atakulyyewa_humay
17.08.2023 17:42
Ýer ýüzünde owadan kölleriň ýüzlerçesi bolup, olaryň käbiri gülgüne reňkli bolsa, käsiniň dykyzlygy ýokary bolup, içine giren adam çümmeýär, käbirleri bolsa arassa we bol suwly bolup, çuňlugy bilen tapawutlanýar. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanşalyň:

Bled köli, Sloweniýa. Bled köli diňe bir ýewropanyň däl, eýsem, dünýäniň iň owadan kölleriniň biri hasaplanyp, bu köl Alp daglarynyň eteklerindäki gök öwüsýän tokaýlyklaryň arasynda ýerleşýän kölüň ortasyndaky adajyk onuň gözelligini has hem artdyrýar. Şeýle hem, adada taryhy buthana ýerleşip, jahankeşdeler ol ýere barmak üçin kenardaky gaýyklardan peýdalanýarlar.

Komo köli, Italiýa. Ýurduň merjeni hasaplanýan komo kölüniň kenaryndaky kiçijik obalar, taryhy jaýlar we ajaýyp tebigat bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Mundan başga-da, komo kölüniň golaýynda ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalar ýerleşip, kölüň kenaryndaky taryhy binalary görmek üçin ýörite gaýykly gezelençler gurnalypdyr.

Battermeýr köli, Angliýa. Angliýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bu kölüň daşynda hereket etmegi halaýanlar üçin ýörite ýoda gurlupdyr. Battermeýriň jadylaýjy ýüzi tolkunsyz bolup, bu ýere ýazylyp ýatan aýna ýaly owadan dag gerişlerini has owadan edip görkezýändir.

Plitwiski kölleri, Horwatiýa. Plitwiski köli ýurduň ady bir goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän köller şaglawuklar arkaly birigýär. Bu kölleriň her biri gök reňkiň başgaça öwüşginini hödürleýän kölleriň myhmanlary bu ýerde özlerini ertekiler dünýäsinde ýaly duýýarlar.
37
260
atakulyyewa_humay
18 Awgust 2023
@lord, şondada okamagyňy we ynamyňy goýmaly däl hiçem )
lord
18 Awgust 2023
Menem dawno çykyp gitdim olardan. Gapdaldan kömek hem etdiler. Dz şaherde taýýarlanan kitap bar iň seyrek maglumatlar bar şonda. Şonam okap çykyp golaýladym. Ýöne bilime yol yokda hemme yerde
atakulyyewa_humay
18 Awgust 2023
@lord, ol aytyanyňa dogryla, daşyndan maglumat okap öwrenýän welin, mekdep programmasy hiç zat bolup galyar...
lord
18 Awgust 2023
@atakulyyewa_humay, bolup biler, gidrologiýaň az öwrenilýän bölegi bolansoň känbir populýar işler edilmedik. Emele gelişleri boýunça mekdep programmada: tektonik, relikt, starisa, wulkanik diyp berseler, kitapdan çyksaň başgada kölleriň emele geliş görnüşler köp eken. Umuman, biziň okan orta mekdep programmamyzda az maglumat bar..
05alemgosar
18 Awgust 2023
Ozum geogrof bolup kollerin adyny birinji gezek duydum gyzykly maglumatlar
atakulyyewa_humay
17 Awgust 2023
@0913, @dfrt, @radnoy, Salam. Hemmäňize minnetdar!
radnoy
17 Awgust 2023
Tasin gyzykly
dfrt
17 Awgust 2023
Gowy maglumat👍🏻🧑🏻‍🎓🧑🏻‍🎓🧑🏻‍🎓
0913
17 Awgust 2023
👍 gowy maglumatlar
lord
17 Awgust 2023
Limnolog;)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.