atakulyyewa_humay
18.08.2023 07:52
Dünýäniň iň howply agajy hökmünde tanalýan «Manchineel» (mançinel) agajynyň hat-da kölegesinde durmak hem ölüme sebäp bolýar. Merkezi we Günorta Amerikada, Karib deňzinde we günbatar Hindistanda seýrek ösýän bu agaç, dünýäniň iň zäherli agajy hökmünde tanalýar. Ýaşyl alma meňzeýän bu agajyň miwesinden bir dişlenilip alnany hem ölüm howplydyr.

«Manchineel» (mançinel) – 2011-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabyna «Dünýädäki iň zäherli we howply agaç» hökmünde girdi. Agaja sähelçe degmek hem bedende ýanma duýgysyny döredýär. Agaja daman ýagyş damjalary hem agaç bilen galtaşandan soň zäherli ýagdaýa geçýär. Şonuň üçin ýagyş ýaganda hem bu agajyň aşagynda durmak bolmaýar.

«Manchineel» (mançinel) – «kenar almasy» diýlip hem tanalýar. Agajyň ýanan tüssesi göze düşse körlüge eltýär. Şeýle zäherli agajyň ýerleşýän sebitinde adamlara zyýan ýetmezlik maksady bilen duýduryjy bellikler şeýle-de ýörite howpsuzlyk çäreleri görülýär.
20
207
atakulyyewa_humay
18 Awgust 2023
@bayra, eger rugsat berseler sen ýaly iyjeklerem tapylar)
bayra
18 Awgust 2023
Mena iyerdim
atakulyyewa_humay
18 Awgust 2023
@wolf, olam bir tarapdan bar, ýöne men howply tarapyny göz öňüne tutup aýtdym )
wolf
18 Awgust 2023
Atakulyyewa humay wii 😅rekordlar kitabyndaky zady saña degdirerlermi diyyañmi
atakulyyewa_humay
18 Awgust 2023
@wolf, duyduryjy bellikler, goralyp saklanyp duran wagty, iymegä aňarda dursun, golaýynada barmagyňa rugsat bermezler )
gulshatayewa97
18 Awgust 2023
Dogry
atakulyyewa_humay
18 Awgust 2023
@gulshatayewa97, hökman bir zada haýry bolmak üçin dãl, Bular ýaly agaçlar yorite goralyp saklanylyar Ginnesiň Rekordlar kitabynda durmak üçin..
wolf
18 Awgust 2023
Men ýaly biri bilmese iýjekdä ine 😧👍👍👍
gulshatayewa97
18 Awgust 2023
@atakulyyewa_humay, birzada haýry barmyka onça howply bolsa
atakulyyewa_humay
18 Awgust 2023
@arzuv_shayymova, Salam. Minnetdar 🌹
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.