atakulyyewa_humay
19.08.2023 00:18
Häzirki günlere çenli kaktuslaryň 15 müňe golaý görnüşleri hasaba alyndy. Kaktuslar gurakçylyga durnukly bolup, olaryň daşky görnüşleri çelek ýa-da silindr görnüşinde bolýar. Kaktuslaryň käbir görnüşleri täsin gurluşly baldaklary, dürli reňkli iňňeleri bilen tapawutlanýar. Kaktuslar tomsuň bezeg gülleri hasaplanýar.

Tebigatda duş gelýän reňkli kaktuslardan käbirlerine seredeliň!

«Echinocactus grusonii» - bu kaktusy ilkinji gezek Germana Gruzoni açýar, kaktusyň ady hem alymyň ady bilen baglanyşykly. Bu kaktusyň açyk sary reňkli inçejik birmeňzeş iňňeleri bolýar. Ol şar şekilli keşbe eýe bolýar. «Echinocactus grusonii» tebigatda seýrek duş gelýär we 30 ýyla golaý ýaşap bilýär.

«Astrophytum» – bu kaktusyň tebigatda iki görnüşi ýagny, tegmilli we ýyldyz ýaly görnüşleri duş gelýär. «Astrophytum» kaktuslary otag şertlerinde gün şöhlesiniň düşýän ýerinde ösdürilýär. Bu kaktusyň ýene bir aýratynlygy kölegede ösmäge ukyplylygydyr.

«Gymnocalycium mihanovichii var Friedrichiae» - bu kaktus ilkinji gezek 1941-nji ýylda Ýaponiýada ösdürip ýetişdirilýär. Ýapon alymlary bu kaktus üçin irginsiz alada edip netijede ak, gülgüne, gyzyl-goňur, sary, mämişi hat-da ýaşyl-mawy reňkli görnüşlerini döretmegi başardylar.

Islendik gül dükanlarynda mämişi, ak, sary, gök ýaly reňkli iňňeli, ýaşyl baldakly kaktuslary görmek bolýar. Kaktuslaryň dürli reňkde bolmagy alyjylaryň ünsüni özüne çekýär we gyzyklanma döredýär. Otag şerlerinde ösýän kaktuslaryň gyzyl ýa-da gülgüne reňkli bolmagyny isleseňiz, kaktuslary ýörite iýmitlendiriji boýaglaryň kömegi bilen reňklemek bolýar.

Uly bolmadyk ölçegdäki kaktuslary dürli reňkli etmek üçin çäge we iýmitlendiriji boýaglar gerek. Çäge bilen reňkli boýaglar 1:3 gatnaşykda bolmaly. Gülli küýzäniň düýbünden taýýarlanan reňkleýjini guýmaly we siňýänçä azajyk garaşmaly. Ýeterlik derejede çäge yzgarlanýança ýene guýmagymyzy dowam etdirmeli. Birnäçe günlerden soň iňňeler reňklenip başlaýar.
16
55
atakulyyewa_humay
18.08.2023 11:17
Daşky dünýämiziň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan gülleriň dürli görnüşleri tebigatyň gözelligi hem gelşigi bolup, birek-birege mähir, söýgi we şatlyk paýlaýar. Şeýle gülleriň käbirleri hakda durup geçeliň:

Mahmallar – görnüşleriniň we gül reňkleriniň örän köpdürliligi üçin bezeg-bagçylykda giňden ulanylýar. Mahmallaryň fitonsidleri bölüp çykarmak häsiýetleri bardyr, olar bägüller bilen bilelikde ösdürilende bu güllerde gibrid keselleri ýüze çykmaýar. Mahmallar yssa, gurakçylyga durnuklydyrlar, ýarym kölegede-de gowy ösýärler we gülleýärler. Bu güller bol gülleýän sary, mämişi we gyzyl gülli gür topbaklary emele getirýärler. Beýikligi boýunça uzyn boýlulary 75 sm-e çenli, orta boýlulary 40 sm-e çenli, pes boýlulary bolsa 20 sm-e çenli bolýar. Maý aýyndan güýz aýazlaryna çenli gülläp durýarlar. Mahmallary şitil we şitilsiz usullar bilen köpeldýärler. Tohumlary 12-14 günden gögerýär. Mahmallar topraga talapkär bolmasa-da, gurply, gowy dökünlenen topraklarda olar has gowy ösýärler we bol gülleýärler.

