atakulyyewa_humay
01.08.2023 10:23
Stokgolm uniwersitetiniň alymlary gyzardylan çöregiň ýanan böleklerini aýyrmagyň hakykatdanam peýdalydygyny ýüze çykardylar.

Ýer alma, kofe galla we çörek önümleri ýaly käbir iýmitler 120 derejeden ýokary gyzgynlykda gyzdyrylsa akrilamid atly bir madda emele gelýär. Akrilamid iýmitiň düzümindäki şekeriň asparagin aminokislotasy bilen täsirleşmä girýär. Bu täsirleşme «maillard» diýlip atlandyrylýar. Bu proses iýmitiň goňur bolmagyna sebäp bolýar we oňa özboluşly tagam berýär. Ýöne alymlar akrilamidiň dozalarynyň haýwanlarda kanserogen ýagdaýlara sebäp bolýandygyny anykladylar.

Ýewropa Azyk Howpsuzlyk Guramasynyň habaryna görä, akrilamid adamlarda, esasanam çagalarda düwnük keseliniň döremek howpuny ýokarlandyryp biler. Şeýle-de bolsa, akrilamidiň adamlara edýän täsirini öwrenýän gözlegçiler entek doly netijä gelmedi.

Liwandaky Beýrut Arap uniwersitetiniň lukmançylyk laboratoriýa ylymlarynyň alymlary 30 ýyl töweregi wagt bäri akrilamidiň adam kanserogenidigi barada henizem maglumatyň ýokdygyny belleýärler.

Alymlar akrilamidiň adamlar üçin neýrotoksikdigine, ýagny nerw ulgamyna täsir edýändigine ynanýarlar. Munuň takyk sebäbi henizem doly düşünilmese-de, akrilamidiň nerw öýjükleriniň içindäki gurluş beloklaryna hüjüm edýändigi ýa-da nerw öýjükleriniň zeperlenmeginden goraýan çişmä garşy ulgamlary basýandygy baradaky teoriýalar bar.
19
230
atakulyyewa_humay
2 Awgust 2023
@gozm, bijede ,,medik" diyip giryan senmi?!
atakulyyewa_humay
2 Awgust 2023
@gozm, hawa giryan
bagda
1 Awgust 2023
Gowy 👍
atakulyyewa_humay
1 Awgust 2023
@Kmg gurt, düşünmedim?!
atakulyyewa_humay
1 Awgust 2023
@Ayjahan Spr 04, Salam!
atakulyyewa_humay
1 Awgust 2023
Görüp otyrsan men postlarymy bijede paylashyanam owrenmelide biridirle :)
atakulyyewa_humay
1 Awgust 2023
Hol arada ýene biri druzya druzeyde men goyan soraglarymy hem paylasypdyr, kimem bolsa azap edyanini bilýãn biri ekeni, men postumdan at familiyamy ayyrmandyr, sholam bir gowy zat, :))
atakulyyewa_humay
1 Awgust 2023
@gozm, hawa goyupdyrlar gordum, menem öň paylasypdym şol bijede, ýene gaytalap goyuberyandirlerda,ay indi ansada öwrenmelide копировать girizilenson, post paylasylsa копировать edip paylasyp otyrlar
Miss_Minnosh❤️
1 Awgust 2023
👍🏻
cano
1 Awgust 2023
Güjük pişik iyse bolyamyka 😺 menä şolara berýän
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.