atakulyyewa_humay
30.07.2023 17:17
Geýmäge keten ýagşy, ölmäge – Watan.

* * *

Mert söweşde belli, dana – geňeşde.

* * *

Gury arkasyndan öl ýanar,
Mert arkasyndan il guwanar.

* * *

Güýçlüden güýçli çyksa, güýçli ýere girer.

* * *

Mert elinden köp iş geler, namartdan hiç iş bitmez.

* * *

Batyry batyr eden gylyç bilen bilegi,
Ýamany ýaman eden garaýürek dilegi.

* * *

Mert serini berer, syryny bermez.

* * *

Batyr bir öler, gorkak – müň.

* * *

Mert özünden görer, namart – ýoldaşyndan.

* * *

Batyr söweşde belli, ýüwrük – ýaryşda.

* * *

Jomart aşda belli, batyr – söweşde.

* * *

Ýigit göre-göre batyr, at çapa-çapa ýüwrük.

* * *

Batyrdan ölüm hem eýmenermiş.

* * *

Ýolbars ýaly batyr bol, tilki ýaly hilegär.

* * *

Batyrlyk bilekde däl, ýürekde.

* * *

Batyry men-menlik öldürer.

* * *

Namart – aş üstünde, mert – iş üstünde.

* * *

Sahy malyndan geçer, mert – janyndan.

* * *

Mert ýigitden mert dogar.

* * *

Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at.

* * *

Merde berseň aşyňy, mert hezzetlär başyňy,
Ite berseň, aşyňy, it çekelär läşiňi.

* * *

Sahy berenini aýtmaz, mert sözünden gaýtmaz.

* * *

El mert bolar, göz – namart.

* * *

It itiň guýrugyny basmaz, mert merdiň ýoluny kesmez.

* * *

Gorkak gidende magtanar, batyr – gelende.

* * *

Batyr ölse ady galar, baý ölse – zady.
17
65
gurbanowa
30 Iýul 2023
👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.