Dyrnaklyja – medeni ösümlik bolup, ony bezeg görnüşinde ösdürip ýetişdirýärler. Dyrnaklyjany gurak, yssy günlerde suwaryp, ony her dört hepdeden mineral dökünler bilen iýmitlendirip durmaly. Bol güllemegi üçin degişli çyzgydy boýunça oturtmaly. Gülläp guran güllerini wagtal-wagtal çöplemeli, bu bolsa ösümligiň uzak wagtlap ýaşamagyna kömek edýär. Dyrnaklyjada kömelek keseli ýüze çykyp bilýär. Eger-de, onda kömelek keseli ýüze çyksa, onuň ýapraklarynda gara tegmiller peýda bolýar. Şular ýaly ýagdaý ýüze çyksa, düýbünden ýok etmek maslahat berilýär. Kesilen gülleri suwda uzak wagtlap saklanýar. Ýeňil ýeterlik medenileşdirilen topraklarda, güneşli ýa-da az kölegeli ýerlerde gowy ösýärler we gülleýärler.

Ipomeýa – tohumy bilen köpeldilýän, çyrmaşyp ösýän, boýy 2-3 m-e çenli bolan, agşamyna ýa-da örän kölegeli şertlerde gündizine gül açýan ösümlikdir. Ol ýylylyga, ýagtylyga aram talapkär, gowşak şorlaşan topraklarda hem ösmäge ukyply, tohumyny topragyň ýylylygy 12-180C bolanda ekmek bolýar. Çyglylyga bolan talaby ýokary. Maý-oktýabr aýlarynda gülleýär.

Koriopsis – tohumy bilen köpeldilýän, boýy 25-45 sm bolan dürli reňklerde owadan gülleýän ösümlikdir. Ol ýylylyga, ýagtylyga örän talapkär, tohumyny topragyň ýylylygy 180C bolanda ekmek bolýar. Çyglylyga bolan talaby aram we aram ýokary bolup, iýun-oktýabr aýlarynda gülleýär.

Kosmeýa – tohumy bilen köpeldilýän, boýy 75-95 sm ýa-da 1,5 m bolan dürli reňklerde gül açýan ösümlikdir. Ol ýylylygy, ýagtylygy pes talap edýär, tohumyny topragyň ýylylygy 10-120C bolanda ekip bolýar. Çyglylyga bolan talaby aram ýagdaýda bolup, iýul-oktýabr aýlarynda gülleýär.
16
28
atakulyyewa_humay
18.08.2023 07:52
Dünýäniň iň howply agajy hökmünde tanalýan «Manchineel» (mançinel) agajynyň hat-da kölegesinde durmak hem ölüme sebäp bolýar. Merkezi we Günorta Amerikada, Karib deňzinde we günbatar Hindistanda seýrek ösýän bu agaç, dünýäniň iň zäherli agajy hökmünde tanalýar. Ýaşyl alma meňzeýän bu agajyň miwesinden bir dişlenilip alnany hem ölüm howplydyr.

«Manchineel» (mançinel) – 2011-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabyna «Dünýädäki iň zäherli we howply agaç» hökmünde girdi. Agaja sähelçe degmek hem bedende ýanma duýgysyny döredýär. Agaja daman ýagyş damjalary hem agaç bilen galtaşandan soň zäherli ýagdaýa geçýär. Şonuň üçin ýagyş ýaganda hem bu agajyň aşagynda durmak bolmaýar.

«Manchineel» (mançinel) – «kenar almasy» diýlip hem tanalýar. Agajyň ýanan tüssesi göze düşse körlüge eltýär. Şeýle zäherli agajyň ýerleşýän sebitinde adamlara zyýan ýetmezlik maksady bilen duýduryjy bellikler şeýle-de ýörite howpsuzlyk çäreleri görülýär.
20
207
atakulyyewa_humay
17.08.2023 22:28
Käbir maglumatlara görä, Aýyň peýda bolmagy baradaky çaklamalary sorag astynda goýýar. Ýagny, alymlar ýeriň tebigy hemrasynda aşa köp uglerod bolup, bu ýagdaý Aýyň gaty gyzgyn bulutlardan emele gelen bolmagy mümkin diýen pikiri öňe sürýärler.


Emma Aýyň emele gelşi barada, mundan dört milliard ýyldan gowrak ozal Teýýa planetasy Ýer bilen gabatlaşýar. Şeýlelikde, ägirt uly urgy netijesinde materiýanyň ägirt uly parçalary kosmosa gaz we gyzgyn tozan görnüşinde zyňlyp, bu maddalaryň bir bölegi Ýere gaýdyp gelip, galan materiallardan wagtyň geçmegi bilen Aý emele gelipdir diýip çaklanylýar. Mundan başga­da, bazalt düzlükleri has köp uglerod zyňýar. Bu ýagdaý bolsa elementiň ýerli gelip çykyşyny görkezýär. Ýagny, gatan lawa bilen örtülen peslikler birneme ýaş we heniz özüniň uglerod ätiýaçlyklaryny ýitirip ýetişmändir.


