige 1-nji bäşlikden orun berilýär. Süýji buýanyň düzüminde ep-esli glisirizin turşusy bolup, bu turşynyň esasynda allergiýa, sowuklama, bronh demgysma we wiruslara garşy derman taýýarlanýar.

Umuman alanyňda buýan 5 müň ýyldan gowrak wagtdan bäri derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Onuň kökünde wiruslaryň işjeňligini peseldiji birleşmeler saklanýar. Şonuň üçin hem geljekde ýene-de derman senagatynda buýan ösümliginiň ulanylyşynyň yzygiderli ösmegine garaşylýar. Belli bir wagtyň özünde beýleki pudaklarda hem buýan ösümligi ulanylýar: ýagny, azyk senagatynda, kosmetika we ş.m.

Keselleriň öňüni almak maksady bilen dürli görnüşli çörek we çörek-bulka önümlerini taýýarlamak üçin buýan köküniň ekstraktyny ulanmak mümkinçiliklerine seredilýär. Çörek – iň köp sarp edilýän iýmit önümleriniň hataryna girýär we adamyň ömri üçin zerur bolan maddalary öz içine alýar. Çörek we çörek-bulka önümleriniň arzan kaloriýalylygy göz öňünde tutulyp, onuň sarp edilişi yzygiderli artýar. Bu bolsa önümçiligiň göwrüminiň degişli derejede ýokarlanmagyna getirýär. 
12
35