Emma, iň köp ýaýran uglerod birleşmeleri karbonatlar ýaly ýokary temperatura çydamly däldir. Sebäbi ol uglerodlar dargap, älem giňişligine ýaýraýan kömürturşy gazy görnüşinde daşky gurşawa çykýar. Ýöne, bu ýerde gyzan bulutlardan emele gelen Aýda üýtgäp durýan bu elementiň uly ätiýaçlyklary nädip emele gelip biler diýen sorag ýüze çykýar? Bu soraga entek jogap ýok.
28
583
atakulyyewa_humay
17.08.2023 17:42
Ýer ýüzünde owadan kölleriň ýüzlerçesi bolup, olaryň käbiri gülgüne reňkli bolsa, käsiniň dykyzlygy ýokary bolup, içine giren adam çümmeýär, käbirleri bolsa arassa we bol suwly bolup, çuňlugy bilen tapawutlanýar. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanşalyň:

Bled köli, Sloweniýa. Bled köli diňe bir ýewropanyň däl, eýsem, dünýäniň iň owadan kölleriniň biri hasaplanyp, bu köl Alp daglarynyň eteklerindäki gök öwüsýän tokaýlyklaryň arasynda ýerleşýän kölüň ortasyndaky adajyk onuň gözelligini has hem artdyrýar. Şeýle hem, adada taryhy buthana ýerleşip, jahankeşdeler ol ýere barmak üçin kenardaky gaýyklardan peýdalanýarlar.

Komo köli, Italiýa. Ýurduň merjeni hasaplanýan komo kölüniň kenaryndaky kiçijik obalar, taryhy jaýlar we ajaýyp tebigat bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Mundan başga-da, komo kölüniň golaýynda ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalar ýerleşip, kölüň kenaryndaky taryhy binalary görmek üçin ýörite gaýykly gezelençler gurnalypdyr.

Battermeýr köli, Angliýa. Angliýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bu kölüň daşynda hereket etmegi halaýanlar üçin ýörite ýoda gurlupdyr. Battermeýriň jadylaýjy ýüzi tolkunsyz bolup, bu ýere ýazylyp ýatan aýna ýaly owadan dag gerişlerini has owadan edip görkezýändir.

Plitwiski kölleri, Horwatiýa. Plitwiski köli ýurduň ady bir goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän köller şaglawuklar arkaly birigýär. Bu kölleriň her biri gök reňkiň başgaça öwüşginini hödürleýän kölleriň myhmanlary bu ýerde özlerini ertekiler dünýäsinde ýaly duýýarlar.
37
260
atakulyyewa_humay
16.08.2023 01:28
Gün ulgamynda Güne iň ýakyn üçünji planeta we bu ulgamdaky iň uly planeta Ýerdir. Gözleglere görä, Ýer - häzirki wagtda ýaşaýşyň we içimlik suwuň bar bolan ýeke-täk planetasydyr. Ýeriň gurluşynyň 29%-i materiklerden we adalardan ybarat bolsa, galan 71%-i derýalar, köller we deňizler ýaly suw baýlyklaryndan durýar. Atmosfera gatlaklary we ýer gabygynyň gatlaklary beýleki planetalardan düýpgöter tapawutly bolansoň, janly-jandarlaryň ýaşamagyna şert döreýär. Şeýle bolsa, onda Ýere iň ýakyn planeta haýsyka?

Ýere iň ýakyn planeta 38 million km uzaklykda ýerleşýän Weneradyr. Şeýle hem, ol Güne iň ýakyn ikinji planetadyr. Planetanyň ady gadymy rim taňrysy Wenusdan gelip çykan. Grek mifologiýasynda oňa Afrodit diýilýär.

Güne we Ýere ýerleşişi sebäpli, Gün dogup, gün ýaşandan soň ony ýerden görüp bolýar. Bu aýratynlyk sebäpli oňa «Daň ýyldyzy» hem diýilýär. Wenera dykyz atmosfera eýe. Atmosferasy sebäpli Gün ulgamynyň iň yssy planetadyr. Käwagt onuň temperaturasy + 460 gradusa çenli ýetip bilýär. Kosmos gözlegleri üçin bu planeta iberilen ulaglar birnäçe sagadyň dowamynda durnuksyz eräp galdy. Atmosferanyň aýratynlygy Weneranyň reňkini hem kesgitleýär. Wenera planetasynyň reňki goňur we çal reňklerde. Weneranyň ululygy, massasy, dykyzlygy we agyrlyk güýji Ýeriňkä gaty meňzeş.

Wenera beýleki planetalara garanyňda has ýagty. Şonuň üçin Ýerden seredeniňde ol açyk görünýär. Weneranyň töwereginde bir aýlawy doly tamamlamak üçin 243 Ýer güni gerek. Planetalaryň arasynda iň uzyn gün Wenera bolýar.
20
109
atakulyyewa_humay
15.08.2023 11:10
Alymlar 8000 metrden gowrak çuňlukda ýaşaýan balyk görnüşine duş geldiler. Bu balyk görnüşi häzire çenli iň çuň ýerde ýaşaýan balyklar hökmünde hasaba alyndy.


Iň çuň ýerde ýaşaýan balyklar Ýuwaş ummanyň demirgazygynda 8336 metr çuňlukda gabat geldi. Şeýlelik bilen, bu balyklar iň çuň ýerde ýaşaýan balyk hökmünde taryha girdi.


Gözleg işleri Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň we Tokio deňiz ylmy we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirildi. Mundan ozal 8222 metr çuňlukda ýaşaýan balyk görnüşi iň çuň ýerde ýaşaýan balyk görnüşi diýlip hasap edilýärdi. Bu balyklar 2008-nji ýylda hasaba alyndy.


Alymlar täze tapylan iň çuň ýerde ýaşaýan balyklaryň ýokary basyşa çydamlydygyny we olaryň bu gurluşa özlerini öwrenişdirendigi mälim edýärler.


Alymlar umman dünýäsini öwrenmek üçin ýörite kiçi deňizasty gämiden peýdalandylar. Bir gezeklik ulanyp bolýan bu deňizasty gäminiň bahasy bolsa 200 müň dollara barabar bolup durýar.
22
139
atakulyyewa_humay
15.08.2023 09:54

Alymlar ösümlikleriň adamyň gulagy tarapyndan eşidilmeýän sesleri çykarýandyklaryny we suwsuzlykda ýa-da stres wagtynda bu sesleri köpeldýändiklerine göz ýetirdiler.


Geçirilen täze gözleg «The Cell» žurnalynda çap edildi. Çap edilen gözlegiň netijesine görä, botanikler ösümlikleriň «sessiz» däldigini ýüze çykardylar.


Tejribeler laboratoriýada ösümliklerde we güllerde 6 ýyldan gowrak wagt dowam etdi. Synag ilkibaşda kaktus gülünde ultrases mikrofony ulanylyp geçirildi.


Ösümlikleriň yrgyldy döredýändigi öňem mälimdi, ýöne munuň howada ýaýran ses tolkunlaryna öwrülmegine hiç hili subutnama ýokdy.


Alymlar sesleri ýüze çykarmak üçin tejribedäki käbir ösümlikleri kesdiler, käbirini bolsa suwsuz goýdular. Netijede 40 bilen 80 kilohert sesler ýüze çykmaga başlady.


Gözleglerini birnäçe ýyllap dowam eden alymlar ösümlikleriň suwsuzlykda ýa-da stres wagtynda köp ses çykarýandygyny hem anykladylar.

40
183
atakulyyewa_humay
14.08.2023 08:27

Daşmy ýa-da balyk?!


Tebigatyň täsinligine seredeniňde gaty kän gyzykly zatlar bilen tanyşmak bolar. Tebigat örän köp täsinlikleri özünde jemleýär. Göräýmäge köp zatlar başga zada meňzeýär, ýöne düýbünden pikir etmedik zadyň bolup çykýar. Suw gurşawynda hem edil şonuň ýaly täsinlikleri görmek bolar. Ol täsinliklerden biri hem daşyndan göräýmäge daşa meňzeýän balykdyr.


Siňňili ýa-da daş balyk ( latyn dilinde Synanceia verrucosa ) – deňziň ýyrtyjy balygy arkasynyň zäherli teňňeleri bilen içýanşekilliler maşgalasyna degişli edilýär. Olar korol rifleriniň ýanynda agdyklyk edýär we daşyň üstünde mimikriýa geçýär. (Mimikriýa başgaça meňzeme, öýkünme ýagny daşa meňzemegi). Bu balyk dünýäniň iň zäherli balygy hasaplanýar. Bedeniniň iň ýokary uzynlygy 40 sm-e, ortaça 30 sm-e çenli ýetýär.


Planetamyzyň zäherli haýwanlarynyň arasynda suwda ýaşaýanlar köp. Zäherliligine görä deňziň balyklarynyň sanawyny düzseňiz, köp hünärmenleriň pikiriçe, daş balyklar birinji ýeri eýelär. Ol içýanşekilliler otrýadyna degişli , köp wekilleri zäherli tikenlere we teňňelere eýe bolmak bilen tapawutlanýar. Mysal üçin: oňat meşhury hem owadan krylatkadyr. Ylmy dilde bu zäherli daş balygy «Synanceia verrucosa» diýip atlandyrylýar. Onuň adaty bolmadyk daşky görnüşini we ýaşaýyş durmuşyny görkezýän ýene iki ady bar. Siňňili ady derisiniň üstünde köp sanly ösüntgileriniň bolmagy bilen baglanyşykly bolup ol siňňileri ýadyňa salýar. Örän az hereketlenýän ýaşaýyş durmuşy we daşyň üstünde mimikriýa geçirmek ukyby bilen oňa daş balygy diýlip aýdylýar.


Daş balyklarynyň zäheri niresinde ýerleşýär?


Daş balygynyň arka ýüzgüjinde 12-den - 14-e çenli tikenleri, örän ýiti şöhleleri ( teňňeleri) bar. Olaryň ählisi ýokarsynda galyň deri bilen örtülendir we şonuň üçin görünmeýärler. Teňňelerindäki her bir tikenlerinde zäher öndürýän iki sany mäzi bar. Şol mäzler arkaly hem daş balygy zäher öndürýär.


Eger-de daş balygynyň suratyna ünsli seretseň , ilkinji seredişde bu jandar bilen balygyň arasynda üýtgeşik meňzeşligiň ýokdygyny görüp bilersiňiz. Has köp daş balygynyň daşky görnüşi daş-töweregi suwotylary bilen örtülen harsaňy ýadyňa salýar.


Daş balygynyň ýene-de bir aýratynlygy kellesine çekilen ýaly bolup duran we mümkin boldugyça ondan çykyp duran gözleridir. Balygyň ýüzgüçlerinde ýiti şöhleleri bar, olaryň kömegi bilen balyk deňiz düýbünde aňsatlyk bilen hereket edýär we howp abanýan halatynda olaryň kömegi ýere çümýär.

34
288
atakulyyewa_humay
14.08.2023 00:09
Aslynda banan agaç däldir. Ýerden ösüp çykýan baldagy agaç däldir. Baldagy biri-birine golaý ýerleşen we ösgün ýapraklardan durýar. Baldagyň ýokarsynda ýapraklaryň ýaýraň ýerleşýänligi sebäpli banan palma agajyna meňzeýär.

Banan gabygy (gabyk ösümligiň düýbünden aýrylýar) 30 santimetr çukurda nahal hökmünde ekilýär. Çukurlar biri-birinden 3,3-5,5 metr uzaklykda ýerleşmeli. Her çukurda bir ýa-da birnäçe ösümlik ýa-da ýeralmanyňka meňzeş «göz» bolmaly. Çukurlardan 3-4 hepde geçenden soň täze bir nahal ösüp çykýar. Olaryň diňe iň güýçlisi agaja öwrülýär. Her nahal öz kök ulgamyny ösdürýär we ondan täze ösümlikler ösýär.

Banan agajy ideg işlerine örän talapkär ösümlikdir. Ýagyş az ýagýan bolsa, ony ýygy-ýygydan suwaryp durmalydyr. Onuň daş-töweregindäki topragy gowy ýumşadylmalydyr. Nahal ekilenden 9-10 aýdan geçip ösümlik gülläp başlaýar. Gül uzyn baldakda ösýär. Eger-de bedeniň aşaky böleginden gögerse ol ýokaryk açylýar, ýöne üstünde güllese, aşak eglip başlaýar. Gül aşaklygyna ösüp başlasa, baldagynda banan emele gelip başlaýar. Gül sapagynda ýaňy emele gelen bananlar aşak tarapa seredýärler, ýöne ulalansoň ýokaryk burulyp başlaýarlar.

Bananlary bişmezden öň, ýaşyl reňkli wagtynda ýygnamaly. Olary ýygnandan soň derrew iýip hem bolýar, ýöne agajyň özünde bişmegine ýol bermeli däl. Agaçda bişen bananlar sary reňke geçen ýagdaýynda banan öz tagamyny ýitirýärler.
32
348